09:17 Goşgudan galan gyýkyndylar | |
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR * Oňat eseriň başyndan girip, aýagyndan çykaňsoňam, täsirinden çykyp bolanok. * Maňlaýyňa ýazylmadygy kagyza ýazmaly. * Çagalygyň göçülip gaýdylan ýerde galýar. * Yşka düşeniň gözem yşyga düşeniňki ýaly gapylýar. * Söýgem okaraly terezi ýalydyr. Iki okarasy deňleşmese, tereziniň çüňkleri gabatlaşýan däldir. * Oňat şahyryň ýyrtyp ýok eden zatlaram çap edilen zatlaryndan az bolmaly däl. * Kalbyňy ýagşylyk edip arassalamaly. * Hakyňa jür bolmasaň, jürlewük çalan köpeler. * Başga zat edip bilmeseň, şükür etmeli. * Ýeňil ýazylan zadyň agramy okaýana düşýär. * Ilkinji aldawaç – emzik. * Barmaly wagtyňy aýdýarlar, gaýtmaly wagtyňy özüň bilmeli. *Altyn gapylynyň işi düşende, agaç gapyly gapysyny täzeledýär. * Ýeke özüň bagtly bolup bolanok. * Diňe adam hünäri däl, hünärem adamy saýlaýar. * Baky däldigiňi bilýäniň üçin oňat işleri etmäge gyssanmaly. * Uly şahyrlary söýýänleriň hiç biri hem olaryň täleýini arzuw edýän däldir. * Başyňy belent tutsaňam, päliňi pes tutmaly. * Kemine ýaly şahyrlar: «Çöp basan, çör basan aýajyklaryňdan...» diýse-de gelşip dur. * Söýgi akylyň däl, duýgynyň önümi. * Hiňlenip oturan aýdymy özüne aýdyp berýär. * Alyň ala meýdanyna çykaňsoň, özleşdiribermeli. * Ir bilen gelen işiňden goýar. * Tanatmaýan talant hakyky däldir. * Diňe özüň üçin edilen işiň sogaby ýok. Atajan ANNABERDI. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |