Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:54
Jynlar bezmi ýa-da uly oýun - romanyñ dowamy - 9
***

Jurat aksakal içki köýnekde iki ýassygy goltugynyň aşagyna çekip, ýanbaşyna ýatyrdy. Barmaklary bilen iki sany gyrdy aşygy oýnap oturyşyna ol öz ýanyndan Abdylla oturar ýaly ýer görkezdi-de, Mübärege buýurdy:
– Ýazyja hemmeleri tanyşdyrmak gerek. Ýazyjy öz gahrymanlaryny bilmeli. “Ýagşy adam aý bolar, nirä barsa jaý bolar” diýipdirler. Hany, gahrymanlaryny ýeke-ýeke äkel!
Mübärek ilki bilen aňry çetden başlady. Adamlary bir-birden töre getirdi. Her kim adyny we nämüçin tussag edilenini aýdýar. Jurat aksakal bolsa her haýsyna iki agyz düşündiriş berýär.
– Pylanyýew Pylany, Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 150-nji maddasy, parahorlukda araçylyk etmek.
Aksakal ony: “Bar baryny aýdar, ýok – zaryny” diýip düşündirýär. Gelen adam baş egip, tagzym edýär-de, aksakalyň yşaraty bilen yzyna dolanýar.
– Pylanyýew Pylany, Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 233-nji maddasy, kezzapçylyk we ynama hyýanat etmek.
Jurat muny: “Ýalançy ýagly geçi, bazarda bagly geçi” diýip, çürt-kesik edýär. “Ýalançy” bu nakylyň manysyna akyl ýetirjegem bolman gözlerini güldürip öz ýerine ugraýar.
– Pylanyýew Pylany – Gözi mölerip duran bu tussag öz maddasyny aýdýar. – 150-nji, gorkuzyp para almak.
Jurat gaharlanyp: “Haramyň guýrugy bir tutam!” diýýär-de, elini salgaýar. Gelen adam bolsa: “Erkinlikde bolsadym, seň gözüňe görkezerdim” diýýän dek, altyn dişlerini gyjyrdadyp, ýüz-gözüni gamaşdyryp, yzyna gidýär.
Tanyşdyrylyşa gelenleriň köpüsi 1926-njy ýylda kabul edilen Özbegistan Jenaýat kodeksiniň 66-njy maddasyny aýdýar. Biri 66-njy maddanyň 12-nji bendini – kontrrewolýusion hereket jenaýaty hakyndaky habary degişli organlara ýetirmändigi barada sözlese, ikinjisi şol maddanyň 10-njy bendini – kontrrewolýusion hereket hem-de ony ýaýratmak hakynda agzaýar. Jurat aksakal bulara nähilidir bir duýgudaşlyk bilen: “Syryňy aýtma dostuňa, saman dykar postuňa!” ýa-da “Essiň barka, etegiňi ýap!” diýýärdi.
Elli-altmyş adamyň hemmesi birme-bir bularyň öňünden geçdi. Biri: “Bu täze baş wezir kimkä?” diýip ýyrşarsa, beýlekisi masgarabazçylyga meňzeş bu nysagy oňlamady, ýokuş gördi. Ýene biri “Başa gelenini göz görmüş” diýýän deý sessiz-üýnsüz gelip gitdi. Bularyň dyngysyz hereketlerinden kameranyň dymyk howasy has-da agralyp, çüýrän almanyň ysy ýaýran ýaly boldy.
Ahyry başga adam galmansoň, Mübäregiň özi bularyň öňüne geldi:
– Mübärek Kohanow, 66-njy madda, 6-njy bent, içalylyk.
– Durşuň bilen altylyk bolup duran ekeniň-ä, içaly – diýip, Jurat aksakal aýtdy. – Hany, aýran diläp gelen bolsaň, okaraňy gizleme-de, aýt, kimlere içalylyk etdiň?..
– Molla eke, özüňiz bilýäňiz-ä, men nire, içalylyk nire? Musaň neberelerini idäp, Iňlisistana gidip geldik. Biz hemişe melamata ýakyn...
– Gideniňe görä, ilen-çalan garyndaşlaňdan tapanyň barmy?
– Tapdym. Gaty akylly, dana adam. Buhara barada köp kitap ýazypdyr. Özüm okap gördüm...
– He-e, müň garga bir kesek diýipdirler. Gel, hany, seň bilenem aşyk oýnap göreli. Aşyk bir oýnap bilýäňmi özi?
– Oýnasak, oýnaýarys...
Abdylla söhbete gulak gerip gyzyksa-da, dymyljyk, ýakymsyz ys sebäplimi, ýa ýaňky gelşiksiz, ýasama dabara zerarly şonça bendi bilen ýüzbe-ýüz bolanlygy üçinmi, bu ýerde uzak oturasy gelmedi.
– Gowusy, men işigiň agzynda ýataýyn, ýogsa, howa ýetenok – diýip, ol aksakala ýüzlendi.
Gyzlymtyl sakgally Jurat Abdyllanyň agaran ýüzüne seredip:
– Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler... – diýdi-de, Mübärege buýurdy. – Ony öňki ýerine ýerleşdirip gaýt!
“Bir gezek dünýäniň patyşasy aşdarha bolupdyr. Ol gahar bilen agzyndan ot saçyp, tasdanam ähli ynsy-jynsy gyrgyna beren eken” diýip, Abdylla öňki ýerinde – kameranyň azajygam bolsa howaly ýerinde ornaşansoň, öz ýanyndan oýlandy.

***

Günorta nahary getirildi. Bu gezek nahar paýlananda Winokurowyň özi olaryň ýanynda dik durdy. Oňa nazary düşenden Abdyllanyň gözlerine gan indi, telim gün bäri ýüreginden çykmaýan ar almak hyjuwy oýandy-da, ýumruklary berk düwüldi. Häzir Winokurow onuň duran tarapyna seretdigi bes, gözleri çaknyşandan, Abdylla bu ýigrenji mahlugyň üstüne özüni zyňyp, bokurdagyna ýapyşjak...
Winokurow üsti naharly galtak arabany alyp gelen iki sany esgeriň arkasynda durup, üm bilen Jurat aksakaly ýanyna çagyrdy. Aksakal garaşdyrman onuň ýanyna geldi. Olar özara bir zatlary pyşyrdaşyp duransoňlar, Winokurow birdenkä guýrugyny ýamzyna gysan it ýaly ökje göterip, kameranyň işiginden çykyp gitdi. Abdyllanyň berk düwlen ýumruklary biygtyýar gowşady.
Winokurow bilen gyzyl sakgal Jurat näme barada gepleşdilerkä? Aksakalyň özünden sorap görse näder? Ýa bu ýerde başga bir gep-gürrüň barmyka? Iki adamyň gep-gürrüňine üçünji adamyň gelip goşuljagy bes-belli. Bu ýerde bolsa, iki däl-de, altmyş iki adam bar.
Gep-gürrüň... gep-gürrüň... gep-gürrüň...
Emir Omar han ýedi gat körpeçäniň üstünde bedene perinden edilen ýassygy ýassanyp, ýanbaşlap ýatyrdy. Onuň öňünde ýygrylyp oturan Kurama welaýatynyň häkimi Ärnazar welaýatyndan ýygnalan salgytlar barada gürrüň berýärdi:
– Şahy älem, bir çemçe ganymy geçiň! Öňňin salgyt ýygnaýjylar welaýatyň o çetinden gaýdyp gelýärkäler ýolda iki sany şübheli adama duş gelipdirler. “Siz kim bolarsyňyz, bu ýerde näme işläp ýörsüňiz?” diýip sorasalar, ikisem atyny gamça basyp gaçyp başlapdyrlar. Salgyt ýygnaýjylar hem yzlaryndan kowup ýetip, ýaňkylary ele salypdyrlar. Olaryň ýanyndan, ine, şu hat çykypdyr. Muny okaman, size alyp geldim, şahy älem!
Emir Omar han uzadylan haty höwessiz eline aldy. Ýöne hata göz gezdirip çykan dessine gaşlary bürüşdi, gözleri petredi, ýumruklary düwüldi.
– Içigar galmyş! – diýip, ol haty iki epläp, jübüsine saldy. Ärnazaryň ýüzüne dikanlap:
– Bary şumy? – diýip sorady.
– Şahy älem, hatda näme ýazylanyny bilmedim. Ýöne ýaňkylary sykajaga salyp gyssan wagtymyz haty ýazan adamyň bulardan başga-da ýene iki adamy gyrgyzlaryň arasyna, Narbutabiýiň ogullaryna ýollandygyny aýtdylar...
– O tutulanlary näme etdiň? – diýip, Omar han gaharly sorady.
– Ýene bir çemçe ganymy geçiň, şahy älem! Zyndana saldym. Ýöne zyndandan gaçmakçy bolanlarynda ikisini-de çapyp öldüripdirler...
– Wah-h!.. – diýip, Omar han bedene perinden tikilen ýassygyny ýumruklap, hyrçyny dişledi.
– Sen gaýdyber. Galanynyň gamyny özüm iýerin. Ýöne seresaplylygy elden berme. Araçäge köpräk adam goý. Kimi tutsaň, meň ýanyma alyp gel!
Ärnazar: “Aýdyşyňyz ýaly bolar” diýip, tä gapydan çykýança götin ýöräp, tagzym edip gitdi.
Ynjalygy gaçan emir birsellem oýlanyp oturansoň, çapak çaldy. Gapdaldaky otagdan sakçylaryň biri ylgap çykdy.
– Mädaly bilen Hekim töräni çagyr! – diýip, Omar han buýruk berdi.
Sakçy emiriň ogly bilen ýegenini tapmak üçin haýdaşlap gitdi.
Biraz wagtdam ýigitleriň ikisem tagzym bilen emiriň huzuryna geldiler.
– Al, şuny oka! – diýip, emir bir bölek kagyzy ýegeni Hekim hanyň eline tutdurdy.
Hekim han “Bismylla” diýip, okamaga durdy:
“1232-nji hijri ýyly, Rejep aýynyň birinji güni.
Size mälim bolsun ki, alhamdilulla, biz gadyrdan dostumyz bolan Siziň salamatlygyňyz we abadançylygyňyz üçin doga-dilegler edip, hergiz sag-salamat gezip ýörüs...”
Omar han takaty elden berip:
– Soňuny oka! – diýdi.
Hekim han biraz säginip, hatyň aşagyna seretdi, gerekli ýerini tapyp, okap başlady:
“Aýşy-eşret laýyna batyp, gyz-gelinleri ýyrtyjy guş kimin awlap, Şerigata nälaýyk işleri edýän Omar şanyň zulmy astynda halkyň gyrmyzy gany dökülýär...”
– Nejislik! – diýip, emir gygyrdy. Hekim han emiriň bu sözi kime gönükdirenine – ýazylan hatamy ýa haty ýazanamy – düşünmän galdy. Biraz dymyp, bir zatlary pyşyrdady, hatyň yzyny okady:
“Öç almagyň wagty ýetdi. Jirgatal gyrgyzlaryny taýynlap, şaýyňyzy tutuberiň. Garadonlular gypjak bilen gyrgyzyň bilelikde baş götererine garaşyp otyrlar. Garategin halkyny hem çagyryň. Gyşda ýene bir salgyt salynjakdygyny aýdyň. Enşalla, aşygymyz alçy gopup, häkimlik üleşiginde Size miras galmaly Kokant tagty öz hakyky mirasdüşerine – Alym hanyň neberesine nesip eder.
Siziň hoşniýetli sadyk guluňyz Rejep diwanbegi...”
– Haramzada! – diýip, Mädaly han seslendi.
Hekim han:
– Satlyk deýýus! – diýip, haty Omar hana gaýtaryp berdi.
– Çakyr! – diýip, Omar han gapdala gygyrdy.
Sakçylaryň biri derhal küýze doly meý getirip, käsä guýdy. Emir ony bir demde başyna çekdi-de:
– Bar, Rejebi tapyp gel! – diýip, ogly Mädaly hana buýurdy. Murtunyň çakyr degen ýerini ýeňi bien süpürdi. Mädaly han gyssanmaç çykyp gitdi.
– Guý! – diýip, musulmanlaryň emiri ýegeni Hekim hana käsesini uzatdy. Hekim han käsäni meýden doldurdy.
– It ogly Rejep geldigi meni habardar ediň! – diýip, Omar han gulkuldadyp käsäni boşatdy.
Basym Mädaly hanyň öňüne düşüp, demi-demine ýetmän, hassyldap Rejep diwanbegi geldi. Gelşine dyzyna çöküp, tagzym etdi:
– Çagyran ekeniňiz, şahy älem...
Omar han gödeklik bilen haty oňa uzadyp:
– Oka şuny! – diýip gygyrdy.
Rejep diwanbegi hiç zatdan bihabar görnüşde okap ugrady. “Gazaply çölüň awuly tikeni, haýynlyk harabasynyň baýguşy Omar han...” diýen sözlere ýetip saklandy:
– Ýok, bular ýaly gabahat sözeri okamaga dilim baranok, şahy älem!
– Möhrüne seret! Seňkimi? – diýip, Omar han gykylyklady. Rejep diwanbegi hatyň aşagyna seredeninden ýüzüne gan urdy.
– Bu barypýatan töhmet! Hudaý ursun! – diýip, ol ant içip başlady.
– Gol seňki dälmi? – diýip, Omar han ýeň bermedi.
Muňa Rejep diwanbegi pars dilinde beýt bilen jogap berdi:

Gulak asmaň her kese, men hakda menden eşidiň,
Bu zatlaryň barysy göribiň pitnesidir.

