Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:47
Jynlar bezmi ýa-da uly oýun - romanyñ dowamy - 8
*** Irden “Podýom!” buýrugy bilen hemmeler ýerinden turanda Abdylla daş-töweregine garanjaklap, kamerada elli çemesi adamyň bardygyny gördi. Bagbançylyk edýän döwri ol birnäçe ýyl balarysyny idedipdi. Bu kamera hem edil balarysynyň ketegi ýaly, adamdan hyryn-dykyn doly eken. Öňki gezek tussag edilende kamerada munça köp adam ýokdy. Bolaýsa, ýigrimi töweregi tussag bardy. Olaryň içinden kimdir biri ýaşululyk edäýmese, ýuwnup-ardynmagyňam, iýip-içmegiňem, zerur hajatyňy bitirmegiňem düzgün-tertibi boljak däldi. Bu ýerde-de gyzlymtyl sakgally dolmuş ýaşuly haýsy tussagyň hajathana, soňundanam ýuwunmaga barmalydygynyň nobatyny belleýär eken. Mübärekden soň gezek Abdylla ýetende ýaşuly haýbatly sesi bilen: – Sen kim? O nä meň habarym ýok senden? – diýip gygyrdy. Abdylla jogap bermek üçin agzyny açyp-açmanka arkasynda duran Sadyk: – Bu özbegiň uly ýazyjysy! – diýip, öten gije Mübärekden eşidenini gaýtalady. – Gije ýarymdan agansoň getirdiler, sizi ukudan oýarmaly diýdik, Jurat eke! Bu gezek gyzyl sakgal Jurat az-kem äheňini ýumşadyp: – Adyň näme? – diýip sorady. Onuň adyna hem sypatyna, syratyna haýran galan Abdylla hemmeleriň özüne gönükdirilen nazaryndan çekinip jogap berdi: – Abdylla... – Eý, bu Abdylla Kadyry ahyryn! – diýip, iki-üç ýerden ses çykdy. Jurat pälwan haýpygelijilikdenmi ýa ýaňsy bilenmi: – Aramyzda bir şahyrymyz bardy, Çolpan diýerdiler. Diýmek, indi azap-horluk çekmek üçin seni iberipdirler-dä! Bolýa, ertekiňi soň otararsyň, häzir bolsa, gel, hajatyňy bitir! – diýdi. Abdylla tussaglaryň nazary astynda kameranyň künjegine – hajathana tarap ýöneldi. Birinji tussaglygyndan soň döreden gahrymany Taşpolat gyzma ýadyna düşdi. Bu gezek Namaz ogrynyň keşbini janlandyrsa-da geň däl. Munça adamyň içinde her jüresi bardyr... Ol ýeňsesinden hemmeleriň özüne gönükdirilen garaýyşyny on iki süňňi bilen syzdy. Yzynda adamlar sabyrsyzlyk bilen nobatyna garaşyp durdy. Kejikdiriji duýgular zerarly Abdylla buşugyp bilmedi. Ünsüni sowmak üçin petige seredip, şunça jan etse-de, peşewi gelmedi... Kameranyň aksakaly Jurat onuň ýagdaýyny duýan bolara çemli, kimdir biriniň kesekiniň köýnegine elini süpürenini görüp, ol onuň üstüne dübläp başlady. Hemmeleriň ünsi Abdylladan sowlup, başga birine geçdi. Şo pursatda hem onuň peşewi geldi. Täret kylmaga mümkinçilik ýok, el-ýüzüni oňat ýuwdy, öl barmaklaryny gulaklarynyň arkasyna, boýnunyň ýüzlerine ýetirdi. “Allaň özi geçirewersin!” Öz ornuna dolanyp, Mübärek bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Gepleýşinden çen tutup, Mübäregiň buharalydygyna göz ýetirdi. Ýöne onuň dilinde Abdyllanyň henize çenli bilmeýän başga bir şiwesi hem duýuldy. O barada soramagy Abdylla gelşiksiz saýdy. Sadyk hem ýuwunyp, öz ýerine geldi. Onuň bilenem salam-helik alyşansoň, Abdylla Çolpan barada sorady. Ikisi-de eginlerini gysyp: “Bilmedik-dä. Bizden öň oturan bolmagy mümkin” diýişdiler. Abdylla töweregindäkilere birlaý göz aýlady. Kameranyň alagaraňkylygy sebäplimi, ýa balarysynyň ketegindäki ýaly garma-gürmelikdenmi, onuň tanyş ýüze gözi düşmedi. Hälki “Abdylla Kadyry” diýenler kimlerkä? Nädip tanadylarka? Ýa ýazan kitaplaryny okanlarmyka? Abdyllanyň oý-pikirleri balarylary deý uçmaga başlady. Bu ýerdäki gowurda diň salyp durşuna, Çolpanyň ady agzalandan şygyr agşamlary ýadyna düşdi. Seýit Omar şanyň köşgünde şygyr agşamlary ajaýyp görnüşde geçerdi. Aw-şikary juda oňat görýän patyşa şahyrlaryň ýygnanyşygyndan hem lomaý olja duşan dek uly lezzet alardy. Buky ýerde amatyna garap ýatan awçy deý garaşardy, ünsüni başga ýana sowmazdy. Biriniň towşan, beýleki biriniň sülgün atyşyndan kanagat tapardy. Özi welin, has ulurak awa – şire ýa gurda garaşardy. Omar han, has dogrusy, Amiri tahallusly şa şirdir gurt ýaly batyrgaý, dogumly şygyrlary peýläp, mahal-mahal töweregindäki şahyrlary, alymlary bir-birine öjükdirerdi, şygyr agşamyna gyzyk bererdi. Soňky gezek şygyr agşamynyň başlanmazynyň öň ýanynda ol Zülpükär, Seýfetdin, Sadyk we Gulmuhammet atly dört sakyny hatara duruzdy. Köşgüň iň uly şahyry Möwlana Fazly gelen wagty oňa garap: “Hany, bulary mynasyp sözler bilen tarypla!” diýdi. Şonda Möwlana säginmezden, ýüzugra dört setir goşgy okady: Dilim ötgürdir, göýä Alynyň Zülpükary, Öwgä, tarypa diňe Seýfetdin mynasypdyr. Pelsepe otarmakda taý geljek ýok Sadyga, Ýöne hemmäň umydy sahy Gulmuhammetdir. Goşgy hanyň göwnüne ýarady, ol egnindäki bäş ýüz tyllalyk possunyny çykaryp, Möwlana Fazlynyň egnine atdy. Muny gören şahyrlar biri-birinden galmajak bolup, hanyň şanyna kasydadyr rubagylary aýdyp başladylar. Ilki bilen Möwlana Hazyk pars dilinde öz rubagysyny okady: Ylham alyp Omar şanyň toýundan, Nur dökülýär älem-jahan roýundan. Deňsiz-taýsyz bu meýlisde badalar Püre-pür bolup dur yşkyň meýinden. Hemmeler Möwlana Hazyka haýran galma bilen seretdiler. Omar han bolsa şirin dilli bu şahyra kümüş esbaply atyny peşgeş berdi. Muny gören Buhara emiri Haýdaryň inisi emir Hüseýin pars dilinde däl-de, arassa türkiçe kasyda okady: Köp gezdik jahanda bolup hary-zar hem derbe-der, Kabul kyldy bargähinde hezreti soltan Omar. Gullugynda yhas bilen hyzmat etdik ýerbe-ýer, Şükür Alla, lutfy birle aýlady bizge nazar. Han biziň soltanymyz, soltan biziň hanymyz, Döwran biziň döwrümiz, döwrümiz – döwranymyz... Emir Omar emir Hüseýini gujaklap, ony diwanbeginiň ornunda oturtdy, mertebesine laýyk lybas geýdirdi. Kasydalar belent owazda ýaňlandy, şahyrlara sylag-serpaý ýapyldy. Köşk hyzmatçylary saçak ýazyp, datly tagamlary getirdiler, sakylar meý-şeraply jamlary aýladylar, bagşy-ozanlar aýdym-saz edip berdiler. Şowhun-şagalaň gyzyp, ýetjek derejesine ýetende köşgüň baş şahyry Möwlana Fazly möminleriň emiriniň gulagyna bir zatlary çawuş çakyp aýtdy. Soňra elini çarpyp, böwşeňlik aralaşan dessine gaty sesi bilen: “Dabarany siziň sadyk guluňyz Fazly bilen şahyr zenan Mahzuna dowam etdirýär!” diýdi. Elini künjekdäki germewe garşy uzadyp, ikileme okady: Ýüz aperin sözüňe, bakyşyň derde däri, Kalbymda ot tutaşdy, heniz özüňi görmän... Kim çapak çaldy, kim gygyrdy, kim güldi, diňe gowur kiparlansoň, germewiň aňyrsyndan zenan maşgalanyň maýyl ediji näzik sesi ýaňlandy: Kim ol dadyp görmezden, kebaba baha berýän? Gymmatyny biljek ýok hazynaň özün görmän. Bu gezekki şowhun öňküden iki esse güýçli boldy. Kimdir biri: “Dad-eý!” diýip gygyrdy, başga biri berekella berdi. Möwlana Fazly tagzym bilen dowam etdi: Kaşaň geýim mynasyp dilewar näzenine, Nikaply söz melhemdir, hassa janyňa derman... Gowurdy güýçlenip ýetişmänkä germewiň aňyrsyndan jogap eşidildi: Aýp etmäň, sözlerimde eger bolmasa edep, Eýse, ot nädip gögersin, Günüň çoguny görmän?.. Şowhun gaýtadan möwç aldy. “Näme diýdi? Näme diýdi?” – diýişip, käbiri ýanyndakydan sorady we gijirägem bolsa köpçüligiň gülküsine goşuldy. Bular ýaly şagalaňda beýtleriň many-mazmunyna geregiçe ähmiýet berip duran ýokdy, ara salym salman, ýüzugra berilýän jogaplar aýdyşygyň gyzygyny artdyrýardy. Ahyry Möwlana Fazly ýene elini çarpdy, ümsümlik aralaşansoň, dowam etdi: Gepe çeper dilber sen, sözle kimdir ussadyň, Aý hem şöhle saçmaýar tä Gün ýerine girmän... Germewiň aňyrsyndan sandyrawuk ses geldi: Derýaň düýbünde ýatan dür nädip şöhle saçsyn, Nur döküp, ýalkym atmasa, göwher çekmezmi arman?.. Ynha, mundan soňky gowurdy, wagyrdy welin, öňküleriň çaky bolmady. Mahzuna tahallusly bu gyzyň Möwlana Fazlynyň iň soňky söýgüli şägirdidigi hemmelere aýan boldy. Eýse, Günüň öňüni etek bilen ýapyp bolarmy? Aýdyşygyň soňky beýtleri güwläp duran şowhunyň içinde ýitip gitdi. Şu ýerde awçynyň ornunda şirdir gurdy peýläp oturan seýit Omar han, ýok, gazalçy Amiri ýerinden turdy. Barça halaýygy haýran galdyryp, Möwlana Fazlynyň ýanyna bardy. Oňa tokasy gymmatbahaly daşlar bilen bezelen kemerini berdi. Soňra germewe garap, parsçalady: Bir garaňy göreýin, eý gül ýüzli perizat! Künjekden şelaýyn owaz eşidildi: Gören aşyk ah urar, ýürekden çeker perýat! Hemme kişi lal-jim. Amiri dowam etdi: Düşünseň ahwalyma, rehim kylsaň halyma! Gyz hem germewiň aňyrsyndan jogap berdi: Gül gunçasyn açýança eýle sabyr-kanagat!.. Şondan soň zyýapatda kyýamat gopan ýaly boldy. Keýpi-sapadan başy humarlap, köňli joşgun tapan Amiri: “Şu ýerde näme bar bolsa, baryny size berdim!” diýip göçdi. Şahyry, alymy, bary zada topuldy, gözüne görnen, eline ilen zatlaryň hemmesini aldylar. Sähel mahalyň içinde emiriň öňünde hiç zat galmady. Ählisini ýyldyrym uran ýaly etdiler. – Talaň! – diýip emir gygyrdy. – Alyň!.. – Alyň! – diýip, Mübärek bilen Sadyk Abdyllanyň ertirlik naharyny – ýarma bilen çaýyny uzatdylar. Sadyk geňirgenip: – Ýaman gyzyk adam siz – diýdi. – Ýarma bilen işiňiz ýok. Kelläňiz başga ýere alyp gaçdy öýdýän... Hakykatdan hem Abdylla gökden düşen ýaly, äm-säm bolup durdy. Ol aňk-taňk halda töweregindäkilere göz aýlady... *** Öňki kamerada birnäçe gün ýeke özi bolany üçin Abdylla hyýal ýumagyny çözläp oturmagy endik edinene meňzeýär. Bu ýerde-de şol endigine eýerse, basym gülki ýassygyna öwrüljegi görnüp dur. Ana, Sadyk: “Kelläňiz başga ýere alyp gaçdy öýdýän” diýip dur. Belki, özüniň şu günki ýagdaýy barada köpräk oýlanmagy gerekdir. Ýanyndaky adamlary içgin tanamagy zerurdyr... Abdylla nan batyryp, ýarma iýip otyrka töweregine garady. Ýarma paýlap duran esger araky kumlakly ýigit bolsa nätjek! Gördüňmi, ýoldaş ýazyjy! Iň bir derwaýys zatlary gözden salýarsyň! Çolpan aýtmyşlaýyn: Hyýalymyň jylawyny gowşatdym, Öz erkine gök ýüzünde uçup ýör. Başbermez ol, bäri-bärde duranok, Ýyldyzlaryň arasynda myçyp ýör. Kumlakly esgeriňem bir gözi Abdyllada eken. Ol ýeserlik bilen: “Üstüne guýaýynmy?” diýip yşarat etdi. Başga wagt bolanlygynda bular ýaly tagamsyz nahary iýmeg-ä däl, dadyp görmäge-de keşdi çekmejek Abdylla bu ýigdekçede bir gepiň bardygyny şo bada aňdy. Ýüregi gürs-gürs urdy. Demir okarasyna sim bilen baglanan demir çemçesini ýalap, esgeriň ýanyna howlukdy. Her kim nahar bilen gara başyna gaý, çemçelerini şakyrdadyp oturyşlaryna esger ýigidiň pyşyrdysyna ähmiýet berjek ýok. – Eke, soran zadyňyzy getirdim, iki nanyň arasynda... Alyň – diýip, esger susagyny ýarmaly gabyň böwrüne urdy-da, iki kesim nany Abdyllanyň eline tutdurdy. Abdylla çaltlyk bilen nany donunyň ýeňinde gizledi. Okarasyna ýarym susak ýarma guýduryp, yzyna dolandy. Ýüregi gyzyl pagta donuny böwsüp çykjak deý gursagyna sygman gürsüldeýär. Ne Mübärek, ne Sadyk, ne-de beýlekiler hiç zat aňmadylar. Abdylla bir bölek çörege ýanap ýarmany iýip bolansoň, okarasyny tabşyrmak bahanasy bilen turdy. Bir parça kagyz bilen gysgajyk galamy jalbarynyň jübüsinde gizledi. Galan bir bölek çöregi hiç kime görkezmän, kumlakly esgere gaýtaryp berdi. “Işledi! Ata-babaň gurbany bolaýyn, eý musulman balasy! Işledi!” diýip, Abdylla içinden esgere alkyş baryny ýagdyryp, ýerine dolandy. Indi onuň golýazmalary ýitmez! Hudaý ugruna edip, bu ýerden çyksa, bir tomusmy ýa gyşmy, basa oturyp işlese, baryny ýazyp gutarar. Hudaý görkezmesin welin, birden uzak oturmaly bolaýsa-da, barybir golýazmasy aman galar. *** Türme günleri başlandy. Kimi soraga äkidýärdiler, kimi başga kamera geçirýärdiler, kimi bolsa goş-golamy bilen Sibire sürgün edýärdiler. Bikärlikden warsaky otaryp oturanlaram, takdyrdan zeýrenýänlerem bardy. Bir söz bilen aýtsaň, kamera entegem balarysynyň ketegi ýaly güwläp durdy. Abdylla Mübärek bilen Sadygyň berýän sowallaryna käte baş atyp oňardy, käte-de perwaýsyz jogap gaýtarardy. Sadyk bolsa: “Ýazyjymyzyň-a kellesi ýene bir ýerlere alyp gaçdy” diýip, Mübärek bilen özara maýda-çüýde gürrüňlere güýmenýärdi. Hakykatdan hem Abdyllanyň hyýallary ony uazklara alyp gaçýardy. Uçýar hyýal, uçýar gögi gulaçlap, Erkana guş kimin ganatyn ýaýýar. Ýüzýär gökde, daryganok, ýadanok, Käte däli köňli howsalala salýar... Şu gije Rahbara seresaply düşündirip, hatjagaz ýazsa, Alla ugruna edip, kagyz erte-birigün onuň eline gowşar. Onsoň golýazmany derrew ýygşyrar. Nirede, kimlerde goýarka? Gökderekdäki öz garyndaşy Inagamyňkydamy? Ýa agasy Asamiddinlerdemi? Rahbar akylly aýal, öz etjek işini biler. Aýalyny ýatlanda Abdyllanyň gözi nemlendi. Bu aýal horluk baryny görendir. Abdyllany birinji gezek tussag edenlerinde hamyla halyna üç çagasy bilen ýalňyz galypdy. Oňat ýeri, şol gezek türmede uzak oturmaly bolmandy. Bu gezek nähili bolarka? Ýene çül-çaga bilen ýalňyz galdy. Abdyllanyň gara güni üçin süýşürip goýan az-maz puly bardy. Ýöne ony nirede ýygşyryp goýandygyny aýalyna aýtmandy. Onuň ýüregi jigläp gitdi. Oý-hyýaly, gör, nireleri tozadan-da bolsa, ol bu barada birjigem pikir etmändir. Abdylla öz-özünden utandy. “Ýazyjy diýilýände hiç adamkärçilik bolmaz eken” diýip, ol özüni kötekledi. Geçen tomus ejesi Josiýat bibi ýogaldy. Ony jaýlanlaryndan iki gün geçensoň, Abdylla Ýazyjylar Birleşiginiň tabşyrygy esasynda Çolpan bilen Gapur Gulama goşulyp, Kazana, tatar ýazyjylarynyň gurultaýyna gatnaşmaga gitdi. Ýas dessurlaryny goňşulary Molla Ýusup berjaý etdi. Kazandan gaýdyp gelen gijesi aýaly Rahbar çagalaryny ýatyryp, Abdyllanyň öňünde gözýaş dökdi: “Ýazuw-pozuwa kowalaşyp ýörşüňize, Hudaý görkezmesin, bir gün ölüp galsam, meýdimem ýuwular öýdemok!” Indi pikir edip görýär welin, şo gezek aýaly hak aýdan eken. Ýeri, seniň Kazana gitmäniň bilen asman ýere inýärmi? Baran ýeriňem toý-tomaşa, oýun-gülki. Biri Gapur Gulama: “Gapur, sen içgiňi goý! Talantyňy harlama! Senem ile meňzejek bol, düzel!” diýip, nesihat berýär. Gapur hem ýüzüni aşak salyp, nesihaty diňleýär. Soňundanam: “Käşgä, bu gep-gürrüňler bilen düzelsediň, derdiň dep bolsady! Bar, ondan-a ýaňkydan iki çüýşejik alyp gel” diýip, ýene keýpi-sapa bilen gümra. Eýse, Abdylla Kazana şu zatlary görmek üçin bardymy? Eger Kazana gitmän, öýünde ýas tutup oturan bolsa-da, on-on bäş minutlyk dymyşlykdan soň pata gelenleriň gep-gürrüňe ýatjagy belli zat. – Bu ýyl daýhançylyga baş goşduk welin, hysyrdysy ýetik eken. Ýap çek, çil galdyr, hapa-haşaldan arassala, asyl ýeňsäňi gaşamaga eliň barmasa, nätjek! Düýn kartoşkany otap çykdym. Indi yzyndan suwarsam, ýene ot-çöp basjak, ýene otag... – Pirnazar baý, otag diýilýän zady suwdan soň etmeli. Onsoňam kartoşka-da bir otalarmy? – Siziň oýun ýadyňyza düşýär, molla eke! Men bolsa, öler ýaly ýadaw, sütünim süýndi... – Oýun däl, gara çynym bilen aýdýan. Kimden sorasaň, sorap göräý! Hemmeler baş atyp tassyklar. – Äý, otaldy-otalmady, parhy näme? – Otalmasa hasylly bolýar. Otasaň, eken tohumlyk kartoşkaňy ýa alarsyň, ýa almarsyň... – Wah, men samsyk nämelere baş goşup ýörün! Daýhançylyk meň işim däl, gümüne gitsin! Oturanlar gülşüp, wakyrda bererler. Soň ýene degişme, gülki, warsaky... Abdylla töweregine göz aýlady. Kim degişme aýdyp, ýanyndakylary güldürip otyr, kim gapdalyndakyň üstünden düşýär, garaz, içgysgynçlyk ýok. Özbekçilik-dä... *** Emir Nasrulla han barça aga-inilerinden dynansoň, özüni häkimligiň çürbaşyna çykaran Hekim guşbegini şübhe astyna alyp başlady. Ýok, onuň özüni alyp barşynda güman eder ýaly hereketler göze ilenok. Ýöne dört emire wezir bolan bu garry tilkiden her işe garaşsa bolar. Her näçe müňkür boluber, weziriň demine düşdüňmi, süýji dili bilen hoşamaýlyk eder, şorta söz aýdar, eýder-beýder, kalbyňa düşen güman düwünlerini çözüp, aýryp, ýom-ýok eder. Emir Nasrulla han ondan öňki emirleriň hüý-häsiýetleri barada soran wagty şeýle bir aýlawly gürrüň bererdi welin, olary öwüp taryp edýärmi ýa üstlerinden gülýärmi, eger-eger aňşyrjak gümanyň ýok. – Bir gün Siziň merhemetli ataňyz Şährisabz emiri Muhammet Sadyk hakynda şeýleräk ýomak aýdyp beripdi. Muhammet Sadyk Şährisabzdan Kitaba gelende mal bazaryna ala-mula öküz getiren bir özbegi görüpdir. Ondan türkiçeläp: “Sygryňa näme diýýäň?” diýip sorapdyr. Malyň ady soralýandyr öýden sada özbek aljyrapdyr. Emir bolsa sowalyny gaýtalapdyr. Özbek emiriň niýetine düşünmäni üçin el-aýagyny ýitiripdir. Ahyry emir dergazap bolup, ýaňky adamy taýak bilen saýgylap başlapdyr. Şonda o biçäre: “Öküzime öküz diýýän!” diýip, gaçma bilen bolupdyr. Emiriň ýanyndaky adamlaryň biri sada özbege: “Emir senden bahasyny soraýar” diýip düşündiripdir. Şonda emir hem türkiçe ýalňyş geplänini aňypdyr. Öküz eýesi bolsa, öküzi satyn almandygy üçin onuň bahasyny hem bilmeýändigini aýdyp, ýerliksiz taýak iýenine ökünipdir... Abdylla ýanyndaky tussaglara şu ýomagy aýdyp berse niçik bolar? Düşünerlermikä? Ýa emir Nasrulla hanyň: “Hekim guşbegi ýene üstümden gülýän bolmasyn!” diýşi ýaly, bularam ýomagy terse çekip, köňlüni gümana berip oturybererlermikä?.. *** Gowusy, aýallar hakynda gürrüň bermek gerek, hawa, aýallar hakynda. Dört erkegiň başy çatylsa, gep syrygyp, derrew aýallara barýar. Soltan Omar hanyň haremhanasy barada aýtma gerek! Mahlar aýym soltan Omar hanyň soňky şygyr agşamyndaky ýagdaýyny eşidip, ýene ynjalykdan gaçdy. Eýtdi-beýtdi, elinden gelenini edip, soltanyň haremhanasynda-da şolar ýaly şygyr agşamynyň geçirilmegini gazandy. Goşgy-gazal düzýän, Gurhan okaýan zenan bar bolsa, hemmesini köşge çagyrdylar. Uwaýsiý hem öz şägirtlerini ýygnady. Dutardyr tamdyralarynyň owazyny kimdir biriniň eşidäýmeginden çekinip, öz öýlerinde ýuwaş sesde hiňlenip oturan aýal bagşy-sazandalara çenli baryny haremhana jemlediler. Mahlar aýymyň köňlünde bir syrly höwes bardy. Bu höwes barada ol hiç kimiň ýanynda dil ýarmandy. Ýöne köşkde onuň her bir hereketini gözden salmaýan iki aýal – Uwaýsiý bilen Aýhanpaşşa bu syrdan habarlydy. Mahlar aýym Hindistanda, Babyrlar hanlygynda dogulmanlygy üçin ah çekýärdi. Ýaşlykda okan kitaplary boýunça Dildar begim, Gülbeden begim, Arjument hanym, Zebunisa, Nurjahan begim, Jahanara dagy onuň hyýalynda ýerde däl-de, Behiştde ýaşaýardy. Mumtaz Mahalyň hormatyna Şahyjahanyň gurduran Täçmahalynyň meşhurlygyna gözi giderdi, ýüregi ezim-ezim bolardy... Gülbeden nigärimni düýşlerimde görsedim, Lebleri şähdi-şekerni düýşlerimde görsedim... Şygyr agşamynda hem ol atlaz geýinmedi, Hindistandan getirilen ýüpek parçalara çolandy. Haremhananyň ýakymly zenan ysyndan burk urýan giňiş jaýynda owadan guýruklaryny ýazyp, soltanyň iki sany tawus guşy gugurdaşyp aýlanyp ýördi. Olar çekinmezden-zat etmezden, wagt-wagt tekepbirlik bilen köşk hyzmatkärlerini çokup goýberýärdiler. Lezzetli tagamlar iýlensoň, naryň hem üzümiň sykylyp alnan suwy içildi. Şahyr zenanlaryň ýaňaklary nar ýaly gyzardy. Soňra bu zyýapatyň eýesi Mahlar aýymyň şanyna kasydalar okaldy. Gelmegeý dünýäge onuň dek aýym, Köňli sahawatdan doludyr daýym. Çakylyk iberdi alym ähline, Ýygnandy köp adam oň dergähine. Jem boldy ülkäniň ähli şahyry, Goşgudyr gazala ussatlaň bary... Goşgy-gazal okanlaryň ählisine Andijan täjirleriniň uzak Hindistandan getiren owadan ýüpek parçalaryny paýladylar. Goşgy-gazaldan soň gezek aýdym-saza ýetdi. Tans oýnaldy. Aý-aýdyň gijeler, Ýagty gijeler. Gül-reýhana bürener Ýar ýörän köçeler. Ýaryň ýörän köçelerin Süpürsem saçlam bilen. Tozan tursa, suw sepsem, Gözdäki ýaşlam bilen. Herki zat öz çygryndan çykmasa ýagşy. Köňli joşgun tapan aýallar başyndaky ýaglygyny sypyryp, ýelpewaç edindiler, gykuwlaşdylar, çapak çaldylar, gülküleri asmana göterildi. Hoşboý atyr yslary ýitip, haremhananyň içini der ysy tutdy. Myhmanlaryň arasynda çişip ýören tawus guşlaram tekepbirligini unudyp, bir burça gyslyşdylar. Törde ýalňyz oturan gussaly Aýhanpaşşa öz ýanyndan oýlandy: Geçdi gaflat nadanlykda ömrüň gözel çagy, heý, Ahmyr-armanda geçdi onuň galan ýary, heý... Soň hiç kime duýdurman, tomaşany terk edip, ýatakhanasyna çykyp gitdi. Çykyp gitdi-de, bu tomaşanyň iň bir hezil ýerini görmekden binesip galdy. Az salymdan burçdaky gapydan çykyp, Mahlar aýym geldi. Hyzmatkärler şo bada onuň arka tarapyna agaç germewi getirip goýdular. Dabara serenjam berip ýören Uwaýsiý çasly çapak çalyp: “Subhan Alla!” diýip gygyrdy. Tomaşanyň şowhuny peseldi, haremhana jaýyna ümsümlik aralaşdy. – Şygyr agşamynyň şasy Nodira bilen... – diýip, Uwaýsiý biraz sägindi. Soň gaty sesi bilen: – Amiri! – diýip gygyrdy. Duranlar tolgunmadan ýaňa yranyşyp gitdiler. Dogrudanam germewiň aňyrsyndan özi görünmese-de, emir Omar hanyň şaha laýyk sesi ýaňlandy: – Ondan nije alymyň, danyşmendiň ary bar? Nodira duranlaryň arasyndan saýlanyp, öňe çykdy-da, näz-kereşmä ýugrulan zaryn ses bilen jogap berdi: – Kim ol teni ýalaňaç, jüpbeýi destary bar? Gelin-gyzlaryň arasynda ah-wah sesleri köpeldi. – Gül ýüzüňi göremde göýä ki serhoş boldum – diýip, germewiň aňyrsynda duran Amiri dowam etdi. – Açylmadyk gunça lebiň göwherden güftary bar... Ah-wah sesleri güýçlendi. Kimdir biri sesli aglamaga başlady. Ýene emiriň sesi eşidildi: – Eý, saky, meý guý, biraz şady-horram bolaýyn! Hyzmatçy gyzlaryň biri çakyrdan doly jamy göterip, germewe tarap ugrady. Muny gören Nodira başyny ýaýkady: – Natuwan köňlümiň hijran derdinden azary bar... Az salym böwşeňlik aralaşdy. Çakyrdan ganan emir agzyny süpürip, şeýle diýdi: – Zülpleriniň taryny boýnumda görüp geňlemäň... Şu mahal burçda gyslyşyp duran tawus guşlar janlandy-da, biri beýlekisiniň yzyna düşüp kowga başlady. Gezek Mahlar aýyma ýetdi: – Bir butparaz but ýolunda, boýnunda zünnary bar. Aýallar näme diýlenini aňşyryp ýetişmän, bir-birinden soramaga durdular. Bu sözleriň düýp manysyna akyly ýetip duran Uwaýsiý çalaja gülümsiredi. Ýöne soňky sözlere o-da oňly düşünen däl bolsa gerek. Çünki soňky sözler diňe soltan Omar hana däl-de, başga birine degişli ýaly: – Eý, peri, bir gün bozuk külbäme girgil sallanyp... Çakyryň gyzgyny başyna uran Amiri beýle jogaba garaşmandy: – Hiç haçan, çünki külbäniň saýaly diwary bar... Amiriniň bir mahalky “Hoş geldiň” diýen gazalyndaky “saýaly diwary” gelip-gelip özüne gaýtaryldy. Göwnüne bolmasa, Nodira: “Ýok, men bu gün seniň külbäňi düzetmäge gelmedim, isleseň, kime hoş geldiň diýýän bolsaň, şoň ýanyna baraý, öň diwar saýasy men bolan bolsam, indi sen bolarsyň!” diýýän ýaly bolup göründi. Mahlar aýym gepi haýsy tarapa gyşardýanlygyny duýdurmakçy bolýan deý Aýhanpaşşanyň oturan ýerine seretdi. Emma ol o ýerde ýokdy... Şo pursat ýene emiriň sesi ýaňlandy: – Ne sebäpden bolmasyn köňül köşgüm weýrana... Mahlar aýym tarapdan jogap bolmansoň, germewiň aňyrsynda duran emir Omar han: – Yşk şasy Amiriniň lezzetli eseri bar... – diýen sözler bilen gazaly jemledi. Gelin-gyzlaryň tomaşasyny özlerine galdyryp, ýatakhanasyna gitdi. Nodiranyň ýüregi para-para boldy: Terse dönen, eý şum pelek, bu jebri-zulmuň nedir, Aýra saldyň ýardan bu gün Nodira mejnun şeýdany... *** Eýse, Abdylla tussaglykda oturanlara şulary gürrüň bersinmi? Düşünerlermi? Ýa baryny bir başyndan “Müň bir gijäniň” görnüşinde hekaýat edip aýtmalymy? Şeýtse, heniz ýazylmadyk sahnalar hem aýdyňlaşyp, bir sapaga düzülse gerek... Abdyllanyň töwerekdäki gürrüňçilige gyzygyp, gulak gabardýandygyny duýan düşbi Mübärek: – Abdylla eke, sizi nähili günä bilen aýypladylar? – diýip, ony gepletmäge ilgezik boldy. – Bilmedim. Ýokarkylar bilýän bolsa gerek. Wagty-sagady gelende aýdarlar-da... A sizi nämüçin tutdular? – diýip, Abdylla sorady. Şol wagt tussaglaryň biri bilen özara gürrüňini tamamlap gelen gyzlymtyl sakgally “aksakal” Jurat eke bularyň sözüni böldi: – Hany, indi täze geleniň habarynam alaly. Ýazyjy diýdiňmi? Okamandyryn. “Garagol oglan” diýen kitaby okapdym. Oňat ýazylypdyr... Abdylla pylany diýilýäniň “Ogry” kitabynam okapdym... Häli adyňa Abdylla diýdiň dälmi? “Ogryny” sen ýazdyňmy? – Ýok, ony Abdylla Kahhar ýazdy. – Nähili ýazyjylygyň-a biljek däl, ýöne doňuň-a gowy eken... Jurat aksakalyň soňky sözlerine öwgi diýip düşünmelimi? Ýa Abdyllanyň göwnüni götermek üçin aýtdymyka? Belki, donuň özüne berilmegini isleýändir? Nasrulla han döwründen bir ýomak Abdyllanyň ýadyna düşdi. Ol oslagsyz gülüp goýberdi-de, gürrüň bermäge durdy: – Gadym eýýamda bir patyşa tagtyndan jyda düşüp, sepilu-sergezdan bolup, Samarkanda barypdyr. Elinde ne puly, ne-de maly bar eken. Bar baýlygy köne dony bolupdyr. Onsoň bialaç şo donuny satmak üçin bazara barypdyr. Ýöne hiç hyrydar tapylmandyr. Ahyry deger-degmezine – çärýek dirheme satyp, zordan garnyny doýrupdyr. Ertesi şo bazaryň töwereginde syňsyraklap ýörkä düýnki donuny satyn alan adam muňa gabat gelipdir. “Donuň kemi bar ekeni, düýnki söwdany gaýtarmasak bolanok!” diýip, dawa edipdir. “Näme kemi bar?” diýip sorasa, ýaňky adam: “Dünýäň ähli biti şu donuň içinde eken. Gije endamymda abat ýerimi goýmadylar, persala edip, tas iýipdiler” diýipdir. Şonuňky ýaly, biziň donumyzyňam kemi özüne ýetik... – Al saňa gerek bolsa! Men-ä telpek goýdum! – diýip, gyzyl sakgal Jurat hezil edindi. – Sen bu ýerde aýak asty bolup ýatma, meň ýanyma göç. Humar oýnan wagtymyz degişme, ýomak aýdyp berersiň. Jurat aksakal jübüsindäki aşyklary şagyrdadyp, Abdyllanyň düşekçesini törde, öz ýanynda ýazmagyny buýurdy. Şu pursat beýleki burçda iki tussag özaralarynda bir zadyň dawasyny edip, ýaka tutuşyp başladylar. Goh ula ýazmaz ýaly aksakal olara tarap howlukdy. Pursatdan peýdalanyp, Mübärek hälki arasy üzülen gürrüňi dowam etdi: – Ýaňy Nasrulla hanyň döwründen gep açdyňyz. Menem şo döwre degişli köp zat okadym. Esasan iňlisçe kitaplary... Içalylar barada... – Aý, goý-a! – diýip, Abdylla haýranlar galdy. – Men şo döwür hakynda kitap ýazyp ýörün... – Onda siz meni diňlemeli! – diýip, Mübärek gözüni gypyp goýberdi. – Düşegiňizi törden ýazaly, belki, o taýdan maňa-da ýerjagaz tapylar... Meň nämüçin tutulanymy soradyň. Men iňlis içalysy... Mübärek ajy ýylgyrdy. Geň-taň görmeli däl, türmede her hili adama gabat gelýäň... Sene-mene edýänleriň ýanynda Jurat aksakalyň araçylyk edip durşuny görensoň, Abdylla Mübäregiň yzy bilen töre geçibermedi. “Soňrak görübereris” diýip, Sadyga seretdi. Sadyk aňry gapdalyndaky tussag bilen gepleşip otyrdy. Abdylla gulak gabardyp, diňlese, ol tussagyň dil şiwesi üýtgeşik eken. Özi-de Özbegistanyň çäginde duş gelýän şiwe däl. Türmede biriniň gürrüňini birugsat diňlemeg-ä beýlede dursun, adamyň ýüzüne gös-göni garap seretmegem edepsizlik hasaplanýar. “Nämä seredýäň? Bir ýerini açan barmy?” diýip, ýenjiberselerem geň däl. Şonuň üçin Abdylla ähem-ühem edip, çalaja ardynjyrady. Sadyk oňa tarap öwrüldi-de: – Halypa, ine, bi goňşymyzam owganystanly molla. Termize, Buhara zyýarat edeýin diýip gelende ele düşüpdir – diýip, saç-sakgalsyz molla bilen tanyşdyrdy. Hä-ä, diýmek, owganystanly özbeklerden ekeni... Abdyllanyň öz oýlap tapan bir oýny bardy. Awtobusa, tramwaýa münüp şäher merkezine gitse, ýa şäher merkezinden Hadra tarap öýüne gaýtsa, ýolagçylaryň ýüzlerine seredip, öz ýanyndan olary dürli döwürlerde ýaşan adamlara meňzedip görerdi. Ine, bu gysgadan semizje kişiniň sypaty Nasrulla hanyň emirligindäki kaza meňzäpjik dur. Ana, ol ýüzi menek-menek aýal Nodiranyň hyzmatyndaky gyzlaryň baştutany. Tramwaýyň murtlak sürüjisine arabakeş däl-de, hut gassap diýseň boljak. Gözleri oýnaklap duran petek barlaýjy bolsa, Kokant bazarynyň salgyt ýygnaýjysy däl-de, eýsem, jübükeser jüwlük... Özi bilmezden, kä kişi şahyrlyk mertebesine eýe bolýardy, käbiri özüniň goltugy papkaly jellatlygyndan bihabar, Bazarmetjit duralgasynda düşüp galýardy. Abdylla, ine, şu oýny ýadyna saldy. Nätse-de, bu owgan mollasynyň keşbinden owgan mollasyny tapyp biljek däl. Gaty gitse, mundan Buhara zyndanynda aýagyna gandal urlan tussag çykar... Abdylla molla bilen elleşip görüşdi. – Essalawmaleýkim, ýagdaýlaryňyz ýagşymy, jan-saglyk oňatmy? – diýip, molla saglyk-amanlyk soraşdy. – Bu biziň uly ýazyjymyz! – diýip, Sadyk tanyşdyrdy. – Pah-pah-pah! – diýip, molla ýylgyrdy. – Başym gurban bolsun, bize görkezen görgülerini ýazsaňyz... Siziň şuraňyzyň başyna düşen iş Dostmuhammet patyşanyň depesinden inen beladanam beter. Ony beýan edere dil ejizlik edýär, ýürek çydanok... – Siz Dostmuhammet patyşanyň taryhyndan habarlymy? – diýip, Abdylla geň galyp sorady. – Elbetde, habarly. Biz onuň öz neberesinden ahyryn. – Onda, diýmek, Dostmuhammet patyşa tagtyndan agdarylansoň, Buhara emiri Nasrulla hanyň huzuryna gelenini eşiden bolsaňyz gerek? – Ýogsa nä! Meniň özümem, ine, zyýarata diýip gaýdyp, şu güne düşdüm-ä... Aýdyp bereýinmi? Abdylla hä bermäge-de ýetişmedi. Mübärek gelip, onuň ýeňinden çekdi. “Aksakal çagyrýar!” diýip, molla bilen söhbetini gutararyna-da goýman, Abdyllany kameranyň törüne alyp gitdi.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 41 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Hamid Ismoilow, Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 13:09, 24.08.2024
abzaslar berilmändir. garyşyk gidipdir...

gowja goşgularam aýdylan eken şahyrana вечеринкаларда...

Aý-aýdyň gijeler,
Ýagty gijeler.
Gül-reýhana bürener
Ýar ýörän köçeler.

Ýaryň ýörän köçelerin
Süpürsem saçlam bilen.
Tozan tursa, suw sepsem,
Gözdäki ýaşlam bilen.

gowy hä?

Оқ ойдин кечалар,
Оппоқ ойдин кечалар.
Гул билан райҳон бурайди
Ёр юрган кўчалар.

Ёр юрган кўчаларни
Супурай сочим билан.
Чанги чиқса сув сепай
Кўзимдаги ёшим билан.
avatar
0
2 Мango • 13:17, 24.08.2024
Мундоқки нуқтадонсан, ким эрди устодинг,
Ой каби нур қилмас, то офтоб кўрмай...

Gepe çeper dilber sen, sözle kimdir ussadyň,
Aý hem şöhle saçmaýar tä Gün ýerine girmän...

originalda "Aý nurun saçmaz, Gün ýüzüni görmezden..." ýalyrak bolmaly ýaly. terjimede bolsa Gün ýaşmasa Aý şöhle saçanok diýipdir welin... garaz, Aý şöhlesini Güneşden alýar manysynda bolmaly. ýagny, şägirdi nuruny ussadyndan alýar....
avatar

Старая форма входа
Total users: 203