Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:26
Jümleler

JÜMLELER


Durmuş we arzuw başga-başga zatlar. Arzuw amala aşyp biler, emma ol durmuşda arzuwdaky ýaly bolmaz. Durmuş we arzuw köplenç halatlarda parallel çyzygy ýada salar, aňsat kesişmezler. Emma arzuwsyz ýaşap hem bolmaz. Şonuň üçin, arzuwy öz ýolundan,durmuşy öz ýolundan “tigirlemäge” çalyşmaly.

* * *

Ilki bagta mynasyp adam bol, soň bagt dile!

* * *

Mydama düşnüksiz bir duýgynyň keýpimi bozuşy ýaly, şu pursatda ýene-de şol düşnüksiz duýgy meniň keýpimi göterdi.

* * *

Bu dünýä ýeke gezek gelýän ynsan bütin ömrüni diňe bir zada bagyşlasa,onuň bolsa soňy puç bolup çyksa,ine bu iň aýylganç zat bolsa gerek.

* * *

Aslynda her ynsanyň özlügi perişde ýaly, emma ol ulaldygyça özlüginden daşlaşýar.

* * *

Kimdir biri meni tankyt etse, asla hapa bolman. Sebäbi olaryň aýtjak bolýan zatlary maňa eýýäm aýan. Men diňe özüme temmi bermek üçin özüm hakdaky pikirimi başgalara tassykladýaryn. Bu bolsa özüme iýgenmek häsiýetimi işjeňleşdirýär. Maňa geregem şol-da.

* * *
Öz-özüme adalatsyz daramagym başgalaryň men babatda adalatly bolmagyna azda-kande ýardam edýär.

* * *

Bagt hem meň ýaly bir duruksyz,
käte keýipli,käte keýps

* * *
Döredijiler bizden öňkülerdir,biz bolsa ýöne bir timarlaýjylardyrys.

* * *
Ah,arzuwym,seni ýatlamajak bolup beýnimdäki pikirleriň düýbüne çümdim,bolmady,pikirleriň çür depesine çykdym ýene bolmady. Görüp otyrsam sen hemme ýerde ekeniň.

* * *

Seniň ajy sözleriň meni zäherlese-de söýgümiň süýjüligi meni ölümden halas eder.

* * *

Umyt-bu uçgun,ynam-bu alaw(ataş). Adamda ilki uçgun döreýär,sonam uçgun alaw alýar

Eger-de bir kişi hemme kişä ýarayan bolsa,onda onuň şonça-da ýüzi bardyr.

© Meñli AŞYROWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.6/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 21:40, 24.03.2023
Bu dünýä ýeke gezek gelýän ynsan bütin ömrüni diňe bir zada bagyşlasa, onuň bolsa soňy puç bolup çyksa, ine bu iň aýylganç zat bolsa gerek.

"müflis" diýen düşünje bar. müflis diýmek gysgaça bankrot diýmek. kuranda ýa-da hadyslarda aýdylýan bolmaly şo barada. hawa, hakykatdanam ömrüňi ybadat bilen geçirip, soňunda-da müflis bolmak howpy bar diýilýär. ýagny eden haýyrlaryňy, başga bir günäler bilen tüketmek, ýakyp ýok etmek netije-de bankrot-müflis bolmak.... Allah bizi müflis bolmakdan gorasyn.
avatar
1
2 Мango • 23:01, 24.03.2023
şo agzan hadysymy tapdym we terjime etdim (bilmezden ýalňyşym bolsa, bagyşlasyn-da):
Resulullah (s.a.w.) bir gün ashabyna: “Müflis kimdir, bilýäňizmi?” diýdi.
Ashablary: “Müflis - bize görä puly we baýlygy bolmaýan kişilerdir” diýdiler.
Resulullah (s.a.w.) şeýle diýdi: “Ummatymdan müflis şu kişidir: namazyny okap, orujyny tutyp, zekatyny berse-de birine erbetlik etmeginden, beýlekisine töhmet atmagyndan, başga biriniň haksyz ýere malyny iýmeginden, ýene biriniň ganyny akytmagyndan we uruşmagyndan hasaba çekiler. Sogaplarynyň bir kysmy şu hak eýesine, bir kysmy bu hak eýesine dagydylar. Eger bergisini bermäge sogaplary ýetmese, hak eýeleriniň (algydarlarynyň) günäleri oňa ýüklener. Soňra-da jähenneme atylar. (Ine, hakyky batan, müflis bu kişidir)”.
(Müslim, Birr, 15)
avatar
0
3 Medicall • 06:09, 25.03.2023
Gorkunç zat ekeni..Ähli ynananlary
Müflis bolmakdan goraweri Allahym..
avatar
0
4 Medicall • 06:50, 25.03.2023
Terjime üçinem, teswiriñiz üçinem Alla ýalkasyn, müflis diýen sözi bir ýerlerden eşden ýa okanam bolsam edil oñ ýaly manysynyñ bardygyny bilemokdym.
Sagboluñ, bar boluñ Mango!
avatar
0
5 Bagabat • 08:20, 25.03.2023
Arap halyfatynda “müflisi-medýun” ýarlygy – hiç hili emlägi ýok, bergidarlyk möhüri. Şeýle möhür (ýarlyk) boýnundan asylan garyp tä bergi-borjuny üzýänçä salgyt tölemekden boşadylypdyr.
avatar
1
6 Pero • 09:05, 25.03.2023
Gymmatly maglumatlar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203