Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

07:06
Хокку
Men daglaryň guşy diýip
Düşdi halys ýürege-bagra
Laçyn atly garga

Я птица решка
сказала голословно
Серая ворона

Me, you have to find
Like bird of the sky
Said crow as a hawk in mind

Bagul Atayeva
Bölümler: Goşgular | Görülen: 113 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 17
avatar
0
1 atayeva • 07:09, 08.08.2023
Birinji synanşygym bolansoň nähili bolduka
avatar
0
2 Мango • 08:58, 08.08.2023
näme üçin "laçyn atly garga"?
belki, "özüni laçyn saýýan garga" bolmalydyr?
avatar
0
3 atayeva • 09:02, 08.08.2023
Siz islediginizce pikir edibilersiniz
avatar
0
4 Мango • 09:07, 08.08.2023
isledigimçe pikir etmek maňa galan zat.
oňa rugsat berip ýa gadagan edip bilmersiňiz.
ýöne, pikirimi aýtmak hukugymdan peýdalanyp ýazdym: laçyn atly garga bolanok. özüni laçyn saýýan garga bolýar.

Bägül hanym, näme beýle gaharly ir bilen...?
avatar
0
5 Medicall • 09:11, 08.08.2023
Ady Laçyn bolsa ol asylam garga däldir, daglaryñ guşylygy çyndyr.(bu meñ pikirimdenem başga, görüp, düşünip çykaran netijäm)

Emma bu postdaky setirjikler: "ýöne oña garga diýesim gelýär" diýip içi byjyklap dur, başga many ýok.
avatar
0
6 atayeva • 09:52, 08.08.2023
Gaharly siz yaly. Mena shu wagt aydym dinledim kofe bien. Bular yaly biparh goymayan bolsa diymek gowuja hokku bolandyr onda :))
avatar
0
7 Мango • 10:02, 08.08.2023
menem şu wagt meşhur "şabazyň" gowuran kofesinden bir çaşka içdim.
bir hili hokku düzesimi getirdi....

howlymda eken bägülim gülledi
gözlerim lezzet aldy,
burnum welin almady.
avatar
0
8 atayeva • 10:18, 08.08.2023
Name ucin burnunyz almady, in gerekli yerinde
avatar
0
9 Мango • 10:36, 08.08.2023
bu şeýle bolupdu:
kommunal hojalygynda işleýän bir dost diýeýinmi, tanyş diýeýinmi, garaz bir raýat öýüne şäheriň köçelerine ekilýän bägülleri eken eken, 5-6 sanysy artypdyr, onam maňa berdi.
ekdim. ýörite kagyz gutuda daşary ýurtda ösdürilen bägülleri.
gülledi, özem bol-bol gülledi. köpüsu ak gül bolup çykdy, gyzylam bar.
ýöne...
näme üçindir hiç ysy ýok.
hemme zat emeli ýaly... belki köp gunçalamagy üçin ýörite genlerini üýtgedendirler.
belki şondandyr yssyzlygy.

ýöne, babam pahyryň bägülleri bolardy, türkmen bägüli düýýädiler.
ine, onuň ysy başga... ýolaňdan soňam uzak wagtlap ysy gitmezdi.
indi o bägülleriň tohumy ýitäýdi öýdýän...

şo ýada düşdi.
avatar
0
10 atayeva • 11:07, 08.08.2023
Menin gowy goryan bagulimin ady "дамасская роза" ekeni. Yaňy yakynda bildim, men ona kyrk gat diyyardim turkmenche. Ysy dagy beyhush edyar meni
avatar
0
11 Seýrаn • 11:48, 08.08.2023
Üýtgeşik hokga çykarmaly, Bägül!
avatar
0
12 Seýrаn • 11:49, 08.08.2023
Kim saga, kim çepe gider
Öz garaýşy ýok adam
Elmydama gepe gider
avatar
0
13 Seýrаn • 11:50, 08.08.2023
Atamyrat Atabaýew
avatar
0
14 Seýrаn • 11:52, 08.08.2023
Şabaz öň gowudy. Kofesine indi söýgi gatanoklar öýdýän. Bägüliň ysyny almaýanyň sebäbini magat düşnükli dilde ýazypsyň.
avatar
0
15 atayeva • 12:15, 08.08.2023
Seni biparh goymadygyna begendim. Bolmasa yaman icgysgync
avatar
0
16 Seýrаn • 09:15, 09.08.2023
Göni onlukdan çüýleseň-dä üçlemede. Bägül, hany hyjuwyň? Eýleki dillerde-de ýazanyň üçin çaltlaşyp paýlaşasyň gelipdir öýdýän.
avatar
0
17 atayeva • 10:40, 09.08.2023
Ay bilmedim onçasyny/ Ýöne seni shu yere agza bolar ýaly guyji yetipdir/ diňe bir agzalygam däl, sen gayta gayta dolanyp gelyäň bu üç setire/ Ispança düşünýän bolsaň shonda-da yazdym
avatar

Старая форма входа
Total users: 203