21:16 Gelmegiň gerek | |
GELMEGIŇ GEREK Sensiz günler sapagyndan tänenok, Ahwalyma çynyň bilen äweňok, «Ýanyňda näme bar, ýene näme ýok?!» Diýmegiň gerek. Yşk ýüregme, göýä, ot bolup daman, Üýtgedesim gelýär günleri ýaman. Derdimi egniňe alyp bir zaman, Çekmegiň gerek. Seýigi ýetmeýär bu ynjyk göwnüň, Ak daňlara umyt-ynamym döwnük, Söýgüden bogazyň dolanda düwnüp Görmegiň gerek. Ykbal bir baglaýar bir kişä ynam, Ýürek duýgularda ejizlär, ynan, Men ýöne bir ýere aglamok, onam Bilmegiň gerek. Derdiňe dertdeşdir gözüňden aňan, Aýt, haýsy dünýekä ikimiz daňan, Göwün bu, käteler ýalanjykdanam, Söýmegiň gerek. Men diýseler, oňýansyňam tisginmän, Seret maňa tarap, ýeter, seslenme. Gaharyma näler diýsemem: «Gelme!», Gelmegiň gerek... © Gurbanmyrat SARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |