08:04 Melikäniñ aýdymy | |
Melikäniñ aýdymy Melikedir meñ adym Maşgalam göwün şadym. Şu Watanyñ goýnunda Sumbar derýañ boýunda Bir ajaýyp obada Ýaşaýaryn abadan. Bolsam-da men Körpeje Ähli zatda Bilgirje. Sanlara we harplara Dürli-dürli reñklere Belet boldum ýadaman Gitmek üçin mekdebe. Enem diýýär:"Okasañ, Adam borsuñ,jan balam!" "Zähmet çekip bekeseñ"- Atam diýýär:"Zor balam" Güýçli birini ýeñer Okan ýeñer müñüni. Öwrenmekde,bilmekde Asla goýman kemini. Howlymyzda bar biziñ Pişik,güjük,mal-gara. Şeýdip öwrenýän menem Haýwanlary söýmegi. Eger daşky gurşawy Goramasak eger-de Watanymyz öýkeläp Galyandyr agyr derde. Dagy,derýasy,düzi Garagum çöli bilen Söýýärin men Watanmy Tikeni,güli bilen. Şeýle gözel Watanda Bagtly körpäñ biri men. Watanym,jan Watanym Goşa didäm nury sen! | |
|
Ähli teswirler: 0 | |