16:40 Käte | |
[img][/img] KÄTE... Käte şeýle bolýar,keýpsiz oýanýaň, Aýna bakyp gülen bolýaň ýalandan. Çünki gowluk bilen başlanýan günüň Gowluk bilen gutarjagna ynanýaň. Şol gün ähli işiň kenarda goýup, Öz-özüňe ýaranmaga jan edýäň. Belki aýlar,belki ýyllar geçensoň, Hut şol gün wagt tapyp oňa jaň edýäň. Sagatlaň geçenni duýman galarsyň, Bir-biregiň halyn-ahwalyn sorap. Çünki şunça wagt soňra ýene-de Ulgamda seň bilen şol öňki joraň. Ne sen bilýäň,ne ol bilýär sebäbin, Şunça wagt habarlaşman oňanyň. Hany bir wagtlar oňup bilmezdiň, Artyk weli,kem-ä däldi dogandan. Soňra şol gün çykyp bir çola ýere, Öz-özüňe sorag berýäň näme üçin?! Ýa-da zenan maşgalalar toýdan soň, Noldan başlamalymyka durmuşyn?! © Meňli Aşyrowa | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |