Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:36
Guşlaryñ tansy
GUŞLARYÑ TANSY

Aslyşyp asmanyň nur tellerinden
Ganat köýneklerni açyp bir geňsi.
Asuda durmuşyň jarçysy kimin
Arşyň sahnasynda guşlaryň tansy.

Jürküldeşip,läle kakyan gyzlar deý
Topar-topar bolup çalyp mukamy.
Arzuw guşum kapas göwnümden alyp
Wysal bilen gyýýarsyňyz nikamy.

Bir pessaýlap,bir-de göterlip göge
Kä ýykylyp,kä göterlen göwnüm deý.
Bu görnüşi synlap ýene ot düşdi
Köräp barýan alawyňa sabrym,heý!

Ylham bilen gaplanan päk asmanda
Göýä işigini açýar bakylyk.
Arşyň sahnasyndan joşgunly guşlar
Ynsanlara göýberýän deý çakylyk.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 72 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Rowaç • 19:32, 16.04.2024
Pikiri çugdamlamaly. Näme diýiljek bolunýar? Asman sahnasy gowy.
avatar
0
2 ToylyOraz • 19:07, 18.04.2024
Назиклик билен дуйгуларыны беян эдипдир, Гушлар бн оз ички дунясини баглашдырып ажайыплыгы эмеле гетирипдир. шу Сетирлер говы тасир этди..
"Аrzuw guşum kapas göwnümden alyp
Wysal bilen gyýýarsyňyz nikamy"
хас ерне душупдир..
Эгер тесвиримде говшаклык дуюлса айыплашмаверин. Миннетдар!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203