Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:17
Tahýa
Tahýa
(hekaýa)

Ýagşyň haýbat bilen ýagýan wagty ýagyş damjalarynyň entek saralyp ýetişmedik ýaşyl ýapraklardan syrygyp, mekdep düýbündäki içi suwdan dolup giden kiçiräk joýajyga akyşyna seredip duran on- on iki ýaşlaryndaky oglanjyk penjiräň ýüzüne düşen demine elini ýetirdi. Gara bulutlardan ýaňa hasam garalyp duran mekdep diwarlarynyň arasyndaky penjiräniň sowukdan titiräp oturana çalym edýän görnüşi birhili howsala döretdi. Gyzgyn ellerini sowuk penjirä degrenden, damarlarynyň janlanyp, hasam dogumlanandygyna çalaja ýylgyrdy-da, penjirä düşen demine “B”harpyny ýazdy. Soňam, hamala, sowugyň diwarlardan geçip, oglanjygyň özünem doňduran ýaly ýazgysyna uzyn-uzyn seredip durdy. Gözleriniň deňinde ýazylgy duran “B”harpy eräýdigem, oglanjyk ýene täzeden penjirä demini üfläp, “B” harpyny edil gözleriniň deňinde, gözünden ýokarda ýa aşakda däl-de, hut gözleriniň deňinde ýazmagyny dowam etdi. Onuň bagtyna şol pursat ikinji gatda hiç bir okuwçy ýa mugallym garasyny görkezmedi. Hemmeler günortanlyga ýetişmäge, aýratynam, Murgabyň çolaja köçelerinde özüni erkin duýýandygyna düşünip, indem bes edesi gelmeýän garagol şemal bilen dälirän ýaly bolup ýagýan ýagşyň başagaýlygynda ýakynlarynyň ýanyna howlugypdylar.
Oglanjygyň pikirini synp otagyndan atylyp çykan, ädimleri bilen mekdebiň betondan guýulan insizje zalyny ýaňlandyryp gelýän gyzjagazyň sudury bozdy. Ol oglanjyga golaý geldigiçe gözlerini alardyp seretdi. Onuň aglamakdan ýaňa çişen gözleriniň aşagyndan togalanýan gözýaşlary çekgesinden tä eňegine çenli syrylyp gaýdypdyr, sag gözüniň aşagyndaky gözýaş damjasy barha gyzaryp duran burnuna tarap akmaga ýykgyn edýärdi. Gyzjagazyň aglandygyna üns bermedik kişi bolup, onuň tagaşyksyz örülen saçlarynyň ujuna seredip duran oglanjygyň biygtyýar ýagyş damjalarynyň ýaprakdan syrygyp gaýdýan görnüşi ýadyna düşdi. Ol sesini çykarman, yzyna öwrülen wagty gyzjagazyň kine gatyşykly sesi ony saklanmaga mejbur etdi:
-Näme işläp dursuň bu ýerde? Ýa meniň aglaýşymy şeýle göresiň geldimi?
Bu gezek gyzjagazyň gözüne gönüläp sereden oglanjyk kellesini ýaýkady-da, sowukdan ýaňa gagşap oturan penjirä nazar aýlady. Soňam çalt-çalt ädimläp, basgançaklar bilen aşak düşüp gitdi. Gyzjagaz elindäki sumkasynyň agramyny edil şol pursat duýan ýaly, penjiräň öňünde durup, sumkasyndan galyň kitaplaryny çykaryşdyrdy. Özüni bir pursat tertibe salmak üçin penjirä sereden wagty entek doly pozulyp ýetişmedik, emma şonda-da näme ýazylandygy bildirmeýän, diňe ýagyş damjalary ýaly ýokardan aşak syrygyp duran ýaňky ýazga dodagyny degirdi. Ol muny diňe şol oglanjygyň penjirä eli degendigi üçin edipdi. Ol ýerde öz adynyň baş harpy ýazylandyr diýen pikir kellesine-de gelenokdy.
Gyzjagaz ýolboýy agyr kitaplaryny ol elinden beýleki eline geçirip geldi. Ýagyş daşyna klýonka tutulan kitaplardan geçip, onuň içinde näme bardygyny gyzjagazdan beter bilesi gelýänä meňzeýärdi. Içi suwdan doly joýajyklara meýletin batyp, ýagyş suwlarynyň töwerege ýaýraýşyna hezil edip gelýän gyzjagazyň ýagyşdan goranar ýaly saýawanynyň ýokdugyna köçeden geçip barýan birlän-ikilän ýolagçylar haýpygelijilik bilen seredýärdiler. Bolaýanda-da,ol bu başagaýlygy bilen kitapdan doly ellerini ýüregedüşgünç saýawana bagyş etjekmi etmejekmi kim bilýär?!
Gyzjagaz birden dem almasynyň kynalýandygyny duýdy. Ädimini haýallatdy. Näme üçindir synpdaş gyzynyň el telefonynda gören, ak-gara reňkler bilen çekilen, saçy keltejik, dyzyny gujaklap oturan gaýgyly gyzjagazyň suraty ýadyna düşdi. Suratdaky gyzjagaz özüne düýbünden meňzemese-de, surata berlen düşündirişi okap, düşündiriş bilen nähilidir bir umumylygynyň bardygyna şol wagt berk ynanypdy.
Gyzjagaz öýüne gelip, gapyny itdi-de, elindäki agyr kitaplaryny hem bagy üzülip ugran sumkasyny gapböwürde goýdy. Tikip oturan düşekçesinden ünsüni sowup, gyzynyň ýaşyl köýneginiň etegindäki laý bölejiklerine nägilelik bilen sereden kyrk-kyrk bäş ýaşlaryndaky zenan maşgala:
-Gaty ezilipsiň-le, Bibi-diýip, nägile pessaý äheňde gürledi. Diňe öçügsi gyzyl reňk bolup duran, sapaklarynyň reňki bulaşyp giden köne börügem onuň synçyl nazaryndan sypmady:
=Börügiňi bir çykarsaň bolmadymy?
Şeýle soragyň ýüze çykmak ähtimallygyny öňünden çak eden gyzjagazyň jogaby nagt boldy:
-Börügimi çykarsam, kellämi sowuk alar-da, eje!
Gyzjagaz ýene düşekçe tikmäge gümra bolan ejesiniň aglandygyny duýmadygyna begendi. Adatça, ejesi Bibä bir zat bolsa hemişe aňýardy. Onuň nämedir bir zada gynanýandygyny ýa begenýändigini bilmek ejesi üçin mesele däldi. Bibi ejesiniň bu duýgurlygyny artykmaçlyk hasap edenokdy, tersine, özüniň kemçiligi hasaplaýardy. Ol hemişe özüniň haýsy ýagdaýdadygyny gizlemegiň tarapdarydy, arman, ony başarmak mümkin däl-dä. “Bu gezek, megerem, ýagşa köpräk ezilenim täsir edendir”diýen pikir bilen öz otagyna howlugan gyzjagazy ”Mugallym bäsleşige taýýarlap başlamadymy?” diýen sorag saklady. Bibi kesgitli”Ýok”diýdi-de, otagynyň gapysyny ýapdy. Kellesini ýaýkady. “Aý, ýüregedüşgünç soraglaryn-a bermedi bolsa-da”diýip, uludan demini aldy. Soňam gündeligini açyp, synpdaş gyzynyň el telefonynda gören, ak-gara reňkler bilen çekilen, saçy keltejik, dyzyny gujaklap oturan gaýgyly gyzjagazyň suratynyndaky düşündirişi ýazmaga oturdy. “Ýagşy söýýärin. Onda öz gözýaşlaryňy gizlemek mümkin” Gyzjagaz birden aglamaga başlady:” Näme üçin men bäsleşikde ýeňiji bolup bilmerin?! Mugallym taýýarlamasa, näme etjek dagy?” Onuň agdar-düňder bolan dünýäsindäki hasrat azsalymdan kiparlansoň, gündeligini elinde saklap, penjiräniň öňüne bardy. Penjiräni açyp, elindäki gündeligini ýagşa tutdy. “Ýagşy söýýärin. Onda öz gözýaşlaryňy gizlemek mümkin”diýen ýazgynyň içine gyzjagazyň:”Men hökman ýeňiji bolaryn!”diýen ynamly pyşyrdysy eşidilýänçä, müňlerçe ýagyş damjalary siňip gitdi. “Indi men agladymmy ýa ýagyş damjalarynyň yzymy-muny hiç kim bilip bilmez” Soňra Bibi öl bolan gündeligini gurar ýaly pejiň aşagynda goýdy-da, ýene öz otagyna ýatmaga gitdi.
Bibi oýananda daşardan henizem ýagşyň damjyklaýan sesi eşidilip durdy. Ol eli bilen agyrýan gözüni basyp turdy-da, göz maşklaryny ýerine ýetirmäge başlady. Usul bilen açylan gapydan daşaryň sowugy hem ýagşyň ysy Bibiň ejesiniň yzyna düşüp geldi. Bibi ejesiniň elindäki täzeje börügi başyna geýip, keýpihon ýylgyrdy. Bu onuň minnetdarlygydy. Gyzjagaz täze börügini ýatýança kellesinden çykarmady. Basymrak okuwa gitmäge we synpdaşlaryna täze börügini görkezmäge gyssandy. Bibiniň “erbet” hem “gowy” igde agaçlary bilen tanyşmaga ýetişen, asla-da guşlukdan agşama çenli igde agaçlaryndan düşmedik gyzjagazyň başynda lowurdan börügem basymrak Günüň dogup, gyzjagazyň okuwa gitmegine garaşan bolsa gerek. Ony mekdep müdiri saklansoň, täze börügi bilen synpdaşlarynyň ýanynda öwnüp bilmedi. Olar öňdäki ýetip gelýän bäsleşikler hakda gürrüň edip durkalar, jaň boldy-da, synpdaşlary synpa girip gitdi. Az wagtdan Bibem synpa girip, sapaga taýýarlanmaga başlady. Gyzjagazyň börügine üns bermedik synpdaşlary onuň özüne-de täze börügi barada unutdyrdylar. Gyzjagazyň bar ünsi sapaga jemlendi. Jaň kakylansoň, okuwçylar arakesmä çykdylar. Arakesmede ony beýleki çagalar bilen görmek kyndy, aýratynam, bäsleşige taýýarlygyň güýçlendirilýän döwründe. Bibi düzedip oturan ýalňyşlaryndan ünsüni sowup, börüginiň içine “B”harpyny ýazdy. Bu onuň her bir täze börügine ýazýan, eýýäm däp bolup giden özboluşly belgisidi. Bibi ýazan harpyna ýene bir gezek seretdi-de, börügini başyna geýdi. Şol wagtam synpdaşlary uly gykylyk bolup, synpa girdiler. Partasynyň daşyna tegelenen synpdaş gyzlarynyň “Al elinden... ogry ekeni... waý-eý” diýen sözlerine düşünmedik gyzjagaz göni öňüne gelip duran synpdaşy Gülälegiň gaharly gözlerine soragly seretdi. Oňa çenli Gülälek bykynyna tutup duran elini Bibiniň kellesindäki börüge tarap sömledi:
-O nä meniň börügimi alypsyň? Ol şeý diýip, Bibiň kellesindäki börüge elini ýetirdi-Getir bärik, ogry!
Bibi Gülälegiň elini yzyna itekläp, öňdenem kellesine ýelmeşen ýaly bolup duran börügini eli bilen basdy-da, ör turdy.
-Kim-eý seniň börügiňi alan? Gyzjagazyň gazaply gözleri Gülälegiň gazaply gözleri bilen çaknyşdy-Akylyň bir ýerindemi? Ol soňky jümläni ynam bilen aýtdy-Bu meniň börügim!
Gyzlaryň arasynda hümürdi köpeldi:”Öz börügim diýýär, gyz” Yzrakda duranlaryň arasyndan keltejik boýly bolansoň, bolýan zatlara tomaşa etmek üçin aýagynyň burnuna galyp duran gyzyň sesi beýlekileriň hümürdisini basdy:
-Ýalan sözleme!
Hemmeleriň, hatda, Bibiniňem ünsi ynamlydan batly gygyran şol keltejik boýly garaýagyz gyza gönükdi. Ol ellerini bir Bibiniň börügine, birem gahardan sandyr-sandyr edýän Gülälege tarap uzadyp, sözüni dowam etdi;
-Näme bileňzokmy, Bibiniň oň ýaly börügi ýog-a.
Bibi arkaýynlyk bilen jogap berdi:
-Düýn ejem satyn alyp berdi.
Gyzlaryň içinden ýüzi görünmeýän biri gygyrdy:
-Hawa, indi şeý diýäýmeli-dä...
Bibi erbet aljyrady. Ol hemme zady-sapakdan soň, mugallymyň ýanyna “Bäsleşige taýýarla” diýip baranyny, onuňam maşgala ýagdaýy sebäpli boýun gaçyrandygyny, hatda Bibini dolam diňlemän çykyp gidendigini, Bibiniňem aglap, soňam gözýaşlaryny ýagyşda gizlemek üçin eden hereketlerini synpdaş gyzlaryna gürrüň beresi geldi. Ýöne näme üçindir, ol bularyň hijisinem etmedi. Ýaşdan doly gözlerini buýsanç bilen gyzlara dikip durşuna:
Börüg-ä meňki-soňam Gülälege-Börügiňi daşdan gözle-diýdi-de, synpdan çykmaga hyýallandy. Gülälegiň joralary näme etjegini bilmän aljyrap duran Gülälegiň daşyna üýşüp:”Ana, seniň börügiňi alyp gidýär ol, synpa-da bizden soň gird-ä... galdyran ýeriňden şol alandyr”diýip, gep bermäge başladylar. Bibi gyzlaryň edýän gürrüňini eşitse-de, olara däl-de, şolara ynanyp, hamala, ýiten börügi hökman Bibiniň börügi bolaýmaly ýaly, oňa-da dünýäde hemme zatdan beter ynanyp duran Gülälege gahary geldi. Bibi içinden”Samsyk gyz” diýip gaýtalady-da, Gülälegiň daşyny alyp duran gyzlaryň deňinden tozap geçdi. Oňa daşarda penjirä düşen demine “B” harpyny ýazan oglanjyk garaşýardy. Bibiniň aýak urşundan onuň gaharly ýa şadyýandygyny öňünden bilýän oglanjyk ýene bir ýakymsyz ýagdaýyň bolandygyna düşündi. Bibi oglanjyga ýakynlap:
-Ýör, Serdar-diýip, ýöräp başlanyndan, synpdaş gyzlary olaryň daşyny aldylar. Bibi olaryň nädip synpdan çykanynam aňşyrmady. Serdar Bibiniň elindäki sumkasyny aldy-da, gyra çekildi. Oratarada Bibiň ýeke özi, daşynda bolsa synpdaş gyzlary. Olar indi Bibä sorag berjek bolanokdylar. Bibi olaryň özünden näme isleýändigine anyk düşünmäge-de ýetişmedi. Gyzlaryň barysy birlikde onuň börügine elini ýetirdi. Bibi şol aljyraňňylykdan peýdalanyp, börügini alan gyzyň elinden çaltlyk bilen tutdy-da, börügini yzyna kakyp aldy. Gyzlar hasam dyzadylar. Olar edil kimdir birini talap duran(Wagtyň geçmegi bilen Bibi bu meňzetmäniň üstüne “Rehimsiz talaňçylar” diýen jümlänem goşsa gerek) talaňçylara meňzeýärdiler. Ortarada börügini bermejek bolup, özüne uzaýan elleri yzyna itekleýän gyzjagazyň kä gulagyndan, kä köýneginden, kä saçyndan tutýardylar. Onuň börügini berk gysýan ellerine batly urulýan urgular, kimdir biriniň, hatda, diş yzlaram gyzjagazyň wagty bilen garşylyk görkezmegini togtatmady. Ahyrsoňy Gülälegiňjoralarynyň biriniň:”Getir bäääriiiii” diýip, süýkdirip aýdan sesi bilen deň ritmde hereket eden ellerine börük düşdi. Börügi alan gyz yza çekildi. Bibi oňa tarap topulanda, gyzlar onuň öňüni bagladylar. Soňam awuny ele salan awçylar ýaly bolup, toparlanşyp gitdiler. Bibi şol wagt bolýan zatlara düşünmezlik bilen syn edip duran Serdara seretdi. Onuň gözlerinde duýgudaşlyga derek nähilidir bir biparhlygyň, has dogrusy nämedir bir zada göz ýetirip, gelen netijesem özüni hem gynandyrýan, hem gaharlandyrýan adamyň biparhlygy bardy. Ol Bibi bilen beýle ýagdaýyň bolanyny birjigem geň görmeýän, gaýtam şeýle ýagdaýyň haçanam bolsa bir wagt boljakdygyny öňem bilýän oglanjyga öwrüläýdi.
Serdaryň elinden kem-kemden syrygýan sumkasy ümezläp duran gözlerine 3 bolup görünýän gyzjagaz eliniň tersi bilen gözýaşlaryny süpürip goýberdi-de, mekdebiň içine girip gitdi. Serdar uzak wagtlap näme etjegini bilmän durdy. Soňam Bibiniň sumkasyny duran ýerinde goýdy-da, mekdep derwezesinden çykyp gitdi. Derwezeden çykmanka agyr ýagdaýda, hamana, sumka derek ýüregini goýup gaýdan, onam hiç wagt ýerine hem eline getirip bilmejek adam ýaly gynançly seredip gitdi.
Bibi synp otagyna dolanyp gelende, mugallym ýerinde ýokdy. Gyzjagaza geregem şoldy. Ol ýekelikde aglamagy gowy görýärdi. Ýaňam şowhundan doly uly synpyň göçen bazar ýaly tukat hem ýüregedüşgünç ýagdaýy Bibini hasam ejizletdi. Ol synpyň synpdaşlary bilen gyzyklydygyna diňe olaryň Bibini terk eden wagty düşünäýmelimi diýsene?! Serdar hakda-ha ol asla ýatlamazlyga çalyşdy. “Hemmesi gutardy” diýen pikir tebigy ýagdaýda kellesine geldi. Megerem, Serdar:”Sen çydar ýaly adam däl” diýýän wagty dogry aýdandyr. Indi öz aýdan zadyna ynanmak oňa beýle bir kyn düşmese gerek” diýip, içinden pikir etdi. “Hemmesi gutardy” Gyzjagaz uludan dem aldy, synp tagtasyna gözüni dikip oturşyna ýazylan temanyň adyny okajak boldy.Onam gözi almansoň, äýnegini dakynmaga-da ýaltanyp, haýallyk bilen ýerinden turdy-da, synp tagtasynyň öňüne bardy. “Köneürgenç türkmen hanlygy” Bibiniň birden taryhy filmlere tomaşa etmegi gowy görýän atasynyň”Hemme zatlar gutaran ýerinden başlanýar”diýen düşnüksiz jümlesi ýadyna düşdi. Atasy oňa köp taryhy şahsyýetler hakda, olaryň guran döwletleri, ýadygär goýan eserleri hakda uzyn-uzyn gürrüň bererdi. Onuň iň gowy görýän taryhy şahsyýetem Jelaleddin Meňburundy. Gyzjagaz ýatlamalarynyň arasynda ýylgyryp goýberdi. Atasy Jelaleddin hakda, onuň mongol hanynyň elinden ölümiň bäri ýanynda sypyp, egri gylyjynam bulaýlap:”Men entek siziň gözüňize görkezerin” diýen jümlesini uly hyjuw bilen aýdýan wagty balygyň hem ýaňy içilen bir bulgur şerabyň ysy-hemmesi gyzjagazda ýakymly täsir döredýärdi. Arman, atasynyň arzuwçyllygyny maşgalada ýeke-täk paýlaşaýan adam bir özi bolany üçin beýlekiler ol rowaýatlardan hiç hili üýtgeşiklik tapmaýardylar. Bibi bir gezek atasynyň köp içýänliginden zeýrenip oturan enesine “Seniň oňa ynanmaýandygyň üçin içýär” diýipdi. Ýöne enesi Bibiniň näme diýjek bolýanyna ýa düşünmedi, ýa düşünensoň hiç zat diýmedi. Garaz, haýsysy bolaýanda-da indi hiç kim düşündiriş berip bilmese gerek.
“Men entek siziň gözüňize görkezerin”Synpdaky ähli zatlar şol jümlä öwrülip, gyzjagazyň daşynda pyrlanmaga başlady. Bibi synpdan ylgap diýen ýaly çykdy. Daşarda ýatan sumkasyny görende, emele gelen badyhowalygynyň bady gaçdy, keýpi bozyldy. Gaharly ýagdaýda sumkasynyň tozanyny kakyşdyrdy-da, okuwçylaryň aýak yzlary mesaňa-mälim bolup duran gumak ýoluny tozadyp gitdi.
Täze getirlen güjüjegiň nämä üýrýänine düşünmedik Aksoltan gelneje gazap oturan gazanyny gapdalda goýdy. Ol aşhanadan çykan dessine tozany sowrulyp ýetişmedik gumak ýoldan güjüjegi sem eder ýaly daş gözläp duran gyzjagaza tanamazlyk bilen seretdi. Onuň ýanyp duran gözleriniň aňyrsyndan nähilidir bir gedemligiň, edil öýüni “basyp almaga” gelen hökümdaryň buýsanjaňlygy duýulýardy. Aksoltan gelneje güjügini ýanyna çagyrdy. Gyzjagazyň dogumdan ýanyp duran gözleriniň aňyrsyndaky gazap köpi gören aýalam aljyratdy. Ol nämedir bir bolmasyz işiň bolandygyny gyzjagazyň gaharly durşundan aňdy.
-Salamälik, keýgim, oňatmyň? –diýip, mähirli salamlaşmaga çalyşdy. Salamyna derek eşiden jogaby ony serpmeden gaýdan ýaly etdi.
-Seniň gyzyň... Bibiniň bokurdagy doldy. Penjireden bolýan zatlara gorkuly seredip duran Gülälege elini uzadyp-Meniň börügimi ogurlady!-diýdi. Aksoltan gelnejäň demi tutuldy:
- Heý-wiý... toba-toba-ýakasyndan elini aýyrman, Bibä tarap bir ädim ätdi:
- Beýle däldir-le, gyz! Aýdýan zadyna özem ynanmaýan adamyň äheňinde sorag berdi-O nähili börügiňi ogurlapdyr?
Soňam jogaba-da garaşman:
-Gülälek!!-diýip gygyrdy. Onuň sesine mellek ýerlerinde işläp ýören balagy dyzyna çenli çermelgi on sekiz- on dokuz ýaşlaryndaky ogly ylgap geldi:
-Näme bold-aý?
Ejesiniň haýbatly sesini eşidip,Gülälege derek mekdebi gutaran uluja gyzy gapyda peýda boldy:
-Bar, Gülälegi alyp gel.
Elini bykynyna tutup duran Bibä mölerip sereden gyz “haý” diýmän, ejesiniň diýenini etmek bilen boldy. Azsalymdan Gülälegiň özem göründi. Bibi onuň süllerip duran keşbine serdip, seňrigini ýygyrdy:”Ýere giräýjek bolýar indi. Ýaň-a çişdi gowuja”diýip pikir etdi. Onuň içgepletmesini Aksoltan gelneje bozdy. OL Gülälekden sorag edýärdi. Gülälek ejesine Bibiniň ogrudygyny , onuň köne börüginiň bardygyny gürrüň bermäge durdy. Bibi ahyryna çenli çydam edip diňläp bilmedi:
-Ýalan aýdýar, maňa ol börügi düýn ejem satyn alyp berdi. Onda meniň belligimem bar, öz adymyň baş harpyny ýazyp goýdum-diýdi. Bibiniň çalt-çaltdan aýdan sözlerine Gülälegiň uly gyz dogany garşy çykdy, ol ret ediji äheňde:
-Bellik etmek kynmy nä? –diýip, eginlerini gysdy. Aksoltan gelneje ýene bir zatlar diýmek üçin agzyny açan Bibä “dur” diýen yşaraty edip, Gülälege buýruk berdi:
-Bar, şol börügi getir!
Gülälek ýaýdanjaňlyk edip, bir uly gyz doganyna, bir ejesine seretdi. Onuň aglajak-aglajak bolup durşy Bibiniň nebsini agyrtman, gaýtam, ýeňse damaryny gatatdy:
-Eşideňokmy? Bar, çalt.
Aksoltan gelneje ses gelen tarapa geň galyjylyk bilen seretdi. Öz gyzynyň nalajedeýin sypaty onuňam ýeňse damaryny gatadan borly. Gülälege”tiz bol” diýýän ýaly gözüni alartdy. Gülälek sandyraýan ellerindäki börügi getirip, ejesine uzatdy. Aksoltan gelneje uly gyzyna börügi görkezip:
-Gülälegiňkimi?-diýip sorady.
Sebäbi Gülälek üçin täze börügi bir hepde mundan öň, özi däl-de, uluja gyzy satyn gelipdi. Börüge ünsli sereden gyz näme jogap berjegini bilmän ýaýdandy. Soňra ejesiniň soragly ýüzüne soragly seretdi. Gülälegiň naýynjar görnüşi ony biraz pikirlendiren borly. Ol böwrüne diň salyp duransoň, Gülälege “Bagyşla” diýýän görnüşde bakdy. Soňam börügi Bibä uzatdy.
-Eje, börük Gülälegiňki däl. Men ol gelnejäň el işlerine belet. Bu başga börük-diýdi. –Özem Gülälegiňkiden täzeräk ekeni-diýibem sözüniň üstüne goşdy.
Aksoltan gelneje gözlerini aşak salyp, kellesini ýaýkady. Eýýäm börügini kellesine geýip, gitmäge hyýallanan Bibiniň has golaýragyna süýşdi:
-Bagyşla, gyzym-ol agyr ýuwdundy-Gülälek bilen däldir-diýip, aýagaldygyna gözýaşyny süpürip duran gyzyna tarap ümledi. Onuň sesindäki ökünç hem ötünç Bibiniň gaharyny ýatyrdy. Ol” uruşda” ýeňen adamyň, has dogrusy, tutuş”talaňçylar” toparyny ýeňen adamyň kanagatlylygy bilen uludan demini aldy. Ýene gumak ýoly tozadyp, üç-dört ädim ädensoň, birden yzyna dolandy. Onuň näme diýjegine hemmeler demini alman diýen ýaly garaşdylar. Her kim Bibi öz ýanyna geler öýdüp pikir etdi. Ýöne olaryň içinden şeýle zadyň bolmagyndan ähli zatdan beter heder edip duran Gülälegiňki dogry bolup çykdy. Bibi Gülälegiň gabat garşysyna geçip durdy:
-Meniň atam”Ähli zatlar gutaran ýerinden başlanýar” diýmegi gowy görýärdi, ol ýene-de “Ähli zady özüň etmeli”diýmegi hem halaýardy –diýdi. Bibi hiç zada düşünmän, gözlerini mölerdip duran Gülälegiň alkymyna dykyldy:
-Sebäbi, hatda, köplük bolubam börügi alyp bolanok!
Gyzjagazyň tolgunmakdan barha sesi sandyrady, gözleriniň öňüni perde tutdy- Aýratynam, ol seniňki däl wagty.
Bibi yzyna öwrülip ýola düşensoň, ýaňky aýdylanlara barybir düşünmedik, soňuny gaýgy edip duran Gülälegem, ýüzüne şarpyk çalnan ýaly bolup duran Aksoltan gelneje-de, Bibiniň tolgunmakdan ýaňa damagy dolan pursatyny aňynda aýlap duran, dyzy çermelgi on sekiz- on dokuz ýaşlaryndaky oglanam, näme pikir edýändigi belli bolmadyk Gülälegiň uly gyz doganam-hemmesi gumak ýoly tozadyp barýan gyzjagazyň sudury ýitýänçe aňk bolup seredip durdular.

2012-nji ýylda ýazylan

BÄGÜL ATAÝEWA
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202