Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:59
Etýudlar
ETÝUDLAR

Gelnalyjy geldi. Gelin geçdi töre,
maşynlañ “dýüt-düýdün” sem edýär bagşy.
Täzeje sur telpek zyňylýar göge,
“Goňşyň gutly bolsun!”—gutlaýar goňşy.

Paýlanýar pişme, çapady; seçilýär nogul,
ýüzärlige garyşýar palawyň bugy.
Iki gazan börtme: “bagyl-da-bugul”,
aşpez dadyp görýär naharyň duzun.

Bu gün öý, toý eýesi örän şadyýan,
çetde durup şüweleňi synlaýar.
Ogly, bagtly; maşgalasy bagtyýar,
begenjine hem ýylgyrýar, hem gülýär.

Gaýyn atasy üçin niýetläp gelin
sowgatlyk tikipdir ýüpek tahýany.
Ýaşuly başyndan sypyryp telpegin,
zol-zol sypalaýar täze başgabyn.

Ol şatlygyn paýlaýar myhmanlaryna:
“Ine, gelinjigim sowgat getirdi”—
buşlaýar baryp her biriniň ýanyna,
dileg edýär: “Size-de Hudaý ýetirsin!”

* * *

Atsyz suratkeşiň meşhur eserin
synlap duranyma ötdi bir sagat,
jemläp hakydamda onuň täsirin,
ne imrindim, ne-de tapmadym takat.

Bu eseriň iki gahrymany bar:
mele bedew bilen jezaly ynsan.
Gamçysyny haýbat bilen bulaýar
eýerde oturan mapraç “gahryman”.

Ýogyn tanap berkidilen eýere,
oň bir ujy—günäkäriň bilinde,
ýesiriň ýüzi—gan, elleri—ýara,
mejalsyz, ahmal, ol soňky deminde.

Jellat jylawyny ýesire öwrüp,
telpegni düzedýär gamçysy bilen,
synlaýar betbagty gözlerin süzüp,
aňlajak bolýar: “dirimikä, ýa ölen?..”

Bu zulumda öz ýazygy bar ýaly,
at janawar müýnli başyn sallaýar.
(Kowjak bolýar kalbyndaky gümany),
beýnisin gatadyp, misli bir däli,
işmedik kelebni çözläp başlaýar:
“Gardaş, bu sütemde ýok meniň günäm,
eýerdäki jogapkärdir baryna.
Magşar güne çenli bardyr meň güwäm—
çydamadym otly gamçyň zoruna”.

* * *

Her gün säher bilen eli molbertli,
gözleri äýnekli, çal saç suratkeş,
şol, öňki ýerinde—arçaň düýbinde,
oturyp gözleýär üýtgeşik bir keşp.

Üç gün bäri ak kendiriň üstüne
dürli-dürli janly reňkler gonýarlar.
Reňkleriň köpüsi keşbe öwrülip,
käbirleri gözden gaýyp bolýarlar.

Entek doly ýazylmadyk eserden
aňyp bolýar şähermiziň säherin:
tämiz howa, göm-gök asman, bägüller...
“eşidip” bolýar guşlaň jürküldi sesin.

Garlawaçlar iki ýana at salýar,
olaryň şadyýan “çirk-çirkildisi”,
çagalaň “görüp—gaçdysyn” ýatladýar.
“Alysdan eşidilýär” çaga gülküsi.

Gyzjagaznyň eljagazyndan tutup,
gezelenje çykypdyr owadan gelin,
iň soňky reňkini çaýyp kendire,
tamamlaýar ussat taýsyz eserin.

Ýaňy dogan eseriň hiç bir kemi ýok,
şonda-da, ol öz işinden närazy:
bir sýužetiň ýetmeýänin duýýar ol.
Birden... toýly gelne düşýär nazary.

Anha, ýetmeýän zat gapdaljygyňda!
Köçä sygman barýar, gaz ýörşin edip.
Gury selpäp ýörsüň etýud, keşp gözläp,
döret “Toýly gelni”—diňe şol ýetik!

© Kakajan BALKANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 80 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 1.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202