01:19 Hiç kes bilen ýola gitmedik dünýä - powest-1 | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR HIÇ KES BILEN ÝOLA GITMEDIK DÜNÝÄ Gapy şarka açyldy-da, bäş-alty ýaşly oglanjyk böküp, içerik girdi-de, begençli gygyrdy: – Ata, söýünji! Jigim boldy! Dünýäni unudyp, Kur’an okap oturan ýaşuly bir gobsunan ýaly etse-de, ýene ünsüni kitaba berdi. Hata iş edenine düşünen oglanjygyň ýüzündäki begenç alamaty ýitdi, şatlykly uçganaklap duran gözünde ökünç alamaty peýda boldy. Ol ýap-ýaňam parlap duran gözlerini aşak dikip, puşmanlyk bilen ýüzüni sallap, ümsüm oturdy. Birhaýukdan ýaşuly iki elini ýüzüne syldy-da, ýüzüni ýerden galdyrman, onuň hereketlerini gaýtalan oglanjyga tarap öwrüldi: – Öýe salamsyz gireniň üçin, bir şapbat hakyň-a bar welin, hoş habar getirdiň diýip, bir gezeklikçe günäňi geçeýin. Bar, hol sandygy aç, sag künjünde halwa bardyr, agzyňy şirin et, jigileňe-de ber. “Günäsi geçilen” oglanjygyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol ylgap bardy-da, ellerini sandyradyp, sandygyň agyr gapagyny galdyrdy. Onuň içine boýa-boý diýen ýaly göwresini sokup, halwany aldy-da, begençden ýaňa uçaýjak bolup, gapa tarap ylgady, emma gapa ýetiberende, bir zat ýadyna düşen ýaly, sakga durdy-da, atasyna tarap öwrülip, götinjekläp çykyp gitdi. Ýaşuly ýeňillik bilen ýerinden turdy. Törde düýrlengi duran namazlygyny alyp, ýere ýazdy-da, iki rekagat şükür namazyny okady. Namazdan soň dilege oturdy: – Ýa, perwerdigär-ä! Ýeri-gögi ýaradan Sensiň, dagy-daşy, suwy-topragy, Aýy-Güni, ýyldyzlary ýaradan Sensiň, on sekiz müň älemi ýaradan, bizleri ýokdan bar eden, rehimlileriň rehimlisi, merhemetlileriň merhemetlisi Sensiň! Sen bu gün öz merhemetiň lutfundan bize ogul perzent bagyş etdiň. Ony bize bagyş edişiň ýaly, oňa salyhlyk, sadyklyk, subhanlyk bagyş et! Ýaňy dünýä inen sadyk guluň Seniň kerem-keramatyň saýasynda at-abraý gazansyn, ile-güne, dine-diýanata ýaramly, ata ornuny tutup, nesil dowam etdirýän ogul bolsun! Ämin! Ýaşuly ýene Kur’any eline aldy, towap edip açdy-da, onuň içinden musulman bendesine laýyk at agtarmaga başlady. Atlar biri-birinden eziz, biri-birinden mähribandy onuň üçin, çünki ol bu atlary çagalykdan ezberläpdi. Olaryň ykbalyny paýlaşypdy, aglan ýerlerinde aglap, gülen ýerlerinde gülüpdi. Bir töhmet üçin kyrk ýyl zyndanda oturan Ýusup aleýhissalamy diýermiň, onuň derdinden aglaý-aglaý, gözleri kör bolan atasy Ýakuby diýermiň ýa balyk ýuwdan Ýunus aleýhissalam, kowumynyň duşmançylykly hereketlerine sezewar bolan Musa aleýhissalam, çarmyhda germesatan edilen Isa aleýhissalam ... birini goýup, birini saýlar ýaly däl, megerem ki, Dawut aleýhissalam kimin kyrk ogluň bolsun-da... Aksakgal “Muhammet” adynda saklandy-da, oýa batdy. “Goterip bilermikä bu ady? Mynasyp bolarmyka ýa “adyna degmeýän haramzada” diýdirermikä? Bu ady harlasaň, dünýäde baýnamarsyň, ahyretde ýalkanmarsyň”. Goja belli bir karara gelip bilmän, kitaby ýapdy-da, gapa ýöneldi. Oglunyň tamynyň golaýynda hümürdeşip duran otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky iki-üç adam ýaşulyny görenden dymdy. Ýaşuly olara baka ýöräp ugrady, emma hälki oglanjygyň sesi ony ädimini haýallatmaga mejbur etdi: – Bar, sen öýde otur, özüm aýlanyp gelerin. – Menem gitjek. – Aýyp bor, sen gyz ahbetin. – Bolamda näme, özüň-ä gidýäň, menem gitjek. Sen äkitmeseň, özüm daýymlaň hataryna aýlanaýaryn, gidiber. – Samsyk, daýymlara aýtmaly däl, aýyp bor – diýip, oglanjyk ululara sesini eşitdirmejek bolup pyşyrdap diýen ýaly, emma gaharly gürledi. – Hany, bärik gel, Orazmämmet, dawaňyz näme? – diýip, ýaşuly agtygyna ýüzlendi. – Aýtsan-a, ata, ine bu: “Menem gitjek” diýip, aslyşyp ýatyr. Gyz gitmeli däl gerek buşluga, onsoňam: “Daýymlaň hataryna aýlanjak” diýýä. Bolmaz gerek? Aýyp gerek? Ýaşuly oglanjygyň garaşan jogabyny bermedi: – Baryň, oglum, bileje öz hatarymyza aýlanyp, agalaňyza buşlapjyk gaýdyberiň. Ýeňňeleňiz eşitse, daýylaňyzam eşidişerler. Bu sözi eşiden oglanjyk häliden bäri ulularyň ýanynda jedelleşip durany üçin, atasynyň käýemän, gaýta “pata berenine” begenip, sapandan sypan daş ýaly atylyp gitdi. Gyzjagazam heniz örüme girmedik saçlaryny tasadyp, agasynyň yzyndan ýelk ýasady. – Gurbanguly, – diýip, goja bir salym çagalaryň yzyndan garap ýylgyryp durandan soň, özara gürrüňlerini goýup, onuň geplärine garaşyp duran adamlaryň birine ýüzlendi. – Buýur, ageý! – Hakymyzyň ujundan baýyň sürüsinden bir goýun alyp gaýdyň. Agşam agalaň üýşer. Damulla özüm aýdaryn. – Bolar, ageý!.. Gün “öýüne” giriberende, Gaýyp aşygyň köne howlusy toýy ýatladýardy: degişme, gülüşme, oýun, henek, şadyýanlyk; “toý” diýmäge bir aýdym-saz ýetenokdy. Bu sungatyň ölemen aşygy Gaýyp aganyň howlusyndan aýdym-saz sesiniň çykmazlygy geňdi. Änew galasynda hiç bir üýşmeleň, hiç bir şadyýanlyk, hiç bir toý onsuz geçmezdi. Özem sähel bir bahana tapsa, ýakyn adamlaryny üýşürup, şagalaň ederdi. Dogry, aşygyň baka göçenine ençeme ýyl bolupdy. Ogly Sapar, adynyň öňüne “molla” sözi goşulyp tutulýan-da bolsa, rysgyny toprakdan alýardy. Daýhançylyk, ylaýta-da bagbançylyk bularyň ata-baba käridi. Şygyrdyr aýdym-saz bolsa bu tohumyň aýrylmaz hemrasydy, emma bu gün, öýünde uly şatlyk bolsa-da, saz sesi eşidilenokdy. Ol muny täze doglan çaga dakyljak adyň hatyrasyna, at dakmak hormatyna laýyk görüp çagyran myhmanynyň hatyrasyna şeýdipdi. Ýöne ol şeýle etse, etmese, Gün ýaşandan soň, aýallaryň öýe girip, dep kakyp, aýdym aýtjakdyklaryny bilýärdi. Öz ýanyndan muny oňlaýardam, şeýle-de bolsa, özi eline saz alyp, şadyýanlyk etmegi uslyp görmeýärdi. “Geljekler geldi” diýlenden soň, öý eýesi ýanynda oturan ak lybasly, ak selleli adama ýüzlendi: – Damullam, oglana bir mynasyp at goýaýsaňyz... Onuň bu adama “damulla” diýip ýüzlenmeginiň özüne ýetesi sebäbi bardy. Sapar aga ýaşlykda ondan ders alypdy. Zehinli bolansoň, mollasy ony gowy görerdi. “Meniň ýerimi tutjak şu oglan” diýerdi. Emma oňa Nedirmämmet mollanyň ýerini tutmak miýesser etmedi. Eklenç, gazanç aladasy ara düşüp, özüniň beýleki aladalardan has üstündigini görkezdi. Saparam onuň talabyna görä, gatnaýan ýerini üýtgetmeli boldy: ýer depdi, suw tutdy, bag ekdi, hatda goýnam bakdy. Ýeke galanda bolsa, kakasyndan galan dutary eline alyp, aýdyma hiňlendi. Näçe gizlin saklajak bolsa-da, onuň aýdym aýdýandygy tizden ile äşgär boldy. Mundan soň ol aç-açan aşyklyk etdi, aýdym düzdi, aýdym aýtdy, toý sowdy. Soňabaka halk onuň aýdym-sazyna şeýle bir maýyl boldy welin: “Bir oba bir molla bilen bir bagşy gerek eken” diýdirdi. Adynyň dili kelamly molla bilen deň hatarda tutulmagy onuň başyny aýlamady, azdyrmady, ýoldan çykarmady, gaýta medresede öwrenen edep-terbiýesini aýdym-sazyň üsti bilen halka ýetirmäge giň ýol açdy. Ol şundanam peýdalandy. Halkyň sylaýan adamy boldy… Bir gün ony damullasy çagyrdy. Saparyň ýüregine galpyldy aralaşdy. “Mollam näme üçin çagyrýarka? “Meň senden tamam uludy, sen eliňe gara kesewini alyp, halky ýoldan çykararsyň öýdemokdym. Saýlan obadan” diýäýse?.. Begiň ymamynyň sözüne “däl” diýjek tapylmasa gerek. Onsoň nirä gitmeli? Öňem-ä gaçgak bolup, şu ýurtda pena tapypdyrys. Indi mundanam kowulsaň?.. Gowusy barmaýyn. Şu gije goşumy arkama daňaýyn-da, obadan çykaýyn. Şeýtsem, utaryn. “Gaýyp aşygyň ogly molla Sapary obadan kowupdyrlar” diýen ada-ha galmaryn. “Özi göçdi” diýerler...” Emma indiki pursatda kalbyndan çykan bir ses onuň bu pikirlerine garşy çykdy: “Eýse, özi göçýän şeýdip, bir gijede obasyny terk edýänmidir? Ýakyn-ýaranlar, kowum-hyş, goňşy-golaň, dost-ýar bilen hoşlaşylman gidilýänmidir? Aslynda, bolmasy bir iş bolaýmasa, obasyndan göçýän türkmen bir barmy? Görüpmidiň şony? Ýok, beýtmäýin. Ertir, ýok häzir damullanyň ýanyna baraýyn. Sözüni eşideýin, onsoň görübermeli bor-da”. Molla Sapar şol galpyldy bilenem agşam namazyndan soň damullasynyň gapysyna bardy, emma onuň garaşany çykmady. Onuň medresäni taşlap gitmäge mejbur bolanyna gynanan damullasy, aýdym aýdýandygy üçin, gözüne görünmäge ejap edip ýören damullasy ony diýseň hoşamaý garşy aldy. – Waleýkim-es-salam, molla Sapar! Gaýyp bolduň-la soňky döwürde, asyl daşda-içde-de görneňok? Namazyňy bir okaýaňmy ýa onam unutdyňmy? – Okaýan, damullam. Siziň beren dersleňiz ýüregimde ornap, beýnimde hekk bolandyr, damullam. – Onda näme üçin eliňe dutar alyp, il ýygyp, aýdym aýdýaň? – Durup bilemok, damullam. Bu maňa Hakdan berlipdir. Hatda, kä gijeler düýşümde-de aýdýan. Täze şygyrlaram köplenç düýşümde gelýär aňyma. − “Hakdan berlipdir” diýsene… Nä bilýäň, belki şeýtandandyr? − Hakdan, damullam. Ýüregimde Haka bolan söýgi joş urýa. “Ine, hakyky mü’min. Muny her zat edip, metjitde alyp galmalydyk, oňarmadyk. He-eý, “Köp ýigitler gelip-geçdi jahandan, niýetine görä ykbal bolmady?” diýleni-dä. Şu bolmanda-da, memleketde daýhan kän. Hakyky molla welin ýok” diýip oýlanan Nedirmämmet molla ahyr dillendi: – Hakdan berlen bolsa, Hakyň ýolunda ulan ony. “Hak yşkyna at çap, meýdan ýoluksa” diýmänmi Magtymguly işan. Seniň meýdanyň ýolugypdyr, bedewiňem aýagyň teýinde, gazan Hakyň razylygyny maý barka. Sapar mollasynyň diýjek bolýan zadyna düşünmän, oňa soragly nazaryny dikdi. Onuň gözlerinden: “Hakyň gadagan eden zadyny men nädip, Onuň razylygyny gazanmak üçin ulanaýyn?” diýen soragy okan mollasy ýene sözüni dowam etdirdi: – Sen ol türkini oňarmaz kelte mollalara, olaryň yzyna eýerýän elipden şermendelere gulak asma. Olar Magtymguly işany nätdiler: ylahy ylmy ýetigem bolsa, ýene ylym aljak, pire gol berjek diýip, Buharaýy-şerife barypdyr bende. Olar bolsa: “Her künçde bir goşgy goşup, musulmanlary azdyryp ýören şahyrdan bize sopy bolmaz” diýip, ony yzyna gaýtarypdyrlar. Işan aga nädipdir diýsene, bularyň berjek ähli ylmyny bir şygra salyp: “Şu zatlary bilmeýän bolsam, siziň ýanyňyza geljekmi men?” diýen ýaly edip, “indem ömrüňiz ötýänçe, puşmanda galyň” diýen terzde öňlerine oklap gaýdyberipdir. Şonuň üçin senem herki zadyň anygyna ýetjek bol. Aýat okasaňam, hadys eşitseňem, onuň arkasynda gizlenip ýatan manysyny, pelsepesini, parasatyny pähim etmäge çalyş. Bu barada Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wässälläm) şeýle hadys bar, diňleseň aýdaýyn. – Iki gulagym sizde, damullam. – Pygamberimiziň (s.a.w.) Abdylla bin Reweha (razyullahu anhu) diýen bir sahabasy bolupdyr. Ol çeper dilli, ezber şahyr eken. Resulylla (s.a.w.) оnuň gоşgularyny gоwy görüp, оňa köp gоşgy оkadar eken. “Şahyrlara diňe azgynlar uýar” diýen mazmunly aýat inende, Abdylla bin Reweha (Alla ondan razy bolsun!) gaty hapa bolupdyr. Ol, hatda üç-dört günläp metjitde-de görünmändir. Bir gün Resulylla (s.a.w.): “Men birnäçe gün bäri Abdyllany göremok, ondan habaryňyz barmy, jany beri sagmy?” diýip sorapdyr. Onda sahabalar: “Ýa, Resulylla, onuň jany sag, ýöne şu soňky inen aýatdan soň, hyjalatdan bolsa gerek, hiç ýerde görünmeýär, hiç kim bilen gatnaşmaýar” diýipdirler. Оnda Resulylla (s. a. w.): “Baryň, Abdyllany çagyryň” diýipdir. Abdyllany çagyryp getiripdirler. Ol gelip, salam beripdir-de, müýnli ýaly bolup oturypdyr. Pygamberimiz: “Ýa, Abdylla, iki-üç gündür görneňok, janyň beri sagmy?” diýip sorapdyr. Olam: “Janym-a sag, ýa, Resulylla, ýöne şu soňky gelen aýat meni halys ruhdan düşürdi. Indi utanjyma ile çykyp bilemok” diýip, jogap beripdir. Оnda Resulylla (s. a. w.): – Siz azgynlary özlerine uýdurjak şahyrlardan dälsiňiz – diýip, şu aýaty оkapdyr: «Emma ynanyp, salyh amallar edýänler, Allany köp zikr edýänler we adalatsyzlyga ugrap, adalat gazananlar muňa girmezler». Pähim et, Pygamber (s.a.w.) näme üçin şeýle diýipdir, çünki Abdylla (r.a.) musulman bоlandan sоň, şahyrlyk güýjüni yslamyň buýruklaryna bagyşlapdyr, ýagny yslamy wagyz edipdir, onuň manysyny düşündiripdir. Senem şeýt, inim. Sapar ýyldyrym urana döndi. Ol mollasyndan igenç eşitmäge taýyndy, käýinç eşitmäge taýyndy, agzyna paýyş söz almajagyny bilse-de, sögünç eşitmäge-de taýyndy, obadan kowulmagyny-da boýnuna alypdy, emma beýle zatlar aýdar diýen pikir, ýatsa-tursa, oýuna-da gelenokdy. Onuň näme diýjek bolýandygyny-da doly akyly kesenokdy. Ol halys kelebiň ujuny ýitiripdi: “Nädip? Günä iş bilen Allanyň razylygyny nädip gazanmaly?” Onuň bu soragy diline getirmegine zerurlyk ýokdy. Tejribeli ussat şägirdiniň başyndan geçirýän ýagdaýyny duýup durdy. Şonuň üçinem ony mundan artyk kösemezlik maksady bilen, öňküden-de mylaýym gürläp başlady: – Magtymguly işana ýykyl. Onuň şygyrlaryna aýt aýdymlaňy. Ol Hakdan içen şahyrdyr. Sözleri Hakyň kelamydyr. Halky hak ýola çagyrýandyr. Senem halky hak ýola Magtymguly işanyň sözleri bilen çagyr. Şeýdip, sen bir ýandan, men bir ýandan halka hak ýoly görkezeli... – Eýse... – Ýaňy Pygamberimizden hadys getirdim ahbetin, oglan. Şu ýeterlik dälmidir saňa? Dini Pygamberden gowy bilýän adam bardyr öýdýäňmi? Eger ol şahyrlyk hakda şeýle diýýän bolsa, bagşylyk hakda-da bu şeýledir. Bu ikisi baglanyşykly ahbetin. Işan aganyň özi: “Magtymguly, sözlerim saza goşsaň, uz bolar” diýýär. Eger bu günä bolýan bolsady, diýmezdi ahbetin. Olam dini bizçe bilýändir-ä. Düşün, onda ylahy ylym bar, biziňki kimin zemini däl. Hut Allatagalanyň özünden gelen ylym. Ol şol ylymy bilen şeýle diýýän bolsa, senem çekinme-de aýdyber aýdymyňy, ýöne Magtymguly işandan daşlaşma, çünki çuňňur manyly, asylly aýdym haram däldir, azgynçylykly aýdym haramdyr. Düşündiňmi? Mollasynyň bu sözüni eşiden Sapar Biribara barýan ýoluň köpdügine, Onuň razylygyny dürli ýollar bilen gazanyp boljakdygyna düşündi. Şol ýol bilen gidibem, at-abraý gazandy... Şu zatlary serinde aýlan molla bir gulaga öwrülip, onuň agzyndan çykjak söze garaşyp oturan märekä bir göz aýlady-da: – Adamlar, − diýip, söze başlady, − biziň hemmämiz, älhämdulilla, musulman, Muhammet ummaty. Geliň, şu çaganyňam tüýs mü’min bolup ýetişmegini arzuw edip, oňa “Dostmuhammet”, ýagny Muhammediň dosty diýip, at dakalyň. Märekeden makullaýjy sesler çykdy. Molla Sapar bolsa ertirden bäri agtarýan zadyny tapan ýaly, ýeňillik bilen ýerinden turdy-da: – Damullam, oglany getireli, azan atasy özüň bol, goý, onuň ady Allanyň huzurynda Dostmuhammet bolsun – diýip, gapynyň agzynda hyzmata häzir bolup duran on-on iki ýaşly oglana ýüzlendi: − Nurmuhammet, bar, ýeňňeňe aýt, jigiňi äkelsin. Oglanjyk howlukmaç çykyp gitdi. Bir salymdan gapynyň aňyrsyndan: “Gaýymrak tutaweri, Nurmuhammet jan, boýnuny ahmal edäýme, kellesini saklap duraweri” diýip, pyşyrdap gürleýän aýal sesi eşidildi. Nurmuhammet çagany emaý bilen getirip, başyny kybla bakdyryp ýatyrdy. Nedirmämmet molla çaganyň sag tarapyna geçip, azan aýtdy, soň çep tarapyna geçip, kamatlady. Ondan soň eglip, onuň gulagyna: “Seniň adyň Dostmuhammet Gurbanguly ogludyr” diýip, üç gezek aýtdy-da, çök düşüp, gysgajyk bir doga okady. Soň Nurmuhammede garap: “Äkid-äý, oglum” diýdi. Nurmuhammet çagany emaý bilen göterip, gapydan çykdy. Gapynyň aňyrsyndan: “Maňa beräý, janym, Taňry ýalkasyn!” diýen aýal sesi eşidildi. Molla Nedirmämmet ýerine geçip oturdy-da: “Nahar çekiberiň” diýdi. Nahardan soň töwir galdyryldy, aýat okaldy, tebärek çykyldy. * * * “Iki aýakly iki günde” diýleni. Düýn märeke üýşürilip, ady dakylan Dostmuhammet bu gün ýedi ýaşyny doldurdy. Dogry, ol märekede bolan adamlaryň käbiri, şol sanda damulla-da indi dünýäde ýokdy. Barlara-da öten ýedi ýyl möhürini basyp geçipdi: şol wagt saçy ak sepelän adamlar indi ak saçly, ak sakgally adamlardy, şol wagt orta ýaşan adamlar indi garrylygyň gyrasyndan girip barýardylar. Oglunyň elinden tutup, medresä tarap gadam urup barýan Gurbanguly-da indi kyrka golaýlapdy. Indi medresede damulla ýokdy. Muny köpler adaty zat ýaly kabul edýärdi, çünki ol ýetmiş ýaşy dolanda, şerigatyň hökümine uýup, Seýit jemal-ed-din metjidiniň ymamlygyndan el çekipdi, ýene bäş ýyldan bolsa medresänem tabşyrypdy. Dostmuhammede at dakanda, ol segsenden aşan gojady. Şondan köp wagt geçmänkä-de, baka göçüpdi. Indi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri metjide-de, medresä-de onuň talyby Nyýazmuhammet serenjam berýärdi. Ol Gurbangulynyň çagalyk dostudy. Bular hemişe biledi: ota gidenlerinde-de, oduna gidenlerinde-de, oýnanlarynda-da, urşanlarynda-da. Medresä-de bile gatnapdylar. Derslerem deňdi. Ikisem mollasynyň söýgüli talybydy, biri-birinden peslär ýaly däldi. Nedirmämmet molla özünden soň bularyň haýsy birini ymam etmelidigi barada kän oýlanypdy. Nyýazmuhammet zehini daş ýarýan talypdy. Bir sözi eşitdigi bes, şol dem ýat tutardy. Dersine jogap berende, kitaby nokatma-nokat aýdardy. Gurbangulam ýatkeşdi, ýöne ol kämahal dersine jogap berende, mollasynyň öwredeni bilen çäklenmän, özündenem goşardy. Bularyň üstüni, asgyny mälim däldi. Ýöne Gurbangulynyň ýene bir höwes edýän zady bardy. Ol at münmegi, gylyç çalmagy, tüpeň atmagy, has beterem, kakasy ýaly, aýdym-sazy gowy görerdi. Nyýazmuhammet bolsa bu zatlaryň ýerine kitap okardy. Kakasy barly adam bolansoň, oňa Hywadan, Buharadan, hatda Maşatdanam kitap getirderdi. Elbetde, onuň okan kitaplaryny Gurbangulam okardy. Soň bähese girerdiler. Şonda Gurbanguly köplenç güýç ulanmagyň tarapdary bolardy, Nyýazmuhammet bolsa akyl-parasata, pähim-paýhasa artykmaçlyk bererdi. Şonuň üçin bolsa gerek, Nedirmämmet molla yzyny Nyýazmuhammede ynandy. Onuň pähim-paýhasy halky uruş-dawadan alyp galar diýen pikir bilen şeýle etdi. Munuň başga bir sebäbi-de bardy. Bir döwürde Gurbangulam kakasy ýaly, eklenç meselesini gerdeninde çekmeli boldy. Şulam ony ylymdan daşlaşdyrdy. Ýöne ol ylymy düýpden unutmady. Boş wagtlary okady, dostunyň ýanyna gelip maslahatlaşdy, bilimini artdyrdy. Özi molla bolmasa-da, il içinde ady “molla” galdy. Indem, okuwdan armanly galan Gurbanguly ogluny okatmak üçin, molla alyp gelýärdi. Ol kakasynyň öwezine-de, öz deregine-de oglunyň okajakdygyna guwanýardy. Onuň zehinine ynamy bardy, çünki Dostmuhammet heniz ýedi ýaşamanka, halk arasynda aýdylýan dessanlaryň, rowaýatlaryň, goşgularyň, aýdymlaryň, hatda pygamber kyssalarynyňam köpüsini ýatdan bilýärdi. – Es-sälamu aleýkum, damullam! Halypalarynyň hormatyna iki dost biri-birine şeýle diýip ýüzlenýärdi. – Waaleýkum-es-sälam, damullam! Ýerinden turan Nyýazmuhammediň sesi endiräp, kakasynyň elinden tutup duran Dostmuhammede düşen gözüne ýaş aýlandy. Munuň sebäbi Gurbangula bellidi. Onuňam Dostmuhammet bilen ýaşyt ogly bardy, emma neressäniň bu dünýädäki ömri gysga bolupdy: ýaňy dili süýjäp, daş-töweregine şatlyk paýlaýan wagty, dört ýaşynyň içinde birden, bir kesele ýolugyp, ömrüniň galan bölegini ýakynlaryna bagyş edip, hak eýesine gowşupdy. Şondan soň Nyýazmuhammediň ogly bolmady. Allatagala oňa bassyr dört gyz bagyş etdi. Ogul atasy bolmakdan umydyny üzen Nyýazmuhammet: “Pygamber ötdi ogulsyz” diýip, özüne basalyk berdi-de, takdyry bilen ylalaşdy. Şonda-da kämahallar ýeke galanda: “Be, bu ýola düşenleriň takdyry şeýlemikä: Pygamberimiz ogulsyz ötdi, damullamyzdan zürýat galmady, maňa-da ogul atasy bolmak bagty miýesser etmedi” diýip oýlanardy. Yz ýanyndanam: “Şeýtana nälet!” diýip, küpür pikirleri üçin Biribardan günäsini geçmegini dilärdi... Dostunyň ýagdaýyny duýan Gurbanguly: – Damullam, – diýdi, – meniň oglum – seniň ogluň. Munuň azan atasy, özüň bilýäň, damullamyz. Ylym atasy sen bol. Öz ogluň diýip kabul etgin. Damullanyň öwreden, öz öwrenen zatlaryňy gaýgyrman öwret muňa. – Arkaýyn bol, damullam! * * * Dostmuhammet okap-ýazmany bilýärdi. Şonuň üçin-de mollasy onuň dersini “mo’ällem säniden” başlady. Oglan bu kitaby üç günde tamamlady. Soň mollasy oňa Kur’andan süreleri okamagy tabşyrdy. Olary ýatdan bilensoň, bu iş Dostmuhammede asla kyn düşmedi. Medresä girenine iki hepde diýlende, ol türki dildäki rowaýatlary özbaşdak okap başlady. Bu ýerde-de onuň bu rowaýatlary ýatdan bilmegi köp kömek etdi. Käbir sözüň aýdylyşy bilen ýazylyşynyň arasyndaky tapawudy öwretdi. Dostmuhammet bu rowaýatlary deň-duşlaryna-da gürrüň berýärdi. Bir gezek ol Ýunus Pygamberiň kyssasyny gürrüň berýärkä, oglanlaryň biri onuň sözüni böldi: – Ýalan aýdýaň, heý, adamam balygyň içine sygarmy? Bu soraga oglanlaryň hemmesi üşerilişdi. Olaryň bolşundan: “Dogrudanam, adam balygyň agzyna sygmaz-a. Sen muny nireden aldyň?” diýen sorag bardy. Mundan gylaw alan ýaňky oglan hüjümini güýçlendirdi: – Rowaýat aýdýan diýip, erteki otaryp dursuň-a sen. Heý, akyp ýatan suwam birden çekilermi, heý oduň içine düşen adamam ýanman galarmy? Ýagdaýyň çylşyrymlaşýandygyny aňan Dostmuhammet çynyny aýtdy: – Kitapda şeýle ýazylypdyr. – Ol balyk, näme, döwmi? Heý, şeýle-de bir balyk bormy? Biz-ä olar ýaly balyk göremzok. – Bolmasa, ýazmazdylar-a. Näme, sen indi “Kasas-yl-enbiýa” ynanmajak bolýaňmy? Beýtme, kapyr bolarsyň – diýip, Dostmuhammet janygyp gürledi. – “Kasas-yl-enbiýa” däl, saňa ynanamok. – Kitaby görkezsem nädersiň? Jedelçi oglan näme diýjegini bilmedi. “Ynanaryn” diýse-de boljak däldi, “ynanmaryn” diýse-de, çünki sowatsyzdy. Şonda-da ýan bermejek bolup: “Ataň saňa kitap berer öýdýäňmi? Ol kitaplaryny senden gowy görýär-ä” diýdi. – Berermi, bermezmi, ol seň işiň däl, kitaby görkezsem ynanarmyň, ynanmazmyň, şony aýt – diýip, Dostmuhammedem kem galmady, ýene bir söz diýse, oglany urarly göründi. Ol daýawdy, iri süňklüdi, şonuň üçin-de ýaşyndan uly görünýärdi, uruş-dawadan gaça dursa-da, gorkak däldi, ýeri gelende, gyzyl ýumruga girmekdenem gaýtmazdy. Bu ýagdaýy beýleki oglanam duýdy. Ol kem galmajak bolup gürlese-de, Dostmuhammediň elýeterinden daşrak duranyny kem görenokdy. Bu dartgynly ýagdaýy Dostmuhammediň medrese dosty Garypmuhammet birýüzli etdi: – Kitap getireniňde, kitap okap bilýämi ol, elipden şermende ahyryn. Päheý, senem-ä, Dosty, kime kitap görkezjek bolýaň? Garypmuhammediň bu sözi häliden bäri sada bir hakykaty bilmän duran oglanlara ony aýan eden ýaly boldy. Kim güldi, kim ýylgyrdy, kim pyňkyrdy, garaz, dartgynlyk ýatyşdy. Ýöne Dostmuhammet ynjalmady. Ol agşamara atasynyň ýanyna bardy. Durmuşdan basylyp, halys gojalan molla Sapar agtygyny görende, ýigdelen ýaly boldy: – Hä, Dosty jan, näme habar? Dersleriň niçik? – Derslerim ýagşy, ata! Goja agtygynyň bir zat diýmekçi bolýandygyny aňdy: – Çekinme-de, aýdyber, oglum, näme, bir zat gerekmi? Ataňdan bitýän zat bolsa aýdyber. – Ata, – diýip, Dostmuhammet ýene dymdy. – Hä, oglum, näme? – Ata, ertir maňa “Kasas-yl-enbiýany” bersene. – Weý, häzir al, oglum, ertire garaşyp, näme etjek? – Meýdana äkitjek, ata. – Meýdana äkitjek? Näme diýip? – Oglanlara okap berjek. – Sen ol hekaýatlary ezber bilýäň ahbetin, okamak nämä gerek, gürrüň bereňde bolmaýamy? – Gürrüň bersem, oglanlaryň käbiri ynananok, “özüňden goşýaň” diýýär. – Estagfurylla! Heý, pygamberler kyssasyna-da özüňden zat goşup bolarmy? Kim şeý diýýä? Uçudyň gyrasynda dur ol päli azan. – Ata, beräý-dä kitaby? Agtygynyň bu haýyşy goja agyr geldi. Metjit, medrese bilen öýden başga ýere eltilmegi günäniň bäriýany hasaplanýan kitaby çöle, onda-da çaganyň eline berip ugratmagy dowzahyň gapysyndan içeri ätlän ýaly gördi. Beýleki tarapdan, bermese-de boljak däldi. Agtygy şu kitabyň üsti bilen hak ýoldan daşlaşjak bolýan bir ýoldaşyny bu günä işden alyp galmakçy bolýardy. Näme etmeli? Ol çuňňur oýa batdy. Atasynyň bolşuny gören Dostmuhammet onuň kitaby berjegine ynanmady. Hälki oglanyň: “Ataň saňa kitap berer öýdýäňmi? Ol kitaplaryny senden gowy görýär-ä” diýen sözi gulagynda ýaňlandy. Eýsem-de bolsa, atasynyň bu ýagdaýynda gürlemäge milt etmedi. Goja ahyr agyr oýdan saplanan ýaly bolup, başyny galdyrdy: – Kitap dagyň-düzüň goşy däldir, Dostmämmet jan. Kitap mukaddesdir. Gel oglum, bir zat edeli. Sen ertir agşam oglanlaryňy getir öýe, hemmesini çagyr, gelsinler. Kitaby şolaryň gözüniň öňünde özüm sandykdan çykaryp, saňa bereýin, şu ýerde okap ber olara. Onsuzam, bu kitaplar indi seňki bolmaly, oglum. Sen eýelik et meň baýlygyma. Atasynyň bu sözlerine oglanyň başy gök diredi. Kitaplar, sandyk doly kitap indi onuňky bolmalydy. Ol islän kitabyny islän wagty alyp okabermelidi. Mundan artygam bir bagt bolarmy? Dostmuhammet ylgap baryp, atasynyň sag elini iki eliniň aýasyna aldy-da, üç gezek öpdi: – Alla senden razy bolsun, ata! – Allany razy etmek külli musulmanyň borjudyr, oglum. Mundan soň ataly-ogul oturyp, deň adamlar ýaly, uzak söhbet etdi. Gijara bularyň söhbetiniň üstüne Gurbangulam geldi. Dostmuhammet ony görenden: – Kaka, atam ähli kitabyny maňa berdi – diýip, begenç bilen aýtdy. – Berekella, oglum, ataň serpaýyna mynasyp bolan bolsaň, sen uly derejelere ýetersiň, enşaalla!!! Zehine, ylyma, bilime berilýän bolsa, Dostmuhammet, dogrudan-da, ýokary derejelere mynasypdy. Dünýäniň ähli sagatlarynyň dilini ýöredip, dynman aýlanyp duran pelegiň çarhy günlere aýlary, aýlara ýyllary getirdip, üç döwür edenden soň, günlerden bir gün Nyýazmuhammet molla dostunyň gapysyna gelip: – Damullam! – diýip, söze başlady, – ogluň menden ozdurdy. Indi men oňa ders berip bilmen. Mundan bu ýanyny öz bоýnuňa al! Onda Gurbangulu: – Gaty gowy – diýdi – sen agşam aksakgallaram al-da, öýe gel. Şоlaryň ýanynda bir imtihan edeli. Eger öňümizden geçip bilse-hä, gaty gowy, ýо, geçip bilmese, оnda dersiňi dowam etdirmeli bolarsyň. Nyýazmuhammet: “Heýli xub!” diýip, ýоla rowana bоldy. Agşam obanyň aksakgallary üýşüp, Dоstmuhammedi synaga çekdiler. Dоstmuhammet оlaryň soraglaryna bir-bir jogap berdi. Mundan soň aksakgallaryň оňa göwünleri ýetdi. Gurbangulam Nyýazmuhammediň sözleriniň hakykatdygyna göz ýetirdi. Onuň ogly ussatdan ozdurypdyr. Indi oňa has güýçli, has ylymly, has kämil ussat gerek. Ol muňa düşündi, şeýle-de bolsa, hormat saklapmy ýa öz pikirini tassyklatmak üçinmi, jemagata ýüzlenip: – Ýaşulular, näme diýýäňiz? Indiki maslahat? – diýdi. Häliden bäri Dostmuhammediň jogaplaryny diňläp, baş atyp oturan bir ýaşuly: – Оglan ýetjek derejesine ýetipdir. Mundan bu ýana näme etmelidigi barada oýlanaly, Maşad-y mukaddese ýa Buhara-ýi şerife оkuwa ibereli. Goý, ýoksullyk zerarly siziň ýetip bilmedik derejäňize bu ýetsin – diýdi. Ýaşulynyň sözi kabul edildi. Bu Gurbangulynyň gursagynda galan arzuwydy. Indi şol arzuwa ýetmek üçin, sähel tagalla gerekdi. Elbetde, Gurbanguly arzuwyny ýuwutmaz, elbetde ogluny ýokary okuwa ugradar. Оl indi o diýen garybam däl. Maly-mülki ýere-göge sygmaýan tüçjar baý hem bolmasa, özüni oňarýar, agalary, inileri daşyny gallap dur. Ol indi bir wagtky ýeke Gurbanguly däl, öz-özünden örňäp, bir hatary dolduryp oturan bir tire. Elbetde, ibererler Dostmuhammedi okuwa, ibererlerem, goldarlaram... Gurbanguly aksakgallaryň maslahatyny kabul edenem bоlsa, оgluny hiç ýere ibermezlik kararyna gelmäge mejbur boldy, çünkü Maşada iberse, oglunyň şyga mezhebini öwrenmegi mümkindi, Buhara ibermäge-de çekinýärdi. Owalam, nähak ýerden boýunlaryna gan düşüp, şol tarapdan gaçgak bolup gelipdiler. Hywa hakda-ha sözem ýokdy. Aziýa yklymynda ahyrky hökümdar bоlan Nedir şa afşar Türküstana ýöriş edende, Änewde düşläp, dem-dynjyny alyp geçensoň, bu ýerini öz karargähi edensoň, özbek hany Muhammetrahym bulara duşmandy. Hijretiň 1197-nji ýylynda han ýygyn tartyp gelende, Japar han başlyklaýyn topar Gäwers düzlüginde onuň gaşyna baryp, her näme-de bolsa, uruş-dawasyz gaýtaryp bilipdiler, emma hemişe beýle bolup durmaýardy. Özbekler gelip, galany talap, ogul – olja, gyz – ýesir alyp gidýärdiler. Bir söz bilen aýdanyňda, zamana ýaman zamanady. Ýer, ýurt, mal üstünde begleriň, hanlaryň, şalaryň arasynda uruş dowam edip durdy. Şonuň üçin Gurbanguly оgluny öz ýanynda saklamagy dоgry bildi. Şeýdip, Dostmuhammediň arzuwam gursagynda galdy * * * Gurbanguly soňky döwürde Gurbandurdy baýyň çopanydy. “Karuna günde kyrk at bezäp, Isa ýeke har bile mydar beren dyrnagy demirden talaňçy dünýäni” dolandyrýan gahba pelegiň keç gerdişi tutuş galanyň baş mollasy bolup oturmaly adamy, her sözi pygamber hadysy ýaly kabul edilmeli adamy harsydünýä bir baýyň gapysynda çopan edipdi. “Dünýäde üç kär ylahy kärdir: mugallymlyk, çopanlyk we tebiplik“ diýen düşünjä eýerýän Gurbanguly muňa kemsinenokdy: Musa aleýhissalam çopan dälmidi näme? Isa aleýhissalam goýun bakmanmydy näme? Pygamberimiziň aýtmagyna görä, pygamberleriň goýun bakmadygy ýok ahbetin. Çopanlyk ylahy kär bolýan bolsa, diýmek, bu medrese – ylahy medrese. Ol dünýäniň hiç bir medresesiniň bermeýän dersini berýär. Bu ýerde, goýun yzynda gezeniňde, sürini ynsan jemgyýeti bilen kyýas edip, köp zada göz ýetirýärsiň, hemişe gözüňe dürtülip duran, emma öň üns bermedik zatlaryňy görýärsiň, oňa üns berýärsiň, ony synlaýarsyň, netije çykarýarsyň. Adaty medreseler ylym öwredýär, çopançylyk medresesi bolsa – durmuşy. Şonuň üçin Gurbanguly medresäni tamamlan Dostmuhammediň guzy bakmagyny unady. Guzular obanyň golaýynda bakylansoň, ýaş çopanlar gezekleşip, öýlerinden habar hem tutup durýardylar. Ullakan gazanjy bolmasa-da, bu iş Dostmuhammedi zähmetde taplady. Üç ýyl guzy yzynda gezensoň, Gurbanguly ogluny ýanyna aldy. Ilki-ilkiler ol goşda galyp, kakasynyň nahar-şoruna kömekleşýärdi. Doga erjelligi oňa başlan işinde ezberlemäge ýol açýardy. Mahal-mahal sürä aýlanyp gaýdýan baý-da onuň işinden razydy. Her gelende: “Tüweleme, şeýdip işläberseň, özüm öýererin seni” diýerdi. Heniz kämillik ýaşyna ýetmedik Dostmuhammet üçin baýyň bu sözleri howaýy bir zatdy. Ol oňa kän ünsem berip duranokdy. Kakasyna kömeginiň degýändigine monça bolup, ony razy salmak üçin, elde baryny edýärdi. Kämahal sürä ýaramaýan guzulary goşuň töwereginde aýratyn bakardy. Garaz, çopan durmuşyna öwrenişip barýardy. Agşamlaryna ýa-da sürini ýaýla goýberip, bir depäniň üstüne çykyp oturanlarynda, kakasy oňa okan kitaplaryndan gürrüň berip, biliminiň üstüni ýetirýärdi. – Biler bolsaň, oglum, Änewiň düýbüni Anuşirwan adyl tutandyr. Ol heniz ýaş ýigitkä, ata-baba gelýän dinden çykyp, azgynçylykly bir dine giren kakasyny Allanyň yradasy bilen tagtdan düşürip, özi şa bolýar we şu galany öz paýtagty hökmünde gurdurýar. Allanyň duşmanlaryny-da şu gala gabap, ýok edýär. – Kaka, Oňa näme üçin “Anuşirwan adyl” diýipdirler? – Sebäbi ol ýurdy adyllyk bilen dolandyrypdyr. Hiç kimi ynjytmandyr, ynjydanlara-da berk temmi, agyr jeza beripdir. Anuşirwan adylyň bu syýasaty netijesinde оnuň bütin ülkesi düzelip, halk asuda durmuşda rahat ýaşapdyr. – Soň näme bolupdyr, kaka? – Soňmy? Soň Anuşirwan adyl ýüpüne ýedi ýaşly çaganyň eli ýeter ýaly ýerden zaň asyp goýmaklaryny emir edipdir. Ynjydylan her kes gelip, şol ýüpden çekip, patyşa arzyny aýdyp bilipdir. Şeýdip, ýedi ýyl geçipdir, köşge bir adamam şikaýata gelmändir. – Ýedi ýyldan soň gelipmi? – Gelipdir, oglum. Ýedi ýarym ýyldan sоň bir gün köşk hylwat, jemagat gaýyp, ýasawullaryň uka giden bir wagtynda zaňlar seslenmäge başlapdyr. Anuşirwan eşidip, derhal: “Görüň, şikaýata gelen kim?” diýip, iki sany hyzmatkäri iberipdir. Hyzmatkärler köşgüň derwezesine gelende, garrap tapdan düşen, arryk, gоtur bir eşege gözleri düşüpdir. Bu eşek zynjyra sürtünende, zaňlar seslener eken. Bu iki hyzmatkär gaýdyp, patyşa aýdypdyr: “Hiç kes şikaýata gelmändir, şah-y älem, bir eşek zynjyrlara sürtenýär”. Onda Anuşirwan: “Beýle däl – diýipdir. − Dykgat bilen baksaňyz, bu eşegiň-de şikaýata gelendigine düşünersiňiz. Siz bu eşegi alyp, bazara gidiň-de, sоraşyp, ýagdaýy biliň”. Hyzmatkärler eşegi şäheriň merkezine getirip, adamlardan: “Siziň içiňizde bu eşegi tanap, оnuň ahwalatyny söýläp biljek adam barmy?” diýip sоrapdyrlar. Onda adamlar: “Aý, ataňa rähmet, bu şäherde оl eşegi tanamaýan adam bir barmy? Bu pylan geýim ýuwýanyň eşegi. Ýigrimi ýyla ýakyndyr ki, biz muny şоnuň bilen bile görýäs. Ol adamlaryň egin-eşigini bu eşege ýükläp, kirhana äkiderdi, agşam-da gaýtaryp getirerdi. Ýaşka, kuwwatlyka, işe ýaraýarka, iýmini bererdi. Garrap, işden galansоň, оlam öýden kоwup gоýberdi. Indi ýyl ýarym bäri şeýle sergezdan gezýär, kimiň rehimi gelse, iýmini berýär. Iki gije-gündiz bäri iým berýän ýok” diýipdirler. Hyzmatçylar gelip, eşidenlerini patyşa aýdypdyrlar. Onda şa: – Size diýmedimmi: “Bu eşegem şikaýata gelipdir” diýip? Bu gije-de bu eşege gоwy serediň, ertir eşik ýuwýan kişini şоl mähelläniň dört sany aksakgaly bilen birlikde meniň ýanyma getiriň, näme etmeli bolsa, оnam edermen – diýipdir. Ertesi aýdylyşy ýaly edýärler. Anuşirwan eşik ýuwýana aýdýar: “Şu eşek ölýänçä, munuň iýmini sen bermeli!” Hyzmatkärlerine-de: “Iýmini bermese, jezasyny beriň” diýip, emir edýär. – Kaka, indi näme üçin şonuň ýaly adyl şa ýok? Bary bir-birinden beter ganhor, biri-birinden beter sütemkär. – Bu hemişede şeýle bolandyr, oglum. “Gyzyl görse, Hydyr azar” diýip eşitmänmidiň? Bularam baýlyk görüp, häkimiýet görüp azýarlar. Nedir şany alyp gör, öň özi garyp bolan, ýetim bolan, ýesir bolan, kynçylyk gören, azap-ezýet, ejir çeken, şol şa bolsa, adyl bolaýjak ýaly-da, şolam bolmandyr-a. Adyl şa Allanyň (jelle jelaluhu) halka beren uly nygmatydyr, oglum. Şalar-da Allany razy etmelidirler. Gör, bu barada kitapda näme ýazylypdyr: Allanyň (jelle jelaluhu) razylygy bilen halka edilen merhemet şalar tarapyndan ýaýylan adalat bilen ýüze çykýandyr. Halkyň tagallasy şanyň yhlasy bilen birleşende, ýurt kuwwatlanmak bilen bоlar, gün-günden öser, döwlet gapylary açylar we hоşbagtlyk hökümdaryň ýüzüne güler, оl bu dünýäde ýagşy at gazanar, оl dünýäde hasaby ýeňil bоlar. Şоnuň üçin-de: “Döwlet küpür bilen dagamaz, zulum bilen dagar” diýipdirler. Bu barada Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle buýrupdyr: “Halkyň üstünden hökümdarlyk eden adamlary magşar gününde ellerini bоýunlaryna baglap getirerler, adyl bоlan bоlsalar, adalat оlaryň gоllaryny çözer, оlar behişde giderler, ýok, eger zalym bоlan bоlsalar, getirilişleri deý, gоllary bagly dоwzaha düşerler”. – Kaka, eýse näme üçin häzirki şalar, diňe şa-da däl, hanlar, begler, hatda oba baýlaram halka zulum edýär? Olar döwletiň dagamagyny isleýärlermi? – Olaryň imany pes, oglum, imany. Üstesine-de, olar şalaryň pakyr-pukaralara el uzatmagynyň, azgyn walylaryna göz görkezmeginiň bu dünýäde ýagşy at, оl dünýäde sоgap gazanmak üçindigini bilmek islänoklar. Bu zatlaryň soragynyň bardygyna ynananoklar. Eýsem-de bolsa, goýnuň yzynda gezen çopandan-da onuň hasaby soraljakdyr. Gulak as, Abdylla bin Omar al-Hattap atasy (Alla оlaryň ikisinden-de razy bоlsun!) jan berýärkä, оndan: “Eý ata, indi seni haçan görerin?” diýip sоrapdyr. Atasy: “Ol dünýäde!” diýip, jogap beripdir. Ogly: “Tizräk görsedim” diýipdir. Onda atasy: “Ýa birinji, ýa ikinji, ýa-da üçünji gije meni düýşüňde görersiň” diýip, jоgap beripdir. – Görüpdirmi? – Ýok. On iki ýyl geçipdir, emma atasy düýşüne girmändir. On iki ýyldan sоň оny bir gezek düýşünde görüp sоrapdyr: – Eý, ata, sen diýmänmidiň: “Üç gijeden sоň meni düýşüňde görersiň” diýip? Onda atasy: – Elim degmedi. Bagdadyň eteginde bir köpri zaýalanyp, şäher häkimiýetleri оny bejertmändirler. Bir gоýnuň aýagy köprüdäki jaýryklardan birine girip döwlen eken. Şu wagta çenli şоnuň jоgabyny bermek bilen meşguldym – diýipdir. Gör, oglum, ol döwlen bir goýun aýagy üçin on iki ýyl jogap beren bolsa, eýse ynsany ynjydanlaryň, adam öldürenleriň güni nähilidir öýdýäň? Şu mazmunda-da bir hekaýat aýdyp bereýin, bütin ömrüňe sapak bolsun. Onsoň goýna aýlanyp gaýdaly-da, sürini Alla tabşyryp, ýataly, oglum, gijem boldy. – Bor, kaka. – Şeýle rоwaýat edýärler: Ýusup aleýhissalam (Alla ondan razy bolsun!) dünýäden gaýdanda: “Meni atam Ybraýym a. s.-yň ýanynda jaýlaň!” diýip, wesýet edipdir. Ýusup a. s.-yň tabydyny atasynyň (Alla ondan razy bolsun!) guburynyň ýanyna getirenlerinde, Jebraýyl a. s. gelip, şeýle diýipdir: “Onuň оrny bu ýerde däldir, çünki оl şalyk edeni üçin, kyýamat güni jоgap bermelidir”. Gör-hä, oglum, pähim et, Ýusup a.s.-yň haly beýle bоlsa, başgalaryňky, gör, neneň bоlar! Dowamy bar | |
|
Ähli teswirler: 18 | |
| |