01:21 Eljernon üçin güller / 4 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 4 (dowamy) 26 mart. Bu zat meni uzak gije ýatmaga goýmasa gündizleri nädip işläýin. Ýarygije oýandym soňam ýatyp bilmedim sewäwi o durman ýatla ýatla ýatla diýip gaýtalaýady. Bir zatlar ýadyma düşdi öýdýän. Anyk bilemok ýöne o Kinnian hanym hemem okamagy ögrenýän mekdebim barada. Hemem o ýerik nädip düşüşim barada. Bir wagtlar Jo Karpdan nädip okamagy öwrenenni we menem öwrenip bilerinmi diýip soradym. Elmydam gülkünş zat aýdamda gülüşi ýaly ol hahahaýlap güllü hemem wagt ýitirip nätjekdiň Çarli ýok beýnini nädip ýerinne oturtjak diýdi. Ýöne Fanni Birden aýdanlammy eşdipdir hemem koleždäki talyp agasynnan soroşdyryp maňa Bekman koležine degişli yzagalak uly okuwşylaryň mekdewiniň badygny aýtdy. Ony kagyza ýazyp berdi Frank bolsa seret köne doslaňňy unutjak derejede bilimli bolaýmagyn diýip güllü. Gorkma diýdim okomogy ýazmagy ögrönsömem men köne doslammy taşlaman. Olam Jo Karpam güllüler ýöne Jimpi gelip çörökleri goýmaly wagt bolly diýdi. Olaň hemmesi meni gowwörýä. Işden soň mekdewe çenli 6 kwartal ýöredim hemem biraz gorkdum. Okamagy şeýlewir ögrönösim gelýädi hemem ögrönen badyma derrew okar ýaly gazýedem allym. O ýere baramda o ýer ullakan zal hemem gaty kän adam bady. Kimdir wirine nämedir bir aýtmasyz zat aýdaýmaýyn diýip gorkup yzyma gaýtjak bollum ýöne gaýtmadym. Birnäçe kişiden galanlaryň hemmesi gidýänçä garaşdym we bir aýaldan okamagy ögrönüp bilerinmi diýip soradym sewäwi men bärdäki zatlaň hemmesini okasym gelýä diýip gazýeti görközzüm. Ol aýal Kinnian hanymdy ýöne o wagt men ony bilemokdym. Eger ertir gelip ýazylsaň men saňa okomagy ögrödörün diýdi. Ýöne muň üçin gaty kän wagt öwrönmögüň üçin belki ýyllaryň gerek boljagny bilmegiň gerek diýdi. Ony bilemokdym ýöne iňsoňy ögrönmek isleýän sewäwi köplönç okap bilýänsirän wolýadym ýöne bu çyn dälli hem beter ögrenesim gelýä diýdim. Ol elimi gyssy tanşanma şat boldum mister Gordon diýdi. Men seň mollymyň. Adym Kinnian hanym. Ine şeýtdirip mekdewe wardym hemem şeýtdirip Kinnian hanymmilen duşuşdum. Pikirlenmek hem ýadyma düşürmek agyr gelýä hemem uklamam kynlaşdy. Telewiziriň sesem gaty çykýa. 27 mart. Inni düýş görýänim hemem her dürli wakalary ýatlaýanym üçün prafesyr Nemur meň dogtor Ştrawus bilen tirapewtik sianslara gitmegim gerekdigni aýtdy. Haçanna özüňi erwet duýaňda sen gürleşýäň soňam saňa gowwolýa ana şoňa tirapewtik seans diýilýä diýdi. Özümü erwet duýamok onsuzam uzak gün köp gepleýän onno näme üçin tirapiýa gitmeli diýdim olam iň soňy gitmeli diýip gaharlanny. Tirapiýada men kuşetkada ýatdym dogtor Ştrawusam ýanymda oturdy hemem Çarli islän zadyňy gepläwer diýdi. Epesli wagtlap dymdym sewäwi hyýalyma hişzat gelmedi. Soň çörek bişirilýän ýer hemem o ýerde nämeler edilýänni aýdyp berdim. Oň kabinetine gidip uzanyp ýatmagy bidereklik hasaplaýan çünki men hasabat ýazýan ahyryn olam ony okap bilýä. Şoň üçin büwün oňa hasabatymy berdimde belki muny okarsyň menem biraz kuşetkada uklaýyn diýdim. Men gaty ýadaw o nälet siňen telewizir meni ýatyranok ýöne o ýok beýtsek bolmoz diýdi. Geplemeli diýdi. Men başladymam ýöne ýarsyna ýetemde uklap galypdyryn. 28 mart. Kelläm agyrýä. Buwezek telewizirden däl. Dogtor Ştrawus ýatyp bilerim ýaly oň sesini nädip peseltmelligni görközzü. Ýatan wagtym nämäni ögrenenmi bilmek üçin ir bilen bulary birnäçe gezek diňledim. Hemme sözlörne düşünmedimem. Belki o başga dildir ýa başga zat. Emma welin amerikança meňzeýä. Ýönö ol çalt gepleýä. Ukymda akylly bolanymyň nämesi gowy men günnüzüne akylly bolasym gelýä ahyry diýip dogtor Ştrawusdan soradym. Olam bu şowir zat diýdi hemem beýnimiň ikidigini aýtdy. AŇ bar hemem AŇASTY bar olaň ýazylyşy şeýle hemem biri beýlekisine näme edýänni aýdanok. Olar birwiri bilen gepleşmeýäler. Şoňçün men düýş görýän. Eý hudaý aklasygmajak düýşler görýän. Uf. Hemmesi şo telewizirden. Dogtor Ştrausdan iki beýni diňe mennemi ýa herkimdede bamy diýip soramagy ýatdan çykarypdyryn. (Bu sözi dogtor Ştrausyň maňa beren sözlügünnen seredip gördüm. Aňasty – beýin işjeňligine degişli, ýöne aňyň özünde ýok, meselem, isleg-arzuwlaryň aňasty gapma-garşylygy.). Ýene başga zatlaram ýazylan ýönö manysy näme bilemok. Meň ýaly akmak adamlar üçün bu gaty gowy sözlük däl. Agşamky şagalaňdan kelläm ýarylyp gelýä. Jo Karp bilen Frank Reýli meni işden soň Hallorans meýhanasyna içmäge çagyrdylar. Wiski içmegi halamok ýöne hezil edip şatlanarys diýdiler. Maňa hezil bolly. Oýun oýnadyk bar stolunyň üstüne çykyp tans etdim kellämdede lampaň abažury hemmelerem gülýäler. Soňam Jo Karp elime esgi tutdyryp çörekhanada tuwalet ýuwuşyňy gyzlara görközsene diýdi. Menem olara görközzüm hemem jenap Donneriň özüne duşanlaň arasynna maňa sen iň gowy tämizlikçi diýenni sewäwi men öz işimi göwwörýänimi hişhaçanam gijä galmaýanymy diňe aperasýada gelip bilmänimi aýdamda hemmeler hahahaýlap gülüşdüler. Kinnian hanymyň Çarli sen özüňe buýsan sewäwi gowy işleýäň diýennem aýtdym. Ýene hemmeler güllüler. Frenk şeý diýdi Çarliň daşynda pyrlanýan bolsa Kinnian hanym aklynnan azaşan bolmaly. Jo bolsa Çarli sen ony gujagňa gysdyňmy diýdi. Näme diýýänine düşünemok diýdim. Meni ýene içirdiler a Jo bolsa artyk düşse Çarli güllürip içimizi gyrýar diýdi. Göwnüme bolmasa olar meni halaýa. Haçan men iň gowy doslam Jo Karp bilen Frenk Reýli ýaly akylly bolarkam. Şagalaň nähili gutaranny bilemok ýöne olar çüňke çenli gidip ýagşyň ýagyp ýagmaýanny barlap gelmegmi haýyş etdiler. Dolanyp gelemde hiç kim ýokdy. Meni gözlemäge gidennirler. Howa garalýança menem olary gözledim. Men azaşdym hemem özüme gaharlannym sewäwi jedelem ederin Eljernon bu ýerlerden ýüz gezek geçer ýöne meň ýaly azaşmazdy. Yzy ýadyma düşenok ýöne Flinn hanym meni sypaýy bir polisiň getirenini aýtdy. Gije ejem bilen kakam düýşüme girdi ýöne ýüzüni görüp bilmedim ap akdy hemem bulanykdy. Men ullakan dükanyň içinde olary tapyp bilmän aglaýadym hemem tekjeleň ugry bilen ylgaýadym. Soň bir adam gelip meni gyralary oturguşly ullakan otaga getirdi sorulýan top süýji berdi hemem ullakan owlanlar aglamaly däl sewäwi ejeňem kakaňam bahym gelip seni taparlar diýdi. Şeýle düýş gördüm kellämem agyrýa çişen ýerem bar hemem endam janym gök ala. Jo belki togalanyp ýykylansyň ýada polis ýenjennir diýýä ýöne beýle bolannyr öýdömok. Gaýdyp wiski içmerin. Hiç haçan. (dowamy) © Daniel KIZ Terjime © MANGO ----- Eljernon üçin güller / 1 Eljernon üçin güller / 2 Eljernon üçin güller / 3 | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |