02:24 "Gyzyň bar täsin ýürekli..." | |
Bu gün ele galam alyp, Ýazdym men adyňy, käbäm! Çagyrma entek ýanyňa, Bu durmuşdan ýok hiç kinäm. Şahyr eden zat yşk ýaly, Sözlerim, mährim müşk ýaly, Üstümde öý bar -- köşk ýaly, Täze boldy gitdi könäm. Göterdim ýürekde agyr daş, Şaýatdyr muňa galam gaş: Dökmedim gözden ganly ýaş, Sökülse-de onki synam. Diýýän bar:"Ýürege düşýäň!", Duýýan, sen kä ýere düşýäň, Ýadyma diňe sen düşýäň, Bir boýçy görkezse käsäm. Ýerin bilip, bolamok sem, Bar zat gowy, diňe sen kem, Bilýän, dileg edýänsiň sen, Boşanok, galňaýar kisäm. ...Şükür, ol köpe gerekli, Gollary goşa kürekli, Gyzyň bar täsin ýürekli, Hemmelerden eziz käbäm! Dolmaz hiç wagt sabyr käsäm. © Ogultäç ORAZTAGANOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |