13:20 Kaka, durmuş kyn ekeni... | |
[img[/img] Kaka, durmuş kyn ekeni... Kaka, durmuş kyn ekeni çakymdan, Çaldy maña señ çalmadyk şarpygyñ. Iñ ynamdar adamlamdan çakyldym, Öwrendim parhyny çäjiñ- harpygyñ. Büdredim, turmagy öwrendim bada, Diñmegi öwrendim aglanymdan soñ. Gülmegi öwrendim ýanamda ýa-da boýnumda kemendi añlanymdan soñ. Emendi duýgulam, bolup elem-tas, Çar tarapa nazar dikdim delmurup. Şeýdip, ýekelige höwrükdim men has, Galam çekdi gussalarmy deñ durup. Diýip: ,,Dünýäñ synaglarna döz geler" Sen menden özüñi gözlän ekeniñ. "Durmuş kyndyr" diýeninde özgeler, Ejizje ogluña dözmän ekeniñ! Günler bir-de ýasalan deý ýakymdan, Kä girdaba eltýän sa:l eken, kaka! Ýöne, durmuş ýowuz eken çakymdan, Sen ýaly dözümsiz däl eken, kaka! @ Mukam Muhamow | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |