Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:11
Erteki
ERTEKI

Çagalara aýdyp bermàñ erteki,
Agageldiñ şygryn okabam bermàñ.
Ýok, erteki däldir, olañ ertesi
Añyrsynda bize nämälim perdäñ.

Olañ geljegine ýetmez ýaşymyz,
Ömrümizem ýetmez, Ýetmez gözýetim,
Ylym-bilim beriñ, beriñ baryñyz
Öz ýolyny, goý, özleri gözlesin.

Çagalara aýdyp bermäñ erteki:
Şer haýryñ alnynda dilemez aman.
Juda çylşyrymly olañ ertesi,
Durmuşam toý bilen bolmaýar tamam!

Şa gyzy ýetdirmez suwama keljä,
Uçmaz garyp gyzyñ dokan halysy.
Ejizleseñ, ne ýanyña döw gelýä,
Ne-de symrug sorar seniñ halyñy.

Ne padyman weziri bor patyşañ,
Ne bir köşge hüjüm etjek ulus bar.
Garypdan şa çykmaz, çyksa, şo zaman,
Ol dünýäniñ garyplaryn unudýar.

Çagalara aýdyp bermäñ erteki,
Olar juda sada, juda ýönekeý.
Ertekisi bilen bizi eldeki
Hem türkana etmänmidi köneler.

Çagalañ geljegi başgadyr asyl,
Olañ kämil oýunlarna äñediñ!
Biz ýañy zemine ýetirýäs akyl,
Olar habaryny alýar älemiñ.

A zeminde ne gudrat bar, ne-de syr,
Düýn syrylydy dünýäñ pynhan perdesi.
Paýlaşyga düşen dünýe hem asyr,
Olar üçin barypýatan erteki.
Çagalara aýdyp bermäñ erteki.

© Nobatguly REJEBOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 86 | Mowzugy paýlaşan: lirika | Teg: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 12:38, 27.04.2023
gowy goşgy. güýçli goşgy.
ýöne, ertekide nä günä? - diýesiň gelip du.
her zat bilen manipulýasiýa edip bilýäler ahyryn.
seniň geçmişiň bet, buýsanda ýör diýip güýmäp bilýäler...
ýa seniň geljegiňe kuweýtiň gözi gider diýip güýmäp bilýäler...
mesele seni gipnozlamakda (islendik serişde bilen) ....
mesele düýnde ýa ertirde däl-de BIZ-ligimizdemikä?
kyn öz-ä...
ertekiň nä günäsi bar?
günä ertekini aýdyp berýändemikä ýa?

***
REKLAMA

Stanislaw MISAKOWSKIÝ

DIÝMEDIM HIÇ ZAT

Biri diýdi: biz geçmişde...
beýlekisi: biz geljekde...

garaşdylar olar meniň
näme diýjegime...
emma, diýmedim hiç zat

sebäp, bilemok anyk
barmy ýa ýok – biz?!

Я не сказал

Один сказал: мы были
другой сказал: мы будем

они ждали что я
скажу: мы...
но я не сказал

я не был уверен
что мы существуем
avatar
0
2 lirika • 14:13, 27.04.2023
Nobatguly halypa bu ýerde ertekiniñ srowy (möwriti) geçýär diýjek boldy öýdýän. Ýöne Nobatgulynyñ su gosgusyny okamda ,, Dünýä edebiýatynyñ" 2020-nji ýylyñ N-5-nji sanynda Aýnabat Myradowanyñ terjime etmeginde türk ýazyjysy Gadam Seýit Myradyñ ,, Erteki näme üçin gerek?" diýen makalany okamda sol türk ýazyjysy ertekiniñ gerekdigini ýöne kyssa görnüsinde ýazylan ertekiler has ýerlikli ýatda galýandygyny nygtap geçipdi...
avatar
0
3 Häki • 14:47, 27.04.2023
Nobatguly aga, bir tarapdan seretseň-ä dogry aýdýan ýaly hem. Şer haýryň alnyndan dilemez aman, suwama keljäde ýetdirmez şa gyzy, durmuşam toý bilen bolanok tamam, kyn günüňde kömege geljek döwem ýok, symrug guşam, uçýan haly hem, bir çüküre tüýkürdip başyny bogup boljak ulusam, tersine her kellede han otyr, özem biri hem däl, birnäçe. Onsoň öz ynanmaýan zadyňy çagalara aýdyp berip, olary ertekileriň jadysyna ynandyryp näme etjek? Iň soň hakykat ýerde ýatmaz, iru-giç olar oň bilen gabatlaşar we erteki hakykatyna ynanan çaga durmuş hakykatyny kabul etmek agyr düşer. Çaga ynamy döwüler, kül-peýkun bolar we täze ynama ýer galmaz. Degermi onsoň şu zatlar bary? Içimde bir ses deger diýýä, her kimiň hem bir sapar bolsa-da jada ynanmana haky bar diýýä, durmuşam özüňden mysal alaý diýip dymýa. Nobatguly agada realist bolalyň, ham-hyýala akyl-huşumyzy aldyrmalyň, ertekileriň möwrüti ötdi diýýä.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203