Çekeleşik birnäçe wagt dowam etdi. Omar şa eý diýse, weziri başga zat diýdi. Rejep diwanbegi: “Hiç bir aýbym ýok” diýse, patyşa: “Diňe Ýaradan Perwerdigär aýypsyzdyr” diýdi. Ahyry emir wezirine ynam bildirýän şekilli, Mädaly han bilen Hekim hanyň gözüniň öňünde egnindäki zerli donuny çykaryp, Rejep guşbeginiň gerdenine atdy. Rejep guşbegi berlen engamdan-da beter günäsiniň geçileni üçin çäksiz şatlyk bilen tagzym etdi. Soň şahy älemden ejaza alyp, öýüne gaýtdy.
Ony ugradyp, Omar han ogly bilen ýegenini kerwensaraýa iberdi. Tizden-tiz Kurama welaýatynyň häkimi Ärnazary tapyp getirmegi tabşyrdy. Özi bolsa, bedene perinden tikilen ýassyga başyny goýdy.
Emiriň şu ýagdaýda näçe wagt ýatany belli däl. Ýigitler Ärnazar häkimi kerwensaraýdan däl-de, başga bir ýerde meýlis edip otyrka tapyp, köşge alyp geldiler. Emir Omar han ogludyr ýegenine rugsat berip, häkim Ärnazar bilen näme gürrüň edeni nämälim.
Mälim zat – emiriň permany bilen Ärnazar Kurama welaýatynyň häkimliginden boşadylyp, oňa Turakurgan we Namangan welaýatlarynyň häkimligi ynanyldy. Rejep guşbegä bolsa, täze häkimi täze ýerine çenli ugradyp gelmek buýruldy.
Olar Seýhun* derýasyndan geçip, gije Ahsi diýen ýerde düşlediler, Ärnazaryň dört jellady gije ýarymdan agansoň, Rejep guşbegini myltyk tüpeňiň peltesi bilen bogup öldürdiler. Onuň jesedini Seýhun derýasynyň bulançak suwuna taşladylar.
Bu sahnalar Abdyllanyň aňyndan täsin tizlik bilen geçdi. Winokurowyň gyzyl sakgal Jurat bilen pyşyrdap gepleşişi, öz öýüne, Rahbara ýazmakçy bolan haty ýadyna düşdi. Onuň ýüregine nähilidir bir gorky aralaşdy...
Bu mahal her kim günortanlyk nahary bilen başynagaýdy...

* Seýhun – Syrderýa.

***

Ýazyjy diýilýän millet adam tananok. Birbada bu pikir ters görünýän-de bolsa, Abdylla muňa öz ömründe telim sapar göz ýetirdi. Ýazyjy gahrymanlaryny oýlap tapýar, öz hyýaly dünýäsinden alyp döredýär. Olary geýindirýär, bezeýär, hüý-häsiýetlerini ýylmaýar. Ýazyjy barypýatan ýigrenji adamdan hem allanäme gahrymany ýasap bilýär. Adamlary kim oňat tanaýar? Aýallar bilen teatr režissýorlary!
Abdylla Rahbar bilen Mannon Uýguny ýadyna saldy. Aýallaryň ýüregi howpy öňünden syzýan bolarly. Rahbaryň: “Kakasy, şo şägirdiň-ä çendenaşa ýalynjaň görünýär, seresap bolaweri, päli düzüw däl ýaly...” diýeni dopba-dogry çykdy. Abdyllanyň oňa jogap hökmünde: “Goý-a, heleý, o ýigit edebiýatymyzyň geljekki parlak ýyldyzy ahyryn” diýeni bolsa, düýbünden ýalňyş ekeni.
Mannon Uýgun hem adamlary toslap tapmaýardy, olary belli-belli ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz goýýardy. Şonda deýýusyň deýýuslygy, ýaranjaňyň ýaranjaňlygy, dostuň hem dostlugy ap-aýdyň bolar durubererdi...
Şular ýaly bikär pikirler bilen türme günleriniň ýene biri geçip barýar. Bir tarapdan, gyşyň gysga gününiň peýdasyz geçip barşyna Abdyllanyň ýüregi gyýylsa, beýleki tarapdan, ol tizräk agşam düşerine, jübüsindäki kagyz-galamy çykaryp, öýüne hat ýazmaga bisabyr garaşýardy.
Abdylla Mahmyt Kaşgarydan okan köne türkiçe “im” sözi barada oýlandy. Bu söz özbekçe “üm” manysynda saklanyp galypdyr. “Im” sözi iki adamyň arasynda öňünden gepleşilip goýlan sözi – esgerleriň parolyny aňladypdyr. Kaşgary: “Üm bilen är ölmez” diýipdir. Kumlakly esger bilen ümleşip bolarmyka?
Abdyllanyň pikirleriniň arasy üzüldi. Mübäregiň dosty Sadyk onuň egnine kakyp, ýanyndaky gaharjaň görünýän kişini ümledi. “Ine, bu adam Çolpan diýýäniňiziň ýanynda ýatypdyr” diýdi.
Entek oý-hyýallaryndan doly aýňalyp ýetişmedik Abdylla Çolpanyň adyny eşitse-de, bu ýere onuň näme dahylynyň bardygyna birbada düşünmedi, garjaşyk duýgulara bendi boldy. Aňyndaky pikirleri degirmen daşlary kibi haýallyk bilen aýlanyp, ýene Mannon Uýguna tarap gitdi.
Bir döwürler Mannon Uýgun, Çolpan, Abdylla we başga-da birnäçe özbek Moskwada ýaşapdylar. Dogry, Abdylla şonda paýtagtda ýaşamaly möhletiniň ahyryna çenli galyp bilmändi. Bir özi Moskwadan Daşkende gaýdyp gelýärkä haçanam bolsa bir gün Çolpanyň Moskwadaky ýaşaýyşy barada ýazmagy ýüreginde besläpdi. Bolsa, roman, bolmasa-da, ulurak hekaýa... Ýöne haýp, ýazyp bilmedi.
Ol Sadygyň dosty bilen salamlaşdy.
– Lazizzade – diýip, daşyndan garasöýmezräk görünýän bu kişi özüni tanyşdyrdy. – Çolpan hakynda soran ekeniňiz. Ol meniň bilen bir düşegi paýlaşyp ýatypdy.
Lazizzade türme durmuşy barada höwessiz gürrüň berdi. Abdylla bolsa, ýazylman galan şol eser barada ýüregini paralaýan ökünç bilen arman çekdi. Ol eser häzirki ökünji, armany, amala aşmadyk arzuwy barada bolar.
Jahanyň merkezine öwrülen Moskwa, öz ýoluny başga tarapa üýtgeden dünýä, her ugurda öwrülişik, özgerişlik! Moskwa beýlekilerden öň gelen Batunyň, Fitratyň öýlerinde Maýakowskiý, Tatlin, Bahtin, Meýerhold dagylar bilen bolan duşuşyklar. Bularyň her biri öz ugrunyň läheňi! Hersi öz ugrunda uly öwrülişik eden geniler. Çolpanyň hem özbek şygryýetine goşan goşandy ony şo läheňleriň hatarynda goýýar. Ýöne öz-özleri bilen gümra bolup ýörüşlerine olar beýlekileriň geniligini aňşyryp bir bildilermikä?..
Bularyň arasyndan Abdylla atly-abraýly, ýokary gatlakdan bolan ýazyjy Alekseý Tolstoý bilen hem tanyşypdy. Taryha bolan bimöçber söýgi ikisini has-da ýakynlaşdyrypdy. Ynkylap hakynda hem ikisiniň pikiri deň gelýärdi. Emma häzir Abdylla Tolstoý barada däl-de, ýat ýurda düşen Çolpan hakynda oýlanýardy.

Bilmedim ýüregmi ýumşadar kimler,
Daglarmy, daşlarmy, ýa akar suwlar...

Iňrik garalyp başlady, ýatlamalar bolsa Abdyllanyň ýüregine dag çöken ýaly agram berdi.

Deňizler gaýnasa, daşsa suwlary,
Kesilse ýolagçyň arzuw ýollary,
Deňize öwrülse sagy-sollary,
Şonda köşeşermi nemlenen gözler?..

Lazizzade Çolpanyň tegelek gözli äýnegi hakynda gürrüň berdi. Abdylla bolsa, özüniň ýazmadyk eseriniň armanyny çekdi...
Abdyllanyň Moskwada okaýan döwürleri kimdir biri Daşkentden Çolpanyň “Oýanyş” atly kitabyny alyp bardy. Bu kitap özbekleriň arasynda elden-ele geçip okaldy. Abdylla Çolpany ençeme wagt bäri tanap gelýär. 1919-njy ýylda çykan “Ýaş özbek şahyrlary” atly goşgular ýygyndysy şowhun baryny turzup, Çolpanyň adyny eşitmedik adam galmandy. Bular birki gezek molla Fitratyň “Çagataý söhbetlerinde” hem gabatlaşypdylar. O döwürler Çolpan azy ýaran meşhur şahyrdy, Abdylla bolsa, ýaňy birki sany hekaýasyny çap etdiren ýaş ýazyjydy. Şol sebäpli pikir-garaýyşlary dürli-dürlidi.
“Oýanyş” kitaby eline düşensoň, onuň sahabyndaky iki setiri okap, Abdyllanyň gözleri açylypdy:

“Neçüýn açyldy gözüm, nirde galdy ukulam,
Ukudan oýanamsoň, kalbym doly gaýgy-gam...”

Bu şygryýetde täze dildi. Bu dilde henize çenli hiç kim ýazmandy. Ozalky edebiýat bolsa, bu diliň ýanynda sary gidip, saly gowşan köne jinde ýaly bolup görünýärdi. Abdylla Moskwanyň asmanyna garap durşuna: “Meniň pikir-hyýallarym garamy, ýa ülkämiň gögündäki bulutlar...” diýip, Çolpanyň iki setirini gaýtalapdy, durky bilen täsin duýga bendi bolupdy. Bu şahyry tapyp, oňa öz ýüregindäki hormat-sylagyny, buýsanjyny, begenjini ýetirmegi niýetine düwüpdi.
Moskwada bolan şol ilkinji duşuşyk henizem onuň ýadynda. Zyýa Seýit we Aýn atly gyzyllaryň iki sany şahyry Moskwa ýazyjylarynyň işçi-proletar assosiasiýasynyň daçasynda rus proletar ýazyjylarynyň halypalyk etmegi bilen ýaş özbek ýazyjy-şahyrlarynyň iki günlük okuw seminaryny geçirdi. “Tokaýda palaw bişirinip iýeris” diýip, Çolpan, Batu, Oltaý, Ankabaý, Abdylla we başga-da köpsanly ýaş ýazyjy-şahyrlar daça ýygnandy. Seminar öz işine Çolpanyň bir goşgusyna teswir bermek bilen başlady:

Kalbym ümsüm. Sowuk gökde
Oňa garap ýanyp duran
Göz gypyşýan ýyldyzlar.
Töwerekde, ähli ýerde
“Nan! Altyn!” diýip, ah urýan
Dawa-jenjelçi iller.
Ümsüm kalbym ahy-zara
Gulagyny tutup otyr,
Hem-de uzak bir ýerlere
Nazaryny dikip otyr!..

Ilki bilen Aýn goşgynyň ideýa taýdan çüýrükligi we buržuaz indiwidualizmi hakynda agzyny köpürjikledip gürrüň etdi. Bu şygryň Zyýa Seýit tarapyndan rus diline edilen terjimesini okan Awerbuh diýilýän adam hem marksizm ideýalaryna eýermeýändigi we mantyk taýdan näsazlygy üçin goşgyny paş etdi. Sözüniň arasynda ol:
– Men gelen netijämiň dogrudygyna göz ýetirmek üçin şu goşgyny tersine-de ýazyp gördüm. Şol bir gümürtiklik, hiç hili üýtgän zat ýok – diýdi.
Ondan soň Zyýa Seýit tankyt etdi. Birki sany rus proletar şahyry hem bulara goşuldy. Arakesmä çykanlarynda Çolpan ýitirim boldy. Okuw seminarynyň ikinji ýarymynda Oltaý barada öwgüli sözler aýdyldy. Abdyllany hem ýagşy sözler bilen höweslendirdiler. Ikinji arakesmede Abdylla ynjalyksyzlanyp, Çolpany tapmagyň ugruna çykdy. Görse, ol öz otagynda, demir krowatyň üstünde arkan düşüp, kellesini tutup ýatan eken. Diňe tegelek gözli äýnegi ýaldyrap görünýär.
Abdylla onuň aýagujunda, krowatyň bir çetinde oturdy. Dymyşlyk. Ahyry Çolpan gussaly ses bilen:
– Aslynda o goşgy meniňkem däl, Blokdan terjime edipdim – diýdi. Soň uludan dem alyp, sözüniň üstüni ýetirdi. – Iýmedik somsamyň puluny töledim...
Abdylla saklanyp bilmän, güldi. Şo bada “Samsyk, çöňňe” diýip, öz ýanyndan özüni kötekledi: “Şahyr-a gama basyrynyp ýatyr, sen bolsa gülüp otyrsyň!” Ýöne Çolpanyň özi hem duýdansyz gülüp goýberdi.
Şo gezek ikisiniň gürrüňi alyşdy. Abdylla joşup-joşup Çolpanyň goşgularyndan okady:

Ýürek köşeşmeýär oý-hyýal bilen,
Hyýal ýürek islegini gandyrmaz.
Çyn ogullar heder etmän tümlükden,
Şem ýakmasa, bu gijeler ýagtylmaz.

– Jumabazar stansiýasynda ölemen çilim çekesim gelýär welin, otluçöp tapylanok. Bu goşgyny şonda ýazypdym – diýip, Çolpan düşündirdi. Ýene gülüşdiler.
Proletar ýazyjylarynyň şo gezekki pitnesinden soň bu ikisi kyýamatlyk dost boldular.

***

Pitnedir bulagaýlyklar Omar şanyň diwan jaýynda däl-de, haremhanasynda ýüze çykdy. Muňa emiriň Aýhanpaşşa öýlenmegi sebäp boldy. Mahlar aýymyň ýüreginde kitüw döredi. Ar almak kararyna geldi. Ol Aýhanpaşşany nyşana aldy. Özüniň bir gazalynda aýdyşy ýaly:

Zülplerimi oran çagym boýnuna
Bu dünýäniň täk eýesi özümdim.

Haremahananyň uly bikesi öň aw bolan bolsa, indi awça öwrüldi. Aýhanpaşşa Mahlar aýym ýaly bekiň gyzy däl-de, mertebesi ýokary öwlat çagasy, ýagny hoja gyzydy. Süňňi arassalykda ondan ýokarda kim bolsun? Gös-göni pygamberiň neberesinden bolan seýit gyzy. Haremhananyň töwereginde bolsa, aýýar kempirden köp zat ýok. Şolaryň iki sanysyny ýanyna çekip, Mahlar aýym işe girişdi. Olaryň kömegi bilen gözleý-gözleý, tohum-tijinde garaçy gany goşulmadyk Soltan Hoja kalon işanyň dulunda oturan gyzyny tapdy. Aňyrsy arassa seýit bolan bu ýazyksyz gyzyň ata tarapy Ahroryň, ene tarapy bolsa, Mahdum Agzamyň şejeresinden gaýdýar eken. Özi-de Aýdan ary, Günden dury diýilýän gyzlardan. Ine, haremhananyň uly bikesi şo gyzyň tarypyny emir Omar hanyň gulagyna ýetirmegiň gamyny iýip başlady.
Şol wagt Uratepäniň häkimligine dalaş edip ýören seýit Mahmyt han günde-günaşa diýen ýaly emir Omar hanyň huzuryna gatnaýardy. Mahlar aýym üçin şundan amatly kişi ýok. Ol ökde Gurhan okaýjy aýallaryň biriniň üsti bilen seýit Mahmyda niýetini mälim etdi. Soltan Hoja kalon işanyň gyzyny emir Omar hana nikalap alyp berse, seýit Mahmyt han üçin Uratepä häkim bolmagyň hiç hili kynçylygynyň bolmajakdygyny duýdurdy.
Indiki gezek Seýit Mahmyt han emir Omar hanyň huzuryna baranda onuň pygamberiň nebereleri bilen garyndaşlyk açmagynyň ähmiýetini nygtady.
– Perwerdigärimiz Siziň bu dünýäňizi birkemsiz edip beripdir. Indi o dünýede hem Taňrynyň söýen gullaryndan bolmagy gazanmagyňyz, häzirden aladasyny etmegiňiz gerek.
Seýit Mahmyt han töre aljyraňňy, başagaý adam bolup, çalt-çaltdan gepleýärdi. Ýöne söhbetdeşiniň ugruny tapmaga ökdedi. “Başga kişä ynanjak gümanym ýok. Diňe size...” diýýän deý derrew ýumşak damaryny tapardy.
– Onsoňam bu işi amal etmeklik Siziň emirlik derejäňize laýyk gelýär. – Mahmyt han soňky sözleri pyşyrdy bilen aýtdy. – Eýsem, bagda açylan iň owadan güli bagban tirmän, kim tirsin! Ol gül gunçasy emirligi çoýup oturan ýeke-täk Güneşe – Size mynasypdyr! Şahyr aýtmyşlaýyn:

Eger bilen megeriň nikasyny gyýsaň-da,
Olardan kemally bir perzende gözüň düşmez –

diýip, ol emiriň uguny ýekeledi. Eýdip-beýdip, sawçy ibermeklige göwnetdi. Sawçylar Soltan Hoja kalon işanyň gapysyny açdylar. Seýitleriň bütin neberesi balarylary dek güwläp galdy. Ulug-ulug hoja-seýitler emir Omar hanyň gaşyna bardylar. Baş müfti şeýhulyslam bilen kazy-kelanlar emiri pälinden gaýtarmakçy boldular. Biri: “Bulagaýlyk” diýdi, ýene biri: “Pitne” diýdi. Emma şu ýerde musulmanlaryň emiriniň hem kejirligi tutdy. Öňki agşam baýry aýalynyň gulagyna pyşyrdap okan gazalyndan iki setiri öňünde duran “süňňi arassa” seýitlere aýdyp berdi:

Selledir dony bilen mertebä eýe bolan,
Şyhlaryň ezel käri men-menlik satmakdadyr...

Olar gidenden soň, musulmanlaryň emiriniň ýanyna “Ýa Alla, gudratyňdan!” diýip, seýit Mahmyt han girdi. Ol Omar şanyň şeýhulyslamdyr kazy-kelanlara beren jogabyny eşiden dek şeýle diýdi:

Atasyndan dem çykmaz, uguny ýekelärin,
Barça köňül islegi wysala ýetmekdedir.

Gepiň gysgasy, musulmanlaryň emiri pälinden gaýtmady, gitdigiçe ýüreginiň erk-islegi joşdy. Soltan Hoja kalon işanyň öýüne sawçy bolup seýit Mahmyt hanyň özi bardy. Ozalky ädehedi boýunça sözüniň soňuny ýuwudyp, çalt-çalt geplänligi üçin Soltan Hoja kalon işan birbada onuň maksadyny aňşyrmady. Seýit Mahmyt han habaryny anyk berensoň welin, ol öz gulaklaryna ynanmady. Biraz sabyr edip diňlese, Mahmyt han gudaçylyk gürrüňini çynyrgadyp barýar. Şonda işan öz taýpadaşyny näletläp tasdanam öýünden çykaryp kowupdy. Ýene: “Şeýtanyň alyna gitmäýin” diýip, öz-özüne basalyk berip, zordan dymyp oturdy.
– Musulmanlaryň emiri Hudaýyň ýerdäki saýasydyr. Ana, seýit Gazy hoja hem şu ýagdaýy başdan geçirdi. Ahyry akyl etdi, takdyra ten berip, dulunda oturan gyzyny... – diýip, Seýit Mahmyt han ýene sözüniň soňuny pyşyrda ýazdyrdy.
– Seýit Gazy hoja näme edipdir? – diýip, Soltan Hoja hamana zatdan bihabar görnüşde sesini gataldyp sorady.
– Musulmanlaryň emirine gyzyny berip, Müň taýpasy bilen garyndaşlyk açdy. Ana, indi onuň özi-de mertebeli...
– Biderek gürrüň etme! – diýip, Soltan Hoja işan Mahmyt hanyň sözüni böldi. – Taýpasy Müň bolsun, ýüz müň bolsun, meniň garaça berer ýaly gyzym ýok. Gep tamam, wessalam!
Öz taýpadaşy seýit Mahmyt hanyň we musulmanlaryň emiri Omar hanyň raýyny ýykyp, olara ýok diýip oturan işan bu meseläniň şa köşgüniň haremhanasy tarapyndan gozgalandygyny bilmeýän bolara çemeli. Soltan Hoja işan şu gün ýok diýer, ertir ýok diýer, emma onuňam öýünde aýaly bar. Adamyň erk galasyny daşyndan däl-de, içinden hem syndyrmak mümkin.
Bir aý geçip-geçmänkä, taryhçylaryň ýazmagyna görä, “Emir Omar han toýhananyň asmana dalaş edýän beýik çadyrynda bagt tagtynda otyrdy. Toý meýlisinde ýüzi-gözi gülüp duran mertebeli adamlar onuň şatlygyny paýlaşdylar. Meýli jamlar, şeraply bulgurlar ýaldyrap-buldurap, öwşün atyp, myhmanlaryň gözüni gamaşdyrdy. Sakylar meý paýladylar, bagşy-sazandalar aýdym-saz etdiler, toýa gelenleriň keýpi-sapasy, begenji-şatlygy çeniňden-çakyňdan has zyýada boldy...”
Gepiň küle ýeri, emir Omar han söýgüli kiçi aýaly Aýhanpaşşanyň üstüne süňňi boýunça ondan ýokary hem ondan ýaş gelin aldy...
Abdyllanyň häzir ala-böle şu sahnany hyýalyna getirmeginiň sebäbini biljek ýok. Perwaýsyz Lazizzade bolsa, Çolpan bilen dahyly bolmadyk gürrüňleri edip otyr. Sergo Oržonokidzäniňki ýaly iki gulagynyň üstünde hüžžerip duran saçlary we takyr maňlaýy onuň partiýanyň ýolbaşçy işgärleriniň biri bolanlygyndan habar berýär. Kertik-çortuk ýüzi bolsa gaharjaňlygyny aňladýar.
“Çolpan, Çolpan” diýip, soran-a özüm. Indi o barada gürrüň berlende bolsa, kellämiň birde Omar hanyň haremhanasyndaky bulagaýlyga, birde-de Lazizzadäniň iki çogdam saçyna gidişine sered-ä! Gerekli, gyzykly gürrüňi sypdyrmadyk bolsamam biridir” diýip, Abdylla özüni günärtledi.
Emma ýene-de gyzyl sakgal Jurat bir ýerden çykdy-da, Abdyllanyň ähli oý-pikirini duw-dagyn etdi:
– Şährizada ekemizi diňlemek nobaty indi biziňki! – diýip, ol bir eli bilen aşyklaryny şagyrdadyp, beýleki eli bilen Abdyllanyň tirseginden tutup, ony kameranyň düýpki kapas törüne alyp gitdi...

***

– Men şamlyk nahara çenli Mübärek jöhit bilen aşyk oýnajak. Sen bolsa deňizde gezen Sindbad diýen ýaly bir hekaýat gürrüň ber. – Jurat adatdakysy deý nakyl bilen gepledi. – Ýagşy söz ýylany hinden çykarar, ýaman söz musulmany dinden!
Dogrusy, Abdylla oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Aşyk oýnap oturan iki humarbaza erteki aýdyp berer ýaly, Abdylla nä radiomy? Ýa kesekiniň sazynda tans oýnaýan ýeňles aýalmy? Ýöne, gowy ýeri, Jurat aksakalyň gep uruş äheňinde zorluk duýlanok, gaýtam agyr ýagdaýa düşen adamyň göwnüni götermäge çalyşýana meňzeýär. Gyzyl sakgal Juratyň öz aýdyşy ýaly: “Kernaýçynyň üflemekden gaýry pişesi bolmaz!”
– Bolýar – diýip, Abdylla biraz oýlanyp duransoň, jogap berdi. – Ýöne, bilen ýagşy, “Yssy jan ysytmasyz bolmaz!” Men bir gyzmarak adamdyryn...
– Sen aýdyber, häsini ýetirmek biz bilen. Esasy zat, birek-biregiň göwnüni ýykmazlyk. “Göwün göwünden suw içer, gamyş bogundan” – diýip, gyzyl sakgal Jurat pikirini nakyl bilen berkitdi-de, gyrdy aşygyny ýokarylygyna oklap goýberdi. Gyrdy howada birnäçe gezek aýlanyp, ýere düşdi-de, ilki jikge, soň tükge, onsoň towha, ahyrynda-da omman aşyp, alçy gopdy.
– Zyň, Mübärek! – diýip, aksakal öňki endigine eýerdi. – “Oýunda ataňam bolsa, sylama!”
Abdylla öz ertekisine başlady:
– Gürrüň berişlerine görä, bir zamanda Kokant hanlygynda emir Omar han diýen patyşa bolup, onuň hem üç aýaly bar eken. Biriniň ady Mahlar aýym, ikinjisiniň ady Aýhanpaşşa, üçünjisiniň ady bolsa...
– Oh, siz Nodira hanymdan hekaýat aýtmakçy bolýaňyzmy? – diýip, oýundan ünsüni sowan Mübärek sorady.
– Sabyr et! – diýip, aksakal oňa gatyrgandy. – Sabyrly ýigit aşa ýeter...
Abdylla Mübäregiň düşbüligine aňk bolup, agzyny açyp galdy. Humarbazlaryň ýene oýna gyzyşyp ugranyny görüp, dowam etdi:
– O patyşa aýallaryny, aýallaryndan-da beter aşyk oýnuny, aşyk oýnundan-da beter aw etmegi oňat görüpdir.
Jurat aksakal aşyk sözüni eşidenden ýalt edip, Abdylla seretdi, kinaýaly gülümsiräp:
– Saňa söz ýok, Şährizada! Wawwaly ýerimden tutduň. Bolýa, dogry söz ajy bolar, dowam ediber – diýdi.
– Gyş geçip, ýaz çykan çagy patyşa haremhanasyndaky aýallaryny sähra – lälezarlyga seýil etmäge äkitjekdigini aýdypdyr. Özi bolsa, humarbaz dostlary bilen awa çykypdyr. Syrderýanyň ýakalaryndaky tokaýlarda aw ganly bolar eken. Olar Kokantdan çykyp, atlarynyň başyny Kasan we Turakurgan taraplara öwrüpdirler. Ýüzlerine bahar şemaly degip, huşy göçen aýallar arabada oturan ýerlerinden çasly gülüşip, aýdym aýdypdyrlar. Erkek kişiler ýolugra sähralykda bedene tutup, düzde towşan atypdyrlar.
Bularyň düşlän obalarynda halaýyk Omar han patyşanyň atyny tutup, zyýapat edipdirler. Her gezekki düşlän ýerlerinde aýşy-eşret, keýpi-sapa, her ädimde bahar şady-horramlygy höküm sürüpdir. Birnäçe günden bular Turakurgana ýetipdirler. Ol ýerde dört günläp uly dabara bilen zyýapatlar berlipdir. Patyşa milleti palaw bilen hezzetläpdir. Ondan çykyp, Kasana barypdyrlar. Bu ýerde uly öwlüýälere zyýarat edipdirler, janly kesip, sadaka beripdirler. Halaýyga dürli tagamlar çekilipdir.
Şeýdip, ahyry derýa boýuna ýetip, goş ýazdyrypdyrlar. Daş-töwerekdäki jeňňellikde we tokaýda uly aw-şikar başlanypdyr. Aw üçin getirilen laçynlaryň sany birnäçe müňe ýetýär eken. Diňe patyşanyň özünde üç ýüzden gowrak saýlama laçyn, dokuz sany şuňkar guş bolupdyr. Mundan başga-da, iki ýüz töweregi tazysy, gazak hanlarynyň peşgeş beren iki sany aw iti we ýene-ýeneleri bar eken. Olaryň boýunbaglaryna altyn-kümüş dakylyp, jullary mahmaldan tikilipdir.
Uly şowhun bilen tokaýa girenlerinden Omar han patyşa laçynlaryny awa salypdyr. Asmana göterilen laçynlaryň, bürgütleriň, şuňkar guşlarynyň köplüginden ýaňa tokaýyň üstüne gara bulut çöken ýaly bolupdyr. Aw gyzyşyp, tokaýyň içinden awçylaryň gowur-gykylygy, haý-haýly sesleri dünýäni tutupdyr.
Patyşa-da ogly bilen ýegenini ýanyna alyp aýlanyp ýören eken. Bir öwrümde olar gamyşlygyň içinde iki çagaly haýbatly şiriň üstünden barypdyrlar. Şiriň nagrasyndan asman-zemin lerzana gelipdir.
– Hä, senjagazmy? – diýip, boýy pes bolsa-da, haýbaty belent patyşa awçylara buýruk beripdir. – Şire hiç kim degmeli däl, degeniň başy ölümli, maly talaňly! Bu şiri meniň özüm awlajak!
Omar şanyň Rum patyşasyndan peşgeş alan oňat tüpeňi bardy. Şo tüpeňe ok sürüp, ol bukuda ýatan ýerinden gamyşlygy otlamagy buýrupdyr. Gamyşlyga ot düşeninden şir şeýle bir arlapdyr welin, sesinden durar ýaly bolmandyr. Ýalmap gelýän oduň içinde çar tarapa urnup, sähel salymda üç adamyň ýoguna ýanypdyr, dört kişini ýaralap, alty atyň agzyny gum garbadypdyr. Ahyry şir alaçsyzlykdan sähra sary gaçmaga mejbur bolupdyr. Şu ýerde-de patyşa tüpeňiniň mäşesini gysypdyr. Gülle haýwanlaryň şasynyň göni iki gözüniň ortasyndan girip, guýruk tarapyndan çykypdyr. Şir tüwdürilip, görlüp-eşidilmedik sesde aýylganç nagra dartypdyr. Onuň sesinden elheder alan asmandaky aw guşlarynyň bary pena gözläp, ýere inipdirler. Şiriň özi-de elhenç arlap, gürpüldäp ýykylypdyr. Onuň sarsgynyndan göýä ýer goduklan ýaly bolupdyr. Ana, şundan soň gykylyk-gowurdy güýçlenip, şatlyk-şowhun asmana galypdyr...
Laçyndyr şuňkar guşuň asmandan ýere inişi deý patyşanyň adyna aperinler aýdylyp, öwgi-taryplar ýagypdyr... Patyşa bolsa, bu wakadan ýadygärlik üçin şiriň iki sany gyýak dişini sogurdyp alyp, tumar edinip, öz boýnundan asypdyr.
Kyssa şu ýere ýetende kameranyň gapysy şakyrdap açyldy-da, esgerleriň biri jüýje horazyňky ýaly şaňňy sesde:
– Agşam nahary! – diýip gygyrdy.
Abdylla hekaýatyň arasyny üzdi.

***

Tüwi ýarmasyndan bişirilen şamlyk nahary edinensoňlar, kyssanyň neneňsi tamamlanjagyny özi-de bilmezden, Abdylla hekaýatyny dowam etdirdi:
– Eý, sap ýürekli humarbazlar! Bu awdan soň Omar han patyşa birnäçe gün aýallary bilen aýşy-eşretde bolup, Kokanda gaýdypdyr.
Saryýagyz Jurat bilen tegelekden ýylmanak ýüzli Mübärek aşyk oýnamalaryny goýdular-da, ýeke bir gulak salyp oňman, indi göreçlerini hem Abdyllanyň ýüzüne dikip oturdylar.
– Bular birnäçe menzil aşyp, Namangan şäherine ýetipdirler.
– Men Namangan şäherinde bolup gördüm... – diýip, Mübärek ýene hekaýatyň arasyny böldi. Bu gezek gyzyl sakgal Jurat oňa dili bilen duýduryş bermedi-de, eli bilen ýeňinden dözümli çekip goýberdi. Mübärek dilini dişläp, lal-jim boldy.
– Namanganda hem myhman alynşyk, zyýapat. Ýene sakylar meý guýup, sazandalar saz çalypdyrlar, näzeninler bilen keýpi-sapa çekipdirler... – Abdylla pikirini çugdamlamak üçin bir pursat dymdy. Aýşy-eşretli sahnalary taşlap, täze bir wakanyň uşlybyny çözläp ugrady:
– Omar şanyň bileni-biteni awçylyk bolupdyr. Ol diňe bir wagşy haýwanlary däl, eýsem, zenanlary-da wagşylyk bilen awlamaga ezber eken. Üç sany nikaly aýalyndan başga haremhanasynda onlarça näz-kereşmeli kenizlerdir çorular bolupdyr. Haremhanada hemmeleriň bilýän Amiriý tahallusyndan başga-da Omar şanyň wagşy derrende diýen lakamy hem bar eken.
Omar şanyň baýry aýaly goşgy-gazal düzüp ýören şahyr, kiçi aýaly asylzada maşgaladan, ortanjysy bolsa, dünýäde deňi-taýy ýok gözel zenan bolupdyr. Onuň gözel görküne, Aý dek jemalyna gözi düşen janly-jemende düýşüdigini-huşudygyny unudyp, agzyny açyp, aňk bolar eken. Esasanam onuň jadyly gözleri erkek kişileriň süňňüni gowşadyp, gelin-gyzlaryň ýüreginde gabanjaňlyk oduny tutaşdyrypdyr.
Derrende patyşa bularyň üçüsiniňem erk-ygtyýaryny syndyryp, zorluga daýanyp öýlenipdir. Aýallarynyň biriniň atasy häkim, ýene biriniňki hoja, üçünjisiniňki seýit bolup, olar patyşanyň erkine boýun sunup, öz gyzlaryny oňa gurban beripdirler.
Omar patyşanyň baýry aýalyndan bolan ogly Mädaly han bilen şanyň ýegeni Hekim han ikisine haremhana girmäge ygtyýar berlipdir. Mädaly han haremhanada özüniň öweý enesi Aýhanpaşşa aşyk bolup, bikarar hala düşüpdir. Bu ýagdaýy aňan Hekim han oňa öwüt beripdir. Sözi ýer tutmansoň, ol: “Ataňa aýdaryn!” diýip gorkuzypdyr. Mädaly han birbada ylalaşan ýaly etse-de, ýüregindäki yşk ody öçmändir.
Ýeri, bolýar, bulary bir gyrada goýup, Omar han patyşanyň halyndan habar alalyň.
Şol gezek Namanganda düşläp, wagtyhoş bolan çagy ol pal atdyryp, gurra taşladypdyr. Gurrasy oňa öňünde uzak ýoluň garaşýanlygyndan alamat beripdir. Patyşa ilki aýal-ebtatlary arabalara mündürip, goş-golamy bilen Namangandan Ahsikende tarap ugradypdyr. Özi bolsa, bäş-alty sany ýakyn dostuny we kyrk sany janpenasy bilen keremara ýola çykypdyr. Hudaýyň gudratyna serediň, ýolda şeýle bir ýel turupdyr, apy-tupan gopup, gum syrapdyr, çaň-tozandan asmanyň ýüzi garalypdyr. Adamlaryň agyz-burnuna tot-tozan dolup, çaň-çaňňaldan gyzaran gözleri ganguýma bolupdyr. Älem tümlüge bürenip, ýol-ýoda-ha däl, öz atyň ýalyny hem saýgarar ýaly bolmandyr. Bular hatar tutup, bir-biriniň söbügini sydyrdyp, patyşa nirä ýörese, onuň yzyndan galman ýöräberipdirler. Alaň-açyk meýdanda goýun sürüsiniň aýlanyşy kimin bular hem aýlanyp-dolanyp, ýene şol öňki ýerlerine gelipdirler.
Sowuk şemal bilen bir ýerlerden eşidilýän möjegiň uwlamasy Gün ýaşyp, garaňky gatlyşanyny duýdurypdyr. Ýöne bularyň barýan ýolunyň teý soňy görünmändir. “Bizi jynlar aýlap ýörendir” diýen dowul ondan-oňa geçip, baryna gorkuly wehim aralaşypdyr. Ilki bilen janpenalaryň dördüsi özara dilleşip, ykyş bir ýerde bulardan üzülip galypdyr. Soňrak üçüsi, ondan soň bäşisi bölünipdir. Gepiň gysgasy, ýary gijeler patyşanyň ýanynda bäş-alty sany dostundan başga hiç kim galmandyr. Öňde bolsa, ne yşyk görnüpdir, ne-de beýleki. Babyr patyşanyň aýdyşy ýaly:

Hijranyňda bu gün köňlüm gaýgyly,
Derdim köpdür, gowuşmadym wysala.
Gijelem garaňky. Gözde ýaşymdan
Ýolum batga, düşdüm bu agyr hala...

Hekaýat şu ýere ýetende hälki esger jüýje horazyňky ýaly şaňňy ses bilen:
– Ýatar wagty boldy, ýatyň! – diýip gygyrdy.
Jurat aksakal Abdylladan ünsüni sowup, kameradakylaryň ählisine degişli äheňde:
– Ýatmaly! Sag egniňize ýatyň! – diýip buýruk berdi.
Abdylla Mübärek bilen garaňkyda kimdir biriniň aýagyny basyşdyryp, ýykylyp-sürçüp, öz ýerine geçdi. Buşukmaga hem täret almaga ýetişmän, ýatmaly boldy.
Gije ýarymdan agansoň, Abdylla tüm garaňkyda Rahbara hatjagaz ýazdy. Täsin tolgunma maýyl bolup, aksakalyň buýrugy bilen beýlekileriň ýatyşy ýaly sag egnine agdaryldy. “Ýatdym ýanym bilen, oýar imanym bilen...”
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 46 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Kakamyrat Ataýew, Hamid Ismoilow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 14:32, 24.08.2024
- Муборак Кўхонуфф, 66-нче модда, 6-нче банд, ишпиёнчилик, - деб қўя қолди.
- Шестёркаларни шестёркаси бўлиб кет-э, ишпион, - деб гап отди Журъат-оқсоқол. 666 дегин-а! Яшавор-э! Қўй кўрмаган эсакда, қий кўрган эдук, - дегин. Айрон тилаб келган бўлсанг
челагингни яширма, айт, кимларга ишпиёнчилик қилдинг?...

azajyk gysgaldypdyr.... 66-6 bilen gowy prikol tutan ýeri originalda has gyzykly... terjimede "Шестёрка"-ny ulanmandyr... gynansakda...

– Mübärek Kohanow, 66-njy madda, 6-njy bent, içalylyk.
Durşuň bilen altylyk bolup duran ekeniň-ä, içaly – diýip, Jurat aksakal aýtdy. – Hany, aýran diläp gelen bolsaň, okaraňy gizleme-de, aýt, kimlere içalylyk etdiň?..

---
maglumat.
Шестёрка — пренебрежительное название человека на побегушках (от шестёрки — младшей игральной карты в русской колоде из 36 карт; также: оклад полового в трактире составлял шесть рублей).
---
В современном русском языке называть кого-то «шестеркой» — значит выражать свое презрение и неуважение. Этот термин подразумевает целый спектр негативных качеств: Человек, который слепо выполняет чужие приказы, не имея собственного мнения и воли. Тот, кем легко манипулировать и помыкать...
avatar
0
2 Мango • 15:03, 24.08.2024
Aksakalyň özünden sorap görse näder? Ýa bu ýerde başga bir gep-gürrüň barmyka? Iki adamyň gep-gürrüňine üçünji adamyň gelip goşuljagy bes-belli. Bu ýerde bolsa, iki däl-de, altmyş iki adam bar.

terjimede näsazlyk bar ýaly
"Iki kişi bir ýere gelse, üçünjisi pitnä sebäp bolýany bes-belli... " ýalyrak bolmaly ýaly...

Нималарни гаплашишди улар қизилсоқол Журъат билан? Оқсоқолнинг ўзидан сўрасамикан? Ё орада аллақандай фитналар
бормикан? Маълумки, икки киши бор жойда учинчиси фитнага аралашади. Бу ерда эса икки эмас, олтмиш икки инсон баҳор чаёнидек бир идишга тиқилган бўлса...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203