Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:03
Gündogar şahyry
GÜNDOGAR ŞAHYRY

Şahyryň gadyryn bilýär musulman,
Gündogar şahyryň gadyryn bilýär.
Seždegäh edinip şahyr guburyn
Mukaddes mazary arzylap gelýär.

Şahyr — Gündogarda — ruhuň pitnesi,
Şahyr — Gündogarda — Allaň hikmeti.
Ýöne ýere däldir gan içen şalaň
Gelip-gelip bir şahyra bitmesi.

Gündogarda şahyr şygry
pentdir pent,
Doga barabardyr —
sözüň hümmeti.
Dünýäni mergi deý gyran Teýmir leňk
Ýasawa gurdurýar köşk deý kümmeti!

Tersa Nesiminiň hamyn sypyryp,
Dirikä çekdirip gabyr azabyn,
Nije asyr bäri külli musulman
Togap edip gelýär onuň mazaryn.

Nobatguly, üýtget, efrenji ugruň,
Buýsan, aklyň ýetmejek bu halkyňa,
Ürgençde Nejmetdin Kubraň guburyn
Deňläpdirler ol
hut Mekgäniň hajyna.

Gündogar şahyryň gadyryn bilýär,
Bilýär ol şygyryň sarpasyn saklap.
Bak, Nazymy dara çekjek general
Aglap ýatyr guburyny gujaklap.

Ýatyr Mäne baba kümmet astynda,
Ýatyr Sagdy,
Haýýam,
Rumy,
Jamy-da.
Köşkden zyýat ol türbetler aslynda
Nesip etmez dünýäň her bir şasyna.

Azan bilner,
Aýat bilner,
Em bilner,
Pyragynyň gelýän sesi Çendirden.
Gündogarda hakdan içen şahyrlar
Pygamber ýok çagty —
pygamberdirler!
Bölümler: Goşgular | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Pero • 10:42, 01.12.2022
Çendirliler diýen ýerine Gerkezlileriñ-ä gagary geler smile

Ýöne bar-a goşgyny okap başlanyñda pafosyndan bilip bolýar-da Nobatguly agañkydygyny.

Ýetireniñize sagboluñ!
avatar
1
2 Pero • 10:43, 01.12.2022
*gagary-*gahary
avatar
1
3 Мango • 15:37, 02.12.2022
owadan gürrüňler owadanamdyr welin ...
hiç bir zat ne namazyň, ne hajyň, ne azanyň, ne-de aýatyň ýerini tutmaz.
(360-a gidip geleniň bilen, ýa gökdepä gidip geleniň bilen hajy bolmarsyň, hiç bir güýçli, manyly, hak sözem aýatyň ýerini tutmaz...)
hiç bir şahyram pygamber ýok wagty pygamber däldir (göçme manyda aýdylsa-da).
“Biz, Peygamber’e şiir öğretmedik. Zaten ona şiir yakışmaz da...” (Ýasin 69)
pygamberlik we şahyrlyk. 
şahyrlygy pesledigi diýip düşünmeli däl, ýöne pygamberlik Allahyň beren üstün bir wesipesidir.
avatar
0
4 Medicall • 00:55, 03.12.2022
Goşgyny ilki okan wagtym @Mangoñ teswirlindäki aýdylanlar meñem ýadyma düşdi. Söz keramatdyr-bu dogry, emma ýerliklisi.. Ýerliksizi bar,..
avatar
0
5 Medicall • 00:57, 03.12.2022
Hajygowşanlylar näderka:)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203