Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:58
Garry eneme
Geçmişiñ beýnisi, ýatyr gum bolup,
Ömrümiz meñzeýä balyk huşuna.
Seniñ halaýanja gülleriñ alyp,
Garry enem, geldim ýene gaşyña.

Täze öýüñ, biraz kiçi görünýär,
Portret içinden dursuñ ýylgyryp
Belki meni syn edýänsiñ, görünmän,
Ýollaryma garaýansyñ delmuryp.

Ertekileñ ýaly, däl eken durmuş,
Ýa men, ahyryna ýetemok entek.
Kynçylyklar uçar ganatym, gyrmyş,
Ýadymda diýerdiň:"müzzermez erkek!"

Asman ýaly giñdi, gursagyñ göwnüñ,
Çagalygym siziñ bilen ýatlanýar.
Gözlerim çygjarýar damagym düwnüp,
Aýralyk, aýanok kalba ot salýar.

Tamañyzy ödemesem bagyşlañ,
Öz bagryna basdy seni ene ýer.
Bütin ömrün balalarna bagyşlap,
Bakylyga ýol ýasaýar eneler.

© Süleýman TEKÄÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 145 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Teg: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 4.0/8
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 10:48, 06.06.2024
garry enesiniň mazaryna zyýarat eden gahrymanymyz oňa aýat okamagy unutdy öýdýän. emma, gül getiripdir.
gülmi, aýat? göwnüme, enesi aýat saýlaýjak ýaly.
belki-de aýadam okandyr, gowy gümanda bolaly...

goşguda agzalýan mazara gül getirmek we mazar daşyna merhumyň suratyny çekmek biziň medeniýetimizde ýokmyka diýýän.
ýöne mazara ýaş agaç dikilýän bolsa gerek. mazarda diri otlara degmän guranlary aýrylaýýar öýdýän...

"Portret içinden dursuñ ýylgyryp".
nädogry sözlem...
biziň türkmenler diwardan asylan islendik surata (bu ýerde mazardaşyndaky surata), islendik surata... ol peýzažam bolsa, oňa portet diýäýýärler...
ýokarky setirdäki "portret" nämeüçin ýerinde däldigini düşündirip bilemok, ýöne... şo setiri "portretsiz" aýtmaly ýaly (belki "mermer içinden...").

Süleýman daýa üstünlikler.
avatar
0
2 Hyýalbent • 12:34, 06.06.2024
Mango aga eden ýerlikli bellikleriñiz beren pikirleriñize minnetdar! Şu temada ýazylan goşgularda aýat Kuranyñ okalyp gaýdylmagyna kän duş geldim şonuñ üçin ýene bir gezek gaýtalasym gelmändi. Mazarystana baran adam merhumyñ ruhyny şat etmek aýat Kuran okamaga zyýarat etmäge barýar ol hemmäde mälimmikä diýýärin. Ýenede maslahatlarñyza, belliklerñize garaşýan sagboluñ!
avatar
0
3 sussupessimist • 15:59, 06.06.2024
"mazara gül getirmek we mazar daşyna merhumyň suratyny çekmek biziň medeniýetimizde ýokmyka diýýän..."

Mango aga, öwlüýä kän wagt bäri gidip görmänligiň bildirýä (hernä, gitmelem etmesin!). Çoganla baryp seretseň, indi mazar daşlaň 90% suratlydyr. Özem ors tarapyna diýemok, türkmen bölegem şeýle. Käsinde uzaboýuna çekilen. Hatda käsinde hojalykda indiki öljekler üçin ýer goýlanlygy bildirip duranlaram bar. Edil gabyr gazylyp goýulypdyr diýemok, ýöne töweregi boş dur. Käsinde-de aýratyn alleýa çalym edip, kafel düşelen, bir familiýaly, ýüzleri meňzeş, ölen senesi tapawutly adamlaryň mazary. Köpüsiniňem üstüne gül goýlan.
Indi käsiniň mazar daşynyň gapdalynda ýörite ullakan küýze ýasalyp goýlan, şondaky gülleri täzeläp gidýärler.
Aýatam okaýalar ýöne. Enteg-ä.

Goşgy hakda: dogrusy, islendik eseri okanymda birinji gödek ýalňyşdan soň taşlaýan. Munda şu setirlerden soň okamagy bes etdim:

"Siziñ halaýanja güllerñiz alyp,
Garry enem, geldim seniñ gaşyña..."
avatar
0
4 Мango • 16:36, 06.06.2024
hormatly sussupessimist. gidilýä-le öwliýä, çoganla. diýýänleriňem görýän. bezemen mazarlar, maşgala üçin alynan ýerler.... özem uly ýoluň gyralary has gymmat ýerler bolmaly, köp bezemen mazarlar uly ýoluň gyrasynda, meşhurlaram şo setirde...

"medeniýetimizde ýok" diýmek islänim, garaz dinimiz halanok bu zatlary. ýöne mazaryň kimiňkidigini aňladýan ýazgyly daş ýene-de bolup biler. ejem, kakam kän ýyllap şo ýazgysyz ýatdylar, (atalarymyz mazar ýitse gowy diýerdiler)... arada ýene-de belli bolaýsyn diýip kiçiräk mermer plita adyny ýazdyrdyk...

mekke mazarlygy bardyr. (baky mazarlygy öýdýän, ýalňyşmasam) şo ýerde diňe gum tümmekleri bar, baş we aýak ujunda kerpiçe meňzeş kiçiräk plita ýaly zat bar. garaz mazarlar bezemen däl.

aslynda, osmanlylar başladymyka mazar bezemäni?

----
daşoguz tarapyň kä tirelerinde mazaryň üstüne jaýam salýan ekenler....
näme üçin beýle diýsem, tanyş oglanlaň biri merhum aýal dogany barada: "pahyr, bu dünýede düzüw gün görmedi, mazarynda jaýy bir bolsun" diýen ýalyrak jogap beripdi...

hawa... esasy zat başga zatlar-la welin....
avatar
0
5 aygull • 22:15, 07.06.2024
Jaýly jaŷlanyş gyzykly eken-aý.
avatar
0
6 sussupessimist • 11:43, 08.06.2024
Ýöne "pahyryň, bu dünýede düzüw gün görmän, mazarynda beri jaýly bolsun" diýilmegi ýeterlik argument dälmikä diýýän. Düzüw gün bn mazarda jaýyň içinde ýatmagyň arasynda kän bir logiki baglanyşyk ýok.
Häzirki düşünjeler bilen seretseň, howwa, oňa kwartira-da berilmedi, täze jaýam satyn alyp bilmedi diýip, şony "düzüw günüň" kriteriýasy hasaplap, ölenden soň üstüne jaý dikip, ruhuny şat etdik diýip pikir etjekler ýok däldir elbetde. Ýöne beýdip jaýlanýanlaň hemmesi jaýsyz, öýsüz-öwzarsyz kösenip ýörenler däldir-le.
Ýöne onuň, yzarlasaň, başga sebäpleri bardyr.
Düýn biri gürrüňde agzady şuny - "jaýlamak" diýibem şoň üçin aýdylýar diýip. "Öňler şol ýerlerde mazar gazjak bolsaň, piliňi uran ýeriňden suw syzylyp çykýar, onsoň merhumy laýa gark etmek dogry däl diýip şeýdýämişler" diýdi. Bu-da bir gipoteza. Ýa, kim bilýär, yslamdan öňki döwürden galan däp bolmagam ahmal.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203