11:07 Päkizelik | |
Bolar keşbiň şolar ýaly Taňry nähili ýaratsa. Adam päkize bolmaly, bolmaly Adam arassa. Tämiz adamyň bar zady arzuw edilşi ýalydyr. Päkizelik – medeniýetiň, syratyň gylla ýarydyr. Onuň galan ýary – seniň gursagyňda, kalbyňdadyr. Garyp saýmagyn özüňi bolsa tämiz kalbyňda – dür. Sen özüňe ber serenjam, gitmezden öň toýdur-ýasa. Şonuň üçin çykalgada aýna-darak goýdurýas-a. Päkize bolmaly adam gidende, gelen mahalam. Ol, perişde ýaly, tämiz bolmaly, ölen mahalam. © Atajan ANNABERDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |