11:06 Ýürekden söý sen | |
Ýürekden söý sen Tylla saçlaryny ýaýdy ikindi, Seň ýoluňa şo-ol garadym oturdym. Bu durmuş düýş bolup duýulmaz indi, Sen ýene kalbyma şowhun getirdiň. Häzir başga birin salsa-da ýada Şapaga boýalan galňas köýnegiň, Gowsy sen barlygyn aňma dünýäde Öň bir köýüp, soň ýene-de söýmegiň. Saçlarmy ýat elleň sypanyn duýup, Diýäýme: “Baryny gürrüň bersene, Menden öňem birin söýdüňmi?” diýip, Soraýma, soraýma, ýalbarýan saňa. Duýulmasyz zatlar duýulman galsyn, Soralmasyz zatlar galsyn soralman. Nämä geregi bar bir şowsuzlygy Ýene-de bir gaýtaladyp ar almaň. Arzuwly günlerden gürrüň açaly, Ynan bagtlydygňa, ýürekden söý sen. Aýdylmasyz zatlaň ýitsin açary, Bilinmän galýan zat azmy nä eýsem?! © Atajan Annaberdiýew | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |