11:44 Otagymda gül bar... | |
OTAGYMDA GÜL BAR... Otagymda gül bar, Ýapraklary kiçijek, Baldagy ýogyn. Içip ýaşaýan deý, Topragyň ýagyn. Otagymda kitap bar, Küt-küt, depe-depe. Olaň awtorlary beýik Şahyr ýazyjylar, Epeýden epeý. Otagymda dost bar, Derdi dep bolan. Saçlaryny kän daraýan Sabyrly oglan. Otagymda pişik bar, Myr-myrlaýar ol. Süýdem içenok, Iýenok çörek. Oňa ertekiden, Rowaýatdan galan, Sycanjyk gerek. Otagymda men bar, Ýüregi kiçi, arzuwy uly. Bedeni ýeriňki, Jany Allanyň guly. Otagymda ýer ýok, Otagymda şer ýok, Gül bar, Kitap bar, Dost bar, Pişik bar, Menem käte bar, Käte ýok... 22.03.2023ý ÝYLGYRYŞLARYŇ Ylla, bu baharyň birje bölegi, Ýüregiňden gaýdan ýylgyryşlaryň. Gyz näzini keşbe salyp, uýalyp, Syrlaryňy aýdan ýylgyryşlaryň. Sözi dymyp, saz deý saýran esermi?! Gözi gülüp, ýaz deý ýaýran hesermi?! Gunçalaň gülüne jan ber ýeterlik, Anbary kükeýän ýylgyryşlaryň. Perişdeleň arşdan inen aýdymy, Jak-jak gülüp, yşk namasyn aýdany. Göwünleň erişi, argaç, öýdümi, Heňine salynan ýylgyryşlaryň. Ýygra ýigdiň ýygralygyna em bolan, Söýgiň içre ýüregine dem bolan. Mähir, söýgi, mähribanlyk jemlenen, Yşkyň alamaty ýylgyryşlaryň. Behiştden inermiş hüýrler-melekler, Ýüregi bahar deý, yşky ýelek deý. How eneden gelýän nepis senet deý, Ynsany jadylar ýylgyryşlaryň. 22.03.2023ý AÝNA ÝUWULÝAR... Daň bilen sagada 5:22, Ýatyr ahyr uly il. 2-nji ýa 4-nji gatda Aýna ýuwulýar: Myýt-myýt, myýt. Geň galdyrýar, Kimkä bu Gelnejemi, uýamy, Ýa ir turýan garrymy. Ýuwýar myýt-myýt aýnany. Meger häzir çyrşak-çyrşak Aýna suw deý durlandy. Men ir turdum, ýogsa-ha Turmak üçin sagadym 6:00 gurlandy. Meger, aýnany dälde Kalbyn ýuwýar o kişi. Ýa-da Alla bilen söhbet Etmek üçin Gün dogmanka Oýlap tapdy bu işi. Edil myýt-myýt sesler-ä Eşdýändir perişdelerem. Aglaýandyr öýderler, Zawlaýandyr öýderler, Meger, süýji ukulary Awlaýandyr öýderler. Daň ýagtyldy, galdy myýt-myýt Ýatyp galdy o kişi. Aýna ýalp-ýalp öwüşginli... Kalby ýylp-ýylp öwüşginli... Bitendir-le işi.... 31.03.2023ý | |
|
Ähli teswirler: 12 | |
| |