Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:07
Iň soňky ýaprak

IŇ SOŇKY ÝAPRAK

Waşington skweriň demirgazyk böleginde köçeler biri-birine garyşyp, çolaşyp geçelegeler diýlip at berilýän gysgajyk zolaklara öwrülip gidýärdiler. Bu geçelgeleriň täsin burçlary, öwrümleri bar. Hatda ol köçeleriň biri özüni iki gezek kesip geçýär. Bir suratkeş bu köçäniň gymmatly bir häsiýetini hem açdy. Aýdaly, dükandan nesýe alynan reňkdir kagyz we holst üçin hasaplaşmak niýeti bilen eli hasap kagyzly barýan hasapçy bir köpügem alyp bilmän jübüsi boş gelýän özüne pete-pet gelýär.

Sýü bilen Jonsiniň studiýasy hem üç gatly kerpiç jaýyň iň ýokarky gatynda ýerleşýärdi. Jonsi Joannanyň gysgaldylan görnüşidi. Bu gyzlaryň biri Meýn ştatyndan beýlekisi Kaliforniýadan gelipdiler. Olar Sekizinji köçedäki bir restoranjykda tanyşypdylar. Olaryň sungata, işdäçara, ýoň bolan ýeňlere garaýyşlary gyşarnyksyz deň gelipdi. Netijede olaryň umumy studiýasy döräpdi.

Bu bahar aýy bolupdy. Güýz bolsa lukmanlaryň Pnewmoniýa diýip at berýän hyýrsyz gelmişegi ol öýden ol öýe gezip ýörşüne, kä oňa, kä beýleki birine buz ýaly barmaklaryny degirýärdi. Bu ganhor Gündogar tarapda arkaýyn ýaýnap onlarça biçäräni ýykan bolsa, bu darajyk, öwrümli köçelerde has hem mytdyllap öý sypdyranokdy.

Jenap Pnewmoniýa edepli garry jentlmen diýer ýaly däldi. Dynnym ýaljak, ysgynsyzja gyzy nädip demi gysmaly, mähnet gyrmyzy ýumrukly garra mynasyp garşydaş hasaplajak. Emma ol gyzy düşeginden galdyrmady. Jonsi reňklenen demir krowatda gymyldaman ýatyşyna penjireden görünýän garşydaky jaýyň kerpiç diwaryna serdýärdi.

Bir gün irden aladaly lukman çalaran gür gaşlary bilen yşarat edip Sýuny dälize çagyrdy. Ol elindäki termometriň simabyny aşak silkip durşuna:

- Onuň dokuza garşy ýekeje tamasy bar, ol hem eger onuň özi ýaşamak islän ýagdaýynda. Eger hassa gabr gazyjynyň peýdasyna hereket edip başlasa biziň däri-dermanlarymyzyň peýdasy bir aşyk. Siziň eýjejik joraňyz indi sagalaryn öýtmeýär. Ol nämäň pikirini edýär?

- Ol Neopolitan aýlagynyň suratyny reňklerbilen çekmek isleýärdi.

- Reňkler? Biderek zat! Onuň göwnünde şeýle bir ýürekden pikirini edeniňe degýän zat ýokmudy? Mysal üçin erkekler?

Sýu: - Erkekler? – diýip gaýtadan soranda sesi dilli tüýdügiň sesi ýaly çasly çykdy. – Hakykatdanam erkekler şoňa degýärmi... Ýok, lukman, onuň ýaly zat ýok.

- Onda ol ysgynsylykdan oýa batýandyr.Men ylmyň wekili hökmünde elimden geleniniň baryny ederin. Ýöne meniň hassam gölegçileriň sanyny sanap başlasa, dermanlarym ýarty güýjüni ýitirdi diýip hasaplaryn. Ýöne eger siz ony bolmanda ýekeje gezek „Şuýyl gyş nähili biçüwdäki ýeňler ýoň bolarka?“ diýip soradyp bilseňiz, onda onuň garşysyna ýekeje däl-de, bäşiň garşysyna bir tamasy bolar. Men muny size söz berýän.

Şeý diýdi-de lukman çykyp gitdi. Sýu bolsa ussahanasyna ylgap bardy-da ýapon elýaglygy myžžyk bolýança aglady. Soň gözýaşlaryny gowy süpürip, Jonsiniň ýatan otagyna bir kelpeňje aýdymyň heňine sykylyklan bolup dogumly ädimler bilen girdi. Penjirä bakyp ýatan Jonsiniň ejizje göwresi ýorgançaň aşagynda çala bildirýärdi. Sýu Jonsi ýatandyr öýdüp sykylygyny tapba kesdi-de žurnala niýetlenip ýazylan bir hkaýany bezemek üçin tuş bilen surat çekmäge oturdy. Ýaş suratkeşleriň sungata barýan ýoly, ýaňy başlan kyssaçylaryň edebiýata tarap gurýan köprüleri bolan žurnal hekaýalarynyň bezegi üçin çekilen suratlar bilen düşelendir.

Hekaýa üçin özüne gelşip duran jalbarly, gözi minoklly, Aýdahodan bir kowboýyň suratyny çekip oturan Sýu yzly-yzyna gaýtalanan pyşyrdy eşitdi. Ol haýdap krowadyň ýanyna geldi. Jonsi giň açylan gözlerini penjirä dikip, tersine sanaýardy.

- On iki – diýip pyşyrdan jorasyaz salymdan: - on bir - diýdi. Soň: „on“, „dokuz“ diýdi-de, ara maý salman diýen ýaly „sekiz“, „ýedi“ diýip pyşyrdady.

Sýu penjirä seretdi. O ýerde sanara näme bar? Boş ýürekgysgynç howly, ýigrimi ädim alkymda-da goňşy jaýyň tutuş örülen kerpiç diwary. Garran, şeýle bir garran, daragtynyň köke golaý ýerleri çüýräp başlan plýuş diwaryň ýarsyna çenli çyrmaşypdyr. Güýzüň sowuk demi onuň ýpraklaryny tändirýär. Ýapraksyz ýalaňaç galan baldaklar gyralary owranan kerpiçlere ýapyşyp, olardan dalda isleýär.

- O ýerde näme bar, eýjejik joram?

Jonsi ýuwaşja – Alty. Olar has çalt azalýarlar. Üç gün öň olar ýüze golaý bardy. Sanamakdan başym aýlanyp gidýärdi. Indi aňsat. Hon-ha, ýene biri tändi. Bary-ýogy bäşisi galdy.

- Nämäň bäşisi? Öz Sýudiňe aýdaý.

- Plýuşyň ýapraklary. Iň soňky ýaprak şahasyndan tänende menem ölerin. Men muny üç gün bäri bilýän. Saňa lukman aýtmadymy näme?

- Beýle biderek gürrüňi birinji gezek eşidýän. Garry plýuşyň ýapraklarynyň seniň sagalyp gitmegiňe näme dahyly bolsun? Özüň bolsa o plýuşy nähili gowy görýärdiň, bedroýja gyz!
Samsyk bolma. Maňa şu günjük lukman seň bahym sagaljakdygyňy aýtdy. Özem nähili aýtdy diýsene,sende gutulmaga dokuzyň garşysyna bir tama bar diýdi. Bu Hýu-Ýorkda her birimize düşýän paýdan az däl. Myal üçin, tramwaýda ýa-da täze salynýan jaýyň deňindan geçip barýarkaň kimiň diri galmak umydy ondan bire düşenok?! Sen gowsy çorbadan bir azajyk içjek bol hemem öz Sýudiňe şu suraty tamamlamaga maý ber. Men uny redaktora ýelmäp bilsem, puluna hassa joram üçin çakyr, özüme-de kotlet alaryn.

Jonsi penjireden gözüniaýyrman ýatyşyna:
- Maňa çakyr almak gerek bolmaz. Hon-ha ýene bir ýaprak aşaklygyna gaýyp gitdi. Çorba-da içesim gelenok. Diýmek,dörtsanjagy galdy. Meň iň soňky ýapragyň gaçyşyny göresim gelýär. Şonda menem ölerin.

- Gadyrdanym, Jonsi, tä men işimi tamamlaýançam penjirä seretmejegiňe, gözüňi ýumup ýatjakdygyňa söz ber. Men suratymy ertir tabşyrmaly. Penjiräň tutusyny goýbererdim welin, maňa ýagty gerek.

- Sen suratyňy başga otagda çekip bileňokmy?

Jonsiniň bu sowuk sowalyna Sýu ýüreginden syzdyryp: - Meň seň ýanyňda oturasym gelýär diýdi. – Üstesine-deseň ol dereksiz ýapraklara diňkäňi dikip ýatmagyňy islämok.

Ýykylan ak heýkele meňzeýän, ýüzüniň reňki solup, herketsiz ýatan Jonsi gözlerini ýumup: - Işiňi gutaraňsoň aýtgyn, meň iň soňky ýapyragyň tänişini göresim gelýär. Garaşmakdan ýadadym. Oýlanmakdan irdim. Meni saklaýan ähli zatdan azat bolup, şu ýadaw, biçäre ýapraklaryň biri ýaly uçasym, uçasym, gitdigiçe aşak, aşak gaýasym gelýär – diýdi.

- Uklajak bol. Men Bermany çagyrmaga gitjek. Altyn gözleýji terkidünýäni şoňa seredip çekjek. Elensem ýekeje minut eglenerin, gelýänçäm gymyldama.

Goja Berman olaryň studiýasynyň aşak ýanyndaky gatda ýaşaýan suratkeşdi. Altmyşdan agan bu garrynyň edil Moiseý Mikelanjelonyňky ýaly buýra-buýra sakgaly satiriň başyndan gnomuň göýdük göwresine dökülip durdy. Sungatda Bermanyňky şowuna däldi. Ol üýtgeşik naýbaşy eseri çekjek bolup ýörse-de,ony henizbaşlamandam. Indi ol nije ýyldan bäri gün-güzerany üçin bolgusyz ýazgylardyr, haýsydyr bir harydy mahabatlandyrýan çyrşamalrdan başga hiç zat çekenokdy. Munuň daşyndan hem ýörite naturaçylara puly ýetmeýän ýaş suratkeşlere naturada durup bäş şaýy gazanýardy. Ol galman içgi içýärdi, emma şonda-da çekjek haýran galdyryjy eseri barada gürleýärdi. Galan tarapdan bolsa ol gyňyr – näziksiremekligiň üstünden gülýän, özüni iki sany ýaş suratkeş gyzy goramak üçin ýörite goýlan garry köpek hasaplaýan gojady.

Sýu Bermany arça miwesiniň ysy aňkap duran aşaky gatyň alagaraňky otagyndan tapdy. Otagyň bir burçynda ýigrimi bäş ýyl bäri el degirilmeýän arassa holst aňyrbaş eseriň ilkinji çyzgylaryna garaşyp, molberte berkidilgi durdy. Sýu goja Jonsiniň göwnüne getirýän toslamasy we ýaprak ýaly ýeňiljek hem näzijek jorasynyň bu dünýe bilen baglanşygy kesilse uçup ötägitmesinden özüniň hem gorkýandygy barada gürrüň berdi. Gyzyl gözlerine ýaş aýlanan goja Berman tentek toslamalaryň üstünden gülüp, galmagal baryny etdi.

- Näme! Şeýle-de bir akmaklyk bolarmy?! Nälet siňen plýuşyň ýapragy dökülýä diýibem ölüp oturyberilermi? Birinji gezek eşidýän. Ýok siziň paňkelle terkidünýäňiziň keşbinde durmak islämok. Siz nädip oňa beýle bolgusyz zatlara aňyny aldyrmagyna ýol berýäňiz? Wah, pukara, eýjejik Jonsi!

Sýu: - Ol juda hassa hem ejiz, şonuň üçinem onuň kellesine her hili erbet hyýllar gelýär. Siz maňa suratymy tamamlamagyma kömek edesiňiz gelmese, halanyňyzy ediň. Näme diýseňizem siz ýaňra hem myrtar garry – diýdi.

- Tüýs aýal-da. Kim saňa kömekleşjek däl diýdi. Gyzyl gözleýji terkidünýäň keşbinde durmaly bolsam duraýaryn, ýöne ýarym sagatdan köp däl. Ýör, ýör hany. Ýa Ýaradan! Şu ýeri Jonsi ýaly gowy gyzyň keselläp ýatjak ýerimi. Haçan hem bolsa bir gün aklyňyzy haýran etjek eserimi ýazaryn, onsoň barymyz bu ýerden gideris. Hawa, hawa.

Haçan olar ýokrky gata galanlarynda Jonsi irkilipdi. Sýu penjiräň tutusyny doly goýberip, Bermana goňşy otaga geçmegi ümledi. Olar goňşy otagyň penjiresinden garry plýuşa gorky bilen seretdiler. Soňam seslerini çykarman biri-birleriniň ýüzüne seredişdiler. Daşarda sowuk hem irginsiz gar gatyşykly ýagyş ýagýardy. Berman köne gök köýnekli terkidünýäniň keşbinde gaýaň daşynyň ýerine düňderlen ullakan kitriniň üstünde oturdy. Sýu oňa seredip suratyny çekmäge başlady.

Ertesi gün Sýu az wagtlyk ukusyndan oýananda Jonsiniň nury öçen gözlerini penjiräň galyň, ýaşyl tutusyndan aýyrman ýatanyny gördi.

Ol: - Tutyny galdyr,meň göresim gelýär – diýip pyşyrdady. Sýu onuň emrine göwünsiz boýun boldy.

Näme görendir öýdýäňiz? Uzak gije çagbalap ýagan ýagyşdan, dynman ösen çapgyn şemaldan soň kerpiç diwaryň ýüzünde plýuşyň keje ýapragy – iň soňky ýaprak görünýärdi. Entek baldajygynyň düýbi goýy ýaşyl öwsýän, emma gyralary gurap saralyp ugran ýeke ýaprak şahada, ýerden ýigrimi funt ýoarda özüni merdem saklaýardy. Jonsi ysgynsyz seslendi:

- Ol iň soňky. Men ol gije hökman täner diýip pikir edipdim. Şemalyň şuwwuldysyny eşitdim. Ol şu gün şahadan üzüler, menem olerin.

Sýu başyny onuň ýassygyna egip ýalbardy:
- Hudaýy ýatlasana! Eger özüň hakda oýlanmaýan bolsaň, meň ýagdaýymy göz öňüňe getir ahyryn. Men sensiz näderin?!

Ýöne Jonsi jogap bermedi. Syrly hem zak ýola düşmäge taýýarlanýan göwün dünýäň ähli zadyna keseki nazary bilen bakýar. Göwnüne getiren hassa hyýaly ýowuzlyk bilen Jonsiniň daşyna şeýle bir dolanýardy welin, ony adamlara, durmuşa baglaýan inçe tarlar bir-bir üzülýärdi.

Gün ýaşdy. Hat-da iňrik gowy garalanda-da plýuşyň ýalňyz galan iň soňky ýapragynyň henizem şahada asylyp durandygy kerpiç diwaryň ýüzünde görünýärdi. Garaňkyň düşensoň ýene demirgazykdan ýel ösüp başlady. Yçekden akýan ýagyşyň damjalary penjiräni irginsiz kakýardy.

Daň bildirenden rehimsiz Jonsi ýene tutyny syrmagy buýurdy. Plýuşyň ýapragy şol öňki ýerinde durdy.

Jonsi oňa seredip, uzak ýatandan soň, towuk çorbasyny ýyladýan Sýuny ýanyna çagyrdy.

- Men myrtar gyz ekenim, Sýudi. Megerem ol ýeke ýapragam meniň erbetligimi görkezmek üçin şahasynda asylyp duran bolsa gerek. Öz ölümiňi dilemek günä ahyryn. Indi maňa towuk çorbasyny berip bilersiň. Soň süýtbilen portweýn hemiçip bilerin... Ýok, gowsy, maňa aýnajygymy ber, hem daşyma ýassyklary üýşür, men seň nahar edişiňi synlasym gelýär.

Bir sagat töweregi geçenden soň bolsa ol:

- Sýudi, men haçan hem bolsa bir gün Neapolitan aýlagyny reňkler bilen çekerin diýip umytedýän – diýdi.

Gün günortanlar lukman geldi. Ol gitjek bolanda bir bahana bilen Sýudi hem daş çykdy. Lukman Sýunyň titreýän horja elinden tutup:

- Eger gowja hyzmat etseňiz siz alypçykarsyňyz. Biziň tamamyz deňe-deňleşdi – diýdi. – Indi aşaky gatdaky bir näsagy görmeli. Onuň familiýasy Berman öýdýän, ol hem suratkeş. Onuňam öýkeni sowuklapdyr. Görgüli garrapdyr, haly pes, keselem agyr. Gutuljagyna tama ýok, niçigem bolsa men ony keselhana ibermekçi. O ýerde oňa niçigem bolsa, rahat bolar – diýdi.

Ertesi gün lukman Sýuny has-da begendirdi:
- Siz ýeňdiňiz. Hassa ölüm howpundan gutuldy. Indi oňa diňe gurply nahar hem gowja hyzmat etmek gerek.

Agşamlyk Sýu hiç kime gerekmejek, açyk gök reňkli şarfy keýpine örüp ýatan Jonsini ýassygynyň daşyndan gujaklady.

- Men saňa bir zatlar aýtmaly, akja syçanjyk. Goja Berman şu gün keselhanada dünýeden ötdi. Ol bary-ýogy iki günjük kesel ýatdy. Düýn irden ony şweýsar otagynda ýerde huşundan gidip ýatyrka üstünden gelipdir. Onuň aýakgaby, ähli eşikleri süllümbaý myžžyk hem buz ýaly sowuk eken. Hiç kim onuň bu aýylganç sowukda näme üçin daşaryk çykyp ezilenine düşünmändir. Soň heniz hem ýanyp duran el çyrasyny, ýerinden üýtgedilen merdiwany, birnäçe taşlanan çotgalary we sary hem ýaşyl reňkli palitrany tapypdyrlar. Penjireden plýuşyň iň soňky ýapragyna seret. Onuň şemala yrgyldamaýany seni geň galdyranokmy? Hawa, gadyrdan, ol Bermanyň aklyňy haýran edýän naýbaşy eseri. Ol ony gije, iň soňky ýaprak şahadan tänende çekipdir.

© O. GENRI

Terjime: © Hydyr AMANGELDI
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 107 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi, O. Genri | Рейтинг: 3.2/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 19:58, 03.02.2024
11 Noýabr, 2021-de ýazan ekenim.
----
gowy terjime, Hydyr däde.
aşaky mysallardaky terjimeler tüýs ýerine düşen.

Eger hassa gabyr gazjynyň peýdasyna hereket edip başlasa biziň däri-dermanlarymyzyň peýdasy bir aşyk.
Вся наша фармакопея теряет смысл, когда люди начинают действовать в интересах гробовщика.

"...manysyny ýitirýär" däl-de "peýdasy bir aşyk".... !!!! (telpek çykaryldy) !!!!

Ýöne meniň hassam gölegçileriň sanyny sanap başlasa, dermanlarym ýarty güýjüni ýitirdi diýip hasaplaryn.
Но когда мой пациент начинает считать кареты в своей похоронной процессии, я скидываю пятьдесят процентов с целебной силы лекарств.

karetalar gölegçä öwrüldi. ine, terjime... !!!! (telpek çykaryldy) !!!!
----
bellik:
Waşington skweriň demirgazyk günbatar böleginde köçeler biri-birine garyşyp, çolaşyp geçelegeler diýlip at berilýän gysgajyk zolaklara öwrülip gidýärdiler.
В небольшом квартале к западу от Вашингтон-сквера улицы перепутались и переломались в короткие полоски, именуемые проездами.

"Sýü bilen Jonsiniň studiýasy hem üç gatly kerpiç jaýyň..." diýýän abzasyň öňünden aşaky absaz bolmaly. ol sypypdyr, ýa Hydyr agaň terjime eden tekstinde ýok bolubam biler.

И вот люди искусства набрели на своеобразный квартал Гринич-Виллидж в поисках окон, выходящих на север, кровель ХVIII столетия, голландских мансард и дешевой квартирной платы. Затем они перевезли туда с Шестой авеню несколько оловянных кружек и одну-две жаровни и основали «колонию».
----
gowy hekaýa gowy terjimesi bilen.
minnetdar.

---

Ему было уже за шестьдесят, и борода, вся в завитках, как у Моисея Микеланджело, спускалась у него с головы сатира на тело гнома.

Altmyşdan agan bu garrynyň edil Moiseý Mikelanjelonyňky Mikelanjelaň Moiseýiniňki ýaly buýra-buýra sakgaly satiriň başyndan gnomuň göýdük göwresine dökülip durdy.

gep Mikelanjelaň ýasan Moiseý heýkeli barada.

---

Никто не мог понять, куда он выходил в такую ужасную ночь. Потом нашли фонарь, который все еще горел, лестницу, сдвинутую с места, ...

Hiç kim onuň bu aýylganç sowukda näme üçin daşaryk çykyp ezilenine düşünmändir. Soň heniz hem ýanyp duran el çyrasyny, ýerinden üýtgedilen merdiwany, ...

şu sözlemde "aýylganç sowuk gijede..." diýen ýaly gijänem agzamaly eken.... o pahyr edil şol gije eli fonarly öz şedewrini çekdi ahyry....
avatar
0
2 medi • 00:34, 04.02.2024
agyr hekaýa
avatar
0
3 sussupessimist • 01:57, 04.02.2024
Ol "Moisey" diyip yöreniňiz MUSA haw, halayyk!
avatar
0
4 Sylapberdi • 22:50, 07.02.2024
O Henrini şu hekaýasy bilen gowy gördüm gerek, munda Hydyr aganyñam paýy bar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203