Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:56
Goşgudan galan gyýkyndylar / 1

GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR


1

Adamkärçiligiň derejesi hem ylmy derejäňden pes bolmaly däl.

Ýürek hem sagadyň togtaýşy ýaly togtaýar.

Sözüň gutaran ýerinden saz başlanýar.

Duşmanyň öz ajalyna ölenine gynanmaly.

Talapyňy gowşatdygyň, tanapyny gowşatdygyňdyr.

Ýer togalagynyň çat atandygyny bilýärmiň?

Dostlugam edil agaç ýaly şahalanmaly.

"Çepiňe ýatyp turan ýaly..." diýibersinler, oňat dynç aljak bolsaň, sagyňa-çepiňe öwrülip ýatmaly.

Edilmeýän ynamy ödäp bolanok.

Jenaýatçyny yzarlamak ýolbarsy yzarlamakdan hem howply.

Sögüşmek – uruşmaga görülýän taýýarlykdyr.

Akyl satmak samsyklygyň alamaty.

Birçak gulluga alynjak oglanlaryň görüş derejesini olaryň ýyldyzlary saýgarşy bilen kesgitländiklerini bilýärmiň?

Aty nallaňda toýnagyny galdyrýan eşegiň toýnagyny almaly.

Iki ýüzli adamy ýüzleşdirmek üçin iki ýüz gram ýeterlik.

Adygaňsoň, a:t ýitiren diýdirmeli däl.

Hiç kimiň oda ilki urasy gelenok.

Talanyp alnan tanalyp alnanok.

Hudaý gerek zadyny berseňem alýar, bermeseňem.

Almany göge oklaňsoň, gapmaly.

Ömür bäbekhana bilen öwlüýäniň arasynda ýerleşýär.

Bendesinden haýyş etmeli, Haka ýalbarmaly.

Hudaýdan ilki dilemeli zat – zürýat.

Öleniň öňüne düşmeli däl.

Aslyna bakma, aklyna bak!

Derman ýetmeýän zadyň öwezini dolmak üçin içilýär.

Alty aý puryja aýalyň bilen aýrylyşmaga taýynlyk üçin berlenok.

"Bir aýaly bejerdeniňden, üç aýal alanyň amatly” diýýäniň degişmesiniň aňyrsynda hakykat ýatan bolaýmasyn?!

Tejribe hem edil baýlyk ýaly, ýuwaş-ýuwaşdan toplanýar.

Garawul saklamaga gurbuň çatmasa, it saklabermeli.

Aw eti gurbanlyga ýaranok.

Ýanýoldaşy ýogalan aýal dokuz aý on gün geçýänçä äre barmaly däl.

Öýleneňde ägä bol! Seniň bagtdyr öýdüp ýapyşanyň başga biriniň taşlap giden betbagtlygy bolaýmasyn.

Halypa dörediji bolmaly, şägirt halypasyndan ol ýogalansoň ozdurmaly.

Jan girensoň gyrksaň, üzümem aglaýar.

Burun kesmeseňem ganaýar.

Ekin ekseň, ilki bugdaý ekmeli.

2

Baýamak üçin akylly bolmaly, ýöne akylly bolmak üçin baýamak hökman däl.

Diňe iliň hakyny däl, öz hakyny hem az iýen arassa bolýar.

Semrejek mal gysyr galar.

Gijesini gündiz edip işleýän gündiz jaýyny garaňkyladyp ýatmaly.

Gelin agzyndan ýel berlen ýaly boluberse gowy.

Göz-gulak, el-aýak... ýaly agzalaram deňdeş agzalara degişli dälmi?

Ataňdan gorkmaýan bolsaň, ikisi hem çagyranda, ilki eneň ýanyna barmaly.

Bir ýakynyňy ynjatmak on ýady ynjadan ýalymyş.

Bakylygy bakyýetden gözlemeli.

Iki aşdan galany bir gazana salyp gyzdyraýmaly.

Gülkä gülmeseň, güldürjek bolýanyň göwni galýar.

“Iki göç – bir talaň” diýilýäni kireýine ýaşaýana degişli däl.

Halal aşyňa ýeter, haram başyňa.

Çykdaýjyň girdejiňden kän bolmaly däl.

Äriňe ýalynmagyň aýby ýok.

It ýylgyrşy ite ýagşy.

“Bagşy bolsun” diýme, “Bagtly bolsun!” diý.

Torgaý çöpe-de çykanok, köpe-de.

Merdiňem, derdiňem gaňryşyna gaýtmaly däl.

"Öňüm gelenden soňum gelsin!” diýleni goşga-da degişli.

Gedaýdan maslahat däl, ýol soramaly.

Ar almak hyjuwy hem, edil söýgi ýaly, gaýduwsyz edýär.

Edebiýat meýdany kärendesine berlenok.

Talantyňy mazamlap duşman gazanmaly däl, dost gazanmaly.

Toýa – jüp, ýasa – täk.

Tosty basyp almaly däl.

Dile çolanjak ýagşylyk edilmese gowy.

Il bähbitli işleriň hemmesi ömrüňi bagyşlanyňa degýär.

Ýaşkam “Ýaş şahyr” diýdirmejek bolup ýazdym, indi bolsa “Sen şahyr däl ekeniň!” diýdirmejek bolup ýazýaryn.

Baýlygyny ýitiren saglygynam ýitirýär.

Hezreti Dawudyň kyrk oglunam “Men-menlik” öldürýär.

Ýazykly öýüň gapysy gara.

Bäri bakana “Bärisinden aňyrsy ýakyn” diýlenok.

Oňat şahyr köplük edenok.

Şahyr obada halanmaly, şäherde dalanmaly.

Ekinçi eşek temegine kakdyrar.

Söwdaňam, gudaçylygyňam arasyna düşmeli däl.

Alňasan siňek aşa gaçar.

"Düwdüm!” diýme, “Bişdim!” diý!

Erk erkegiň elinde bolmaly.

Towşanyň dogduk depesini tekizlemeli däl.

"Dynç başyňy depirjik äre berensoňlar”,

“Depegenden daşyrak” bolup bolanok.

Şahyr bolmak üçin adyň aşagyndan “Şahyr” diýip ýazmak ýeterlik däl.

Döwür öz ýalňyşyny öleňsoň düzedýär.

Nebsiň öňüňe düşensoň, yzyňa gaýtmaly.

Transformatordaky “Öldürer!” diýen ýazgy hiç hili düşündirişe mätäç däl.

Özüňi gurban etmek üçin söýlenok.

Söýgi hakdaky goşgulary aýalyňa okap bermeli.

Özleri azaşmadyklaryňam sözleri azaşýar.

Alkyşam arassa adamlardan almaly.

Gonjuňa gor guýup, ädiňem ýakýarlar, ädigiňem.

Gyz durmuşa çykanda patany enesinden almaly.

Edepsiz myhmandan gaçmaly.

Eliň aýasy işleseň gijeýär.

"Gözüňe görkezerin!” diýýän: “Gözüňi görkezerin!” diýenok.

Çaganyň gaçybatalgasy – ejesiniň gujagy.

Kakaň ýalňyşyny gaýtalamaly däl, düzetmeli.

Şahyryň boş wagty ýok.

Dynç almak hem edil işlemek ýaly möhüm.

34

Aýy-Güni, ýüzüňe dogan wagty sylmaly.

Jeňňeliň jany – jandarlary.

Oňat eseriň başyndan girip, aýagyndan çykaňsoňam, täsirinden çykyp bolanok.

Gojalygam bagty çüwene miýesser edýär.

Azyndan ýüz ýaşap bilmeseň, günäni özünden gözlemeli.

“Hudaýa-da gowusy gerek “ diýen bolup, ölümem ýumarlaýarlar.

Maňlaýyňa ýazylmadygy kagyza ýazmaly.

Çagalygyň, göçülip gaýdylan ýerde galýar.

Çemen goşgulardanam bogulýar.

Çygly ýurduň güli kän, gurak ýurduň – ýyldyzy.

Azyksyz bol – ýazyksyz bol!

Öýünden çykmaýan – öli.

Aždarhany göreňde, ýolbarsy dagam gujaklaberesiň gelýär.

Ýoluňa görä ýöreýşim bar.

Oňlanmaýan dostluk derrew soňlanýar.

Ogully, gudasyna bir gün ýalbarar, gyzly – ölýänçä.

Gyzly – ýitirer, ogully – getirer.

Diňe kelläň däl, ýüregiňem gulaklary bar.

Hoş habaram, edil gymmatbaha sowgat ýaly, begendirýär.

Şert edeňsoň, şertnama baglaşmak hökman däl.

Sagadyň sekundomerini iňlis lukmany Jon Floueriň, adamyň ýüreginiň urşuny barlamak üçin döredendigini bilýärmiň?

3

“Biziň dagy bilýän zadymyz ýok eken-ow” diýýänçäň öwrenibermeli.

Oňat eseri okap bolaňsoň, tukatlanýarmyň?

Alkyş alanyň üçin basanoklar.

Geniýleriň beýnisiniň iki sany çykyntgyjygy artykmaç.

Sözüň bölünmegi, äsgerilmezligiň alamatydyr.

Şahsyýet derejesine ýeteňsoň, has oňat ýazmaly.

Görmezlige salynmak, “Baryň-ýoguň des-deň” diýildigidir.

“Aýagyň aşagynda agsaýan aty” çalyşmaly.

Ýedi arkaňy bilýän bolsaň, ýedi ataňam bilip goý: Adam ataň, Nuh ataň, sünnet ataň, azan ataň, öz ataň, gaýnataň, ylym ataň.

Alyp utananyňdan berip utananyň ýagşy.

Hakyda, sesem, ysam, reňkem, tagamam... ýazylýar.

Düýşüňe giren merhumy, düýşüňden, aýat okadyp çykarmaly.

Yşka düşeniň gözem yşyga düşeniňki ýaly gapylýar.

Bäbejigiň gulagyny azan aýtdyryp deşýärler /açýarlar/.

Giç açylan bagt hem, edil güýz güli ýaly, gamgyndyr.

Küşt – paýhaslaryň söweşidir.

Mertebe – adamkärçiligiň merdiwanydyr.

“Şuň-a hiç zat bolanok” diýilýäniň täleýini arzuw etmeli däl.

Agram düşende, beýniň yzky bölegi agyrýar.

Sadaka bermek üçin sähet soralanok.

Kelläňi etegiňe salaňda, telpegiňi çykaryp salmaly.

Özüňi artyk saýmaly däl, artyk saýdyrmaly.

4

“Öwrenilen gylyk örkleseňem durmaýan” bolsa, onuň örküni täzeläp görmeli.

Gyz edebi – gyzyl, aýal edebi – altyn, zenan edebi – zer.

“Keýpiňe sogan dogranlarynda” işdäňi açmak üçin dogranoklar.

Duldegşir goňşyň duluna geçme!

Diliň duzly bolsa-da, duzuny iýeniňe şerebäňi pürkübermeli däl.

Çemçeläp ýygnanyňy çanagyňa dökübermeli.

Tüýüni täzelän – küýünem täzeleýär.

Bagşyny öýünde diňlemeli däl.

Haýwanda-da ynsana mahsus häsiýetleriň hemmesi bar.

Bazara salanyňy geçen ýerine satmaly.

Syryň ömri – açylýança.

Durmuşyň çuňlugyny aklyň ýeten ýerine çenli boýlap bolýar.

Ozal goşgyny uzyn ýazýardym-da, gysgaldyp bilemokdym. Indi bolsa gysga ýazýan-da, uzaldyp bilemok.

Goşgynyň ömri ýazylan wagtynyň uzaklygy-gysgalygy bilen ölçelenok.

Hemme kişiň diňe öwretjek bolýanlygy üçin, durmuş öwrenilmän galýar.

Diňe baky zatlar barada ýazylan oňat goşgular uzak ýaşaýar.

Oturşykda öz ornuňy tapmaýan bolsaň, öý eýesiniň görkezen ýerinde oturybermeli.

Şatlygyňy öýüňe çagyryp paýlaşmaly.

33

Keýpiň soňy – ezýet.

Içi ýanany gepletseň, agzyndan o:t çykýar.

Poslan gulpy ogry açmaz.

Nädogry çaklama-da nyşana degmedik gülle ýalydyr.

Kyýamaty gopdurýan – ýaramaz goňşy.

Gülüp dälirän aglap açylar.

Wepaly dost dogan küýsetmez.

“Gulagy göründen ýaňa” diyip, öleniň gybatyny edibermelimi?

Uçup bilmejek bolsaň, ”Berim bilen gökden ýol ýasanyň” peýdasy ýok.

Gaty görüljek zady ýumşadyp aýtmaly.

Dostlugyň derejesi ondan ýaşyrýan zadyň kändigi-azdygy bilen ölçelýär.

Ýowuz günlerde dostlaşanlary hem “Ondan hantama zadym ýok” diýdirýän günler daşlaşdyrýar.

Beýniň öýjükleri hem edil balaryň öýjükleri ýalydyr. Olary baldan doldurmasaň, zäherden dolar.

Hatarly işe baş goşsaň hatardan çykararlar.

Ömrüň bilen hasaplaşmaly töwekgellige baş goşmasaň gowy.

“Işime seretme, iýişime seret!” diýýänden gaçmaly.

Hasrat hem, edil agyr ýük ýaly, maýyrýar.

Perzä çykmagy arzuw etmeýän “pyýada” ýok.

Alnar öýdülen ýeriňe kelläňi etegiňe salyp barmaly.

Durmuşyň sahnasynda oýnamasaň, oýnaýarlar.

Lakgyň agzy hem lakgaň agzy ýaly jäheksiz.

32

Nalyşyňy Hudaýa ýetirmek üçin ses güýçlendirijiniň derkary ýok.

Janam ýakyberseň gutarýar.

Ýüzüň perdesi – utanç-haýa.

Nahardan, “Doýdum” diýmeli däl, “Boldum” diýmeli.

Dilegçä, “Geliň-geçiň!” diýmek hökman däl.

Garşylaňda, öýe, myhmandan öň girmeli, çykaňda, soň çykmaly.

Ýasy sowulýança, “Ýogaldy” diýmeli, ýasy sowlansoň, “Aradan çykdy” diýmeli.

Diňe äri däl, aýalam äriniň nirededigini bilmeli.

Urup, göwnüne degeňsoň, düýäňi çalyşmaly.

“Iň gowy goşgularymy indi ýazmaly” diýýäne: “Şu çaka çenli nirede bolduň?” diýmeli.

Suraty henizem şo-ol gadymy çotgalar bilen çekýärler.

Ömrüňem “Saýlanan günleri” bolmaly.

Aýal maşgala bilen baglanyşykly zatlar gizlin saklanmaly.

Aýal ýogalansoňam, ony bir depik aşakda gizleýärler.

Uly şahyrlar tapgyr-tapgyr bolup döreýär.

Başyňdan geçenleri hem çeper eser ýaly timarlap gürrüň bermeli.

Şahyr halkyny öz derejesine götermäge çalyşmaly.

Gün – biziň älemimiziň merkezidir.

Içki dünýäň daşky dünýäň bilen sazlaşykly bolmaly.

“Armany ýok” diýilýänem: “Armanym ýok” diýenok.

5

Kine – kitüwiň şinejigidir.

Adam beýnisinden garraýar.

Ylham uçgunlary zähmeti tutaşdyrmak üçin gerek.

“Egri oturyp, dogry sözleşeňde”, hakykaty aýtmaly.

Owlakly geçi ýöremän, aýagyny diräp duran bolsa, owlajygyny alyp gaýdybermeli.

Nyşanaň onlugy – ýürek.

Söýgem okaraly tereze ýalydyr. Iki okarasy deňleşmese, tereziniň çüňkleri gabatlaşýan däldir.

Söýgüliňden aýra düşmek, söýgüňden aýra düşmek däldir.

Oňat şahyryň ýyrtyp ýok eden zatlaram çap edilen zatlaryndan az bolmaly däl.

Çagalygyňy hakydaňdan gözlemeli.

Adamyň kökleri – beýnisinde.

Beýnä öz adyňdan güýçli täsir edýän zat ýok. Beýhuşy adyny gaýtalap, huşuna getirýärler.

El ujundan ýazylany dil ujundan okamaly.

Zerura düşeňde kömek etmedige bil baglasaň ýalňyşarsyň.

Okan eserleriň gahrymanlaram tanaýan adamlaryňdan az bolmaly däl.

Bagt ýedi sapar gelmeli. Ilkinji sapar ol doglaňda gelýär.

Toýnagynyň aşagyndaky haty “Depegenden daşrak” durup okamaly.

“Soňky tüýkülik sakgal ezmese-de”, tüýkürilen tüýkülik yzyna alnanok.

6

Iki esse köp okan bolsam, iki esse az ýazardym.

Göwün söýen aýalyň bilen sürlen döwran Jennet küýsetmez.

Çagalygyňa syýahat etmek üçin ýolharjy gerek däl.

Ýüz bermejek adamyň ikiýüzli bolanynyň peýdasy ýok.

Bihasap zat ýokdur. Alan zadyň hasabyny sen okamasaň, başga birine okadarlar.

Iýdirmek üç hili bolýar: özüňkini iýdirmek, özüniňkini iýdirmek hem öz etini özüne iýdirmek.

Betbagtlygyň höwrüni gözlemeli däl.

Taýagy tigirlenip barýan tekere sokýarlar.

