Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:39
Çolugyň söýgüsi
ÇOLUGYŇ SÖÝGÜSI

Bir ýylmy, ýarymmy,
Ýolbarsy bile
Bakdy ol kolhozyň süri malyny.
Dilinde «ýarym»-dy,
sygmazdy çöle
Hem çolukdy, hem ol mejnun dälidi.
Ýogsa sebäp ýokdy beýdip ýörmäge,
Diňe bir gyz çöle gitjek halaty
Ogryn garap, ýylgyrypdy çalaja...

Bir gün baş çopandan alyp rugsady,
Oba gelip tapdy şol gyzy aňtap
(Goşguda duşurmak diýen zat aňsat).
Pagyş-para bolup ýigdiň ragbaty,
Tapyşdy didara suwsan dideler.
Silkinip togtady beýnisi ýigdiň,
Salam bar...
Uwnup, çydamasaň... «janym» diýme bar,
Ol bolsa bir demde eýjejik bagtyn
Garbap keýik owlagy deý gujagna,
Ogşasy,
gemresi,
iýesi geldi,
Erkin böwsen yşky kalbyndan çogup,
Burulyp, penjesin urup ýüzüne:
«—Git, haýyş edýän, git!» diýp gygyrdy çoluk.

...Gyzyň daban sesi daşlaşyp gitdi,
Lagşan çoluk çökdi çiliň üstüne.

Dem almaga kem-kem howa-da ýetdi,
Ak der gelen ýigit geldi essine.
Uludan bir haşlap diýdi: «Razy men,
Hernä, ynjytmadym eziz gyzy men!»..

© Nobatguly REJEBOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 115 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 hanturebs • 18:52, 26.04.2024
Belki-de, eýýam git diýmek bilen gyzyň ýüregini ynjydandyr, göwnüni ýykandyr hä?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203