23:56 Indi ol ýaz haçan geler | |
INDI OL ÝAZ HAÇAN GELER Adyň dilden gaçyranym, Ýüregime göçürenim “Durnam” diýip uçuranym Indi ol ýaz haçan geler? Şemal geçdi bulut bilen, Günüm geçdi “Unut” bilen Köýdürdiler öwüt bilen Indi ol ýaz haçan geler? Pyşyrdym galdy sährada, Sen bir peri, men bir adam Diňe söýgä ýokdy kada Indi ol ýaz haçan geler? Meniň söýgim gözüm deşdi Bagt ýokardan uçup geçdi, Ýalňyz güller ýürekdeşdi Indi ol ýaz haçan geler? Her baharda düşýäň ýada, Men-ä ýerde, sen asmanda Ýüz ýaz bolaýsyn ykbalda Ýöne şol ýaz haçan geler? Janym meniň Janym meniň, janym meniň Indi kimiň yşgynda sen? Bir ýalňyşy bagyşlaman, Söýgüňdenem geçdiň-le sen Häzir haýsy ykbal üçin Bagt gapysyn gözleýärsiň? Seniň sergezdan halyňa Men hiç kimi dözmeýärin. Janym meniň, janym meniň Ýakma özüň, ýakma artyk Ýok bolsa-da öňki söýgi Gussalarym gidýär artyp Meni menden tapyp bolar, Meni mensiz söýüp bolmaz, Özge biri tutmaz ornum Özge men bolup dolanmaz Seni sensiz söýmedim men, Kejirdigim bilýäň ahyr Özgä söýýän diýmedim men Söýgi hasrat berýär ahyr... Ýöne senem mendir öýdüp, Maňa meňzeş gyzy tapma Hiç bir söýgi gaýtalanmaz Şony berk ýadyňda sakla! Şonuň üçin özüň gynap, Hem menem goýup alada Ýiten söýgiň derdin çekip, Söz açma söýgi barada Goý, ýok zatlar şatlygymyz Buýsanjymyz bolup galsyn, Seni sensiz söýüp bolmaz, Meni mensiz söýýän dälsiň. Özüme gitdim Gussalar, hasratlar, ýene gözýaşlar, Gözümiň köküni gyran pikirler, Juda gymmat düşýän arzuwyn taşlap, Haçan meni öz-özüme geti:rler? Unut hemmesini, ikýan ýöräp, Ýazyjyň ykbalyn boýnuňa alman, Sen başgaça wagtyň maşgalaň örän Seniň başgadygyň söýýärler arman. Olara şahyram, goşgam gerek däl, Boýun egmeýän täze tipli adamam, Öz islegim bilen ýazylman ykbal, Isleg bilen ýazyşymdan ýadadym. Şonuň üçin hasrat çekýän keýp bilen Maňa berlen ömri gysgaldyp bilsem.... Şahyrlygym öz-özüme beklenen Özüme gidemsoň entekler gelmen. Seniň gülkiň Ah, meniň söýgim, Sen nähili şadyýandyň, Aladasyz şeýtan gülkiň Gürrüňsiz... Özüne ederdi maýyl. Ah, meniň söýgim, Sen nähili bagtyýardyň Duşmasyz wagt duşup saňa Gitdi ähli ygtyýarym. Ýöne erkli boljakdym men, Ýöne erkek boljakdym men... Şol gülkiňe maýyl bolup, Durmuş toýun gurjakdym men. Gulagymda ýaňlanardy, Gujagymda ýalmanardy, Seniň biwepa gülküňden Bir günde saçlam agardy Ir garran uzak gülmeýär, Hassa ýürek, ak saç-mülküm. Ýatlasam derdim ýeňleýär Gulagymda şeýtan gülkiň Dost bolsaň... Ýegre dostum, Egri otur, Sözleşeli! Senden gizlin syrym ýokdur, Çözlüşeli! Bak gözlerme, Bulanyk däl, Dury olar, Seni haýsy sözler bilen Doýurdylar? Dostum bolsaň, Rastyň bolsa, Gizlemegin. Ynha, indi ikiçäkkäk Wagty diýmegiň. Näme beýle sowuk – sowuk Seredýärsiň? Bogazyňda tegek bar deý, Gürrüňleri gap böwründe Bes edýärsiň? Ýegre dostum, dogry dostum, Näler bolýanyn aýtsana, Ýogsa menem aljyraýan Ýalan sözleýär öýtseler. Ine, şeýdip aýtman – diýmän, Lal-jim bolup hoşlaşaýsak, Bir ýalan artar dünýäde, Bir namart güler dünýäde, Ýanar gider guýmagursak. Dost bolanyň ajy dymmaz, Hökman aýdar. Hakykat aýdylyp ýaşaýar. Bukulyp ýaşaýar ýalan. Ýegre dostum, egri otur Dogry geple, Entek diller sözleşýärkä, Ýalan ýeli öwsüp bilmez! Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |