Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:33
Dekabr!

DEKABR!

Peýdasy ýok gözlerimi sykanym,
Bolmanyma kim günäkär -- ekabyr?!
Meniň ähli gaýgy-gussalam bilen,
Ne sebäpden bile geldiň, dekabr?!

Güýzem geçip gitdi -- aýnadyp goýan,
Duýgularma diýebilmerin, "Oýan!",
Kalbymda şygyrdan gaýnadyp goýan
şerbetime -- bala geldiň, dekabr!

Dileglemden parlap durup baýdagym,
Aýan bolar hakyt gara ýerdigim,
Kalbymyň töründen orun berdigim,
Ojagyma -- bize geldiň, dekabr!

Ejir berer yşkymy eý görmegim,
Ýöne sende solmaz görküm-görmegim,
Gussa, ynjy, çytylan gaş görmedim,
Güle-güle, güle geldiň, dekabr!

Ne beýle kyn, gözüň dikip garaşmak,
Maňlaýyma ýazylypdyr göreşmek,
Nesibede bar ekeni görüşmek,
Wasp edeýin, dile geldiň, dekabr!

...Ýok, men indi gözlerimi sykmaryn,
Çünki düýşe meňzär wakalar -- käbir.
Meniň ähli gaýgy-gussalam bilen,
Ne sebäpden bile geldiň, dekabr?!

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 126 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Medicall • 02:26, 15.12.2023
Owadan, şirin goşgy, Karkarajeke ylhamyñyza bereket, galamyñyza hereket!
Dekabrlaram, ýene-ýene, köp, köp, gaytalanyp, gaytalanyp
görülip durulsun!

"Owadan dünýade owadan ýaşañ!"

Janyñyz sag bolsun!
avatar
0
2 Pegas • 07:44, 15.12.2023
Soňky bent gowşaksy çykypdyr.
avatar
0
3 Seýrаn • 09:15, 15.12.2023
Birinji bendem şeýle.

Galanlary bilen oňuşsa boljak. Dekabr barada güýçli ýazmaly ýa ýazmaly däl. Gyş gowy pasyl, ony harlamak bolmaz.
avatar
0
4 sussupessimist • 11:18, 15.12.2023
Yone şu ay, pasyl edebiyatyna düşünemok. Dekabr diyip, may diyip, sentyabr, mart, güyz diyip goşgy yazylmagy... tema gutaryan bolaymasa, gazetlerde-de çap edilip durmaly diyen yaly. Ay, yone meň poeziya düşünişimem yabygorly. Ine "May" hakda Annamuhammet Kirşeniň goşgusy:

Mähriban Maý!

Seniň demiň melhem, mähiriň ýyly,
Seniň iňrikleriň, säheriň ýyly.
Sen— oniki süňňiniň biri bir ýylyň...
Gözellikden alan ýaly iki paý,
Eý, mähriban Maý!

Sende günler has-da eziz görünýär,
Güller görke gelýär, göwünler gülýär.
...Inmesem-de seniň goýnuňda dünýä,
Mümkin bolsa, meni öz perzendiň saý,
Eý, mähriban Maý!

Ýa sen tebigatyň tämiz şygrymy—
Gör, ne beýle badaşypdyr bagrymyz?
Mähir-muhabbetden ýeten ýugrumy,
Mylaýym adyň hem müň bir ada taý,
Eý, mähriban Maý!

Günler geçýär, şeýle ýyndam, säginmän,
Pasyllar çalyşýar, ýyllar säginmän.
...Aňzakdyr epgegiň araçäginde,
Özüň, bir üýtgeşik, mylakatly aý,
Eý, mähriban Maý!

Bu heserli ýürek zol höweslenip,
Ýaşamak isleýär sen dek, islenip...
…Gül Diýarym otyr toýa beslenip,
Aýlaryň içinde sen baýrama baý,
Eý, mähriban Maý!

Gana içip, bahar-ýazyň mährin sen,
Bezeýärsiň meniň köňül şährim sen.
Elbetde, erbet däl, aýlaň ählisem...
Ýöne, nämüçindir sen, göwnüme jaý,
Eý, mähriban Maý!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203