Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:57
"Ykbalymda düşlän ynsan" oýlanmalar toplumyndan
"YKBALYMDA DÜŞLÄN YNSAN"

Oýlanmalar toplumyndan

Asyl meň maksadymy sorasaň-a, seni seniň islegiň üçin unutmaga çalyşýandan men. Ýöne bolaýanok. Ýogsa käteler ýoluň aňry ýanyndan ýöräp barýan çagyň seni görmezlige salybam görýän. Pete-pete gabat gelen wagtymyz, özümden öňürdip pikir ýa-da söz gataýsaň, eşitmedige meňzäbem görýän. Uzaga gitmäýin. Ine, şu günjük hem okuwa barýarkam, seniň awtobusa münüp, gabat garşymda duranyňy tä duralgada düşüp gabatlaşýançak bilmedikden boldum. Ýogsam, şol awtobusyň içinde men bardym. Bahanam hem gözümiň görşüniň biraz ugrunyň ýoklugy. Äýnek dakynýanyma we daş aralykdan bulaşygrak görýänime esaslansam-a, özümi aklabam bilerdim. Wahh-h, emma bu ýagdaýlaryň peýdasy ýok. Başarmajagyma tutsam, nätsemem başarmaýanymy boýnuma alýan käteler. Seni unutmagy başarmaýan, has anyg-a başarmagy islemeýän kişiden bolup ýaşanymy welin aýdaýyn saňa. Gözümi ýumamda-da, soňsuz älem mysaly yş ýok garaňkylykda-da seni görýänimem aýdaýyn. Onsoň nädip unutmaly men. Ýok, unutmaly diýmäýin-le, nädip unutmaga çalyşmaly. Ýolda-yzda saňa gabat gelýänime dünýäniň bagtyny bir ýana goýup begenýänimi, sosial saýtlarda tanyşlaryň bilen paýlaşýan wakajyklaryň içinden maňa degişlisini gözläp, öz ýanymdan unutmagy islemän ýatlamagy dowam edýänimi bilmeli, oýlanyp ölçermeli sen. Özüm-ä özüm welin, görüp otursaň senem meni unutmagy başarmarsyň ýöne. Birhili şeýle boljagyny ýüregim syzyp dur hemişe. Içgin synlasana käbir zatlary. Biziň göwünlerimiziň göwündeşligi bar ýaly dälmi näme?! Özümi şuny duýup ýaşaýan hökmünde duýýan. Başarsaň-a senem şeýt. Bolmanda meniň üçin synanyş. Ahyrynda başarmasaňam, göwnüm galmaz senden.
Birnäçe aý mundan ozal seni unutmagy başaranymy göz öňüme getirip, şol pursady hyýalymda aýlap bir goşgy ýazdym. Okamagyň üçin saňa-da ýollapdym. Belki... Ýöne häli-häzirem şol goşgymy okap birhili darygýan. Seni büs-bütin unutmagyň nähili agyrdygyny ýazyp bilenime geňem galýan. Goşgy ýazamdaky ahwalym-a aýdybam durjak däl. Edil şu ýagdaýyň bolmazlygyny isläp, saňa ýene-de bir gezek iberýän şol şygrymy. Okap gör, megerem, senem bu islegiňi goýbolsun edersiň.
Sen meň goşgy ýazýanymy,
Kä çyzyp, kä pozýanymy,
Derdimi sözleň üstüne,
Atyp, käte oňýanymy.
Hem ýüregmiň damaryny,
Galam edip ýonýanymy.
Soňam boşap-boşap, göýä
Heýkel bolup doňýanymy.
Essimden gidip bir zaman,
Gury sana dönýänimi,
Synla, geň görmän.

Dünýäň ol ujun gören dek,
Çar ýanym bekleýänimi.
Seň adyňy salyp şygra,
Kalbyma sepleýänimi.
Şeýdip, şol duýgyň güýjünden,
Gün geçip, hepdelänini.
Onsoň ýene galam-kagyz,
Men bolup gepleýänini.
Sözlermiň, pikirlerimiň,
Aýtman garradan yşgymyň,
Bu gün seň başyňa düşüp,
Men bolup gitmeýänini,
Synlaryn, geň görmän.

Şeýdip, ýyllar öýkelänsoň,
Duşsak köçede ýa bagda,
Dilmiň diýen etmänini.
Söýgi, umyt, özüm hakda,
Ýeke sözem atmanyny.
Seňem bir ýygryp egniňi,
Çytyp sarygylt gaşyňy,
Görmän bolup bakmanyňy.
(Hem şu wagt ýeke ýalňyşyň,
Içimizi ýakýanyny).
Berç tutup giden ahmyryň,
Gözümizden akýanyny,
Gizläp gidip barýanmyzy,
Geň görüp synlaýar iller...


© Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 107 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Medicall • 23:23, 21.05.2023
Tüweleme, suraty goýup öwrenipsiñiz:)

Oýlanmany okap bolup barýarkam: "Sary sözüni agzamandyr" diýdimem öñümden "sarymtyl" çykaýdy:) azajyk goýalýa bolmaly öz-ä ol saryñam:) "sarymtyl" bolupdyr:)

Gowy oylanma bolupdyr, goşgam gowy, üstünlikler jigim!
avatar
0
2 Мango • 13:00, 22.05.2023
saralan ýeri şö:rümi?

Çytyp sarygylt gaşyňy...

sarygylt - sargylt
avatar
0
3 Medicall • 13:02, 22.05.2023
hawa))
avatar

Старая форма входа
Total users: 202