Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:00
Ýalan / hekaýa

ÝALAN


Bir gezek, on iki-on üç ýaşly oglankam gyşyň aýaklarynda goýnumyz guzy taşlady. Kakam entek sowamaga-da ýetişmedik, birsyhly bugaryp duran we goýy sülekeýiň içinde sudury oňly saýgartmaýan guzujyga meňzeş zady eşeni bilen bile köne halta salyp, agzyny bogdy. Onsoň maňa ýüzlenip:
– Bar ýylyrak geýin-de, händege äkidip, üstüne gum sürüp gaýt! Çuňrak gömgün! – diýdi.
Kakamyň händek diýýäni obanyň bir çakrym gaýra tarapynda, ekerançylygyň gutarýan ýerindedi. Halta agyr däl ekeni. Üstüme hapasy ýokaşaýjak ýaly, ony emaý bilen göterip, men händege garşy höwessiz ýola düşdüm.
Howa sowukdy. Çakyr aýaz bolmasa-da, gaýradan ýüz-gözüňi dalap, içiňden geçip barýan şemal şuwlaýardy. Gök ýüzünde goňras bulutlar Günüň öňüni tutup, howa garalypdy. Güýz sürüminden soň tagt suwy berlip, azalyň daraw-daraw yzyndan nyşan galmadyk şüdügärlikden çüýrän dersiň we çygly topragyň ysy burnuňa urýardy.
Nämälim gorky zerarlymy, sowukda üşänim üçinmi ýa ýaltalyk etdimmi, bilemok, men şo gezek händege barmadym. Oglanlyk etdim. Orta ýola ýetemsoň, haltany iki atyzy deň bölýän çiliň gyrasyna taşladym-da, öýe gaýtdym.
Ertesi kakam bir ýerlerden ýüzüniň ganyny gaçyryp geldi-de, ýüzüme dikanlap, gazap bilen:
– Düýnki haltany näme etdiň? – diýip sorady.
Meni şo bada galpyldy basdy. “Nädip bildikä?” diýip oýlandym. Başardygymdan özümi arkaýynlyga salyp:
– Gömdüm – diýip jogap berdim.
– Nirede?
– Händekde?
– Haýsy händekde?
– Şo diýen ýeriňde. Gaýrada.
– Hany, göniňden gel!
– Dogrym...
– Dogryňmy? Ýalan sözleýän bolsaň, boýnuňy sogyryn!
– Ýalan sözlämog-a.
– Hany, geýin... Ýör, gömen ýeriňi görkez!
Göwünli-göwünsiz geýindim. Kakam pilini egnine atdy. Händege garşy ugradyk. Öýden çykyp ugranymyzda:
– Häzirem bir pille, dogryňy aýt. Händege gitmän, ýolda bir ýerde taşlan bolaýma? – diýip, kakam şübheli sorag berdi.
– Ýo-o, taşlamog-a – diýdim.
– Onda näme etdiň?
– Gömdüm.
– Nirede?
– Händekde.
– Ýör, hany! Görkez!
Gitdik. Haltany taşlan ýerimden sowa geçmek üçin men atyzyň daşyndan aýlandym. Kakamam yzymda. Ol käte bir hüňürdäp, käýinýär, zeýrenýär, haşlap, uludan dem alýar. Men bolsa “Häzir piliň ýeňse ýüzi bilen ýagyrnyma doňdursa gerek” diýip gorkýan. Özümem “Eýtmeli-beýtmeli, sözümde durmaly. Iki geplemeli däl. Ursa-da, öldürse-de, şo bir diýenimi gaýtalap durmaly. Başga ýol ýok” diýip pikir edýärin.
Händege bardyk.
– Hany?
– Şu ýerde gömdüm – diýip, men mydyrdap, hendegiň bir gyrasyny görkezdim.
– Gömen bolsaň, piliň-beýlekiň yzy bolmalydyr-a! Hany yz?
Men egnimi gysyp, ýüzümi sortduryp durun.
– Eýse, häzir şu ýerini gazsak, şo halta barmydyr?
– Bilmedim.
– O nähili bileňok? Şu ýerde gömdüm diýýäň-ä.
– Gömdüm öz-ä.
– Ýok, sen gömen bolsaň, gömdüm diý...
– Gömdüm, gömdüm.
– Ana, pil, gaz-da tap şo haltany – diýip, kakam dözüm bilen buýruk berdi.
Men pili alyp, gazmaga başladym. Haltaň bu ýerden çykmajagyny kakamdanam gowy bilýän. Şonda-da hyklap, gazyp durun.
– Hany? Halta hany? – diýip, kakam az salymdan gaharly sorag berdi.
Men aljyrap, iki ädim gaýra süýşdim.
– Şu ýeri öýdýän – diýip, täze çukur gazyp başladym. Kakam atylyp gelip, üstüme abandy. Gözi bilen iýäýerli göründi. Ýakamdan ebşitläp tutup, siltedi. Dişlerini gyjap:
– Nä pohuňy iýip dursuň, doňuz? – diýip, gygyrdy.
Men sandyrap:
– Pohumy iýemog-a... – diýdim.
Kakam gaýra çekilip, çilim otlandy. Birazdan:
– Şo haltany näme edeniňi aýtmasaň, şu händege gapgaryp, özüňi gömýän häzir – diýip, haýbat atdy.
Agaç ýuwdan ýaly, gözümi mölerdip durun.
– Näme etdiň? – diýip, kakam erjellik bilen sorady.
– Gömdüm – diýip, menem şo bir sözümi gaýtaladym.
– Nirede?
– Şu ýerde – diýip, göz-görtele ýalan sözläp, duran ýerimi görkezdim.
Kakam meni tanajak bolýan ýaly, ýüzüme çiňerilip durşuna, sandyr-sandyr etdi. Sesini peseldip, edil uly adam bilen gepleşýän ýaly ýüzlendi:
– Eý, men düşünemog-eý saňa. Ýalan sözlemäni kimden öwrendiň? Nämüçin dogryňy aýdaňok? Nämüçin kakaňy aldajak bolýaň? Hä?
– Aldamog-a.
Kakam ýüzüni eňşedip, başyny ýaýkady. Aýdara-diýere söz tapmady. “Ugra şu ýerden” diýen üm bilen elini salgady. Duran ýerinde aşak çökdi-de, çilimiň tüssesine boglup, ýüzüni aşak salyp oturyberdi. Maňa tarap seretmedem, sarsmadam. Onuň o ýerde, ýalazy meýdanda, sowuk hem çygly topragyň üstünde näçe wagt oturandygyny bilemok.
Men haltany taşlan ýerime tarap ylgaşlap gaýtdym. Niýetim, ony nädibem bolsa, tiziräk görer gözden, esasan kakamdan gizlemekdi. Emma, barsam, goýan ýerimde halta ýok ekeni. Onsoň: “Kakam haltany görüp, özi bir ýerde gömendir” diýip çak etdim.
Ertesi daň bilen meni kakam yralap oýardy. Onuň ýüzi öňküsinden biraz çişgindi, gabaklary ýellenendi. Garaýşynda ýadawlyk, argynlyk bardy. Ol ýasawyna mahsus bolmadyk mylaýymlyk bilen:
– Haltany näme etdiň, oglum? Dogryňy aýt! – diýdi.
– Gömdüm.
– Nirede?
– Händekde.
– Hm... Bolýa, ýatyber...
Şondan soň kakam halta barada dil ýarmady.
Soň görüp otursam, meniň haltany taşlan ýerime Källi aganyň iti sümsünip barypdyr. Haltany süýräp, Källi agalaryň samanhanasyna eltipdir. Ony pers-ala edip, içindäkini çekeläp, çeýnäp ýatyrka-da üstünden Källi aga barypdyr. Elbetde, ol jaý wagtynda baran bolmaly. Ýogsa, itiň çeýnäp ýatan zadynyň biziň guzymyzdygyny nireden bilsin? Onsoň Källi aga kakamyň ýanyna gelip: “Goýnumyz guzy taşlady diýýäň welin, ony näme, gömmänmidiň?” diýip sorapdyr. Kakam: “Gömdük. Hol händege äkidip gömdük” diýipdir. Källi aga bolsa: “Beh, onda bi biziň itimiziň çeýnäp ýatan guzusy kimiňkikä?” diýip, köpmanyly sorag beripdir. “Hany, ýör göreli” diýip kakam gyzyklanypdyr. Baryp görse, ine, şo maňa berip goýberen haltasy tüýt-müýt, guzujygyň läşi bolsa sülekeýini akdyryp öňünde ýatyr. Şol ýerde ol meniň buýrulan ýumşy bitirmändigimi bilipdir. Elbetde, Källi aganyň öňünde kakamyň ýüzi gyzarandyr. Men zerarly bigünä halyna özüni ýazykly duýandygyna aklym ýetip dur.
Bu wakanyň üstünden kän ýyllar geçdi. Ýalan dünýäň ýüregine düşünse-de, ýalan sözi ýüregine sygdyryp bilmedik kakamam bireýýäm gara ýeriň astyna girdi. Emma kän zatlar undulsa-da, şol waka ýatdan çykyp gidibermedi. Her gezek dogduk obama, uçurym bolan höwürtgäme salama baran mahalym kakamyň diwardan asylgy çarçuwaly suratyna nazarym kaklyşýar-da, aljyraýan. Kakamyň biraz gussaly gözleri, nähak ynjydylana çalym edýän ýüz keşbi uly alada bilen: “Haltany händege eltip gömmedigiň-ä şo wagt belli boldy. Ýöne sen ýalan sözlemäni kimden öwrendiň? Hany, dogryňy aýt!” diýip soraýan ýaly bolup dur. “Men zerarly endişä galyp, göründe-de rahat ýatyp bilýän däldir” diýen ünji beýnime urup, ýüregime yza berýär. Şoň üçin suratam bolsa, men oňa uzak seredip durup bilemok. Çünki ýalan sözlemäni kimden, nädip öwrenenim hakydamda däl. Ilkinji gezek haçan ýalan sözlänim hem ýadyma düşenok. Indiden soň ýadyma düşäýjegi-de gümana.

12-nji aprel, 2014-nji ýyl. Mary

© Kakamyrat ATAÝEW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
1
1 hanturebs • 22:19, 15.06.2024
Kiçikäm biziňem üç aýlyk gölämize agsal ýolukyp ölüpdi. Gowuja göledi enesem porodo öküzpisint sygyrdy. Molap, molap kösenip gidipdi. Öýdäkiler irden turup ýataga barsalar öli ýatyr eken. Jesedi daş ýaly bolupdyr, özem agyr. Ir bilen kakam bilen galtaga ýükläp pagta meýdanynyň aýak ujyndaky zeýkanalyň kenaryndaky çat açan çaýryk parçalarynyň kiçiräk biriniň içine atyp üstüni gömüp gaýdypdyk. Gowujada gömüpdik, şonda-da soň biraz wagt geçensoň mal bakyp ýörkäm üstünden düşemde şagalmy, itmi bir zada şonam gazyp alyp, jesediň içini persala edipdir, iýen ýerinä iýipdir, iýmekdik ýerinem şol ýere pytradyp gidipdirler. Kellesi bir ýerde, aýagy bir ýerde göz gyny bolup ýatyrdy. Şonda has çuň gömmedigimize ökünipdim. Göläň enesem gölesidigini aňypdy öýdýän, ysganjyrap kowsaňam jesediň ýanyndan aýrylasy gelmeýädi, ýa-da bu meň fantaziýamdy. :)
avatar
1
2 hanturebs • 22:21, 15.06.2024
Hekaýa barada bir agyz aýtmaly, ýok baha bermeli bolsa 3+ bahany berip bilerdim. Käbir ýerlerinde artykmaç sözler, has ideallaşdyrmalar ýiti göze batýar.
Oglynyň ýalan sözläni däl-de kakasynyň oglyna düşünmedigi we düşünmän sapak bolsun diýip oňa agyr trawma ýaşadany, indi haçan kakasyny ýatlasa:

"Her gezek dogduk obama, uçurym bolan höwürtgäme salama baran mahalym kakamyň diwardan asylgy çarçuwaly suratyna nazarym kaklyşýar-da, aljyraýan. Kakamyň biraz gussaly gözleri, nähak ynjydylana çalym edýän ýüz keşbi uly alada bilen: “Haltany händege eltip gömmedigiň-ä şo wagt belli boldy. Ýöne sen ýalan sözlemäni kimden öwrendiň? Hany, dogryňy aýt!” diýip soraýan ýaly bolup dur."

- kakaly günleriň hoşamaý pursatlary däl-de, şol agyr pursatyň göz öňünde janlanýany gynandyrdy. Käwagt kakalar çagalary üçin nädeňde gowy, dogry boljagyny bilenoklar.
avatar
1
3 hanturebs • 22:28, 15.06.2024
Öz ýanlaryndan çagalary üçin iň gowusy edýändirin öýdüp, çaga nukdaýnazary bilen ýönekeýje çözgüt tapmaga derek, ulylyk filosofiýasy bilen durmuşy sapak bermäne dyrjaşyp, aňymyzdan sylynmajak trawmalary goýýalar
avatar
1
4 hanturebs • 22:45, 15.06.2024
"Akmak boldum, akyllylar kemsitdi,"

Akylly, akylly däl, akmak kategoriýasy diňe bir mekdep programmasynda bar öýdýän. Sapaga gowy taýynlanyp, mugallymlaryň diýeninden çykmaýan okuwçylar akylly, gowy taýynlanman az-owlak bezzatlyk edip mugallymlary köseýän okuwçylar bezzat, akylly däl, ýa-da akmak. Durmuşda sapaga taýynlanar ýaly kitabam, gündelik geçilmeli sapaklaryň raspisaniýasam, akylly, akylly däl diýip bahalandyryp duran mugallymam ýok.
avatar
1
5 aygull • 01:25, 16.06.2024
hanturebs, siziñ sygryñyz hakda-da tragik hekaŷa ŷazyp boljak eken. O gòlàñ ysgaýshy siziñ fantaziýañyz dàl bolaýmasa.
avatar
1
6 Seýrаn • 07:35, 16.06.2024
Kakamyrat agaň dili gaty gowy. Yzyna düşürip äkidip bilýär. Ýalany gürrüň bermek üçin öz stilindäki wakalardan saýlapdyr, üýtgeşik waka bolmasa-da öz ýalanynyň arkasynda durjak bolýanyny gowy beripdir. Kakamyrat agaň özünem bir getirip bolsady Kafe.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203