10:02 Goşgudan galan gyýkyndylar / 3 | |
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR / 3 16 Armyt oturdyp, alma iýjek bolsaň, sapmaly. Alyň ala meýdanyna çykaňsoň, özleşdiribermeli. Ýagşy päl – guşak, ýaman päl – duşak. Agyrmaýan synaň niräňdedigi bilinmeli däl. “Men-menligi” öldürmeseň, öldürýär. Ödi ýoklugy üçin gulan daljyganok. Guş etenesini çüňki bilen emdirýär. Et iýýän guşuň eti iýlenok. Balyk ýaradylanda halallanan. Nanam süýji, janam. Janyndan geçene janpena gerek däl. Dirikäň – dost-ýar gerek, öleňsoň – hossar. Işli geleni işige çenli ugratmak ýeterlik. Asylly aýal çydamly hem geçirimli bolmaly. Agajyň agzy kökünde. Eli ýukalyk ýüregem ýukaldýar. Erkiňi berseň, merkiňi bererler. Başyň sadakasyny başyňa iş düşmänkä bermeli. Çagalaryň bilesigelijiligi täsin oýnawaçlary hem döwdürýär. Hakydam – hazynam. Gudraty güýçliň özüni däl, diňe gudratyny görüp bolýar. Dostuň agysy ýaman, duşmanyň – gülküsi. Ir bilen gelen işiňden goýar. Adyňa aşyk bolany özüňe-de aşyk bolar ýaly etmeli. Ylym kitabyň däl, kitap ylmyň netijesi bolmaly. 21 Mollaň aýalyna – elti, işanyň aýalyna – bibi, müjewüriň aýalyna – totam diýmeli. Kemine ýaly şahyrlar: “Çöp basan, çör basan aýajyklaryňdan...” diýse-de gelşip dur. Aradan çykan bilen hem hoşlaşylýar. “Pulum bolsa etjegimi bilýän” diýýäne ynanma, “Pulum bolmasa etjegimi bilýän” diýýäne ynan! Söýgi akylyň däl, duýgyň önümi. Amanat zady hem edil ulugyzy saklaýşyň ýaly saklamaly. “Namartja olam, sagja olam” diýýäniň saglygyny barlatmaly. Eldekimi, eldäki?! Dagdan gapy daglanar. Akyllyň gündeligem körzehiniň çeper eserinden gyzykly. Mellek – Ýer togalagynyň özüňe ýeten ülüşjigidir. Gurt alan köpege guýruk gapdyrýarlar. Gün şöhlesiniň dessejiklerinde gaýmalaşyp ýören bölejiklere “zerre” diýilýändigini bilýärmiň? Ýagyş ýuwar, el – ýalar. “Däli dälini söýensoň”, toý şaýyňy tutubermeli. Puly elläňsoň hem eliňi ýuwmaly. Janyna oýun düşeniň ýadyna oýun düşenok. Dostuňa nesihat däl, maslahat bermeli. Bir pilde gezekleşip işlemek üçin gulakdaş bolmaly. Hiňlenip oturan, aýdymy özüne aýdyp berýär. Bir el bilen çapak däl, şarpyk çalynýar. 20 Lew Tolstoý ýaly läheňler hem çagalar üçin kiçijik hekaýajyklar ýazypdyr. Her setiri ýazaňda ony müňlerçe okyjynyň okamalydygyny ýadyňdan çykarmaly däl. Şeýtan hem adam keşbine girip azdyrýar. Azal garasyny görmedik ýer ýabanlaşýar. Az bilip kän gürleýäni däl, kän bilip az gürleýäni diňlemeli. Gözýaş – ýuwlan kalbyň kir suwudyr. Goşgyny ýasamaly däl, döretmeli. Iň oňat rahatlandyrýan zat – maksadyňa ýetmekdir. Ömür dünýä inen pursatyňdan gädilip başlanýar. Mähre ajygylanok, suwsalýar. Bihaýalygy kinoda görseňem, ýüzüň gyzarýar. Oýun diňe sahnada görkezilenok. Toý bilen ýas bile gelse, ilki ýasa görünmeli. Ýüzüňe seredip hakykaty aýdýandan däl, ýalan sözleýänden gorkmaly. Söz ýarasyny söz bitirer. Kiçi uly görünjek, uly bolsa kiçi görünjek bolýar. Diňe halkyny beýgelden beýgelýär. Rahatlyly öz tüýnügiň astyndan gözlemeli. Ýaranjak bolmaly däl, il-günüň derdine ýarajak bolmaly. Öýüňde garşylan myhmanyňy iliň öýünden ugratmaly däl. Ertekini hem çyna berimsiz edip aýtmaly. Köp bilip däl, köpbilmişsiräp azdan galynýar. 17 Idelmeýän bolsaň, gerek dälsiň. Ýüki hem, edil terezini deňleýşiň ýaly, deňläp urmaly. Mylly aga bolmak üçin, diňe sazyň arassa bolmagy ýeterlik däl, eliňem, diliňem, agzyňam arassa bolmaly. Miwelikä agajy pürdemeli däl. Daş opurlar, gaýa galar. Bakylygy pany dünýädekäň döretmeli. Aýagy ýörän pikirem ýöredýär. Döwrany aýalsyz sürüp bolanok. Gözelligi özüň döretmeli. Aşgazanyň aýnasy – dil. Suwy dörseň, bulanýar, paýhasy dörseň, durlanýar. Gudraty eneňden, keramaty ataňdan gözlemeli. Ýeke bolsan, ile sygyn! Ýa sakada bol, ýa-da ýakada. Üç ýoluň maksadyňa ýetirjeginden gitmeli. Jan – agyrýan ýeriňde. Söýgä düşünýänem ýok, düşünmeýänem. Kesellä teselli bermeli. Sungat hem belli bir derejä ýetensoň, durgunlaşýar. Gatnaşyk kesilse, dostlugyň ýodasyna-da ot bitýär. “Ýalkymly salam” däl, “Ýakymly salam” bolmaly. “Öleniň yzynda ölüp bolmaýanlygy” üçin ýaşalýar. Ýedi arkadan soň her kim öz ganyna çekýär. “Uly söze toba” diýen bolup, uly pälläbermeli däl. 18 “Ykbal, täleý, takdyr, kysmat...” ýaly manydaş sözleriň hem her birini öz gerek ýerinde ulanmaly. “Dökülen çanak dolmaz” diýleni abraýa-da degişli. Halk – Watanyň janydyr. Diňe ulaga däl, gulaga-da münýärler. Pulhatyn puly däl, köprüsi bilen tanalýar. Suwuň hem sagat bilen ölçelendigini bilýärmiň? “Haýyrly mal eýesini tapýar”, haýyrsyz mal eýesini – gapýar. Geljegi göz bilen däl, akyl bilen görmeli. Çarwadan çör ysy geler. Ýola belediň yzyna düşmeli. Dileg eklemez, direg saklamaz. Suwsuz gowaça gülün döker. Pyrlanan zynjyr öz boýnuňa oraşar. Mert döşünden ýaralanýar, namart kebzesinden. Aýagy ýer tutmaýanyň aýagynyň astyny köwenoklar. Bendesine berdim – Hudaýa berdim. Minnetli aş iniňe siňmez. Gülmegem peýdaly, aglamagam. Ara açylýança söwda goşulmaly däl. Buşlukçyny boş göýbermeli däl. Hyrçyňy dişlemejek bolsaň, diliňi dişlemeli. “Temeni haltada gizläňsoň”, üstünde oturmaly däl. Berre guzyň eti – derman. Ygally ýyl – yrsgally ýyl. 19 Azaşany her kim öz ýoluna saljak bolýar. Gargyşyň güýji gargaýanyň arassalygyna bagly. Aglatmana oglan ýagşy. Yrsarasaň, yrsgyňy aýyrarlar. Mertebäňi diňe garşylanyşyň bilen däl, ugradylyşyň bilen hem ölçäbermeli. Baýamagyň aňsat täri ýok. Mugt berýäne-de “Akyl satýar” diýýärler. Deň edilmän, duş edilýäni üçin aýrylyşýarlar. Iki dutary bir gulakdan düzzüp çalýarlar. “Elin gowşur!” diýleni eline gowşurmaly. Göz deger öýdülýäniň hem ýüzüne tüykürýärler. Bagt ýok, diňe bagtly pursatlar bar. Halanman başlasaň, harlanybam başlarsyň. Gözüň öwrenişmegi ýeterlik däl, göwnüň öwrenişmegi gerek. Aýak astyna düşüberseňem, başa çykyberseňem halanoklar. Haramzada gargyşam ýokanok. Akly gysganyň – dili uzyn. Hassylly agaç maýrylar, hasylsyz agaç – aýrylar. Aşygyň aňy bolmaz. Ýüz görmeseň, gapyrga syrdyranoklar. Öýünde del töwür galdyrylmaýana-da: “Ol ili doýurdy” diýýärler. Elli ýylda ýazan zatlaryňy ýekeje gijede okapçykar ýaly bolýança sünnälemeli. Agzyň ölçegini aldyrsaň, agyzdyranoklar. 39 Barly öýe baraňda köwşüňi daşarda çykarmaly. Özüňe öwrenişdirenleriň hemmesini öýüňe-de öwrenişdiribermeli däl. Belany satanam gursun, satyn alanam. Ýigrenç hem edil söýgiň döreýşi ýaly döreýär. “Halypam” diýmedige, “Şägirdim” diýme! Diňe gara garnyny doýurmak üçin hem ýamanlyk edýän bar. Iki tarapyny deňlän adam hem tarapgöýlük edýär. Baýýň hasratyny baýlygy, garybyňkyny bolsa, gerdenini göterýär. Gyş ýuwaş-ýuwaşdan düşýär, ýaza ýuwaş-ýuwaşdan çykylýar, garrylyk ýuwaş-ýuwaşdan basmarlaýar. Toýa baraňda şol toýuň, ýasa baraňda-da şol ýasyň sebäpkäri ýaly bolup barmaly. Ähli zat deňagramlylyga ymtylýar. Müň bolsady ekeniňden ýekeje däne ekeniň gowy. Kakaň kimdigini kakaňdan soramaly. Jan hem edil odun ýaly ýanyp gutarýar. Ýuwdulan ynsap – awydyr. Ýüzi göterýäniňi bilseler, ýüz elleni hem içirerler. Göz çöp gaçyrmak üçin goralanok. Ýanjalan söz – ýenjilen ýumurtga ýalydyr. “Şägirdim” diýme, “şägirdi” diýsin! Göwün hoş söz bilen awlanýar. “Baýlyk – eliň kiri” bolsa-da, eli ondan jyda düşmek üçin ýuwanoklar. 38 Akylly – Alla golaý. Iň soňky ýeňliş – ölüm. Soňky demde aýdylmaly sözler hem bar. Sürüni agsagy goraýar. Görmezlige salynmaýan ýeriňde görünmeseň gowy. Şerabam, göwnüňi, göterseň göterýär. “Şertim şahyma” etseň, şahyňy döwerler. Könesi bolmadyk, täzesini edinmeli. Buz üstünde tozan däl, bähbit aramaly. Artist talapkär tomaşyçylardan hiç zat talap edip bilenok. Hudaýdan dileýäne “dilegçi” diýlenok. Sen Hudaýa tarap bir ädim etseň, Hudaý saňa tarap iki ädim edermiş. Bagt – adamlaryň söýmegidir. Tälim berenleriň hem tälim alanlaryň ýaly bolmaly. Gyşyk aýak köwşünden belli. Ar göwne degilýäni üçin alynýar. Erk – ekleýäniň elinde. Aýakgaba “Aýakda bolandan, başda bol!” diýip bolanok. Çybyk atyň aýagy – iki. Içmedik bolsam, häzirkemden has kän hem gowy ýazarmydym? Tebigatyň eçilip bilýän iň gymmatly zady – talany. Azaryň soňy – mazar. Ýamana ýagşylyk etseň, ýagşa ýamanlyk eden ýalydyr. 3 (II) Kakaň abraýyny ulanmagam, eşigini geýen ýalydyr. “Bilim” diýmek “Biliň!” diýmek bolaýmasyn?! Ölensoň ýüreklerde ýaşalýar. Talap edip bilmeýäniňden haýyş edilýär. Jedel – soňy jeňjel. Haşal ota: “Tohumyň ýitsin!” diýip garganyň peýdasy ýok. Maljanly adama-da: “Mal janyňy alsyn!” diýip gargaýarlar. Görkezeniňi görýän diňe kinoçy däl. Pulsuz bazara barandan bazara näme getirenini soramaly. Mes eşek meslekdeş gözlär. Eliň ýagysy – ýagyş. Hudaýa-da ynansaň ynan welin, biliňi berk guşa! Abraýam çemçeläp ýygnamaly. Muzduny tölän minnetini çekmez. Nebsiňe “Haý” diýmeseň, “Haý” diýerler. Samsyk bilen sanaşanam – samsyk. Tanatmaýan talant hakyky däldir. Içip aglaýan içigip aglanok. Zenanlaryň ýaşyny diňe iş kagyzlary doldurlanda soramaly. Dermen sargalanda “Hoşuň atasyny öldürmeseň”, dert çekýäni öldürersiň. Kömre garaka degseň, garalaýar, gyzaransoň degseň, ýaralaýar. Malyň diline eýesi düşer. Agyryly ýüregi eliň aýasynda saklamaly. Göwnüň çekse, göwre-de çekýär. 4 (II) Diňe kim bilen ýaşanlygyň hakda däl,dünýäni kime goýup gidýänligiň hakda hem oýlanmaly. Söýdürip ýaşamany başarmaýanlar gorkuzyp ýaşaýarlar. Baýlyga barýan gysga ýollaryň hemmesi howpludyr, uzyn ýollaryň bolsa hemmesi güzaplydyr. Adam beýnisinden garraýar. Şöhraty iýip bolanok. Ogluň ýüreginiň, gelniň bolsa ganynyň başgadygyny ýatdan çykarmaly däl. Giç gelen şöhrat hem gijä galyp gelen myhman ýaly arzysyz bolýar. Zehin hem edil pyçak ýalydyr. Ol az ulansaň kütelýär, kän ulansaň bolsa igleýär. Käte goşgularymy ýatdan aýdyp berýärler. Şonda olary has oňadyrak ýazmanyma ökünýärin. Her ýüregiň öz açary bar. Garamaýagyň gargyşy patyşa ýokmaz. Gara iş gara günüň üçin edilýär. Söbügiňi sydyryp gelýäni öňe salmaly. Ogluň kimligini öýereňsoň bilersiň. Kireýsiz kakdyrylan kilim ýyrtylagan bolýar. Gerekmejek zady tapyp barseňem ýitirýärler. Göwni awlamagyň gadagan edilýän wagty ýok. Paýhas eleginden geçireňsoň, elekden geçenini almalymy, elekde galanyny?! 37 Erkiňi eliňden aldyraňsoň, özüňe-de erk edip bolanok. Mertebäň belentligini-pesligini iş bitirşiň bilen ölçeýärler. Ant iki gezek içilenok. Her bir ömrüň öz pellehanasy bar. Sag saginýänçä däli urup suwdan geçirýär. Ýola salan aýagy däliniň özüne berip goýberenoklar. Basyp alanoklar, “Basaryn” diýip alýarlar. Ýeňil zatlar durmuşyň hem ýüzüne çykýar. Işlemän ýatanyň özi – iş. Çenemän atanyň degenok, çeýnemän ýuwdanyň siňenok. Kesek atan – keseki. Hokga çykarsaň, hokgaňy öňüňe atarlar. “Peýdasyz perişdeleriň” hem iş orunlaryny gysgaltmaly. Söýgi aýdymlary hem gussa batyrýan bolsa, garraýansyň. Jenaýatyň agramyny berlen ýyl bilen ölçeýärler. Abraýyňa çapmayan aýal, abraýyňy çapýar. Ýa işlemeli, ýa-da adyňy işletmeli. Begenen adam hem guş bolup uçýar. Haramhorluk bilen açyljak agyz beklenmese gowy. Toýa bar, “bermedi” diýme, ýasa bar, “görmedi” diýme! Toýy toýa meňzemeýäniň ýasy ýasa hem meňzänok. Sary ýüplüge dönene “Iňňä sapaýmaly bolupsyň!” diýýärler. Romanyň döwrebap bolmagy üçin, olaryň baplara bölünmegi hökmanmyka? 36 Düzedip bolmaýan iş hem edil bejerip bolmaýan kesel ýalydyr. Baýlyk – bagtyň ýary. Özüňe agram salmasaň, özgeleriň ýüküni ýeňledip bilmersiň. Güýçlä iýdirmek üçin ejizden iýmegi öwrenýärler. Ajal diňe ölüp gutulýarlar. “Senden dynsam, toý berjek” diýýärler-de, sadaka berýärler. Galpyň gazany hem gaty gaýnasa çogup, ojagyňy öçürýär. Nobat deňhukuklylygyň alamaty. Artyk hukuklylar nobata duranok. Mertebäňi haýyşyň ýerine ýetirilişi bilen ölçemeli. Doga köre-de “Gözüňe görkezerin” diýip duran bar. Hojaýynlyk satmaly däl, hojaýynlygy satyn almaly. Ylalyp başlan bolsa, ulanybam başlaýar. Dag ýaly derdiň dermanyny hem damjalap içýärler. Gabalan öküz garnyňdan gapy açýar. Talantly – däne, talantsyz – saman. Dama-dama köl bolýança, döwlen kranty bejermeli. Selki bolsun – seňki bolsun! Ýazda-güýzde künde gerek, sandal-çekiç günde gerek. Gijäniň uzalyp başlamagy – ömrüň gysgalyp başlamagynyň alamatydyr. Etiň gaty bolsa-da ýüregiň ýumşak bolmaly. Ýeri şorlaýanyň maňlaýam şorlaýar. Poslan gulagy saz açýar. Ömrüňi kül etjek bolsaň, janyňy ýakybermeli. 5 (II) Harasat deňziň ýüzünde gopýar, eger ol deňziň düýbünde gopýan bolsa, ähli jandarlary kenara çykaryp zyňardy. Semrän goýun soýulýar. Köp aýallylyk horaza ýagşy. Nika gaýçy bilen gyýylýar. Şahyr özüni gaýtalap başlansoň, ýazmasyny bes etmeli. Işi düşse – pişik, işiň düşse – it. Täze zat alsaň “ýuwdurýarlar”, köne zadyňy islän wagtyň ýuwubermeli. Kowalap tutanyň hem gaçyp gutulmaly edýäni bar. Arak ody öçürenok, gaýtam, tutaşdyrýar. Yz galdyrmadyk azaşanda yzyny tapanok. “Ylym syçan” diýip, çemgelen zady gemriberseň, gapana düşersiň. Açylan garyndaşlyk ýapylmasa ýagşy. Ýüzleý garaýan diňe ýüze çykýan zady görýär. Gülküniň ýaralaryňy çalt bitirýändigini bilýärmiň? Süýde siňe seretseň, suw görünýär. “Ýedi ölçäp bir kesmäkäň”, bahasyny gepleşmeli. Söwda etjek bolsaň, ýeri bazardan almaly. Gözüň ýok bolsa-da, ýüzüň bolmaly. “Ýüz otdan yssy” bolansoň, gyzarýar. “Garnyň götereni özüňki” diýilse-de, garnyňy götermez ýaly bolýança dykalap doldurmaly däl. Ajal aty – agaçdan. 6 (II) Hasrata ýüz bermeli däl. Duşmanyňy dostunyň öňünde öwmeli. Taýagyň ýeten ýeri – özüniňki. Oňat sazanda aýdymçy küýesedenok. Öz-özüň gepleşeňde içiňi gepletmeli. Ýolda ýoldaş bolunmaýan ýok. Diňe horluk däl, masgaraçylygam ölümden ýaman. Çagyrylan ýere baransoň görkezilen ýerde oturmaly. Aragy çüýşä sakladanoklar. “Suw damjasyny – altyn dänesine” öwürmeli. Azy ýarmadyk ýaranok. Oňat goşgular hem, edil şerap yaly, ýyl geçdigiçe güýçlenýär. Kine saklan ýürek çüýreýär. Bendesinden görüp bolmayan bişeýkellligi Hudaýdan görýärler. Edebiýat meýdanyna başga biriniň yzyna düşüp girmeli däl. Mis alyp berseň, kümüş, kümüş alyp berseň bolsa, gyzyl alyp ber diýýärler. Bu dünýäde ynjydanyny o dünýäde ynjaldyp bilmersiň. Lermontow ýüz ýaşan bolsa, häzirkisenden üç esse kän hem gowy ýazarmydy? Edebiýat meýdany türgenleşik meýdany däl. Bigaýrada: “Gaýrat et!” diyip, ýalbarsaň, ýalňyşarsyň. Durmuşuň çarkandakly ýollaryny hem tekizlemeli. Horlugy kän gören adam toýa baranda gamlanýar. 35 Başyňa belany satyn almak üçin serişde hökman däl. Ýylanyň ýatana degmeýänligi üçin, ýatan hem ýylana degenok. Gazap doňy geňeşli biçilenok. Ilkinji kitabyň ilkinji çagany,ikinji kitabyň bolsa, ikinji çagaňy göreňdäki ýaly begendirýär. Gara iş süňňüňi agardýar. Gatyk içen garramaz. Mesgäni diňe meskäň iýmeli däl. Duşuşyklar dürli-dürli bolýar, aýrylyklaryň welin bary birmeňzeşdir. Jenaýat bilinmän edilenok, bilinmez oýdülip edilýär. Ömrüň iň oňat pursatlaryny goşga geçirdim, galanynam çap etdirmäge sarp etdim. Ýerine düşmedik adyň öňünden ýada yzyndan lakam ýelmeýärler. Agzyň bekli bolsa-da, bolmasa-da, diliňi berk bolmaly. Guşy şadyýan görkezýän – ganaty. Hanjar ikiýüzlüligini gizlänok. Gedaýa berdim – Hudaýa berdim. Nyrh dawasyny etmeýäniň nyrhyny soranoklar. Gün bulutdan çykanda, dünýä ýylgyrýar. Gedaýyň gadrym gaçar gorkusy ýok. Pil bolsaň gulagyňa münerler. Sazandanyň diňe gulagy däl, keýpem saz bolmaly. Kemalsyz ogul kemala gelensoň köseýär. © Atajan ANNABERDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |