09:35 Goşgudan galan gyýkyndylar / 2 | |
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR / 2 8 “Gaty gördüm” diýip, ýanjap ýörene: “Gaty görseň, gaty ýerde otur!” diýseň utarsyň. Çolaşan kelebi üzüp-ýolup çözlemeli. Öz beýikligine göz ýetirýän adamlaryň oda-köze düşüp ýöreni ýokdur. Akyldaryň ganyny damaryna goýbereniň üçin akmak akyllanar öýdýärmiň? Dili gijäp durana duz ýaladyp görmeli. “Ýüregiňi suw eden”, “Bagryňam elek eder”. Galtamanyň garyndaşy bolmaz. Är-aýal dutaryň kirşi ýaly sazlaşykly bolmaly. Sazlanmadyk kirişlerden hoş owaz alyp bolýan däldir. Hyrly çüýi towlap eltýärler, hyrsyz çüýüň bolsa, depesine çekiç bilen beräýýärler. Näsagyň ýaşyny sorama! Näme iýeniňi bilýän bolsaň, näme diýeniňi hem bilmeli. Azaşan başga bir azaşanyň yzyny tapmasa ýagşy. Ikiýüzliniň aýbyny iki ýüzüne-de basmalymy? Eşegiňi berk duşaman, oňa: “Päliň aýagyňa duşak bolsun!” diýip gidirbermeli däl. Sübseligini sowuga urduranyň “Bogan sübsesi” bolmaz. Eliň bilen ýapyşaňda bitmeýän işe ýüregiň bilen ýapyşmaly. “Toý sowuldy” diýip, jar çekilenok. Nahar iýeňde pişikleriňi daňyp iýmäge utansaň, itiňi boşadyp iýibermeli. 29 Serkäni semredip soýýarlar. Öýermek aňsat, çykarmak kyn. Pata geleni ugratmak hökman däl. Kän ýanjalan ýagşylyk ýamanlyga öwrülýär. Dil – halkyň baýlygy, ýöne ýazmak üçin öz dil baýlygyň hem ýeterlik bolmaly. Doganyň bolmasa, dostuň bilen dogan okuşmaly. Saglygyňy goramak ýeterlik däl, ony berkitmeli. Az bilýän kän gepläp, kän bilýän az gepläp ýalňyşýar. Çagalaryň gowşak tutan gamşy ata-eneleriň ýüregini gyýýar. Bir şahany omursaň, bir okara miwäni kem iýersiň. Iň ähtibarly ýapyşalga – hakykat. Goşgyň ganaty – ruhubelentlik. Tä hiç zat bilmeýäniňe göz ýetirýänçäň, okabermeli. Hormata, mynasyp iş bitirip, garaşmaly. Şöhratyň sesi hem edil ýyldyrymyň sesi ýaly, şöhle saçanyndan has soň eşidilýär. Gyzy abraý bilen ýerleşdirmek üçin abraýly ýeriň gudaçylyga gelmegi ýeterlik däl. Gyzly öýe gyz geler, çagaly öýe – çaga. Gül – miwä, söýgi – mähre öwrülýär. Gysylyp-gowrulyp ýören ýazylyp-ýaýramaz. Durmuşyň söýülýänligi üçin ajal ýigrenilýär. Biwepany bagyşlamak ynsana mahsus zat däldir. 28 Goşgyny hem, edil Gurhan okalyşy ýaly, diňlenýän ýerinde okamaly. Toba edip, ýakaňa tüýküreňsoň, düzelmeseň, ýüzüňe tüýkürerler. Ýüregiň törüne-de aýakgaply geçmeli däl. Tüweleýe: “Tüweleme” diýýän ýok. Ýeňil zatlaň hemmesi durmuşyňam ýüzüne çykýar. Suraty diňe jan beräýmeli edip çekmeli. Kalbyň gizlin girelgesi ýok. Öýleneňde göýberen ýalňyşyň öleňde düzeler. Şat mukam – saýraýar, gamgyn mukam – eňreýär. Kereplemejek bolsaň akmaly. Dileg etmek däl, dilegçilik etmek aýyp. Haram zada-da, haramzada-da göz degenok. Kakan gawun kak bolar. Garpyz alasy daşynda. Hakyky şägirde halypasynyň edim-gylymlaram geçýär. Bahyllyk eden baýnamaz. Günem bulutdan çykanda ýylgyrýar. Ýüregiň agyrsa, narpyz iý, böwregiň agyrsa – garpyz. Iliňi nähili görýän bolsaň, iliňem seni şolar ýaly görýändir. Gözi gyzaranyň ýüzi gyzaranok. Çäge-de edil suw ýaly akýar. Goýnuň çörem özüne derman. “Ýerimi ber!” diýdirmejek bolsaň, öz ýeriňde oturmaly. 9 Bagtynyň açylaryna garaşmaýan ýok. Okaranyň gowusy – goňşokara. Içki dünýäň daşky dünýäňden owadan bolmaly. Günüň dogan wagtam, batan wagtam ýatmak günä. Synlap öwrenmeli däl, edip öwrenmeli. Tabakdaşyň kimdigini çemçedeş bolaňda bilersiň. Şahyra: “Başla!” diýýänem, “Taşla!” diýýänem ýok. Senedi bilen tanalýana – ussa, sungaty bilen tanalýana – ussat diýilýär. Beýni düýş göreňde oňat dynç alýar. Ömür sürmek ýeterlik däl, döwran sürjek bolmaly. Ekilmedik ýerde gögerseň, sogurýarlar. “Kimligimi aýtmakaň, kimligiňi aýt!” diýmeli. “Al!” diýeňde açylýan ýüz: “Ber!” diýeňde gamaşýar. “Men alaýyn, sen dur!” diýmeli däl, “Men öleýin, sen dur” diýmeli. Dost eziz ýeriňi gözlär, duşman – ejiz ýeriňi. Barmaly wagtyňy aýdýarlar, gaýtmaly wagtyňy özüň bilmeli. Ogrulyk – duýdurylman edilýän talaňçylykdyr. Gaýkynam, küýkünem öz söýýänine bermeli. Bu günki – der, ertirki – zer. Altyn gapylynyň işi düşende, agaç gapyly gapysyny täzeledýär. Ýylanyň ýöremek aladasy ýok. Özüňki bolmadyk zatlaryň hemmesi iliňkidir. Eneň aglasa, senem aglamaly. 10 Gözden düşen syýakdanam düşýär. Yolbars bolsaň penjäňden tanarlar. Ýeke özüň toý edip bolanok, ýasyňy sowup bolanok, ýaşap bolanok. Hiç kimden gorkmasaň hem Hudaýdan gorkmaly. Gowşak goşgularymy ýyrtyp ýok etmedik bolsam, kagyz küdeleriniň aşagynda galardym. Ýazyşyň ýaly gürrüň bermegi däl, gürrüň berşiň ýaly ýazmagy öwrenmeli. Öwreneniň – özüňki. Gyza – owadan, ýigide – görmegeý diýmeli. Diňe eliň, agzyň arassa bolmagy ýeterlik däl, kalbyňam arassa bolmaly. “Çöp bol – köp bol!” diýilýäni goşgy bilen iş salyşýanlara degişli däl. Jany saga – günde toý. Eklemeýäne “erkek” diýme, saklamaýana – aýal. Goşgy hem edil çigreklän suw ýalydyr, girseň çykasyň gelmez, çyksaň – giresiň. Söýgi bilen oýun etseň, utularsyň. Derdiň dermany – iýmitiňde. Gurbagalaryň ýagyşdan öň suwdan çykyp, çöp-çalama siňýändigini bilýärmiň? Çagalaryň ýalňyşyny özüňden gözlemeli. Halk sungaty däl, sungat halky öz derejesine götermeli. 27 Ertekiler durmuşyň iň ýönekeýleşdirilen görnüşidir. “Guwanaýyn tä başyňdan aýaga” diýlensoň, aralykdaky zatlary sanap oturmagyň geregi ýok. Görmezlige salýan bolsalar, gerek dälsiň. Gerek bolsaň, ýeriň teýinde bolsaňam gözläp taparlar. Täze tanşyň bilen “Köne saman sowrulanok”. “Il agzyny ýygyp bolmaýanlygy üçin” öz agzyňa berk bolmaly. Näçe ir öwrenip başlan bolsaň, şonça-da ir döredip başlarsyň. Aýalyň göwnüni tapmak üçin ýalan sözlemek aýyp däl. Adyny tutmaýanyň lakamynam tutmaly däl. Adamyň çagyranda hamyr ýugrup oturan bolsaňam barmaly. Eseri öwrenmek üçin ony ýat tutmak ýeterlik däl. Oraşan gelmedik düýş derrew ýadyňdan çykyp gidýär. Göwnüňi açýan zatlaryň hemmesi ömrüňi uzaldýar. “Merdi meýdan tanar...” diýleni edebiýat meýdanyna-da degişli. Akly gysgaň – dili uzyn. Ekiz maňzy Hudaýyň özi bölüp berýär. “Öz eliň, öz ýakaň” diýlende-de, ýakaňy açyp ýörmeli däl. Mirasgär ile iliňkini berýär, şahyr – özüniňkini. Alla arzyňy parzyňy berjaý edeňsoň aýtmaly. Akyl – durlanýar, duýgy – terlenýär. Oýun – bir, oýunçy – iki. Depegene ýer depdirmeli. Sadakany kisäňden däl, göwnüňden çykaryp bermeli. 26 Ataň bilen gürleşeňde, gözüň ýerde bolmaly. On iki agadan – ýeke çaga. Dil bilen bitirilen işiň azaphaky – Taňryýalkasyn. Gerekli ýeriňde ýanmasaň, öçürýärler. Okamasyz zatlaryň ilkinjisi – takal. Toýuna çagyrmaýanyňam ýasyna barylýar. Oýunçy nämüçin utulanyny bilse ýagşy. Çagaly öýe eliň boş barmaly däl. Göz bilenem, söz bilenem jadylaýarlar. Haýwana: “Temegini batyrdy” diýmeli, ynsana – dodagyny. Bir bent goşgyň tutýan ýerine dört sany ajaýyp nakylyň ýerleşýändigini unutma! Dilini bileniň – özüňki. Goşgyny, başga zatlaryň hemmesini unudyp bilýän wagtyň ýazmaly. Şahyram howp abananda güýçlenýär. Oňat goşgyň öz ruhuňam galkyndyrmaly. Nadyllygy döredýän – hantamaçylyk. “Göz, dide, çeşm, garak...” diýen sözleriň her haýsyny öz gelişýän ýerinde ulanmaly. Içki dünýäňi özüň döretmeli. Akylyň nesle geçijiligini ene tarapyndan gözlemeli. Ýeke özüň bagtly bolup bolanok. Düşündiriş bermeli zady goşga ýazmasaň gowy. 11 Her ýylda elli iki hepdäniň barlygy üçin: “Saňa öňem elli iki sapar aýdyldy” diýýärler. Towuk köne samanam dörýär, täze samanam. Döwlen el egri bitse-de, “El egrisi özüme” etmeli däl. Dünýä geleniň görünmese-de, gideniň görünmeli. Şahyr okyjysy bilen ýürekdeş bolmaly. Alara zady bolmadygyň ýüzüni alýarlar. Adamly öýüň daşyndan gulplap gitmeli däl. Işli baraňda, iş ýerine barmaly. Jäheksiz agzam jäheklemeli. Çagakaň ölüm özüňe degişli däldir öýdülýär. Söýgi sapagyna-da düwün düşürmeli däl. Atyňy ýeke çapmajak bolsaň, ýaryşa goşulmaly. Gaýa “Näme” diýip gygyrsaň, şonam yzyna gaýtarýar. Akylly it janpena küýsetmez. Eklenjiň çeşmesem arassa bolmaly. Ýakynyňy ýat saýmaly däl, ýadyňy ýakyn saýmaly. Söýgüli şahyryň bolsa gowy, söýgüliň şahyr bolsa has gowy. Öz çykan depäň başga biriniň çykaran gaýasyndan arzylydyr. Dutar çalnanda-da şelpe kakylýar. Söýgi hem edil Watan ýaly mukaddes. Mukaddes bolmadyk zatlar üçin baş goýulýan däldir. “Göwni-garny ýok” diýilýäniňem garny bar. Janyňy ýakyp, ganyňy gyzdyrýarlar. Duşmanyňa salam iberilenok. 12 Özgeleriň aladasyny etmäge mümkinçiligiň bolmasa, öz aladaňy etmeli. Göz üstüni gabak ýapar. Peşeçe duşmanyň bolsa, peşehana edinmeli. Ykbal saýlanyp alnanok. “Suw pesi tapansoň”, akanok. Şahyra üç zat ýeterlik: ýyljak öý, çaý-çörek hem galam-kagyz . Uly şowsuzlyk kiçijik şowsuzlyklary ýuwudýar. “Ýeri-gögi gapyşdyrdyň” däl, garpyşdyrdyň bolaýmasyn?! Ýaşyň gaýdyşansoň, gyz-gelne däl, özüňe seretmeli. Namysyňy özüň goramaly. Merde sütem etmek hatarly. Gyzyl ýüzli ýigidiň uýasy, Bezirgeniň uýasy Aýsoltan ýaly bolmaly. Dostuň bolmasa, doganyňdan görmeli däl. Daşa ýazylan zat ýitse-de, aňa ýazylan zat ýitenok. Ýitmedik zat hem gözlenýär. Öýüňdaki – özüňki. Keýpiňi gaçyrýandan hem gaçmaly. Zerurlygy bolmadyk gatnaşyklaryň hiç biri hem uzaga çekenok. Degişme ýerine düşmese, “Degişmekden aýyrmasyn!” diýen bolýarlar. Işi edip öwrenmeli. Arasy bölünen goşgy hem sepli bolýar. Ýamanlyk diwara urlan pökgi ýalydyr. 25 Aýda bir kellebaşaýagy satyn alyp däl, baggoýnuňy soýup iýmeli. Agzybir maşgala rysgyny gaňryp alýar. Miwesiz agaç önelgesiz aýal ýalydyr. Iş adamy öldürenok, işsizlik öldürýär. Gyzgyn-sowuk dag-daşlaram weýran edýär. Çyn gülki – gül, ýalan gülki bolsa ýasama gül ýalydyr. “Ody özüňe basaňsoň”, öçürmeli. Ataň ýogalansoň hem onuň dost-ýarlaryndan pul diläp ýörmeli däl. Naharyň duzuny bişireniň özüne barlatmaly. Sallahyň açary jübüsinde. Her kimiň haty öz iň köp ulanýan sungatydyr. Bir otagda ýatanyňa salam bermeli däl-de: “Sag-aman örlediňizmi?” diýmeli. Kysmata ýazylan bozulanok. Patada: “Boldum” diýmeli däl, “Tagamy aýraýyn!” diýmeli. Dünýä, ähli zat özüňe degişlidir öýdýärkäň owadan. “Tüweleme, Hudaý köp görmesin!” diýilýäniň ýaşaýşy ýaly ýaşajak bolmaly. Maslahat soraýan bolsalar, akyllysyň. Dert çek – mert çek. Kalbyňy tämizlemek üçin danalary okabermeli. Özüňden ulyny çagyrtmaly däl, gerek bolsa, özüň barmaly. “Atyň barka gazanan ýoluňdan” pyýada gaýtmaly däl. 24 Edep salamdan başlanýar. Her kime öz edip biläýjek işini buýurmaly. Aýal özüne meňzeş erkegi halanok. Ýürekdeş gözle, pikirdeş tapsaň kaýyl bol! Ýerine düşmedik azap hem edil gämikýere düşmedik tohum ýalydyr. Ýüzüňe aýdyp bolmaýan zady ýeňsäňden aýdýarlar. Düşenjesini paýlaşýanyň düşünjesine seredenoklar. “Ömrüň haýp!” diýdirmek aýp. Haramy iýmegem günä, iýdirmegem. Keşde gider, iňňe galar, baldyz gider, ýeňňe galar. Ýeliň demi degirmenem ýöredýär. Garrylyk hem uky ýaly basmarlaýar. Ýagşyny däl, ýamany geň görseň, alnyňa gelýär. Hukugyňy talap etmezden öň, borjuňy ýerine ýetirmeli. Diňe adam hünäri däl, hünärem adamy saýlaýar. Tebigaty hapalaýanyň aňyny arassalamaly. Eklemeýänden ärem bolmaz, kärem. Halanmaýanyň öňüne düşseňem, yzyna düşseňem, halanoklar. Ýeke çykan – ýekirler. Baky däldigiňi bilýäniň üçin oňat işleri etmäge gyssanmaly. Gözüň doýmasa-da, göwnüň kanagatly bolmaly. Ýekäniň çaňyny kakýarlar. Zerur işi ilki etmeli. 13 Öňi alynmadyk tukatlyk gam-gussa ýazýar. Gam-gussa bolsa – hasrata. Guşuň höwürtgesini bozmagam, ýumurtgasyny ellemegem - günä. Il oňlansoň, öz göwnüňe geňeşmeli. Guşuň penjesine “Çeňňel” diýilýär. Hasyl bolmadyk arzuwam durmuşa çykmadyk gyz ýaly garraýar. Aýala: “Agras”, erkege: “Salyhatly” diýilýär. Ody özüne basany basanoklar. Dessanlardaky maksat-myradyna ýeten aşyklaryň aýrylyşýany ýok. Hakyky aýdymyň ömri “Bibijanyňky” ýaly bolmaly. Awçyň aly kän, tilkiň – sapalagy. Aglap gelen gülüp gidenok. Ganatymyzyň ýokdugyna gynanmaly däl. Ganatymyz bolan bolsa, elimiz bolmazdy. Gelniňem gyzyň ýaly görmeli. Ýaşaýşy ündemeýän eseriň özem ýaşanok. Döredýän adam halkyň keşbinem çekmeli, keşginem. Nakyl – uzaldyp-gysgaldyp bolmaýan jümledir. Sahnada sähne-de bolunýar. Göwni söz bilen awlamaly. Nebsi öňüne düşeniň nebsi agyranok. Başyňy belent tutsaňam, päliňi pes tutmaly. 14 Bilýänini goýup gitmedik, alyp gidýär. Tebsirände topragyň hem dodaklary ýarylýar. Iň uly açyş – özüňi açmakdyr. Kösenip durkaň edilen ýagşylygyň sogaby iki esse. Söýşenler duşuşansoň, arada duran aýrylmaly. Söýgini kanunlaşdyrmak üçin nikalaşmaly. Torç edilen ýolda yz galdyryp bolanok. Külüň içinden göwher däl, köz gözlemeli. Gysgalan dili uzaldyp bolanok. Gargamak – ejizligiň alamaty. Diňe özüň üçin edilen işiň sogaby ýok. Ýylgyrýan ýüz, altyn suwy çaýylan ýaly, lowurdaýar. Ekeniň görnenok, oranyň görünýär. Tanatmaýan talant hakyky däldir. Gorkyň mesgeni – göz. “Ýüp syrygyp, toýnukdan geçse-de”, toýnakdan geçenok. Şaýady ýoklanam ýoklaýarlar. Zat galandan, a:t galsyn! Sakgalyňy her gün syrmajak bolsaň, göýbermeli. Ýatyryp äkidilýäni dik durup ugratmaly. Hasaply dost uzaga gitmäkä hasaplaşmaly. Şahyryň agramy okyjylarynyň söýgüsi bilen ölçelýär. Çaganyň kalby ak kagyz ýalydyr, oňa näme ýazsaň, şonam okarsyň. Müň pahaldan, bir nahal. 23 Goşgym çyzylanda-da endamym çyzylan ýaly bolýar. Salamlaşýanyň ýüzüne seredip görüşmeli. Şägirtsiz halypa-da perzentsiz goja ýalydyr. Başyňa iş düşende gedaýyň gapysyndan hem barylýar. Heňe gelmeýän goşgyny aýdym etmeli däl. Ýatany soramaga ýatymlyk barma! Bethowen sazy dişi bilen diňläpdir. Mineral suwlary çykyp duran ýerinde içmeli. “Iki bolup bire degmeýänleriň” ikisinem boşadyp, bir işgär almaly. “Men kimden pes” diýip däl, “Men kimden artyk?!” diýip ýaşamaly. Jansyz zada “Çagşady”, janly zada “Lagşady” diýmeli. Eliňe galan çagany eliň aýasynda saklamaly. Çap edilen goşgyňa-da durmuşa çykaran gyzyňa garaýşyň ýaly garamaly. Ruhdan düşen hyýala münenok. Gaýda deňze çykmaly däl, deňizden çykmaly. Aýdym hem, edil gülki-agy ýaly, ýürekden çykmaly. Gan damarlaryň daralsa, dünýäňem daralýar. Harsydünýäň haýsy dünýäň aladasyny edýäni belli däl. Egin günäňi, sogabyňy çekýän terezi dälmi?! Sogap gazanylýar, günä ga:lynýar. Adamyň diňe gözi üýtgänok. Söýgini jogapsyz galdyrmaly däl. 22 Güldürmegem, aglatmagam – sungat. Amala aşaýjak zady arzuw etmeli. Saglygyňy ýitiren ýeriňden gözlemeli däl. Uly şahyrlary söýýänleriň hiç biri hem olaryň täleýini arzuw edýän däldir. Gowy goşgam diňe düşünýänleri jadylaýar. Aýdara zadyň bolmasa, diňläbermeli. Şahyr bilen okyjynyň tapawudy hem, sazanda bilen diňleýjiniň tapawudy ýaly. Goşgyny gysga ýazyp bilmeseň, uzyn ýazagetdin, ýüksüz setirlerini aýraýmaly. Her el öz ýetýän ýerini gaşaýar. Mugallymyň mertebesini okuwçysynyň derejesi bilen ölçemeli. Gulagyndan igleýän bolsa-da, semreýän ýok. Ýedi hazynaň ilkinjisi – ýer. Iň kämil suratkeş – tebigat. Diňe diliňe däl, bokurdagyňa-da buýrmaly. Köne dost hem köne eşigiň ýaly ýakymly bolýar. Ýer bilen Aýyň arasynda yigrimi ýedi sany Ýer togalagynyň ýerleşýändigini bilýärmiň? Biziň gözümiz dünýäniň diňe darajyk dilkawjygyndan görünýän zatlary görýär. Diňe arasynda däl, adamlaryň ýüreklerinde ýaşajak bolmaly. Aýlawdaky at küştdäki göçümini edenok. Baky ýaşamaly zatlaryň ilkinjisi – sungat. 15 Öz ýüregiňi göz öňüne getiresiň gelse, bäş barmagyň ujuny birikdiräýmeli. Güýçli akym, ugruna ýykylsaň, egýär, tersine gaýtsaň – döwýär. Söz ýokmaýana-da taýak ýokýar. Altyna meňzeş misiň bolandan, mise meňzeş altynyň bolsun! Bagt guşam eliňden sypdyraňsoň, tutduranok. Pyşyrdaşyp gepleşseňem, diliň aýdanyny gulagyň eşitmeli. Ýüregiň üç dosty, üçem duşmany bar. Olar: gözellik, şadyýanlyk, gülki, hem-de, gam-gussa, çilim, spirtli içgiler. Beýniňem, ýüregiňem synlap, okap, diňläp türgenleşdirmeli. Erkege “Eli hünärli”, aýal maşgala “Eli işli” diýmeli. “Gutarypsyň” diýensoňlar, ýazmaňy goýmaly. Iki tarapyny deňläňsoň, terezide islän zadyňy çekibermeli. Ilýa Meçnikow: “Ýüz elli ýaşdan bärki ölüm bihuda ölümdir” diýer eken. Ýagşylyk etmedik ýagşylykda ýatlananok. Topulan it ökjäňi ýeňledýär. Gan damarlaryny giňeldýän zady – tebigat, daraldýan zady bolsa adamyň özi döredýär. Haýran galmak iki hili bolýar: düşünip haýran galmak hem düşünmän haýran galmak. Göwnüň kiçi bolsa-da, maksadyň uly bolmaly. Gep az ýa-da kän ýazmakda däl, gowy ýazmakda. © Atajan ANNABERDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |