Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:48
Düşünjämiñ çarçuwasy
DÜŞÜNJÄMIÑ ÇARÇUWASY



Säher turup
syrylan perdelerde
Sünt-Hasaryñ howaly durşy-
Penjirämiñ çarçuwasy.

Depä çykyp
Töweregi synlaýşym
Hereketiñ oýarylşy
Ýatakda mallaryñ örüzilşi
Derýada suwa ýakyp
Tokaýa göýberilşi.
Gündiziñ goýalyşy
Iş ýerlere haýdalyşy
Maşynlañ babyldysy
Gargalañ gagyldysy
Motorlañ tyrryldysy
Ýylgynlañ şygşyldysy -
Obamyñ çarçuwasy.

Sähel zada begenşim
Degmeýän zada gynanşym
Çalt gaharlanşym
Tiz öýkeleýşim
Özüm bilen darkaşlar
Menimi garalajak bolmalam
Özgeleri aklaýşym
Içimi byjyklaýan duýgular
Gowy tarapyny görmek
Isleýänlerimiñ
Ynamymy puja çykaryşy
Ýalñyzlanyp galyşym
Umytsyzlanyşym
Şonda Eýäme has ýakynsyraýşym
Içimi döküşim
Dertleşişim
Saplanyşym
Täzeden ýaşap başlaýşym -
Düşünjämiñ çarçuwasy.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 123 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 21
avatar
0
1 Мango • 12:42, 22.04.2024
belliklerim:
"Motosklleñ tyrryldysy" - "Motorlaryň..." bolanda näderdi?

soňam "Penjirämiň... Obamyň... Düşünjämiň çarçuwasy"-nyň öň ýanyndaky setirden soň (defis) – goýsaň dowry ýalymy?
--
Menimi garalajak bolmalam
Özgeleri aklaýşym

"menimi" - bir hilimi?
belki: "men özümi garalaýşym, özgeleri aklaýşym..."
--
Şonda Eýäme has ýakynsyraýşym

"...syramak"-da yhlas ýok. "...ýakynlaýşym" bolanda nä?

---

duýguly ken.
berekella.
avatar
0
2 sussupessimist • 13:01, 22.04.2024
Aýdylýanlar gyzyklyja bolupdyr, ýöne aýdylşy birtüýslije
avatar
0
3 aygull • 13:03, 22.04.2024
Mango, ähli aýtjak zatlarymy aýdyp oturşyň...nämäniň çarçuwasy?))
avatar
0
4 Мango • 13:22, 22.04.2024
3-e.
siziň aýtjagyňyzy aýdyp oturan bolsam, onda Mango Wanga  boldumyka?
(ukyp taýdan).
avatar
0
5 aygull • 13:35, 22.04.2024
Indi ony kimden soraly, Mango?))
Hemmesinden beter ýakynsyraýşymyň-ýakynlaýşymyň bolsa gowy boljakdygyny aýtmak isläpdim. Sizdenem daşgary nygtaýyn şony.
avatar
0
6 aygull • 13:39, 22.04.2024
OL bilen bendesiniň arasynda “syramak" bolmaýmasa. OÑA bar zat aýan ahyry.
Umuman, Meňli öz stilinde OŇA täze bir zatlary aýtmak isleýär. Dowam,dowam...
avatar
0
7 Rowaç • 13:58, 22.04.2024
Aýdylanam, aýdylyşam erbet däl, ýöne käbir sözleri birtüýsli. 
Mango, menimi - egomy diýdigidir-de, erbedem däl ýaly. Ýakynsyramak - diýmegem liriki gahrymanyň öz islegi, belki, yhlasyna göwni ýetýän däldir.
Ýöne bulardan başga ýene iki söz bar: "umytsyzlanmak" birhili, sözüň özi bar hem bolsa, kän ulanylanok, ulanylanda-da, bärde gelişmändir. Ýene-de, "ýalňyzlanmak" näme? Sözüň özüni birinji gezek görýän, bar bolsa habarym ýok, bihabarlykdanam beter, bu ýerde gelişmändir.
Aýdylanlaryň ählisini awtoryň (tanamaýandygymam aýdaýyn) bähbidinedigini ýanjap, hiç hili erbet niýetiň ýokdugyny belläýin. Hawa, galamyňyz ýörgür, kalp gözgüňiz görgür bolgaý!
avatar
0
8 Pero • 14:18, 22.04.2024
Bellikler üçin Sagboluñ!!!

Ýañy az salymjyk şok geçirdim. Näme üçin? Sebäbi"ýalñyzlanmak" sözi näme diýlip soralany üçin. Pikire gidipdirin,dogrudanam ýalñyş ulandymmykam diýip. Emma jogabym ýok. Sebäbi bilemok. Dilçiler dadyma ýetişäýmeseñiz!!!
avatar
0
9 Pero • 14:21, 22.04.2024
"Men","Syramak" barada meniñ aýtjak zatlarymy (aklamalarymy) Rowaç agzamyz aýdypdyr.
avatar
0
10 Pero • 14:30, 22.04.2024
Dilçilerimize ýene bir soragym, "Motosikl" sözüni "Motor" diýip (gepleşikdäki ýaly) ulansañ bolýamy Mango-Wanganyñ aýdyşy ỳaly
avatar
0
11 sussupessimist • 14:55, 22.04.2024
Özümi edil dilçi-hä hasaplamok, ýöne pikirimi aýtsam:
Aslynda-ha motor onuň içindäki ýekeje bir enjamy - dwigatel diýilýäni. Halk dilinde ýoýlup, motor bolup galdy bizde. motosikl dogry, ýöne olam welosiped ýaly ýaňlanýa, adamlar oňa-da tigir diýmäge öwrenişen... garaz, bu ýerde öz göwnüňe geňeşäýmeseň.
ýalňyzlanmak diýen görnüşde-hä edil kän bir ulanylanok. Ýalňyz galmak ýa ýekesiremek (birneme many öwüşgini üýtgeýär) diýlip alynýar. Bir wagt Çary aga Umytdamy ýa başga birinde (ýadyma düşenok), arzuwlamak sözüne gabat gelip, tankyt edipdi. Bu-da şoňa meňzeş ýagdaý. adyň ýa sypatyň - işlige öwrülmegi. Seýran şu babatda häli-şindi bir wakany ýatlaýar: "Mugallym, türkmençe şeýle diýilýärmi?" diýip, bir zady soranynda, mugallymy: "Hany, diýip gör!" diýip jogap beripdir. Diýeninden soňam: "Ana, bolýan eken-ä!" diýipdir.
Umuman, dil janly organizm, ösmeli, ulalmaly, semremeli (horlansa kän bir gowy däl), ýarsmaly, ol-bul ýerinden düwürtik çykmaly, soň artyk ýerleri, ýagy-sellýulidi aýrylmaly... garaz... men ýuwaşlyk bilen temadan daşlaşdym)) synanyşybermeli. girse - dile girer gider. Ýöne gözüni çykaryp, saljak bolubam ýatmaly däl. (bu-da birtüýsli ýaňlandy, bilýän, ýöne dogry düşünersiňiz-dä)
avatar
0
12 aygull • 15:18, 22.04.2024
Haýsy enjamda bolanda-da, ahyry tyrryldy sesi motordan çykýan bolsa şunda-da "motor" diýeniň göwnejaý bolaýmasa. Okyjam düşüner-le, üstesine, ýokarsynda "maşyn"(ulag) hakda-da aýdylan."Maşy(i)n" sözem "motor" sözi kybap. Dürli görnüşli enjama degişli.
Babyldam tikin maşyndan çykýandyr öýtmezmikä diýýän men-ä okyjy.
avatar
0
13 aygull • 15:19, 22.04.2024
Tebigy bolsun üçin meñki.
avatar
0
14 Pero • 15:21, 22.04.2024
:))) güldirdiñiz,sagboluñ!!!
Diliñ bir ýerde durmaly däldigi baradaky aýdanyñyza goşulýan. Duruzjak bolsagam eýgertmese gerek.
avatar
0
15 Pero • 15:33, 22.04.2024
Aýgül,nätdi indi?
avatar
0
16 aygull • 15:52, 22.04.2024
Meň üçin-ä gowy bolan ýaly, Meňli. Özüňe nähili?
avatar
0
17 Pero • 16:18, 22.04.2024
Meñ üçinem okamak añsatlaşan ýaly.
Umuman,saýdyñ şu tarapyny gowy görýän. Ýazýañ,maslahatlaşýañ,taraşlaýañ,indikiñe sapak edinýän,hemem damja-damja her kimden bir zatlar öwrenýäñ.
Sagboluñ,barboluñ!!!
avatar
0
18 aygull • 16:30, 22.04.2024
Saýtyň gönüden-göni özümize bagly gowy taraplary başga-da az däldir, Meňli, eger ýerine ýetirip bilsek.
Dowamly bolsun! Ýazyp dur.
avatar
0
19 Merdan • 17:25, 22.04.2024
Gowy gowy
avatar
0
20 Merdan • 17:32, 22.04.2024
Şy, şi, çe,ça lar goşgyñ okalşyny kynlaşdyrýar umuma. "Säher turyp" diýip başlamasa bolan dăldirda elbetde. Birhili "Ak şăherimiz Aşgabatda" diýip başlan ýaly duýuldy.
avatar
0
21 ToylyOraz • 18:38, 22.04.2024
Ерине душупдир, Ады тасин гозел горкезяр.. Гайталап гунун довамында.. Кан окадым.. Говы !
avatar

Старая форма входа
Total users: 203