Tutmasyz adamlara ýüz tutuberseň, ýuka ýüz hem galňamak bilen bolýar.

Döwran sürmegi başarmasaň, galtagyňy sürübermeli.

Duşuşyklar dürli-dürli bolýar. Aýralyklaryň welin, bary birmeňzeşdir.

Ýuwulmasyz ýüzi ýuwsaň, “Süpürip ber” hem diýerler.

Çeňňege balygyň haçan düşjegi belli däl. Goşgy hem edil şolar ýaly.

Äri bizardan – älem bizar.

Ähli zadyň uşajyk bölejiklerden düzlüşi ýaly, uly nägilelikler hem owunjak kinejiklerden döreýär.

Ýitende gynandyrmaýan zat barka-da begendirýän däldir.

Iteklenip eltilen bolsaň, dartyp aýrarlar.

Myhman yrsgy bilen gelse ýagşy.

Gözde ýakylan ody gözýaş öçürmez.

31

Ýüzüňe aýdylýan zat bilen ýeňsäňden aýdylýan zadyň tapawudy hem edil ýüzüň bilen ýeňsäň tapawudy ýalydyr.

Namys satylýan bolsa-da, satyn alyp namysly bolýan ýok.

Puldarlaryň hyzmatyny puluň ýesirleri edýärler.

Serhoş ýatyp açylýar.

Okan – içki dünýäsini bezeýär, dokan – daşky dünýäsini.

“Göwnüňi bire baglamak” üçin öýlenäýmeli.

Ol gulagyndan girip, bu gulagyndan çykýanyň gulagyna guýanyň peýdasy ýok.

Gyz baran ýeri bilen bolmaly, gelin – gelen ýeri bilen.

“At göçümi” küştde-de edilýär, durmuşda-da.

Ýamanlyk edene-de ýagşylyk et, ýöne ýamanlyk edip, ýagşylyga garaşma!

Kemally çaga keman oýnamaz.

Gyssap bolmaýana: “Gyssagyň özüň bilen” diýen bolýarlar.

Mähir hem, edil guýyň suwy ýaly, alnyp durulmasa ajaýar.

Akyl hem durmuş gazanynda gaýnamasaň, goýalanok.

Aýdyň maksady bolmadygyň durmuşy aýsyz gije ýalydyr.

Saraldylyp gelnen ýüzi gyzardyp göýbermeli däl.

Diňe ýeňil gopýana “Ýeňles”, agyr gopýana bolsa “Agras” diýlenok.

Beýik işler el bilen däl, beýni bilen edilýär.

“Sud etdim” diýme, ”Subut etdim” diý!

Ulusy bolmadygyň, kiçisi – uly.

Wagty tygşytlamak puly tygşytlamakdan hem has möhüm.

30

Periler, hüýrgyzlar baradaky gürrüňleri diňle-de, öz aýalyň daşyndan aýlanyber.

Taganyň aýagy üç bolsa-da, halkasy bir.

Ýüzleşmäge ýüzüň bolmasa, ikiýüzli bolanyň peýdasy ýok.

Tananyň peýdasy ýok, özüň tanalmaly.

Üwrelmek üçin deňagramlylyk ýagdaýyndan çykmaly.

Kalbyňy ýagşylyk edip arassalamaly.

Iýmek üçin ýazmaly däl, ýazmak üçin iýmeli.

Ömürde gaýtalanýan pursat ýok.

Agaçlaryňam, ekinleriňem Watany bar.

Daga uzakdan seretmeli.

Ýagşylygy bir gün däl, her gün etmeli.

“Basman” diýen ýerine müň basýan atyň örüsini giňeldip görmeli.

Suwuň güýji iýnýän beýiklige bagly.

Diňlemeýän bolsalar akylly dälsiň.

Hakyňa jür bolmasaň, jürlewük çalan köpeler.

Tüýdük edinjege bir bogun gamyş ýeterlik.

“It ite buýransoň”, buýrulan itiň guýrugyny kesmeli.

Gawunçyň garantgasy özüne meňzeş.

Ýasa öz kalbyňy arassalamak üçin barylýar.

Ýagşylygy hem ýamanlygy ”Günä hem sogap” diýip düşündirýärler.

Pikiriňi kagyza geçirmek hem edil durmuşa geçirmek ýaly möhüm.

7

Ýanyňda saklap bolmaýany ýadyňda saklamaly.

Çöl deňze meňzeş bolmadyk bolsa, düýä ”Çöl gämisi” diýmezdiler.

Gülmek – bagtyýarlygyň alamatydyr.

Umytdan düşülensoň, hyýala münülenok.

Başga zat edip bilmeseň, şükür etmeli.

Diňe özüňi däl, özgeleri begendirip bilmeýäniňe-de gynanmaly.

Tebigaty gazabyna tutmadyk wagty boýun egdirýärler.

Hudaý her kimiň öz kalbynda.

Iki dili bolsa-da, sagada: “Sen iki dilli” diýip bolanok.

Gül – ysy, ynsan häsiýeti bilen owadan.

Gürrüňdeşiň “Häsini” bermegem, odun aýyrýanyň “Hähini” beren ýalydyr.

Sungaty serhet saklanok.

Diňleýji dana bolsa, nadany diňläp oturmaz.

Goşgynyň täsir edişem, magnitiň demre täsir edişi ýaly bolmaly.

Surat – ömrüň kagyza geçirilen pursatjygydyr.

Ýoly ýatyrmaýanam, ýitirmeýänem gatnawy.

“Geçen gowy bolup barýar” diýýän bolsaň, garraýansyň.

Aý – Ýeriň ýeke-täk hemrasydyr. Aýalam şeýle bolmaly.

Sözüňi bölmek – pikiriňi bölmekdir.

Ýeňil ýazylan zadyň agramy okaýana düşýär.

Bagşyň keýpi sungatyndan öňe geçmeli däl.

Ilkinji aldawaç – emzik.

© Atajan ANNABERDIÝEW
Bölümler: Kesgir sözler | Görülen: 144 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Atajan Annaberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 sussupessimist • 09:01, 19.01.2024
Haýsy prinsip boýunça 1, 2... bolup gidip barýarka birden 34, 33 gelýänini bilemok, ýöne üýtgetmäge bognum ysmady. Mendäki faýlda şeýle. Belki, bu ýerde matematikanyň ýa ýazgynyň bolmasa, ýazgydyň öz mantygy bardyr?! Aslynda nähili yzygiderlikde okanyňda-da tapawudy ýok. Kitabyň birde başyndan, bir-de ahyryndan açyp okaýan ýaly okaberersiňiz-dä...
Ýöne şahyryň bu hazynasy ile ýetmelimikä diýýän.
Dowamynam goýmakçy
avatar
0
2 Lacrymosa • 09:31, 19.01.2024
Goýuwer, Magsat jan, goýuwer. Gelip gulak düýbümize goýup dursaňam, sesimiz çykjak adamlar däl biz. Mäjäň etini iýip ulalan çagajyklardyrys-la, ýumşajyk, ýuwaşja. Şoň üçribem garaw görmersiň, goýuwer sen arkaýyn! Jyňkymyzy çykarmanjyk okap ýatarys näme goýsaň. Ýeterki sen goýup dur, ablasynyň bi tänesi!
avatar
0
3 Mekan2 • 10:18, 19.01.2024
Laçyn abla, aramyzda türkçe bilýänlerem bardyr :-)
avatar
0
4 Lacrymosa • 10:24, 19.01.2024
gowy-da bar bolsa, aýdyňsana ,,Ýeterki sen goýup dur" diýseň bolýamy. Gowy bolaýdy kimden sorajagymy bilmän durdum. ,,Esasy zat sen goýup dur" diýmekmikä diýýän-dä. diýmedimmi şumat şony.
çak bilen biliberýän men türkçäni
avatar
0
5 Lacrymosa • 10:25, 19.01.2024
,,Bize goýup duranyň ýeter" diýjek boldummykam ýa
düşündiriň ahy:n diýen zadymy
avatar
0
6 janjennet • 15:23, 19.01.2024
"Düýşüňe giren merhumy, düýşüňden, aýat okadyp çykarmaly."
ýa-da tersine: "Düýşiňe girmeýän merhumy aýat okap düýşiňe getirmeli"
avatar
0
7 Rowaç • 15:40, 19.01.2024
Goýup dursaň bolany - diýseň bolup durar-da @Lacrymosa
avatar
0
8 Lacrymosa • 17:11, 21.01.2024
Päheý-de weli, diýmäýin diýsemiň myhmany, ,,Kukaraça ýüzüp bilenok ekeni” diýip, hiç kime aýdaýmagyn!” diýsem, Rowaç efendä aýdan ekeniň-ow!

P.S. Atajan aga pahyryň surata düşen boluşjygyny!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202