02:52 Hüwdi | |
HÜWDI Alyslarda bir şöhle bar... Ýylysy kalbyma ýetýär. Bir el sypaýar başymy, Göni ýüregme seredýär Ýyldyz deý parlaýan göreç Diýýär maňa: «Bar zat öňde, Ruhdan düşme! Göreş! Göreş!» Alyslarda bir sudur bar... Özem maňa meňzeş örän. Ondan gulagma ses gelýär — Meger, bir meň üçin dörän Owazmy... Mukammy ýa-da... Ondan aýňalmankam häli Ýagtylyp gidýär bir ýoda — Çagyrýar şol taýa bir gol: «Ýol oglusyň, Sen ýolda bol!». Garalyp semanyň meňzi, Göhi gelende bulutlaň, Men bilýän, şol şöhle, şol ses, şol sudur meni unutmaz. Duýulsa perişan halym, Aýaga galarlar zowwa... Hem ýellerden geler seda: «Huwwa, balam! Huwwa! Huwwa!» Alyslarda bir ene bar... 28.03.24 Mukam MUHAMOW | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |