TÜRKMEN EDEBIÝATY


21:22
Ýalanmy nä?!...
Eý ruhym! heý yşarat etmezmiñ,
Seniñ mende barlygyñy duýaýyn,
Gel ikimiz çaýlaşaly dyzlaşyp,
Gam käsäñe şatlygymy guýaýyn.

Gara basan gijelerde nirdediñ?,
Niredediñ?, Gam laýyna batamda,
Kyrk gezek seýiklenjek bu göwnüm,
Segsen gezek ýüzün tutup ýatanda.

Çaýyr ýaly ýygjam ösen hyýallañ,
Girdabynda kök uranda ynamym,
Näm üçindir ýalñyz duýup özümi,
Ýetim ýaly doldy durdy damagym?.

Baglar yranmady, daglar süýşmedi,
Üýtgemedik, üýtgemedi çöllügem,
Artdyryp dur etmişleriñ üýşmesi,
Çep egnimde günäleriñ belligin.

Şatlanaly, gel keýpine güleli,
Daşymyzdan bagtly saýsyn hemmeler,
Bu dünýäde gelip-gitmäñ manysy,
Ýasşamana umyt bilen jemlenen...

©Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 59 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 ToylyOraz • 21:27, 19.04.2024
Берекелла Хорматлы Автор!
avatar
0
2 Aýgül_Baýadowa • 22:43, 19.04.2024
Çaýyrlar girdap bolup bilermikä? Üstesine-de, onda kök urup bolýamyka?
Gam käsä şatlygy guýmak-gowy meňzetme. Emma goşgyny okaňda gam sende, şatlyk ruhda ýaly duýulýar. Bu meňzetme-de oňa ters gelýän ýaly, göwnüme.
Ýöne gowy goşgy, başlanyşy dagy, ne owadan! Joşguny pesletmän ýazsaň, hasam gowy bolardy. Üstünlik!
avatar
0
3 ToylyOraz • 02:27, 20.04.2024
Чайыр ялы йыгжам осянн хыяллар..
догры гетирипдир..
Хыялларын гирдабында кок уранда ынам, орнашан маныда ...
буда догры...
ызы гидерлилиги билен маныдан чыкман говы языпдыр ыхлас горуняр!
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE