00:23 Gorkýan... | |
GORKÝAN... Bu kalbyma soltan bolup soň bolsa, Köňlümiň köşgüni ýykandan gorkýan. Yhlas, gözýaş, agy... baryn depeläp, Bu gara bagrymy ýakandan gorkýan. Yşkdan doly gözlerimiň içinden, Sil kibi towlanyp akandan gorkýan. Süýji söhbetleriň talagyn berip, Ýüzüme ýat kibi bakandan gorkýan. Bu yza başga bir düşnüksiz yza, Kalbymdan mar kibi çakandan gorkýan. Goşgulam aglaýan ýaly, olaryň üstüne atanak çekenden gorkýan. Buz üstünde tozan arap, aýny wagt, Ýersiz bir bahana tapandan gorkýan. Alyň ala meýdanyny agladyp, Mensiz atyn ýeke çapandan gorkýan. © Ogultäç ORAZTAGANOWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |