01:52 "Ogurlanan" şahyr" | |
"OGURLANAN" ŞAHYR Orta asyrlarda ýaşap geçen türkmen şahyry Enweri bir gün bir märekede goşgy okap duran adama duş gelýar. Şahyr ondan "bu goşgy kimiñ goşgusy" diyip sorapdyr. Ol adam: - Enweriñki - diyip jogap berýar. Enweri ondan: - Sen Enwerini tanaýañmy? - diyip sorapdyr. Goşgy okap duran: - Men şol Enweri-dä - diyyär. Onda Enweri: - Goşgyny ogurlaýanlaryn-a bilýardik, Şahyryñ ogurlanýanyny birinji gezek görýäs - diyip başyny ýaýkapdyr.... Soñra şuña meñzeş waka 19 asyrda hem gaýtalanypdyr. ...Mürze Şafynyñ (Wazeh onuñ edebi lakamy) doglan ýyly takyk belli däl. Käbir maglumatlarda 1792-nji ýyl diyilip ýazylsa käbirlerinde ol 1804-nji ýyl bilen senelenilýar. 19 asyryñ otuzynjy ýyllaryndan başlap, Wazeh ilki Azerbaýjanyñ Genje şäherinde soñra bolsa Tiflisde mugallymçylyk edýar, pars we azerbayjan dillerinden hatdatlykdan ders berýar. Wazeh goşgularynyñ esast bõlegini Tiflisdekä (1841-1846) ýazýar. Onuñ dõrefijiliginiñ muşdaklarynyñ arasynda nemes ýazyjysy F.Bodenştetd hem bar ekeni. Wazeh Tiflise baranynda ol eýýam erkin pikirli ýiti degişme äheñli pelsepewi goşgulary ýazyp bilýan, ýetişen şahyr ekeni. Ol şol ýerde "Hikmet diwany" atly edebi birleşme dõredýar we õz dost ýarlaryny, ýaş şahyrlary jemlap olar bilen edebiýat hakda sumgat dogrusynda pikir alyşýar. Ine şol ýerde-de ykbal Wazehi nemes edebiyatçysy hem-de gündogar dillerini õwrenmage gelen Fridrih Bodenştetd bilen sataşdyrýar. Ol Mürze Şafynyñ üýtgeşik zehinli adamdygyna bahym gõz ýetirýar. Şahyryñ kõp goşgularyny onuñ dilinden ýazyp alýar. Õz ýurduna gaydanda bolsa, ynanjañ hem türkana şahyryñ goşgulary ýazylan "Danalygyñ açary" atly ýeke täk nusgadaky depderi õz ýany bilen alyp gidýar. 1850-nji ýylda ol Berlinde "Gündogarda bir müñ bir gije" diýen ýatlamalaryny we şol ýazgylaryñ ýany bilen Mürze Şafy Wazehiñ goşgularynyñ terjimekerini çap etdirýar. 1851-nji ýylda ol õz terjimeleriniñ "Mürze Şafynyñ aýdymlary" diýen at bilen õzbaşdak kitap edip çykardýar. Ol goşgular tiz wagtyñ içinde taz tutuş ýewropa dillerine terjime edilýar.Wazehin goşgulary nemesçeden terjime edilip Orsýete-de ýetýar.Goşgular hemme dilde sõýülip okalýar. Goşgularyñ beýle şõhrata eýe bolmagy F.Bidenştetde olary õzüne almak meýlini dõreden bolmaga çemeli...Ol 22 ýyl geçeninden soñ "Hiç hili Mürze Şafy diyen şahyr ýok, ol goşgulary men ýazdym" diyip metbugatda çykyş edýar. Ene dilinde şahyryñ sanaýmaly goşgulary saklanyp galypdyr. Onuñ edebi mirasy tutuşlygyna diyen ýaly bize terjimelerde gelip ýetdi. "Pars aýdymy" diyen at bilen kompozitor A.Rubinşteýniñ sazyna dõredilen romansy dünýa belli aýdymçy Fýodor Şalýapinem Mürze Şafynyñ goşgysy däl-de nemes şahyrynyn sõzleri hõküminde ýerine ýetiripdir. Goşgulary hem şõhraty õz dõwründe õzüne nesip etmedik Mürze Şafynyñ--Gündogaryñ beýik şahyrynyn "ogurlanandygynyñ" üstüni 1929-njy ýylda azerbayjan alymy A.A Seýitzada açdy we F.Bodenştetdiñ "edebiyat ogursydygyny" bütün dünýañ õñünde subut etdi. Mürze Şafy Wazeh 1852-nji ýylda Tiflisde dünýaden õtýar... Makalany taýýarlan: © Atamyrat ATABAÝEW Çeşme: "Dünýä edebiýaty" jurnaly | |
|
Ähli teswirler: 0 | |