Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:31
Gyş gelýär

Gyş gelýär

Gyş gelýär
Peşgeş gelýär adamlar!
Gamhanalañ açyp goýuñ gapysyn!
Dolmaz derýa içre geçip gelýär ol
Arzuwçyl gyz bolup uçup gelýär ol,
Görüñ, howsalaly günlerden sypan,
Şuwlaýan ýellerden rahatlyk tapan
Umythanalaryñ gapysyn kakan
Bir gadyrdan myhman bolup gelýär ol.

Töre geç arzylap söýen möwsümüm!
Sen gelip kineler ýiteñkirledi.
Şineläp başlady ýaşlygym ýene
Çynkyrlady düýşe ýakyn hyýallar
Görle, ýürek hasrata ýüz bermedi.

Çägin aýryp zyñdym dost-duşmanlygyñ
Bu gün barça Salam bermek isleýän.
Gyş bolup,peşgeş bolup,
Täzeden dogluş bolup
Adamlara guçak germek isleýän.

Bölümler: Goşgular | Görülen: 60 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203