Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:27
Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -dowamy-11
***

– Aramyzda ors professory bar, arheolog, gazuw-agtaryş geçirýänlerden. Ýöne özbekçe bilşi ýagdaýlyrak. Şundanam ony-muny eşidäýsek! “Iki göç – bir talaň” diýipdirler. Halasa, ors taryhyndan, halasa biziňkiden... – diýip, Jurat aksakal gürrüň bermek gezegini hortaň ýaşula berdi.
– Maňa, elbetde, orsça aňsat. Ýöne özbekçe synanyşyp göreýin – diýip, çal professor gürrüňe başlady.
“Türmede, gör, nähili adamlar duşýar!” diýip, Abdylla oýlandy. Düýnki tanyşlykda bu professor tüňňi maňlaýy bilen onuň ýadynda galypdy.
– Aksakalyň aýdyşy ýaly, men arheolog, gadymy dünýäni öwrenýän. Ýöne taryhyňam “Uly oýunlaryndan” azda-kände habarym bar. Russiýa 1828-nji ýylda Eýrandan üstün çykdy, 1829-njy ýylda Türkiýe bilen bolan uruşda ýeňiş gazandy. Şonda iňlisler şeýle bir pikiri öňe sürdüler: Russiýanyň Hindistana ýakynlaşmagy bilen ol ýerde topalaň turar. Şo sebäpli ruslar Owganystana girmäge taýynlyk gören bolmaly.
1829-1830-njy ýyllarda iňlis içalysy Artur Konolli ilki bilen Moskwadan Owganystana syýahat etdi. Soň ruslaryň Hindistanyň çäklerine çenli geçjek ýoluny öwrendi. Onuň pikiriçe, ruslar Hywa we Balh arkaly Kabula, ondanam Haýbaryň üsti bilen Hindistana geçmelidi. Ir döwürde Babyr hem şu ýoly saýlapdyr. Owganystanda bolsa içki uruşlar dowam edýärdi. Kabulda Dostmuhammet han, Hyratda Kamran şa, Kaşmirde Ranjit Singh häkimlik edipdir. Kunduzy, Balhy, Kandagary kimleriň edara edeni ýadyma düşenok.
Professor özbekçe çalgyrt hem ugur-utgasyz gepleýän ýaly bolup görünse-de, Abdylla onuň azsözlüliginden, gürrüňiniň anyklygyndan kanagat tapdy. Professoryň sözleri Lazizzadäniň pöwhe gürrüňlerinden has lezzetlidi. Abdylla söhbetiň yzyna gulak asdy.
– Iňlisler Owganystany başga biriniň eli bilen eýelemek üçin ellerinden gelenini etdiler. Olar 1832-nji ýylda özi dürranylardan bolan, Penjapda ýaşaýan Şujo ul-Mülki tapdylar. Kandagar üçin bolan söweşde Şujo ul-Mülke iňlisler we singhler goldaw berdiler. Kuhandil hana agsay Dostmuhammet kömege ýetişdi we olar Şujo ul-Mülki kowup, Penjaba dolanmaga mejbur etdiler.
1836-njy ýylda owganlylar gönümel ruslar bilen gatnaşyk açdylar. Dostmuhammediň wekili Hüseýin Aly Buharada rus içalysy Ýan Witkewiç bilen duşuşdy. Onuň bilen gepleşip, ony Orenburga ugratdy.
Abdylla Ýan Witkewiçiň ömür ýoluny gowy öwrenpdi. Hatda ol barada kyssasynda-da ýazypdy. Ýöne professoryň aýdyşy ýaly ony “Uly oýnuň” içinde däl-de, azaşyp, ýol urduran, betbagt adam hökmünde häsiýetlendiripdi. Professor bolsa ony has ähmiýetli adam hökmünde görkezýärdi. Edil Abdyllanyň pikirlerini aňan ýaly, ol hekaýat görnüşinde gürrüň edip başlady:

– 1837-nji ýylda Hüseýin Aly Nikolaý I-den Dostmuhammet şaha gowşurylmaly haty alyp, Witkewiç bilen Owganystana gaýdýar. Ýolda keselläp ölýär we Witkewiçiň bir özi ýoly dowam edýär. Roždestwoň öň ýany Kabula gelýär. Isgender diýlip atlandyrylýan iňlis jansyzy Aleksandr Berns ony agşam naharyna çagyrýar. Iki içalynyň gepi-sözi alyşýar. Wiski içip, uzak mahal söhbet edensoňlar, olar Owganystanda iki adamyň däl-de, iki gapma-garşy ýurduň, Russiýa bilen Angliýanyň çaknyşýandygyna düşünipdirler.
Şundan soň Abdylla professoryň sözlerini kän bir diňlejegem bolmady. Çünki professor ilki-hä Angliýanyň Owganystan bilen eden urşy hakynda, soňundan bolsa, Russiýanyň Türküstana ýörişi barada gürrüň etdi.
Abdylla Kabulda roždestwo gijesi bile agşamlyk edinen iki içalynyň duşuşygy dogrusynda oýa batdy. Ol bu duşuşygy – söhbet başynda aýdylan sözlerden has agyr, has köpmanyly dymyşlyklary, iňlisleriň owganlylara, ruslaryň özbeklere bolan bilner-bilinmez baýarlygyny, iki ýewropalynyň maksatlarynyň meňzeşligini, haýsynyň has tejribelidigini... örän täsirli edip ýazardy. Abdylla bu sahnany göz öňünde janlandyryp, özüçe işläp başlan wagty gapy şakyrdap açyldy, türmäniň agşamlyk owkady geldi. Misgin nahar...

***

Abdyllanyň agşamlyk naharyna misgin diýmesine rus aşpez-esgeriň “Хватайте свои миски!” diýmesi sebäp boldy. Demir tabakdan nahar iýmeklik misginlikden, pukaralykdan başga zat däl! Bu pikir rus professoryň hekaýaty çalgyrt özbek dilinde gürrüň bermegi sebäpli dörän bolmasyn?
Abdylla onuň özboluşly hem täsin özbekçesini diňläp oturyşyna dilleriň özara täsiri barada oýlandy. Adatça özbek dilinde sözlemiň eýesi başynda, habary aýagynda gelýär. Netijede jümläniň doly manysy diňe onuň ahyrynda aýan bolýar. Sözlemiň bar güýji, ähmiýeti onuň habarynda dälmi näme? Ony diýseň, Nowaýydyr Babyr pars diliniň täsiri astynda eýe bilen habaryň ýerini çalşyp ulanypdyrlar.
Abdylla ýene professor Zasypkiniň hekaýatyny ýatlap, töweregine garady.
Elbetde, bu agşamlyk naharynyň Aleksandr Berns bilen Ýan Witkewiçiň roždestwo güni bile edinen agşamlygyndan tapawudy kändi. Ýöne tussaglaryň tas barynyň diýen ýaly jübüt-jübütden oturyp, özara gürrüň etmekleri hekaýatdaky içalylary ýatladýardy.
Abdylla ýanynda oturan tussaga seretdi. Saryýagyz ýigdekçe owkatyny alaka ýaly tiz-tizden iýýärdi, arasynda myşlaýardy. Abdylla noş bolsun diýen manyda onuň tabagyna ümledi. Ýigdekçe owkatyny çeýnäp oturyşyna gülümjiräp:
– Oşiýbiz! – diýdi.
Abdylla ýigdekçäniň tatardygyny çen edip:
– Başka nişliýbiz – diýip, tatarçalady.
Tatar ýigit öz ene dilinde aýdylan sözleri eşidip, begendi.
– Siz tatarça bilýäňizmi? – diýip sorady.
– Onçakly gowy bilemok! – diýip Abdylla boýun aldy. – Abdylla Tokaý bilen Kaýum Nasyryny tatarça okapdym...
Bu adam atlary tatarça eşidilen bolsa-da, ýigdekçe olardan bihabar ekeni. Ýöne ene dilinde geplenmegi bilen ol derrew dil açyp başlady.
Abdylla bu ýigdekçäni hem XIX asyrdan habarly biridir öýdüp çaklady. Ol ne taryhçy, ne içaly, ne söwdagär, ne-de molla ekeni. Tatar ýigit adaty jenaýatkär bolup çykdy. Samarada türmeden çyksa, açlyk-gahatçylykda ejesi ölüpdir. Kakasy: “Ýör, Daşkende gideli!” diýip, ony alyp gaýdypdyr. Daşkentde kakasy başy boş özbek aýala öýlenipdir-de, gurluşykda suwagçy, garawul, garaz, näme iş bolsa ediberipdir. Rafail atly bu ogluny bolsa, ýol urduryp gaýtadan türmä düşmez ýaly ýanynda kömekçi edip işledipdir. Rafailiň Hosiýat atly öweý ejesi öýde çörek bişirip nanbaýçylyk edipdir. Boş wagtlary edaralarda tam süpürijilik bilen meşgul bolupdyr.
Bir günem şeýle waka bolupdyr. Ejesi agşamlaryna raýon NKWD-siniň edara jaýyny süpürýän ekeni. Bir gezek haýsydyr bir kagyz ýitipdir. Sülçi muny bahana edip, Hosiýata azar ýamanyny beripdir, pyglyny bozup, zorluk edipdir. Hosiýat öýüne gelip, bolan işi gylyny gymyldatman, ärine aýdypdyr. Äri eline palta alyp, NKWD-ä barypdyr. Ýöne adalat gözläp barsa-da, ol ýerden yzyna çykmandyr.
Şol agşam Rafail “Hywa” tomusky kinoteatra giden ekeni. Gelse, öýde sütem görüp, zorlanan öweý ejesiniň bir özi gözýaşa boglup, näderini bilmän oturanmyş. NKWD-ä baraýyn diýse-hä, ýüregi etmändir, barmasa-da, o ýere giden äri henizem yzyna dolanmandyr.
Şonda Rafail köýneginiň ýeňine ulurak bir buraw açaryny salyp, kakasynyň yzyndan raýon NKWD-sine gidipdir. Ony ilki içeri goýbermändirler. Ýöne ol hilä ýüz urupdyr. “Men kakamyň pyssy-pyjurlyklaryny paş etmäge geldim” diýipdir. Ony hälki azgyn sülçiniň ýanyna eltipdirler. Görse, kakasy gana bulaşyp, burçda çalajan halda ýatan ekeni. Rafail buraw açaryny sülçiniň bokurdagyna, gursagyna sanjyp başlapdyr. “Bu kakam n! Bu ejem üçin!” diýip, azgyn deýýusyň endam-janyny persala edipdir.
– Ynha, indem şu ýerde otyryn... – diýip, bu batyr ýigit syrtaryldy.
Abdylla aňk bolup oturyşyna näme diýerini bilmedi...

***

Şamlyk naharyny iýip bolansoňlar, tussaglar ýene-de söhbet meýdançasyna ýygnanyp başladylar. Abdyllanyň başyny başlan ertekä çalymdaş gürrüňi hemmeleri kökerip goýdy. Jurat aksakal tussaglaryň özara dawa-jenjelinden dyndy, türme ýolbaşçylary hem birneme arkaýynlaşdy, bular ýaly “çäräni” ýörite oýlabam tapyp bolmaýar.
“Ýörite” diýen söz Abdyllanyň aňynda ýylp etdi-de, ol kinaýaly gülümsiräp, oýlandy: “Indi gürrüň bermek gezegi hindä, iňlise we eýranla berilse, “Uly oýun” barada düşnüksiz zat galmaz”. Dogrudan-da, burçda ýatan hortaň eýranly parsça bilen türkiçäni garym-gatym edip: “Türkiçäni oňat bilenligimde menem ömür ýolum barada bir zatlar gürrüň bererdim” diýip hümürdedi.
Ýöne Jurat aksakal onuň onçakly düşnükli bolmadyk sözlerine ähmiýet bermän, haýbatly sesi bilen:
– Halaýyk, ýene iňlislerden habar alalyň! Mübärek, nirede sen, maýda millet? – diýip gygyrdy.
Bu ýagdaý gürrüň bermek ýaryşynda Mübäregiň öňdeligini aňladýardy. Aşygy alçy gopan Mübäregiň çyndygy, ýalandygy nämälim bolan “kir-ket” oýny barada berýän gyzykly gürrüňine Abdyllanyň pisindi oturmandy. Şonda-da ol kyssasyna goşsa-goşmasa, polkownik Ştoddartyň ömür beýanyny ahyryna çenli bilmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.
Mübärek buharalylaryň salamlaşanda edişi ýaly, elini bykynyna tutup, orta çykdy.
– Eý, sap ýürekli doganlar! – diýip, ol Abdylla öýkünýän ýaly bolup söze başlady. – Şeýdip, polkownik Ştoddarty zyndana taşlapdyrlar. Onuň düşen zyndany biziň şu oturan türmämizdenem bäş beter garaňky eken. Ştoddart o ýerde iki sagatlap gymyldaman ýatypdyr. Soňra gapy açylyp, eli şemli bir adam giripdir. Ştoddart: “Megerem bu gelen emir bolsa gerek” diýip oýlanypdyr-da, turup tagzym edipdir. “Hudaý şaýatdyr, men bigünä! Men diňe ilçi! Eger meniň saparym emir hezretlerine ýaramaýan bolsa, perman bersin, men gideýin!” diýipdir. Gelen adam: “Seniň bu sözleriňi emir hezretlerine ýetirerin” diýip jogap beripdir. Soň görüp otursa, ol adam emiriň gijeki ýasawulbaşysy eken...
Mübäregi diňläp oturyşyna Abdylla onuň diliniň öňküsinden özgerendigini belledi. Hilegär Mübärek nähilidir bir oýun oýnaýarmyka? Asla ol kimkä?
Salym geçmänkä Abdylla ýene durky bilen hekaýata berildi.
– Ýasawulbaşy gidensoň, ony zyndandan çykaryp, çuňňur çukura oklapdyrlar. O ýerde Ştoddartdan başga-da üç adam – iki ogry bilen bir ganhor hem oturan eken.
Abdylla Rafaile köpmanyly garaýyş bilen seretdi.
– Polkownik bular bilen dostlaşyp, temmäkisini paýlaşypdyr. Temmäkiniň tütüninden mör-möjekler gaçypdyr, ýogsa, o çukurda mör-möjek depäňe çykjak diýýä.
Ertesi çukura jellat giripdir. Ol Ştoddarta: “Sen Yslama gir, bolmasa, men seni öldürjek!” diýipdir. Ştoddart gorkusyna kelemeýi-şahadat getiripdir, şeýdibem diri galypdyr.
Iki aý oturansoň, ony çukurdan çykaryp, ýasawulbaşynyň ýanyna eltipdirler. Ýasawulbaşy oňa: “Seniň başyň ölümli, malyň talaňly. Rais emir hezretlerine seniň ýalan habar getirendigiňi aýtdy. Sen iňlis içalysy!” diýipdir. Ştoddart: “Men ilçi!” diýipdir.
Ýasawulbaşy ony köp sorag edipdir, gyssapdyr. Sorag edilýän wagty Ştoddart ýasawulbaşynyňkyda ýaşapdyr, ýagdaýy hiç neneň bolmandyr.
Hekaýatyň şu ýerine ýetende Mübärek sözüne dyngy berdi. Edil şu pursata garaşyp duran ýaly, kameranyň gapysy açylyp, sakçynyň:
– Tussag edilen Magsymow, soraga! – diýip gygyrdy.
Hiç kimden ses çykmady. Şu kamera getirilen güni Abdyllany ilkinji garşy alan ýaş ýigit Sadyk penjegini egnine ýelbegeý atyndy-da, başyny aşak salyp, gapa garşy ýöneldi.
Kimdir biri: “Baýramçylyk tamam!” diýdi. Başga biri: “Başladylar!” diýdi. Ýaňy gyzyşyp ugran gürrüňçilige suw sepilen ýaly boldy...

***

Bäş minut geçip-geçmänkä ýene birini soraga äkitdiler. Soňra hälki parsça bilýän Kazwini atly tussagy çagyrdylar. Biraz mahaldan el-aýagy sandyraklap duran Sadyk gaýdyp geldi. Onuň ornuna Ignatýew diýen murtlak rus adamsyny alyp gitdiler. “Ana, “kir-ket” başlandy, gir-çyk, gir-çyk!” diýip, Abdylla howatyrly oýlandy. Häzir ony hem çagyrsalar gerek. Bularyň çakylygy Jurat aksakalyň abyr-zabry däldir, biliňi berk guşamaly bolar. Nähili günä ýöňkäp, näme sorarlarka?
Häzir öz ýurdunda Abdyllanyň gelmişek Ştoddartdan näme tapawudy bar? Günälimi, bigünämi, soraman, zyndana taşlaşdylar. Indi çukura oklap, mör-möjege ýal etmeseler ýagşydyr. Emiriňki ýaly bularyňam çukur zyndany barmyka? Ýa özlerini medeniýetiň çürbaşyna çykan hasaplap, çukur zyndany şu porsy beton kamera bilen çalşaýdylarmyka? Näme üýtgese-de, adamyň ýasawy öňküligine galýar...
Buharada emir Nasrulla han, Hywada Mürze Rahym han, Kokantda Mädaly han otyr. Hemmesiniň gylyjyndan gan damýar, jürdeginden zäher...
Mädaly hany tagta göterenlerinde, bolaýsa, on bäş ýaşyndadyr. Taryhçy Hekim han törä salgylansaň, ondanam ýaş bolmaly. Emma tagta çykansoň, ol atasynyň döwründe mertebeli wezipeleri eýelän wezirleriň, bekleriň ýeke-ýekeden ýoguna ýanyp başlapdyr. Weziri Ärnazar diwanbegini, Hoşwagt guşbegini öldürdipdir. Ýusup perwanaçynyň malyny-emlägini talap, özüni bolsa Orsýete sürgün edipdir. Hatda Daşkent welaýatynyň hökümdary bolup oturan inisi Abdyllany çagyryp, öz eli bilen janyny alypdyr. Boş wagtlary bolsa, kepderi uçuryp oýnamak bilen meşgul bolupdyr.
Ol adamlaryň yzyna aňtawçylary, aňtawçylaryň yzyna bolsa jansyzlary salypdyr. Ähli zatdan gorkýanlygy üçin ejesi Mahlar aýymdan başga hiç kime ynanmandyr.
Şo günler Muhammet Şarifiň Köne Nowkatdan gelerine sabyrsyz garaşýan Aýhanpaşşa bireýýäm başlap, taşlan gazalyny soňuna çenli ýazyp gutarypdyr:

Salgym kimin bir gara gije-gündiz yzymda,
Gijäň gündizi kowşy deý ýeke çagym peýläp ýör.

Bitakat ýüregime gorky-wehim inipdir,
Ýörejek ýollarymda soňsuz howp-hatar bar.

Göýä awuly tiken deý, dagyň-daşyň gyýçagy deý,
Sanjy bolup dur böwrüme tümlük içre wehmi nur...

Yşyklar sönen çagy kararym ýok jahanda,
Tümlükde yşyk görsem, dar gursagym giňeýär.

“Arkaňa öwrül” sözüniň agzy bar-da, başy ýok,
Öwrülip baksam, özümden gaýry adam görmeýän.

Gorky bilen ölmegiň özi gorkuly dälmi?
Pelek ýüz aja bir döwüm nan bilen duzak gurýar.

Eý, aty özünden ýüwrük, kölegesiz yşarat,
Ýa git, ýa öldür meni, tende janym örtenýär...

Muhammet Şarif bolsa, Köne Nowkatdaky işlerini dynyp, Kokanda gaýdyp gelýärkä Gyzylgaýa diýen ýerde Mädaly hanyň iki nökeri öňünden çykypdyr. “Sizi Kuwasaýa çenli ugratmagy bize tabşyrdylar” diýip olar aýdypdyr. Muhammet Şarifiň ýüregi jigläp gidipdir. Ýöne ol syr bermändir. Olar iki menzil ýol aşypdyrlar, Kuwasaýdan geçip, Margilana ýetipdirler. O ýerde olary iki häkim – Margilanyň we Namanganyň hökümdarlary garşylapdyr. Namangan häkimi Ärnazar: “Mädaly han hezretleri saňa Ýangikurgany peşgeş berdi!” begendiripdir. Şol agşam iki häkim Muhammet Şarifi köşge çagyryp, zyýapat edipdirler. Oňa gülüm-ýalym edip, gülküli hekaýatjyklary aýdyp beripdirler. Her tarapyndan bir baryp, ony gepletjek bolupdyrlar. “Bizem häkim, senem häkim, indi aramyzda gizlin syr bolmaly däl!” diýipdirler. Muhammet Şarif alňasaman, degişme bilen jogap beripdir:
– Aşyr gassap ýoldan aýna tapypdyr. Onda özüniň betgelşik ýüzüni görüp, gaharlanyp, aýnany urup, çym-pytrak edipdir. Soňundanam: “Idili zat bolsaň, ýolda ýatmazdyň!” diýip käýinipdir.
Häkimler hahahaýlaşyp gülşüpdirler, gülküden mürşük ýüzleri gyzarypdyr. Soňra ýene-de: “Nirede bolduň, nämeler gördüň? Aýdyp ber!” diýip özelenip ugrapdyrlar.
Muhammet Şarif gülküli tymsala tutdurypdyr:
– Bir tilki ýol bilen gidip barýan eken. Töwerek tüm garaňky diýýä. Gar gatyşykly ýagyş ýagyp, ýol batga bolupdyr. Tilki batgalykda agnap, tüýleri palçyga bulaşan bir düýäniň üstünden barypdyr. Düýe oňat öri meýdan gözläp, düýekeşden gaçyp gaýdypdyr. Tilki onuň bilen salam-helik alşansoň: “Eý, hormatly, armaweri! Nireden gelýärsiň?” diýip sorapdyr. “Hammamdan gelýän” diýip, düýe jogap beripdir. Onda tilki aýdypdyr: “Berekella! Rast aýdýarsyň! Başdan-aýaga täp-tämiz, ap-arassa! Ýöne aýagyňa seretseň-ä, sen diňe kelläň bilen paşmagyňy suwa çümdürip çykaýypsyň öýdýän? Näme, hammamçy ölüp, hammamda hiç kim ýok ekenmi?”
Iki häkim ýene gözlerini ýaşardyp, hezil edip gülşüpdirler...
Soňra sazandalar gelip, gurallaryny düzüpdirler, myhmanyň hormatyna aýdym-saz edipdirler. Ýol söküp ýadamadyk, şerapdan seri sämemedik Muhammet Şarifi aýdym-sazyň ýakymly owazy meýmiredipdir. Ol oturan ýerinde uka gidipdir.
Iki häkim çalasynlyk bilen onuň jübüsinden iki sany syrly haty sogrup alypdyrlar. Bukuda oturan on töweregi nökerler bolsa, pälwanyň el-aýagyny daňypdyrlar-da, ýüň ganara salyp, ony şo gijäniň özünde bulanyp akýan Garaderýa oklapdyrlar...

© Hamid Ismoilow

Terjime: ® K.Ataýew
Bölümler: Romanlar | Görülen: 30 | Mowzugy paýlaşan: Nurdаn | Teg: Kakamyrat Ataýew, Hamid Ismoilow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203