16:45 Görogly gelinlik gözleginde | |
GÖROGLY GELINLIK GÖZLEGINDE döwrebap wersiýa hekaýa Kyrk ýaşlaryndaky orta boýludan dykyzrak erkek adamynyň öňüne düşüp barýan zenan barmaly ýerine ýetende gije mazaly düşüpdi. Boýdan – başa gara ýapynjaly, gara çadraly zenanyň ýerden süýrenip gelýän şo ýapynjasy galtaşan ýerinden beýläk – yzyndaky ähli zatlary gara reňkli dumana öwürýärdi. Şondan soň daş – töwerek garaňkylyga gaplanyp, ýol ugrundaky asma çyralar ýaldyraşmaga başlaýardylar. Zenan suwda ýüzýän ýaly çalt hem ýeňil gopýardy. Onuň göwresi kükürt çöp ýaly dikdi. Ýerden süýrenip gelýän gara ýapynjasy sebäpli, onuň asylky görnüşinden uzyn görünýän bolmagam ahmaldy. Orta boýludan dykyzrak erkek adam höweseklik bilen yz basyp gelýän bolsa-da, barmaly ýerlerine ýetende aljyrady. Çaltlyk bilen ikiýana göz aýlady. Onýança zenanyň “Geldik” diýen ymsyndyryjy sesi gulagyna eşidilip, alasarmyk ýagdaýda aňkarylyp durdy. Şo pursat zenan çaltlyk bilen erkek adama tarap öwrüldi. Öwrülen wagtynda gara ýapynjasy dabara bilen ýokary galdy. Ýapynjanyň bir gyrasy ýatyp ýetişmänkä, emele gelen ýeňiljek şemal erkek adamynyň ýüzüni ýelpedi. Zenanyň durudan ullakan gözleri dünýädäki başga zatlary unutdyryp, iki sany çyra ýaly ýaldyraýardy. Onuň gözleri ýapynjasy deý garady, garaýşy aýgytlydy, hökmürowandy. Şo bir wagtda-da örän – örän ýatdy, nämälimdi. Zenanyň nazary hiç bir zatda uzak eglenmeýärdi. Bu pursatsalymlyk garaýyş ýa-ha seni jadylykdan açýardy, ýa-da isleýşine görä jadylaýardy. Şol nazar erkek adama kaklyşandan, eýýäm agaç gapysy açylgy duran eýwana tarap itekledi. “Eý-hooo” diýip, erkek adam endik boýunça çümre telpegine elini ýetirjek boldy, ýöne haýran galmak bilen başagaýdygy üçin çümre telpegine uzan elleri demir bilezikleri ýaldyradyp, howada doňup galdy. Şol aralykda gara çadraly, gara ýapynjaly zenanyň eli egnine degen ýaly bolup, sagyna baksa, zenan solunda, soluna baksa, zenan sagynda durdy. Onuň howa ýaly daşynda aýlanyp durandygy üçin erkek adamyň başy aýlanmaga başlady. “Durnaň üstüne urna” diýleni, entek görýänlerine öwrenşip ýetişmänkä, ol eýýäm eýwana giripdir. Başy aýlanyp duran erkek adam aýak üstünde dik durup entireklemezlik üçin gözüni açyp – ýumdy. Şol ikaralykda ýaňky zenan eýýäm nahara atylan duz ýaly eräpdir, goýberilen dem ýaly howa siňipdir. Erkek adam uzyn dälizdäki kölegelerden onuň gara ýapynjasynyň bir eýläk – bir beýläk galgaýşyny çalgyrt saýgaryp, gabat gelen gapysyny howlukmaçlyk bilen itdi. Gapy açylan dessine otagyň içi ýagtyldy-da, soluk sary reňke boýaldy. Haýýaty göçüberen aljyrap, aýagynyň aşagyna seretse, ýere ýazylan sary reňkli haly çalaja tolkunyp dur - Geliň, geliň, geçeweriň – diýip, otagyň içindäki inçe billi gyz tolkunyp ýatan halyň bir çetini ýazdy-da, uzyn örüm saçlaryny gysymlap, eda bilen ör turdy. Erkek adam sakawlap: - K...K..K – diýip, sözüni oňly düşündiribilmän, aýtjagyny jemläbilmän duruberdi. Gynyndaky egri gylyjynyň sapynam güýjünde baryny edip gysýar. Onuň gitdigiçe ulalýan gözlerine mährem sereden gyz mylaýym ýylgyrdy - Görogly aga – diýip näzlisiredi. – Gylyjyňyzy beýle gysybermäň, gynyndan çykyp kesäýmesin – diýende, birwagtky ýüzüni ýapyp, ýeňiniň aşagyndan gürleýän gyzlardan däldigi Göroglynyň kellesine geldi. - Özüň – ä bir ajap jenan, gunça zenan ekeniň welin, kimdigiňi tanabilmedim – diýip, biraz dymyşlykdan soň Görogly özüni ele alyp seslendi. - Enem – atamyň kimdigini özümem bilemok, men ýetimler öýünde ulaldym – diýip, inçe billi, uzyn örüm saçly gyz gynanjyny diňe sözleri bilen däl, goçak ala gözleri bilenem düşündirdi - Bolasy juwanam gördüm-le – diýensoň, Görogly näme etmelidigini bilmeýän ýaly böwrüne diň saldy. Deňinde leýlisaç deýin boýnuny burup duran gyzyň ak ýaňaklaryndan iki damja syrygýarka, ol kesgitli: “Seni durmuşa çykarmaly!” diýdi. - Durmuşa çykyp bilmerin, Görogly aga. Men entek kämillik ýaşyna ýetmedik – diýip, gyz ýene näzlisiräp aýtdy. Daşyndan göräýmäge heýkel ýaly haýbatly Göroglynyň çaga ýaly sada ýüregi bardy. Onuň bu bolşuny Içoguzda, Daşoguzda geň görmedik ýokdur. - Entek mekdebem gutaramok, on birinji synpda okaýaryn. Birden durmuşa çykaýsam, synp ýolbaşçym – diýende gyz, hamana, özüni synp ýolbaşçysy şu wagt diňläp duran ýaly kellesini çala egnine sokdy – işimi görer meniň. Ol örän zabun, örän...talabediji, hatda mekdep müdirimizem ondan çekinýär. Görogly “Pahaý” diýip, buduna kakyp goýberdi. Şo pursat onuň sada gözleri hyjuw bilen öwşün atdy - Synp ýolbaşçy – beýlekiň-ä bilmedim, ýöne şol eneden dogma Ärmämmet bolanda-da, akgaňlar bardyr. - O şeýledir-le – diýip, gyz takaty ýetmän dillendi – ýöne meniň synp ýolbaşçy diýýänim elli bäş ýaşlaryndaky zenan, özem dil – edebiýat mugallymy Görogly näme diýjegini bilmän, “Mundan çykd-ow”diýýän görnüşde saklandy. Şu gijäniň dowamynda onuň kellesini üýtgedäýjek geň – taňlyklar az bolmady. Bular ýaly täsinlik bilen günde – günaşa ýüzbe – ýüz bolup duraňok ahyryn. “Zenan boljak bolsa...” diýip, ugur – utgasyny ýitiren ýolagçy ýaly samyrdap duran Görogla uzyn örüm saçly gyzyň haýpy geldi-de: - Görogly aga – diýip, mylaýym seslendi. Okuwymy basym gutarýan-a. Ýigrimi bäşinji maýda. Siz şonda geläýiň. Gyz bu sözleri aýdan badyna Göroglynyň aýagynyň aşagyndaky ýer çaýkanyp başlady-da, otagyň soluk sary reňki has goýalyp, sap-sary dumana bürenmäge başlady. Görogly “Seni serkerdäme gelin etjek” diýmäge zordan ýetişdi. Demligi daralyp, jany kapasa düşen guş ýaly agzyndan çykjak bolup başlansoň, dag ýaly bir yrandy-da, iki – üç ädim yza tesdi. Bir seretse, ýene şol gapylary seteran uzyn däliziň ikinji gapysynyň öňünde dur. Kellesem edil hum çişen ýaly çişipdir. Gözlerem çygjaryp, zordan açylyp – ýumulýar. “Haý, şu Köse zaňňaryň soňky bulgury” diýip sarnaýar. Birdenem: “Görogly!” diýen tanyş zenan sesi eşidildi. Ýöne bu gezek ol öňküsi ýaly jadylaýjy täsir etmän, ukudan açýan sowuk suw ýaly täsir etdi - Walla, sen meni däliretjek. Ynsmyň, jynsmyň, kim sen, haw – diýip gygyrmagam netije bermedi. Diňe dälizi ýagtylandyrýan çyralar öňküsinden ýiti şöhle saçdylar, diwarlarda emele gelýän kölege has işjeňleşip, ikinji gapa tarap uruldy. Gapy açylan badyna ýene şol birinji otaga girdimikä öýtdi. Bu gezek öňünde “Geliň-de, geçeweriň” dýip, mürähet edýän gyza derek özündenem beter aňka – taňka bolýan gyz durdy. Görogly haýal – ýagallk bilen otaga ätlende, demir sowudyndaky kümüş teňňeleriň biri şakyrdap, ýere gaçdy. “Hih” diýip, içini çeken gyz tisginip gitdi. - Kim siz? Näme gerek size? Golaýlaşaýmaň! Duruň şo ýerde. Häzir janpenalarymy çagyraryn. Geläýmäň golaýyma. Ahmet! Ahmet! – diýip, gyz daş – töweregine ýaltaklap gygyrdy. – Içalymy sen? Kakam üçin geldiň gerek? – diýende, onuň şakäse ýaly goçak gözleri ýanyp gitdi. – bilýän, bilýän, kakam üçin gelensiň sen, içaly deýýus. Geläýme golaýyma. Ahmet! Görogly golaýlaşmakdan geçen beýgi pesi oňat saýgardyp duran bu daýawja gyzyň elewreýşine haýranlar galyp duruberdi (Dowamy bar) © Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |