Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:59
Çarçuwa

Çarçuwa

Ilmet Laçyna „Eklenip bilmeseň aýal al“ diýleni üçin-ä öýlenmändi. Sebäp diýseň, Ilmet öňem bir özüni oňarman ýören lellimlerden däl. Ýykylsa ýere ýapyşyp, öýüni öý etmek üçin, birini iki etjek bolup gydyrdanyp ýörenlerden ol. Ýöne Laçyna öýlenensoň Ilmediň öz telekeçiliginden, tygşytlylygyndan göwni geçäýdi. Eý-ho, Laçynyň tygşytlylygy, „öýüm“ diýip ylgaýşy, Ilmed-ä däl, tutuş obalaryna „bäý-bä“ diýdirdi. Ikiň iki ýerden şeýdip ýörseň, öýüňem ezeneginden çekilen ýaly bolaýýan ekeni. Muňa Ilmet Laçynyň soňky sapar öýleri üçin eden yhlasyndan soň-a hasam göz ýetirdi.
Kim bilýär, ilki başda oňa kimi oturtdylar?! Belki, Puşkin, belki Lermontowdyr? Ýa Ýesenindir? Bu hakda goşgy-poşgy ýazansoň Ilmediň özünden başga gyzyklananam bolmady. Ol ony ilkinji gezek gelni goltuklap öýe salyp gelýärkä gördi. Laçyn hil-de bir iş eden ýaly, ony diwanyň üstünde goýdy-da:
−Muňa seret, gowja gerek?−diýdi.
−Beh, çarçuwama-aý bi−diýip, Ilmet soragly çiňňerildi.
Laçyn:
−Howwa, näme? Öň görmänmidiň? Beýle çarçuwany görenem dälsiň-le, gaty gadymy bi, özem owadan eken. Edaramyzy göçürjek bolansoňlar, otaglar akan-dökän. Munam zyňjak bolup ýören ekenler welin, alyp gaýdyberdim – diýdi.
−Öň kimiň suraty bar eken munda?
Ol onuň garaşmadyk soragyny berdi öýdýän.
−Öňmi?−diýip, Laçyn böwrüni diňläp durdy-da: −Aý, bilemok, bir adam-a bardy−diýdi. Soňam:
−Atam döwründen bäri ýatan zad-a bu, näbleýin men?−diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
−Sen görensiň-ä suraty, haçanam bolsa bir wagtlar?
−Eý, waý-eý, gördüm görmesine. Bir papakly adamdy öz-ä. Suraty ýalňyş gelen bolaýmasa, diwardan uzak asylmady gyz, şol özi.
−Puşkinmidi?
−Bilemok, papagy bardy.
−Onda Puşkin däldir.
−Kim bolanda näme bize? Men nireden tanaýyn ony. Çarçuwa gowja ekeni diýip alyp gaýtdym. Munuň ýaly çarçuwa indi ýok.
−Näme etjek ony?−diýip, Ilmet çyny bilen sorady.
−Waý muny, surata düşüp salyp goýjak.
Ilmediň gülküsi tutdy. – Düş-düş −diýip, hezil edip güldi-de, içinden «Mugt bolsa, her bela tapsaňam öýe alyp gelgin» diýdi.
−Näme, ,,düş-düş” diýen bolýaň. Bileje düşeris, nesip bolsa. Allanäme zat bi, heýem muny boş goýup bormy?

***
Dynç güni Ilmet bilen Laçyn suratçynyň gaşynda häzir boldular. Iki bolup ýanaşyp oturypjyk surata düşdüler. Ine, çarçuwa, ine-de taýyn surat. Ýöne eser ýerde gaý turdy−suratyň boýy çarçuwa pes geldi oturyberdi.
−Şu zatlary dagy erkek adam biläýmeli dälmi? − diýip, Laçyn Ilmede igendi. Ilmet:
−Kimiň kellesine gelipdir bu zatlar − diýip, özüni aklaýan şekilde gürledi.
−Indi nädeli? Bir zatlar et ahyry.
−Nätmekden Hudaý saklasyn. Gidip, düzeder geläýerin.
−Bolarmyka bir düzedip?
−Bolar-la.
−Menem gidäýeýin. Gowusy, şu çarçuwanam alyp gideli.
***
Çarçuwany goltugyna gysdyryşyp, tirkeşip, Ilmet bilen Laçyn surathanada peýda boldular.
Başagaý bolup kompýuterinde işläp oturan suratçy oglan bulary diňledi-de:
─Hany ramka?−diýdi.
─Ine.
─Hä, muňa bolmaz-a − diýip, ýaş ýigit düşündirmäge başlady.
─Bizde 15-e 10, 30-a 20, 60-a 40 we şoňa meňzeş ölçegler bap, munyňyz bolsa, 50-ä 35 dagy bar ýaly-la, how.
─Näme edip bolar? –diýip, karary ýetmedik Laçyn dillendi.
─Sen 60-a 40 et-de çykaryp ber, soň kesäýeris-dä − diýip, çykalga tapanyna begenen Ilmet Laçynyň ýüzüne bakdy. Laçynam suratça seretdi.
─ Seret! − diýip, suratçy oglan kompýuteriniň ekranyna Ilmet bilen Laçynyň suratyny ullakan edip çykardy. 60-a 40 edibem ýene ulaltdy.
─Eger sen şuny 10 santimetr dagy kiçeltjek bolsaň −diýdi-de, ol biraz aşakdan inçejik nokat-nokatly çyzyk geçirdi: ─Şeýleräk kesilmeli-dä.
─Meň öýmämiň deň ýary gitjekmi? Ýok-ýog-eý − diýip, Laçyn allaniçigi boldy.
─ Öýme-de öýmedir welin, eger gapdaldan kesdirseňiz, çen bilen şeýleräk bolar − diýip, suratçy oglan çyzygy Ilmediň tirseginiň we gulagynyň üstünden dikligine geçirdi.
─ A inim, o gapdaldan kiçeltsek näme? − diýip, Ilmet sorady.
─ Onda gelnejemiň gulakhalkasy gider − diýip, suratçy oglan umuman bolmajakdygyny mälim etdi.
─ Heý, ortatap bir zat edip bolmazmy − diýip, Laçyn howsalalanyp başlady. ─ Wah, gowam düşülipdi-dä. Bu çarçuwa-da gaýynlamdan galan ýadygärlik bolansoň, hiç zyňasym gelenok − diýip, çynaberimsiz ýalanam sözläp goýberdi.
─ Meň kellämi kiçeldip bolmazmy bir zat edip? Tirseksiz galanym hiç weli, gulaksyz däl-dä.
─A, ýokarsyny näme etjek? − diýip, Laçyn gaharlandy.
─ Aşagyndan kesäýeris.
─ Eliň kesilse näder, ýüzük hiçmi? − diýip, suratçy bu gezek göni Laçyna seretdi.
─Ýok, ýok, ýüzük bir görünsin-le.
Suratçy bu gürrüňlerden soň ýokarda öýmä, gapdalda gulakhalka, aşakda ýüzüge degmeli däldigine ymykly göz ýetirdi.
Bir aýalynyň, bir-de suratçy oglanyň ýüzüne seredip, halys aňkasy aşan Ilmet janykdy.
─ A-how, meň gulagymyň kesileni bilen bolýarmy şol?
─ Bolanog-aý, şol − diýip, Laçyn suratçydan öň Ilmediň ýüzüne jiňkerildi.
─ Meniňem gulakhalkamy kesmeli bolýar onda.
─ Beh, gulak kesilip durka, gulakhalka näm-ow!
─ Bolýa-da − diýip, Laçyn kynlyk bilen ylalaşdy.
─ Mundan beter özüm girip oturaýmasam, şol çarçuwaňa − diýip, Ilmet erkek kişä gelişmeýän äheňde hüňürdedi.
Ahyry surat çykdy.
─ Özüm kesip salyp beräýerin − diýip, suratçy oglan dynanyna begenýän ýaly, uly höwes bilen suraty öň gürleşilen ýerlerinden kesişdirip, çarçuwa salyp berdi.
Laçyn tä öýlerine gelip, Ilmet suraty diwardan asýança sus bolup gezdi.
─ Keýwany, seret! Erbedem bolmady, how, şu − diýip, Ilmet özünden göwnühoş halda aýalyna habar gatdy. Laçyn:
─ Howwa, owadan boldy, hernäme-de bolsa. Çarçuwasy owadan bolansoň, öýe gelşik berip dur − diýdi.
─ Dogry, çarçuwa-da gowy. Ýöne şol gowy çarçuwa sygmamyz-a kyn bold-aý. „O ýeriňi kesjek, bu ýeriňi kesjek“. Bolsa-da sygyşdyk.
Olar ilki bir-birlerine, soňam dilleşen ýaly bilelikde çarçuwa seretdiler. Kesim-kesim bolandyklaryna garamazdan, Ilmet bilen Laçyn parahatja, gysylyşypjyk otyrdyllar. Gowudygyny...

Merdan BAÝAT
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 207 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 3.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 611 2 »
avatar
0
1 Мango • 23:16, 20.12.2023
suratçy fotoşopy gowy bilenýok eken.
gerek razmeriňde kiçeldip boşluk galan ýerleriniň fonyny dowam etdirip.... garaz, fotoşopda ýylgyrmaýany ýylgyrdybam, tahýasyzy tahýaly, baýdaksyzy baýdakly... edip bolýar.

halys nädeli diýip durana maslahat bereýin.
eger surat ramkadan kiçi bolsa onda "paspartu" diýilýän zat bar. ýagny suraty ortada ýerleşdirip üstünden açyk reňklije karton kagyz goýýalar. ol aslynda has owadan görkezýär.
---
Паспарту - кусок картона или бумаги с вырезанным в его середине отверстием под рамку, в которую вставляют фотографию, рисунок или гравюру. Это позволяет свободнее подбирать размер рамки под размер изображения.

avatar
0
2 Мango • 23:18, 20.12.2023
hekaýa ýylgyrtdy.
2 ýyzyyl.
avatar
0
3 aygull • 23:40, 20.12.2023
Obaň suratçysy bolaýmasa.
avatar
0
4 Pero • 09:26, 21.12.2023
Gowy hekaýa satiriki-filosofiki bolan ýaly. Hem-ä gülýäñ,hemem okap bolansoñ pikir edýäñ:" Toÿdan soñ ýanÿoldaşlar biri-birini kesee-kese,ýona-ýona ahyry bir üçegiñ aşagyna,bir çarçuwañ içine sygmagy öwrenýäler. Şeýdibem durmuş bilniksizje geçip gidýä.

Toý etmedikler üçin maglumat:)) :Toýdan soñ 5 ýyl töweregi bir-biregi öwreniş uniwersitettinde okap diplom almaly bolýa. Diñe şondan soñ durmuş we maşgala edarasyna işe kabul edilip bilersiñiz.
avatar
1
5 aygull • 10:20, 21.12.2023
Bize-de, 6 ýyl boldy indi, Meňli jan)))
avatar
0
6 Pero • 14:21, 21.12.2023
Tüweleme,onda esasy howp yzda galypdyr. Soñumyzam gowy etsin!
avatar
0
7 Medicall • 15:29, 21.12.2023
Gowudygyny diýdim menem hekaýa, ýylgyrtdy:) Sagbol, Aýgül paýlaşanyňa,Merdan Baýadyň hekaýalary ýadatmaýa, gyzykly))
avatar
0
8 aygull • 16:30, 21.12.2023
Özi hekaýalaryndanam gyzykly,))
avatar
0
9 Medicall • 16:34, 21.12.2023
Aýgül, hekaýaň soňundaky ýaly "gowudygyny", nesip etsin:)))))
avatar
0
10 aygull • 17:13, 21.12.2023
Yspasyba,Nurdan)) Sanda-da.
avatar
0
11 Seýrаn • 18:19, 21.12.2023
Bu hekayany bir yerde okapdym. Ady bashga dalmidi.
avatar
0
12 Seýrаn • 18:20, 21.12.2023
Ana yadyma dushdi: "Čarcuwa".
avatar
0
13 Ýaran_Ýagmyr_99 • 19:45, 21.12.2023
Meni iňkise goýan zat - biziň mentalitetimizdäki şu ýerde görkezilen nogsanlyk, ýagny Laçynyň çarçuwanyň gaýynlaryndan galandygy hakyndaky ýalanynyň biziň jemgyýetimizde непорядочность (egrilik, nämynasyp, pes edim) hasaplanylmaýandygy.

Hiç hili zerurlyk ýok ýerinde hezil edip ýalan sözleýär. Diňe bu oýundan nähili bir lezzet alýandygy üçin. Zerur bolanda dagy nähili ýalan sözleýändir. Şundan soň "Sorap alyp gaýtdym" diýenine hem ynam ýok - belki ýalan, belki çyndyr. Adamsyny şolar ýalyda arkaýyn aldap biler.

Bilýärin, hiç bir okyjy munuň üçin ony ýazgarmaz. "Öýi üçin, äri üçin edýär-ä" - boldy, gep gutardy.

Emma ärine garşy sähelçe aýagyny gyşyk bassa... onda bu melek arwaha öwrülýär.

"Zenanam, erkegem öz maşgalasy üçin köp egrilikleri edip biler, menem bolsam, senem bolsaň şeýderdik" - ine, mentalitetimiz. Iki sany ynsanyň dil birikdirip, bütin dünýäniň garşysyna alyp barýan durmuş söweşi.

Onsoň korrupsiýa-beýlekini näme üçin geň görýäris.

Men şol Laçyn ýaly zenanlary tanaýaryn. Maşgala ahlagyna hiç kim söz diýip bilmez. Näme etse öz maşgalasy, çagalary üçin edýär. Adamsynyň dereksizligine çydap, beg ýaly saklap otyr. Hemme zady üpjün etdi. Emma ýaňky ýaly bizde günä hasaplanmaýan, emma dünýäde нечистоплотность hasaplanýan edimleriň müňlerçesini edýär.

Bu normal hasaplanylýandyr, emma meniň üçin olaryň başga hili zenan egriliklerini edýänlerden hiç parhy ýok. Sebäbi şolar ýaly моральный вшивость jemgyýedimizi çüýredýär. Biz bolsa ilki şony düzetmelidigimizi bilemzok.

Dogry-da walla. Ol suratçy oglany näme üçin aldady? Sebäbi aldawa öwrenen, endik eden. Her şolar ýaly aldawdan adamyň ýüregi garalyp, ganyna galplyk ornaşýar. Ýalançy bolsa Allanyň gargany.
avatar
0
14 garagar • 19:57, 21.12.2023
Teswir köpeltjek teswir bolupdyr.
avatar
0
15 Ýaran_Ýagmyr_99 • 20:09, 21.12.2023
Meniň öz pikirimçe nogsan hasaplan zadymy kadaly hasaplasalar teswir kän köpelmez. Sebäbi oňlaýan teswirler-ä ýeterlik boldy. Problema ýok bolsa tema ýapylsa gerek.
avatar
0
16 garagar • 20:26, 21.12.2023
Awtoryň şony berip bilişi ussatlyk ýöne. Ýalan sözletmänem bilerdi, elindäki zat. Dialoglaryň işlenişem gowy, real.Siziň şol ýagdaýa ünsi çekenňizem gowy boldy.
avatar
1
17 Medicall • 20:29, 21.12.2023
Ýaran daýy, şu pikiri: " - biziň mentalitetimizdäki şu ýerde görkezilen nogsanlyk, ýagny Laçynyň çarçuwanyň gaýynlaryndan galandygy hakyndaky ýalanynyň biziň jemgyýetimizde непорядочность (egrilik, nämynasyp, pes edim) hasaplanylmaýandygy."

aýdañyzda ynamly ýazypsyñyz-da weli, mena tersine siziñ özüñizden beýlekileriñ entak aýtmadyk, ýorumlamadyk pikirlerinden kesgitli netije çykarşyñyza heýran galdym) .

Onsoñam okap ýylgyryp geçip gidenler şol hereketi oñlap "bravo, laçyn, oñarypsyñay yalan sözlap" diyendirler öydyan bolsañyz halkyñ düşünjesini özüñizçe kesgitlemekde uly ýalñyşlyk göýberipsiñiz.

Diyjek bolyanym bir öz düşünşiñiz bilen tutuş halky ýazgarmak dogry däl. Düynem bir ýagdayda başgalar hakda (ýagny meniñ bir hereketim hakda) başga ýalñyş netije çykarypsyñyz,)
Bu teswirde bolsa tutuş halky ýazgaran ýaly bolupdyr ýazanyñyz)

Elbetde Laçynyñ heteketi ýerinde ýazgarylmaly hereket. Ol terbiýa bagly. Aslynda bir yerden köne küşüli çöplap gelmegem eyyam gelniñ häsiyetini açyp dur...
Esasy zat bolsa awtoryñ ussatlyk bilen açyp görkezip bilenliginde
avatar
0
18 Kyyas • 20:34, 21.12.2023
Gulakhalka gitýän bolsa diýmek egni bilen aýryljakdygyny gözöñüne getirilmändir. Ýa gulakhalka egninden beýlä süýşüp durmy? (Otursana sen gömük, hiç hili kemçilik ýok ýerden kem gözleýäñ...:((
Aý, menem öz bilşimçe hereketleri suratlandyrýadym...)
avatar
0
19 aygull • 20:51, 21.12.2023
Gelniñ ady Laçyn-da, alarman, çaparman))
avatar
0
20 Ýaran_Ýagmyr_99 • 21:03, 21.12.2023
Awtor ýalan sözletmänem bilerdi, emma sözledipdir, çünki şony ýakyşdyrypdyr, reallyga laýyk görüpdir.

Elbetde, hemme zenanlar beýle däl, gaty berk prinsipli, diňe dogry ýol bilen ýol almaga niýetli aýal-erkek adamlar bar.

Onsoňam, hemme zat otnositel. Dos-dogry ýoly tapmak kyn. Meselem, zerur bolanda ýalanam sözlemeli bolar. Şerigatda-da aýdylýardy: "Berim-para haram. Almak düýbünden haram. Emma özüňi ýa-da başga bigünäni howpdan ýa zulumdan halas etmek üçin para bermek bolýar". Meselem, sen telekeçi, seni nähak heläk edip barýarlar. Sen günäsiz ýerden gurban bolmalymy - para berip syparsyň. Belki, öz hakly zadyňa eýe bolmak üçinem para berersiň. Emma para berip halal adamlaryň hakyny iýseň, elbetde, haram.

Laçyn bitmän duran işini bitirmek üçin ýalan sözlen bolsa-da jähennem diýeli. Emma ol özüniň endigine eýerip, keýpine ýalan sözläp "goýberdi". Adamsynyň hem muňa tüýi gymyldamady.

Ýa siz Laçyn şu ýerde ömründe birinji gezek ýalan sözledi diýjek bolýaňyzmy?

Umuman, awtor tipi real döredipdir. Bar şeýle tipler, özüňizem bilýärsiňiz.

Ýöne, diýjek bolýanym, beýle-beýle ýalanjyklar onuň keşbine kölege düşürmeýär köpümiz üçin. Göroglynyň "Bular ýalyjak haramjyklaryň bize kär edesi ýok" diýeni ýaly.

Emma uly apatlar şol çigitjiklerden gözbaş alýar-da
avatar
0
21 Ýaran_Ýagmyr_99 • 21:20, 21.12.2023
Menem şony geň gördüm.

Umuman, ökde "kodakçy" bu ýerleşdirmek meselesiniň bir däl, on ýoluny tapardy. Ol suratçy oglan hem problema baryny döredip, öz oturýan ýeriniň abraýyny gaçyrypdyr. Örän ýaş, okuwçy işgärler şeýdýärler, ulurak bolsa beýtmeli däl.

Men bu ugurdan hünärmen däl, ýöne maňa getirip berseler muşakgat ýagdyryp oturmazmykam diýýän :). Programmalar kändir, haýsyny ulanaňda näme?
avatar
0
22 garagar • 23:37, 21.12.2023
Esasan, photoshopda işlenilýär,agam. Ökde dälem kän, edesi gelmeýänem. Yöne, bu işgäriň tejribesi pes bolsa-da, gelen müşderini razy edip goýbermek üçin, wagtyny sarp edýär, diňleýär. Işine ussat we adamlar bilen dogry gürleşip bilýän işgärler (islendik ugurda) barmak basyp sanaýmaly derejede az. Şu ýaşyma çenli şeýle bolup geldi. Käbiri bar özi başarmasa-da, seniňkini ýalňyş edýär. Surat bilen bagly şeýle ýagdaý boldy: 3-4 lik surat çykarmaly boldy (şu 3-4 liklerem elmydama howlukmaç cykardylýar, ýogsa adama gerek iň zerur resminamalarda durýandyr weli) Ilki bilen-ä 10 minuda taýyn bolar diýeni 20 minuda çekdi. Surata düşeniňden soň, gaytmagam birhili görýäň. Özüňem ýat ýerde, ýene nirden gözläp tapjak Kodogy. Ikinji bilenem ýüzümi gyzardyp, elime berdi (öňem ýüzümiziň gyzyly-garasy ýetik). 10 manat üçin däl, giden wagt üçin, garşymdakyň ökdelegi üçin, janyň ýansa-da, etjek zadyň ýok. Gohlaşybam bilýäň, urşubam. Olaram eliňde. Energiýadan başga üýtgeýän zat ýok.
Awtor, gaýta, işine ussat, bir gezekde al, agam- diýip, suraty eline berdiren bolsa, reallykdan daşda bolardy diýýän men-ä. Fotoçylardan ýanyp ýören diňe men dälmikäm diýýän.
avatar
0
23 Мango • 00:00, 22.12.2023
ýalan sözläp görmedikler elini galdyrsyn diýsem.... galdyryljak el tapylarmyka?
eger galdyrsalar ýene bir gezek ýalan sözledikleri bolaýmasa... :-)
avatar
0
24 aygull • 00:59, 22.12.2023
Laçyn pahyr ramkany edaradan alyp gaýdany bilnàymesin diyip, gorkan òñürtilär diýen ýaly aydyp goýberýä dälmi o gùrrùňini?
avatar
0
25 aygull • 01:00, 22.12.2023
Ony Sibire sürgün edäymeli boldy
avatar
0
26 Анонимно • 02:49, 22.12.2023
Edaradan zat alyp gaýtmak gogrulykmy?
avatar
-1
27 Ýaran_Ýagmyr_99 • 08:34, 22.12.2023
Hasapdan öçürilen zatlary alyp gaýtsaň bolýar welin...

"Pikir ekseň edim orarsyň, edim ekseň endik orarsyň, endik ekseň ykbal orarsyň" diýýärler. Ýagny, şu "endik" diýýänje ýeri bar-da.

Ýurdumyzda işleýän käbir firmalar näme üçin ulananlaryndan soň hojalykda ulanyp bolaýjak gowy tagtalary ýörite äkidip ýakýarlar? Ýogsam "Kime gerek bolsa äkidäýsin" diýenleri aňsat dälmi?

Käbir firmalar bolsa naharhanadan galan çörekleri äkudip ýakýarlar? Naharhanada işleýän alyp gitse bir topar sygyr saklap biljek.

Olar ýakyp ýok etmegi maksadalaýyk hasap edýärler. Tejribeden, synagdan soň.

Men-ä şol zatlary millete bermegiň tarapdary.

Ýöne soralsa-soralmasa "Tagtalary gaýynym berdi", "Sygyrlara iými özüm satyn alýan" diýip, adamlary oýnajak bolmasalar bolýar.
avatar
0
28 Анонимно • 08:43, 22.12.2023
Bul-a monjugatdy bolýa. Ikiň birem däl ikisi ýalançyka, şu Ýalançyda, bir jemgyýeti okaýan - intellektual gatlagy bolup, nämän gürrüňini edip otyseeeý.
Gahrymanyň harakterini açmak üçin ulanylan iň möhüm detaly ýazgaryp...
Biz şumy indi?
avatar
0
29 Küle • 08:44, 22.12.2023
Anonimno bolup gitdi. Monjugatdyly mendirin.
avatar
0
30 Ýaran_Ýagmyr_99 • 08:44, 22.12.2023
Ä-laýt, "Otüki Sibire sürgün edenoklar" diýip, höküwmetiň edaralaryny kelläňe geýibermelimi indi? Özüňem gelin adam bolup?...
avatar
0
31 Ýaran_Ýagmyr_99 • 09:02, 22.12.2023
Altyn sözler. "Meni hamala millete gara sürtýän ýaly etmäň. Döwürdeşimiziň real keşbi bolupdyr. Erkek bolsun, aýal bolsun (gepem şonda), üçüň ikisi her adimde keýpine ýalan sözleýär, galan birisi diňe zerurlykda" diýýän menem.

Ikisi bir çarçuwa giripdir, galan dünýäniň garşysyna söweşe başlapdyrlar: "Hüjüm et, al, oljala! Razwedka et, alda, uruşda hemme serişdelere rugsatdyr, esasy - alyp çykmaly, ýeňiş gazanmaly".

Başda adamsynyň Laçyna haýran galandygy, biraz şok bolandygy aýdylýar. Şok geçipdir bu wagta. Şonuň üçinem "Kodakda" aldanyna haýran galanok. Haýranlyk geçipdir, özüne hem şoňa eýeräýmek galypdyr.
avatar
1
32 Kyyas • 09:47, 22.12.2023
Ömrümde bir gezek ýalan sözlesim, galan ýalanlaryma hemme kişi öwrenişdi:))
avatar
0
33 Seýrаn • 09:53, 22.12.2023
Hekayadan lezzet alalynla, o tuki bu profsoyuz diyilse resmiyete bashladynyz. Bu na bolsuh. Srocno elinizden bayraklary alyp, tazeden paylashdyrmaly. Hekaya aydym aydyar, teswirler setdaly kakyar.
avatar
0
34 Мango • 10:04, 22.12.2023
2023-iň bet teswirleriniň biri :-)
avatar
0
35 Ýaran_Ýagmyr_99 • 11:07, 22.12.2023
Tankyt başga ýerlerde "kemçiligini aýtmak", "ýazgarmak", "aýbyny açmak" manylarynda gelse-de, edebiýatda ol "syn bermek, derňemek, seljermek" diýen manyda grlýär. Şonuň üçinem tankyt edýänler hökman eseri dörjeläp, ýalňyşyny görkezip başlarlar diýip garaşmaly däl.

Tankyt (seljerme) üç derejede bolup biler:

1) Çeperçilik (edebi) tankyt. Eseriň eser hökmündäki kämilligi seljerilýär.

2) Publisistik tankyt. Eserde gozgalýan jemgyýetçilik temalary, problemalary, agyryly soraglar, döwri gelen meseleler ara alnyp, seljermä goýulýar. Ýagny häzirki edip oturan zadymyz.

3) Filosofik tankyt. Eserdäki wakanyň filosofik many-mazmuny derňelýär. Käwagt şeýdip ýokardan tutmamyz bar.

Diýeli, bu eser käbir okyjylaryň jany agyrýan ýerinden tutupdyr, beýlekilerem ony alyp göterilipdir, ýagny, kiçijik möçberde "общественный резонанс" döredipdir. Bu Size ýaramandyr. "Esere dolanyp geliň, onuň çeperçiliginiň gürrüňini ediň" diýýärsiňiz.

Eger meniň öz eserim-ä rezonans döredip, gozgan temama degişli ("Laçynyň ýalan sözleýäniniň, kiçijik galplygynyň onuň keşbinden aýrylmazdygy awtor aýtdy) debatlara sebäp bolsa, başga armanymam bolmazdy. Diýmek, meniň gozgan temam (jemgiýetimizde giň ýaýran galplyk) publikanyň agyryly ýerinden tutupdyr, diýmek, durmuşdan üzňe, howaýy erteki däl.

Eger kimdir biriniň eseriň ýazylyşyna degişli bellikleri bar bolsa, bu debatlar şol bellikleriň aýdylmagyna päsgel berenok. Biri-birine nobat bermän gygyrma ýagdaýy ýok.

Men bu barada saýtyň düzgünini, dogrusy, bilemok. Belki, eserden daşlaşmak bolýan däldir. Ýaňy Nurdan başlyk awtordan özür soramak bilen birnäçe gyzykly zatlary aýtdy.

Eger öz pikirimi aýtsam, edebi saýtdan has üzňe bolan uly syýasat, ýaragly konfliktler, din-mezhep dawasy, bagyşlaň, jynsy gatnaşyklar ýaly has delikat temalardan başga islendik meselelere tabo goýmazlyk dogry bolardy. Meselem, Belinskiniň goýan giň meseleleri ýaly. Diňe eserleriň çeperçiliginiň gürrüňini eden bolsa, ol BELINSKIÝ bolmazdy. Jemgyýetiň gaty giň dert-meselelerini gozgapdyr. Jemgyýeti terbiýeläpdir.

Onsoňam awtor. Ol näme diýýär? "Men diňe öz eserim barada eşitmek isleýän, diňe Laçynyň gürrüňini ediň, onuň üýtgeşijek, original galplygy meni gyzyklandyrýar, bärde jemgyýet näme?" diýýäň bolsa, onda jemgyýetiň gürrüňini etmeris. Filosofiýadan asla gürrüň etmeris. Gürrüňi kiçijik çarçuwadan daşary çykarmarys.

Emma bir maşgala çarçuwasynda tutuş milletiň däl, seljerip otursaň bütin älemiň bardygyny bilip goýuň. Söýgi, galplyk, gapma-garşylyk, sazlaşyk, komediýa, pajyga... hemme zat bar.

Bilmeseňem, şol agaç çarçuwa bilen gürrüň gutarýar.

Şu ýerde gutarýar. Emma bu temalar başga ýerlerde dowamyny tapar, eger durmuş gutarmasa. Başga eserlerde, başga teswirlerde, başga saýtlarda.

Bolýar, çeperçilik baradaky teswirleriňize garaşýarys. Nobat sizde!
avatar
2
36 aygull • 11:32, 22.12.2023
Neme, Merdan indiki hekaýada Laçyn ramkany yzyna goýýan edip ýazjak diýýä)))
avatar
0
37 Ýaran_Ýagmyr_99 • 11:53, 22.12.2023
Hekaýada bilemok, durmuşda-da yzyna eltip berse gerek. Ol köne eken diýip, ýerine goýlan sowremennysy bilen çalşyp gaýtmagy mümkin.
avatar
0
38 sussupessimist • 11:56, 22.12.2023
Много шума из ничего diyilyani boldy bu-ya.
Yalan, howwa, gowy zat däl, ylalaşyan. Yöne ähli bela-beterlik, kezzaplyk şuň yaly yalandan başlayar diyilmegi bilen ylalaşamok. Aslynda has kän kişä täsir edyän, yzynda birgiden görgi ya kynçylyk döredyän yalanlar barka, gelniň bu yerdäki gepiň gerdişine görä aydyp göyberyän, hiç kime-de zeper yetirmeyän yalany beyle bir uly problema däl. Oň üçin, dogrudanam, Sibire sürgün edibermeli ya dowzahyň odunda yakybermeli etdiňiz. "Eger şu yerde yalan sözlap bilyän bolsa, başga yerde-de, aydaly, adamsyny-da aldamagy hiç zatça görmez" diymegiñiz bilen ylalaşamok. Birine zeper yetirip biljek yerde yalan sözlemezligi ahmal. Muň bärdäki yalany, ol, häki bir irden işe baraňda, öyüňde giden alada, gaygyň barka, ya saglygyň yaramaz wagty seň bilen salamlaşyp, "Gowmy yagdaylaryňyz?, Gurgunçylykmy?" diylip soralanda adamlara bolşy yaly aytmagyň gereginiň yokdugyna düşünip, "Gowy, Hudaya şükür" diyeniň yaly bir yalan. Onsoň şeydyan adamlara: "Ähä, näme yalan sòzleyäň?!" diyip yakasyndan yapyşan yaly bir zat bu yerdäki bellik, meniň garayşymça.
avatar
0
39 Мango • 12:00, 22.12.2023
Laçynyň burnundan getirdiler-dä...
ramkany yzyna äkitsin,
onam zyňsynlar,
soň laçyn zyňylan ýerinden alyp gaýtsyn öýüne.
ýöne başga fotostudiýa gitsin indiki gezek.
fotoşopy gowja işläp bilýän işgärli studiýa barsyn.
özem soralmasa ramkany nirden alanyny aýtjak bolup ýörmesin.
avatar
0
40 sussupessimist • 12:08, 22.12.2023
Ustesine-de, eserdäki esasy gozgalyan problemadan ünsi sowyar. Yagny, hekayada bir adamyň (surat çykaryançyň) işini oňarmayanlygy üçin, bu àr-ayalyňam başga çarçuwa satyn almaga gurbaty yetmeyani uçin çarçuwa kemis yagdayda sygyşmaga mejbur bolşy barada gürrüň berilyär. Şertiňe görä yaşamak, "sygyşmak", bagtly görünjek bolmak... Şo hakda pikir alşylsady.
avatar
0
41 sussupessimist • 12:13, 22.12.2023
Hekayañ adynda bar belaň körügi – yagny şol «Çarçuwa» dursa has gowy bolardy, bmşp
avatar
0
42 Мango • 12:24, 22.12.2023
bir gezek bir ýaşula (ol keselbetdi pahyr) göwnüni götermek niýeti bilen: pylany aga, tüweleme ýüzüňiz-ä gowlaşypdyr -diýsem, ýüzümi alyp göýberdi: "ýalan sözlemesene..." diýip.

aslynda hakykatdanam iň soňky göremde haly has harapdy, şo gezek gowjalaşan eken. göwni galkynsyn diýip aýdypdym "ýüzüňiz-ä gowlaşypdyr" diýip. olam birhili aýdylyşy ýaly kommunisträkdi-dä, ýüzümi alyp göýberdi "göwnüm üçinem ýalan sözleme" diýip...
avatar
0
43 aygull • 12:43, 22.12.2023
Gaýta, şu ady aydyljak bolunýan zada gowy gabat gelý dälmi,Maksat? "Çarçuwa" diýip goýlan bolsa, onuň materialy we haýsy edaradan alnyp gaýdylandygy-da iş bolardy.
avatar
0
44 sussupessimist • 12:59, 22.12.2023
Hehe, yok, gaytam, meň pikirimçe, "Gõwün sygsa" diyen ady hekayany çarçuwa dykyar
avatar
0
45 garagar • 13:04, 22.12.2023
Teswirleri okap, ýylgyryp otyryn. Janyňyz sag bolsun!
avatar
0
46 aygull • 13:27, 22.12.2023
Men guraýyn, men üýtgedipdim adyny. Ana, öňküsi ýaly edip düzetdim.
Indiki ...
avatar
0
47 Ýaran_Ýagmyr_99 • 13:56, 22.12.2023
BIRINJIDEN,

Hekaýany Siziň düşündirişiňiz dogry bolsa, meniň ýalňyş düşünmegime hekaýanyň kemçiligi sebäpkär bolýar. Dogrudanam, goý, Siziňçe bolsun: tüwmaýak garyp bolmasa-da, häzirlikçe eli ýuka çatynja, durmuş reallygyndan ugur alyp, “ýorgana görä aýak uzadyp”, biri-birine adaptasiýa bolmak üçin “egolaryny” jylawlap, çäklendirip, maşgala höwürtgesini gurmak bilen başagaý. OK, tamam, “милая картинка”. Esasy eriş-argajy: durnukly, sazlaşykly, jebis maşgalany emele getirmek üçin iki tarapam işleýär, bir ekologik nişä sygyşmak üçin özleriniň bir bölegini pida etmäge taýyn. Bu bolsa gadym çarçuwanyň üsti bilen allegorik beýan edilýär. Çarçuwa – simwolika, ol уютный maşgala höwürtgesi diýen ýaly zat, oňa sygyşmak üçin jübütler gyslyşmaly, käbir sygyşmadyk ýerlerini aýyrmaly, gurban etmeli.

Ilkibaşda bu maşgala höwürtgesiniň bina bolşy okujylarda simpatiýa oýarýan sahna, köpüsi munda özlerini görýärler. Çarçuwanyň edaradan alynmagy bu kartina kölege salmaýar, onuň halal ojakdygy, daşky dünýä we jemgyýet bilen sazlaşykly görünýän keşbini üýtgetmeýär. Atasyndan galan baýlygy bolmasa her maşgalanyň hem ilki ýetde-gütde ýaşajagy, köne zatlara kaýyl boljagy normal zat.

Emma bular Laçynyň galp naturasyny ýüze çykarýan, muny adamsynyň hem tebigy ýagdaý hökmünde kabul edýän ýerine çenli. Şu detal, awtoryň aýdyça, gahrymanymyza (Laçyna) organiki mahsus bolan, onuň zandyny görkezýän detal. Muny özi ykrar etdi. Aslynda bolsa hekaýada awtoryň teswirine garalmaýar, ol artykmaç. Hekaýada näme ýazylan bolsa şeýle-de kabul ediler. Ýogsam näme üçin el ýaly hekaýanyň içine gahrymanymyza mahsus bolmadyk, oňa del bolan sözler ýazylar? Nusgawy ýazyjylar däl, öwrenijiler hem beýtmez. Aba serdar baradaky hekaýada oňa “Şu parslar şir ýaly-how. Meň-ä şolary göremde injigim sandyraberdi” diýdirilmez. Şeýle diýen bolsa biz onda batyryň keşbini görüp bilmeris. Şu sözleri bilen ol başga biri bolup gitdi. Elbetde, Sussupessimist aýdyp biler: “Näme-how, peseden pil ýasaýarsyňyz? Hekaýa Aba serdaryň gerçekligi barada. Eserde ol duşmanlary ýeňýär ahyryn. Ojagaz sözüne üns bermäň”. Üns berdirmejek bolsa awtor muny nämä ýazýar? Ýalňyşlyk bilen kopiýa düşen bolmasa, bir zat diýjek bolup ýazýar. Obýektiw alnanda bolsa ol Aba serdary başga keşbe öwürýär. Belki mekirdir, belki bagty getiren ýeňijidir, emma gerçek däl. Garaz, garaşýanymyzdan başga Aba serdar bolup çykýar.

Laçyndyr adamsy hem şol sözi bilen başga bolup çykýarlar. Ol çarçuwa – halal garyp tünek däl, ol jemgyýete garşy duran gala. Olar, aýdyşym ýaly, her gün ýörişe çykyp, aldaw-hileli göreş bilen öz galasyna olja bilen dolanyp gelýän möjekler. Iki adamyň birleşen egoizmi. Biri-birine eglişik edip, jebisleşip, bir güýje öwrülip, jemgyýetden goparyp bilen zatlaryny aňry geçirýärler. Belki, bütin jemgyýet hem şeýledir? Ýagny “adam-adama möjek” diýeni ýaly, olaram çarçuwalara birleşip, öz bähbitleri üçin serişde saýlaman göreşýändirler? Häzirki zaman maşgalasynyň keşbi şeýledir?

Elbetde, durmuşda we jemgyýetde göreş mydama dowam edýär. Jemgyýetde bäsleşik bolaýmaly. Emma iki ýüz ýyl öň ýaşan ata-babalarymyzyň näme kemçiligi bolsa-da şu-ha bolmandyr: aňsatlyk bilen, lezzet bilen ýalan sözlemek. Duşmany aldandyrlar, emma beýdip çypdyryp ýörmek diýen zat olarda bolmandyr. Gaty aýyp hasaplanypdyr.

Mahlasy, bir gahrymanyň keşbi – ýazyjynyň öňündäki ak kagyz. Ony nadan et, wagşy et, mert et, dana et – göz öňüne geler ýaly keşp döret. Aýdaly, 18 asyryň tipiki türkmeniniň keşbini döretjek bolsaň, oňa köp ýakymsyz gylyklary ýöňkäp bilersiň (gyzyny 11 ýaşynda bir ýat oba berip goýberer, soňam ömürboýy göreýin diýmez). Emma ony her gün ýalan sözleýän edip bilmersiň. Eger şeýtseňem “Pylan ýalançy” diýip, ilden çykgynç lakam bermeli bolarsyň.

Emma awtor häzirki zaman gelnini arkaýyn ýalan sözleýän etdi. Tankytçy hem “Ojagaz ýalanyna üns bermäň, bu – normal, hekaýa olaryň garamaýakdygy barada” diýdi.

Üns gaty bereris: eger bu normal bolsa, onda jemgyýet normal däl, ol ýalançylyk bilen kesellän. Eger normal bolmasa, onda bu jübütjik jemgyýete garşy durýan, ikisi sataşyp galan jüwlükler.

Ýa-da olary öz maşgala höwürtgesini gurmak bilen başagaý garyp gumrujyklar etjek bolsaňyzam, onda zyňyp aýryň “gaýyn mirasly” ýalanyny, tüýs ýerine geler, “şujagaz ýeri çok aňlamly, olmasa olmazy” diýip, okyjynyň başyny agyrtmaň.

“Ýazyjy azat” diýmäň, ol nämeden azat bolsa-da durmuş reallygynydan we pikir logikasyndan azat däldir.

Bu, birinji, ikinjem gelýär.
avatar
0
48 aygull • 14:08, 22.12.2023
Ana, adyndan däl eken-ä.
avatar
0
49 sussupessimist • 14:24, 22.12.2023
Hümm, agam, tankyt ya yaňsy hokmunde kabul etme, gòwnüňe degesim gelenok, yone iş-guyç kän, wagt çäkli, (bir dostum aytmyşlayyn) "ölüm – bukuda"... Pikirleriňizi birneme gysgaldyp, gunt düşen yalyrak edip aydaysaňyz, okamak biraz yeňilräk düşerdi, belki, pikirleriňizi aforizm yaly edip gaytalabam yorerdik, internetde paylaşardyk. Hazir bir sahypa syganok welin, paylaşybam bolanok, doklad yazylandyr oytjekler.
Göwnüňize degesim gelenok, haki bir hayyş (elbetde, gulak gabartmanam bilersiňiz).
avatar
0
50 sussupessimist • 14:32, 22.12.2023
Onsoňam, awtor edil meň alan manymy bermegi niyet etmedik bolmagy ahmal. Men şeyle many çykardym, maňa wajyp göründi. Ojagaz yerde yalan sözlemegi - aslynda hiç zat diymayende-de, Laçyndan ol çarçuwany nireden aldyň diyip gyssap oturjak adam yok. Ol haki bir , hiç kime zeper yetirmeyan endigine gòrä aydayyar, sebabi oz yanyndan yoritelap çarçuwa yasatmaga-da gurbunyň yetmeyanliginden kemsinyändir. "Gaynymdan galan yadygarlik" diymeginiň aňyrsynda-da, "bize kabir adamlaryňky yaly gaynyndan, ene-atasyndan uytgeşik bir mirasam galmady" diyen ahmyr bar. Ol çarçuwa spisat edilen, başgalar oň yaly yerden kompyuterem, stol-stulam daşayar, muň alany koneje çarçuwa, şoňa-da muynli...
Laçyn yaly "yalançylar" köpräk bolsun diyjek men-ä, dogrusy...

Soňky sözlemde, elbetde, gaty yòntemleşdirip aytdym, yone namani göz öňüne tutyanyma düşünersiňiz diyip, tama edyàn.
1-50 51-61
avatar

Старая форма входа
Total users: 202