Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:03
Garaşylmadyk toý

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär


GARAŞYLMADYK TOÝ

640-njy gün soňky hat. Muny esger ýandepderçäme belläpdirin. Laýyk mundan üç aý ozal, bu senden gelen soňky hatdy. Dogrusy, meniň özüm şeýle bolmagyny isläpdim. Harby borjumyň galan üç aýyny okuw kursunda geçirmeli bolup, saňa hat ýollap bilmeýärdim. Şonuň üçin üç aýdan soňra harby gullugymy tamamlap öýe baranymda, ýüzbe-ýüz görşeris, gürleşeris diýip, haýyş edipdim. Sen hem Watan gullugynyň has möhümdigini nygtap, garşy bolmandyň. Kakamyň diýşi ýaly, sanalgy gün tiz geçýär eken, indi harby bölümimizde galjak diýseňem goýanoklar, ýerimize ýaş esgerler eýýäm gelip, okuw kursynda taýýarlyk görüp ýördüler. Biz hem öýmüze gaýtmaga taýýarlanýardyk. Her kimiň şatlygy içine syganokdy, kim obadaşlary bilen hoşlaşýar, kimler dost-gardaşlary bilen sagbollaşýar. Hatda, biz üçin nobatdan daşary otly hem goýupdyrlar, öýlerine tizräjik ýetsinler diýip. Ýeňilmi eýsem, şunça ýatlama, şunça dost-ýarlary taşlap gaýtmak?! Emma öýden çykyp gaýdalymyz bäri gün sanap garaşýan ene-atalarymyz, maşgalamyz bizdenem beter howlugýandyr, olary-da garaşdyrmak bolmaz ahyry.Otlymyz ýüreklermiziň sesine ses goşup ýola düşdi. Mundan beýläk her ädim seni maňa has golaýlaşdyrýardy. Otlymyzyň bagşysam, şahyram, şahandazam ýetikdi. Her kim öz duýgularyny bir zatda: sazanda sazynda, bagşylar heňe salyp, şahyr goşgularynda, suratçylar çeken suratlarynda geçilen az bolmadyk iki ýyllyk kä agyr, kä ýeňil, şatlykly, gussaly geçilen ýoly beýan edip gelýärdi. Wagtyň nädip geçenini hem duýman galdyk. Bir seretsem, dogduk depäm Daşoguzyma gelip ýetipdiris. Hemmeleriň ýüzlerinde begenç görünýär hat-da dünýäniň ähli şatlygy gelip biziň wagonymyza ýagyş bolup ýagan ýaly, daşarda öz ogluna, aga-inisine, dogan-garyndaşyna, söwer ýaryna görmäge intizar garaşýan gözlerden doly. Kimsi bagşy getirip aýdym-saz etse, kimsi ýadygärlik suratlara düşýär, kimlerem bu bagtly pursatlary geljekki günlerde ýatlamaga ýazgy edýär. Men hem ok deý atylyp wagondan çykdym. Baý-bä, biziňkilerem-ä jemlenipdir. Öýde ýeke ogul bolamsoň, gyz jigilerim meni görüp aglajak aglajagyň üstünde, ikisini-de gujakladym. Kakamjanyň, ejemjanyň ellerinden öpüp, bagryma basdym. Dünýäm giňäp gitdi, şunça aýralyk bolmadyk ýaly boldy. Garyndaşlarym bilen aman-esenlik soraşanymdan soňra, ejemjan: “ Seni görmäge garaşýan adamlar öýde-de ýeterlik, olaram garaşdyrmaly “ diýe, barymyzy öýe howlukdyrdy. “Iki ýylyň içinde şäherimiz özgerip tanar ýaly bolmandyr” diýip, içimi gepledip gelşime, topragyny söýdügim obamam ondan galyşmandyr, hakyt açylan güller ýaly gözel görke beslenipdir. Ulagly öýe gelýärkäk, gözümi aýyrman seredip gelýän şu ýerde ýaşaýandygyma buýsanyp. Goňşy oba golaýladygam welin, aýdym-sazyň sesi gelip başlady.Gözüme yssy görnensoňmy, nämemi, ejemden dessine: “Kim toý edýär?” diýip soradym. Obalarymyzyň arasy ýakyn bolansoň birek-biregi has gowy tanaýarys.
Ejem:
- Amangülüň gyzy çykýar- diýip sözüni soňlap gutarmanka,
-Berdi aganyň gyzy dälmi?- diýenimi duýman galdym.
Ejem ýylgyrdy-da:
- Gulluga gideniňe iki ýyl boldy welin, hiç kimi ýatdan çykarmansyňow! Hawwa, şähere çykarýarmyş gyzyny.
Üstümden gaýnag suw dökülen ýaly boldy, bu habar şatlygymy gursagymdan sogrup aldy-gidiberdi. Hemme zadyň gyzygy gaçdy, içimden: “Şunça wagt garaşdyň Şeker! Ýene az salym sabyr edäýmezmiň?!” diýip soragsyz seni günäledim. Ondan soňra nämäň nähili bolanyny özümem bilemok, ruh ýaly aýlandym ýördüm. Ulagdan düşenimden soňra harby gulluga ugranymda ejemjanyň saňa ýoldaş bolar diýip goýan jüp petir çöreginden datdym. Şunça wagtyň geçenligine garamazdan haýran galmaly zat, çörek ýumşajyk, gatamandyr. Megerem bu ýugrumyna öz mährini, söýgüsini siňdirip ýugran mukaddes enelermiziň elleriniň gudratyndan alamatdyr.Her kim meni görmäge howluksa, men olardan özümi alyp gaçyp, ýekelikde galasym geldi. Oba adamlary özüňe belli, gaçar ýerde gaçyranoklar. Dogan-garyndaş goňşy -golam dost-ýarlar, harby gullukdan gyzykly söhbete garaşýan ýaş ýetginjekler diýjekmiň, garaz her kim täze esgeri görmegiň arzuwynda. Menem olaryň arasynda öň gelip görmedik şäherime düşen ýaly, bir zatlardan gorkup heder edýärdim. Sag-aman gelenime aýdylan sadaka sowuldy, şonda-da, gelýän adamlaryň yzy üzülenok. Obamyzda Şeker bilen halaşýanymy bilýän diňe dostum Batyr bardy, ondan sorap meseläň änigine- şänigine ýeteýin diýsem olam ýok. Gelse-de, indi gelmeli harby gullukdan. Menden birneme gijräk gidipdi. Hat ýazyşýardyk. Olam-a beýle üýtgeşmelerden habar bermändi. Gullugyny dynyp öýüne gelerine garaşar ýaly sabyr galdymy mende, toýly gürrüňi eşdip kelläm göçdi. Bir zat edip öýden daşlaşmalydy,men hem synpdaş oglan gyzlary üýşürmek bahanasy bilen özümi köçä atdym. Başymda müň pikir öz etimi özüm iýip barýardym. Iç -içimden özüme käýindim: “ Gurban özüňden boldy, ilki okajak diýdiň, onsoň harby gullugymam dynyp geleýin diýdiň, ol gyzyň saňa garaşmakdan başga işi ýokmy?! Sen öz islegleriňi durmuşa geçirip, gyzyň hal ýagdaýyndan bihabar geziberseň, gelýän sawçylaryň biri gelip alarda gider-dä! Türkmençilikde gyzyň ýaşy geçip bardygyça edilýän gep-gürrüňler köpeliberýär. Ol başga näme etsin, haçana çenli ene-atasyna garşy gidip: “Durmuşa çykjak däl, ýaşym kiçi” diýip saklansyn. Soňky üç aýda hat-habar ýazyşmaly, baranymdan soň görşeris diýmäň näme diýsene! Şeker ters düşünen bolmagy ahmal”. Öz-özümi kötekläp hatda nirä barýanymy hem bilemokdym. Ýeke bilýän zadym seni soňky sapar gelinlik lybasynda görmek. Ykbalyň maňa eden ters oýnunda seni-de aýyplasym gelmedi, bar günäni öz gerdenime ýükledim. Obamyzyň arasynyň ýakynlygy sebäplimi, ýa-da gany gaýnan adam garadan gaýtmaz bolýar diýýänleri çynmy nämemi, toý bolýan jaýa size gelip ýetenimi duýman galdym. Beýnim yza dolan diýsede ýüregim soňky saparam bolsa seni görmäge ymtyldy. Şeýdip ýedi ýyllyk ilkinji söýgümi depeläp gidiberjekmi Şeker? Gör, näçe ýagşy günler baradaky edilen arzuwlarymy gursagymda saňa bolan çäksiz söýgüni alyp gelipdim ýanyňa.Seni soňky gezek ak kürtede özgäniň ýary bolup meni göz ýaşlaryma gark etjegiň, hyýalymyň köçesindenem geçmändi. Gidiberjekmiň, sensiz maňa ýaşamagyň ölümden-de agyr geljegini bilip durup gitjekmiň? Adam gözleriniň öňünde bagtym diýen ýarynyň özgäň töründe gül bolup bitjegni duýup, dört barmak maňlaýa ýazylan täleýi üýtgedip bilmejegni bilip çäresiz galýan eken. Ertire galan işi bitirse bolar, ýetilmejek beýik menzillere zähmet çekip ýetilse bolar, emma ömrüň manysy ýitirilse näme edip bolar? Diňe, öz bagtyňam oňa bersin-diýe ýaryň şatlygyna guwanyp şärik bolaýmak galýar. Menem seni soňky gezek intizar gözlerim bilen, bagta sary gidýän ýoluňa ugratmaga geldim. Sebäbi şu gün gelmesem ertir sen eýýäm özgäniň ýary bolarsyň. Hawa, ýollar ýene meni saňa getirdi, gel diýip çagyrmasaň-da geldim. Şeýdip öz-özüm bilen gepleşip durşuma, täze gelin orta çykýar diýen tamadyň sesleri meniň ümsümligimi bozdy. Öýüňiz tarapa bakyp akly çaşan däli ýaly bir nokada seredip durkam sen çykdyň öýüňden! Begendim, täzeden dünýä inene döndüm, ýokary okuw ekzamenlerinden okuwa kabul edilen günümem beýdip şatlanmandym. Sebäbi sen gelýärdiň melege meňzäp, emma gelinlik lybasynda däl-de, täze durmuşa çykýan geliniň ýagny, jigiň Soltanyň ýanynda. Görüp otursam, jigiň toý edýär eken. Araňyzda näme bary-ýogy iki ýaş bar, kelläme gelmeýşini diýsene. Öz-özümi kösäpdirin, gurruk guýuda umytsyz galan adama meňzäp kellämden müň pikiri ýöredip, öz-özümi gynapdyryn. Seniň-de gulagyňy şaňladandyryn. Bagşy- sazandalar şatlyk-şowhun bilen gelini orta getirdiler. Sen tans edip ýörşüňe şonça märekäň içinden meni tapdyň! Gözleriňde kiçijik çaganyň guwanjy ýaly şatlyk bardy. Birdenem, şonça mähelläniň içinde seni ýitirdim. Gözümi elek-çelek edip seni gözläp durkam, kisämde bir hyzzyldama duýdum. Görsem, el telefonyma nätanyş belgiden sms hat gelipdir. Toý bolýan jaýdan daşlaşyp haty açyp okadym: “ Salam, gowumy ýagdaýlaň? Sag-aman geldiňmi? Öýmüziň arka tarapyna gelip bilmezmiň?!” Bolýan zatlara doly düşünip ýetişmesem-de öýňüziň arka tarapyna geçdim. Hemme toý bilen başagaý bu ýerde bolsa hiç kim ýokdy näme biri oýun edýärmikä? Içimi hümledip durşuma sen çykyp geldiň.
-Salam Gurban, geldiňmi sag aman? Öýňüzdäki toýy taşlap gelipsiň, eýgilikmi?
-Salam, gowumy özüň? Tüweleme, öňküden-de, gözelleşipsiň! Aldajy bar ýaly çalt-çalt gepleýäň welin, nirä howlugýaň, iki ýyldan soňra öz ýaryňam şeýle garşylaýaňmy?
-Haý, bu oglany, näme öz öýüňde oturan ýaly, biri göräýse, ikimizem öldürler. Aýt,näme aýtjak bolsaň?! Men tizräk gitmeli!
-Menä siziň öýden gyz çykýanyny eşdip bir ýerde durup bilmän gaýdaýandyryn. Ýogsa-da telefon belgimi nireden aldyň?
-Daýzaň gyzy Mährijemaldan. Seniň harby gullukdan şu gün boşap geljegňem bilýärdim, emma toýa gelersiň öýtmändim.
- Şunça aýralykdan soňra saňa gowuşdym. Indi menden bagtly adam bolmaz.
- Menem bärde senden aladalanyp, günleriň nädip geçenini bilmedim.Wiý, ýogsa-da, ikimiz barada ejemede duýdurdym: “Ene-atasy ýagşy adamlar, ýamanlykda atlary çykanok. “Garaş!” diýen bolsa, sözünde durar. Ýöne jigiň bilen hem dertleşipdik: onuňam halaşýan oglany sawçy göýberjekmiş, öýüňizdäkilerden rugsat sora diýipdir. Soltanam saňa aýtmaga çekinip, maňa dil ýardy. Onda Soltana gezek bereli, seniňem bir nesibeli günüň bardyr!” diýdi.
- Ejeňjanam oňlan bolsa, indiki gezek biziňki, tiz wagtdan eli saçakly biziňkilerem gapyňyzy kakar!
- Gelibersinler hany, her gelen gyzy alyp gidýän bolanda şu wagt ne meni görerdiň, ne sesimi eşiderdiň! Tohum sepmän, hasyly paýlaşyp durmaly. Men gideýin, birden ýoklugymy biläýmesinler. Senem öýüňe gidiber! Boş wagt tapyp habarlaşaryn, sag-amanja gez, özüňe gowja seret!
- Bolýar Şeker, biziňemä arkaýynja, bilelikde gürleşip, gülşüp oturjak günlerimiz geler nesip bolsa, senem sag- amanja gez!
Sen ýaňagyňy nar ýaly gyzardyp toý jaýa tarap gitdiň. Menem az salymlygam bolsa dünýäň bagtyny guçup, ýerden ýöräp däl-de asmandan uçup seniň bilen bagtly geljegmiz hakda süýji-süýji arzuwlara batyp öýmüze gaýtdym...
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 226 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Süleýman Tekäýew, ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 2.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 20
avatar
1
1 aygull • 13:59, 23.02.2024
Düşünmedim. Şonuň üçin müýni özümden gözläp, 2/10.
avatar
1
2 Mekan2 • 14:52, 23.02.2024
nowella? prozaçylar köseýä.

al 2/10, nesip etsin. üstünlik.
avatar
0
3 Мango • 15:08, 23.02.2024
doly okamaga takatym ýetmedi.
şoň çün ball goýup durmaýyn...
avatar
1
4 Seýrаn • 08:27, 24.02.2024
Radioda okaymaly tekst eken. 2/10
avatar
1
5 Pero • 20:33, 24.02.2024
2/10
avatar
1
6 garagar • 20:45, 24.02.2024
3/10
avatar
1
7 Lacrymosa • 20:21, 25.02.2024
— Gulluga gideniňe iki ýyl boldy welin, hiç kimi ýatdan çykarmansyň-ow! (näme, 2 ýyl gitdim dp obany ýatdan çykaraýmalymy, daýza?!) şujagaz ýerliksiz sözlemiň barlygyna garamazdan Happy end eserleri halaýan. 10 bal
avatar
0
8 Kyyas • 21:08, 25.02.2024
Rawylar üçin boljak ekeni.
avatar
0
9 Seýrаn • 20:26, 26.02.2024
7-ä jogap. Laçyn, gowja baha bersene.
avatar
1
10 LegLek • 20:48, 26.02.2024
Süýji başdangeçirme.
4/10
avatar
0
11 LegLek • 20:50, 26.02.2024
@Ses.
Ondan gowy baha ýog-a :)
avatar
-1
12 Gerceknazar96 • 21:04, 27.02.2024
Sözüm ýok 10/10 goýýan. Awtor hakykatdanam hekaýa ýazyp bilýän eken. Berekella telpek goýdum men-ä.
avatar
0
13 aygull • 21:23, 27.02.2024
Telpegiň köp bolsa goýubermeli.
avatar
0
14 sussupessimist • 00:20, 28.02.2024
Men-ä telpegimi aýap saklaýan, ýogsam olaň bäşisini bir gyňaja daňyp git diýýäler.
Käte-de telpegimi aljak bolup, kellämi alyp gidýäler.
Bu hekaýa bilen bagly ýagdaýda kellämem, telpegimem ýerinde galdy. Okamaga sabrym ýetmedi. Birinji gezek okajak bolanymda (ýaňy goýlan gününde), başarman, öz ýadawlygymdan gördüm. Bu gün ýene synanyşdym. Bolmady. Garaz, çynym, elimden gelenini etdim.
0/10 (ýa-da Mangoň ýuwmarlap aýdyşy ýaly, okamaga sabrym ýetmän baha bermekden saklanýan).
avatar
1
15 paragraph • 04:57, 01.03.2024
5/10
avatar
2
16 Мukam • 21:31, 02.03.2024
Hekaýa täze başlan bolsa üstünlik. Başlangyç awtoryn elinden çykan eser. Taplanar nesip bolsa!
avatar
0
17 janjennet • 18:48, 17.03.2024
1/10
avatar
0
18 Küle • 19:40, 17.03.2024
Muňa bal bermändirin
1/10
avatar
1
19 sussupessimist • 20:15, 17.03.2024
Munda Mukam dogry aýdypdyr, başlangyç awtor bolsa entek kän ýol geçip, güýçlenip gitmegi ahmal. Esasan obýektiw tankyda dogry reaksiýa berip: "Häk, entek sizjagazyň gözüňize görkezerin!" diýip, üstümizden arza ýazmak özüňi kämilleşdirmek.
avatar
0
20 Gülkamat • 17:04, 21.03.2024
4/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 203