Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:45
"Göwün suw berermiş arzyly gõwne..."

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

"GÖWÜN SUW BERERMIŞ ARZYLY GÖWNE..."

Alty aý mundan öň tutupdym bir bagt,
Bu bagtym bagtlara sep bolar öýtdüm.
Häzir bolmasa-da, haçandyr bir wagt
Dertli geçmişime nep bolar öýtdüm.

Göwün suw berermiş arzyly göwne
(Şeýle göwne eýe bolsa her göwre...),
Etmekden saklanan işlem bir döwre
gurap, uly ile gep bolar öýtdüm.

Az dymdym, “Döz gelmez dymşyma” diýip,
Şem boldum, “Dözmezler damşyma” diýip,
Gaýypdan ses gelip, “Daň şuňa!” diýip,
Ykbaly ykbalma ýüp bolar öýtdüm.

Dünýämi tutupdyr aýazy çilläň,
Sansyz oý-küýleriň mesgeni kelläm.
Durkumy paralap, atylýan gülläň
Ähli nyşanasy çep bolar öýtdüm.

Käte öz-özümden göwünim bitdi,
Käte öňki-soňky umydym ýitdi,
Meni bir alada döşümden itdi:
Söýgim naçar köňle ýük bolar öýtdüm.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 198 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna, Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 23
avatar
1
1 Kyyas • 20:26, 29.02.2024
Murapbagy, erbet däl. Täzeçillik görmejekden boldum. Üstünlik!
avatar
1
2 Sylapberdi • 22:04, 29.02.2024
Aý hawa goşgy goşgy. Name diyseñem, Kyýasyñ aýdyşy ýaly, bäh diýdirýän täzelik ýok.
avatar
1
3 aygull • 23:00, 29.02.2024
Öň okan ýaly bolup durun. Ýa kapyýalar bulaşdyrýamyka?
7/10
avatar
1
4 sussupessimist • 09:17, 01.03.2024
täzeligiň ýoklugy - uly kemçilik.
3/10
avatar
2
5 Mekan2 • 09:58, 01.03.2024
6/10

dördünji bende öýkenme

Dünýäni tutupdyr dumany çilmiň,
tutaşjak-tutaşjak alowy içimiň.
uludan dem alýan, körüklemek çüýn
tutaşsa, dertlermi ot ýakar öýtdüm.

degişmedir, torsarlyp oturma ýok :-)
avatar
1
6 Hyýalbent • 11:39, 01.03.2024
7/10
Awtora üstünlik
avatar
0
7 garagar • 13:07, 01.03.2024
5/10
avatar
3
8 Lacrymosa • 13:23, 01.03.2024
,,Söýgim naçar köňle ýük bolar öýtdüm'' diýýär-ä.
Görüň, munuň tapýan kepini..
,,10 bal şahyr köňle ýük bolar öýtdüm'' diýmeýän ýöne men
avatar
1
9 Seýrаn • 13:51, 01.03.2024
Bir setir uçin beyleki setirleri gurban etmelimi?
Ýazyp bilýän ekenligi üçin 6/10
avatar
1
10 Küle • 20:43, 01.03.2024
Mana hic tasir etmedi.
2/10
avatar
1
11 Pero • 21:56, 01.03.2024
6/10
avatar
1
12 Belki • 06:08, 02.03.2024
Murapbagy gowy ýazyp bilmek bir başarnyk. Özüm-ä başaramok.Gowy ýazylan murapbag. Aralaryna iki-ýeke tapyndyjyklaram getirip bilen bolsady...
Üstünlik!
avatar
0
13 Belki • 06:10, 02.03.2024
Göwün suw berermiş arzyly göwne - gowy pikir eken. Göwün göwünden suw içenok-da, arzyly göwne özi suw berýär. Ýöne ýeke özi ýetenok-da goşgyny halas etmäge
avatar
0
14 Gerceknazar96 • 19:11, 02.03.2024
Wagt , bagt, nagt ýaly sözleri kapyýa sazlamak kynçylyk döredýär. Sebäbi ýazylanda "bagt" diýlip 1 bogunda ýazylýar, okalanda "bagyt" diýlip iki bogunda okalýan ýaly. Murapbag goşgylary okamagy gowy görýän . Şygra balym 5/10
avatar
0
15 Мukam • 22:17, 03.03.2024
Gerçeknazar bu goşga telpeginin ýaryny goýuşyna haýran!

Goşga pal ataýyn!
Täzeçillik gözleginde özüçe üýtgeşik söz tapyndylary goýdum öýden bolmagy mümkin!

Onda-da üstünlik gowy goşgy keminin kemi ýok şon üçin artykmac ýerini görjek bolaýyn.

Soñky wagtlar, murapbag ýazý az n gaty seýrek. Haýdaber, haýdaber, ahyr pellehana ýetersiñ....)))
avatar
0
16 paragraph • 04:55, 04.03.2024
7/10
avatar
0
17 LegLek • 06:34, 04.03.2024
6/10
avatar
0
18 Melike • 22:43, 05.03.2024
8/10
avatar
0
19 Lacrymosa • 11:18, 10.03.2024
bäsleşige gatnaşýanlaryň içinde menden sypýanlary bar bolsa, umuman, ballamadygym bar bolsa göni 10 baldyr, hormatly emin agzalar!
avatar
0
20 janjennet • 13:35, 13.03.2024
4/10
avatar
0
21 Мango • 01:49, 19.03.2024
Alty aý mundan öň tutupdym bir bagt,
Bu bagtym bagtlara sep bolar öýtdüm...

birnäçe bagtyň gürrüňi edilen ýaly.
soňky tutan bagty, öňki tutan bagtlaryna sep bolar öýtmegi... bir hili birgeňsi...

---
Käte öz-özümden göwünim bitdi,
Käte öňki-soňky umydym ýitdi...

"gö-wü-nim" bolmyýar-a bü...
4/10
avatar
0
22 Rowaç • 18:27, 20.03.2024
3/10.
avatar
0
23 Gülkamat • 16:54, 21.03.2024
10 bal
avatar

Старая форма входа
Total users: 203