Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:20
Gülki. On bäşinji onluk

GÜLKI. ON BÄŞINJI ONLUK

Ekzameniň öň ýanyndaky gije sagat 3-de professoryň öýünde telefon jyňňyrdaýar. Professor düşeginden çykyp, oýaly-ukuly telefonyň trubkasyny galdyrýar:
-Alýo! Diňleýän!
-Näme ýatyrsyňmy, haýwan?!
-?!
-A, biz bolsa okaýas...

***

Gadymky bir ýurtda, gadym-gadym şäherde, gadymdan galan bir öýüň gadymky otagynda, gadymdan galan kerepleriň arasynda, gadym zamanlardan galan süňk otyrmyş. Onuň öňünde bolsa monitor. Monitorda bolşa şeýle ýazgy barmyş: “Windows is now loading. Please wait!”

***

Polisiýa bir ogryny kowalaýamyş. Ogry hem ondan gaçyp, 16-njy etažyň ýokarsyna çykýar. Polisiýa hem onuň yzy bilen ýokaryk çykýar. Ogry aljyrap özüni 16-njy etaždan oklaýar. Ogry asmanda gaýyp gelýärkä uly gykylyk edip gygyrýamyş:
-Heý, adamlar, tutuň ogryny! Men ogry! Tutuň meni, sypdyrmaň!

***

Saňa $ gerekmi? Gaty kän gerekmi? Ondan aňsat zat ýok, klawiaturaňyzyň „Shift“ düwmesi bilen 4-ligi basyň. Näçe $ gerek bolsa şonça-da basyň.

***

Kompýuterde işletmek üçin firma özüne täze işgär alýarmyş.
Işe ýerleşmäge üç sany adam gelýär. Üçden birini saýlamaly bolýarlar. Olary çagyryp söhbetdeşlik geçirýärler. Birinjiden soraýalar:
- Siz internetde wejera sahypalara girýäňizmi?
- Ýok, giremok
- Siz boş, gidip bilersiňiz.
Ol çykyp gidýär. Işe girmekçi bolýan ikinji adamdan hem şol sorag soralýar:
- Siz internetde wejera sahypalara girýäňizmi?
- Howwa, girýan.
- Siz hem boş, gidip bilersiňiz.
Iň soňky işe girmäge gelenden hem şol sorag soralýar:
- Siz internetde wejera sahypalara girýäňizmi?
-Internet diýýäniň näme...?
-Dokumentleriňizi berip bilersiňiz. Sizi işe alýas.

***

Ependi sportsmen ogluna käýýäýär:
-Oglum, eger-de sen kitap okaman, diňe nahar iýseň we sport bilen köp meşgullansaň, onda sen ullakan we samsyk bolup ýetişersiň. Onsaň seň yzyňdan kiçijik ýaşyl adamlar gelerler-de seni özleri bilen alyp giderler… harby komissarlyga! Düşündiňmi?!

***

Ependiniň ogly çaga wagty sanjymdan (ukoldan) gorkýardy. Ol indi ulalaly bäri sanjymdan gorkmaýar, hat-da sanjymsyz bir günem ýaşap bilenok.

***

-Ýatda sakla oglum, durmuşda hemme zat ýümruk bilen düzedilýän däldir. Şonuň üçin käwagt eliňe taýak alsaňam bolar.

***

-Aýlykdan-aýlyga nädip ýaşaýaň? Kyn dälmi?
-Ýok, kyn däl. Eýdip-beýdip ýaşaýan, ýöne soňky ýigrimi ýedi gün kynrak geçýär...

***

Programmist gark bolýamyş we kömege çagyrýamyş:
-F1, F1, F1...

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul15.htm
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 151 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 3.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 17:25, 20.10.2023
käbir anekdotlar könelişen ýaly...

"tutuň ogruny, tutuň..." diýip gygyrýan ogryly anekdot güldürdi... :-)
avatar
0
2 Garlawac • 14:17, 21.10.2023
Gülmejek bolsaňam ýakaňdan tutup güllürtjek.
avatar
0
3 Küle • 17:10, 02.03.2024
Ýekejesem ýylgyrdybam bilmedi. Ýitiren wagtyma gynandym.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202