Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:38
Kakaň iň ýakyn bolaýýar...


KAKAŇ IŇ ÝAKYN BOLAÝÝAR...
(Kakamyň doglan gününde ýazylan goşgy)

Ykbala sözüm geçenok,
Hemişe rüstem geläýýär.
Elinden tutup ýöräre,
Kakaň iň ýakyn bolaýýar.

Gyýçak – ýollar,
Uzak menzil,
Aradan aýy:r baryny.
Bu ýyllar perzentden däl-de,
Pederden alýar aryny.

Ol işleýär çörek üçin,
Öýe gelýär ýary gije.
Halal maňlaý deri siňen,
Saçagy tapmarsyň hijem.

Ine, bir gün kesellär-dä,
Ejizlär.
Şeýdip garraýar.
Çagalara: «Saglygňyza
Serediň» diýip sargaýar.

Horlanar, horlamaz seni,
Pensiýasyn toýuňa üýşü:r.
Mal-garadan artanyny,
Ogla-gyza diýip süýşü:r.

Kaka borsuň,
Kakaň – ata,
Göwni ýaş, saçy çym-akdyr.
Belki, dünýäň ýalanlary,
Kakaň barynda çynrakdyr.

10.11.2023 ý.

Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 kysmat • 23:02, 18.01.2024
Admin şu posty teg hökmünde öňkülere goşup bilmedim. kömek etseňiz...
avatar
0
2 Nurdаn • 23:18, 18.01.2024
Goşdum jigim
avatar
0
3 kysmat • 23:24, 18.01.2024
Sagboluň!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202