22:26 Ar | |
AR Häzir, dag gerşinden bir aýagy asylan görnüşde sallanyp durka, onuň dostundan: “Indi näçe ömrüň bar?” – diýip soraýasy gelýärdi. Haýran galaýmaly, ol öňler birnäçe gezek şu pursaty göz öňüne getirip görüpdi. Ol dostuny dagdan aşak sallaýardy, dosty bolsa, läbik wulkan ýaly atylyp, ýene aýagynyň astyna düşýärdi. Pikiriniň şu ýerinde daş-töwerekdäki daglar ony halka ýaly gysmaga başlady. Daglar bir-de demini dürsemek üçin maý berse, bir-de demligini daraltmagy dowam edýärdi. Dag gerşinden asylgy dosty bolsa sagadyň dili ýaly ikiýana hallan atýardy. Ol tasdanam demir gazygyň ýüpüni kesip, dostuny dag daşlarynyň düýbüne ugradypdy, ýöne bular ýaly etmäge ýetişjekdigi baradaky pikir ony köşeşdirdi. Şeýle belentlikden zyňlansoňam, onuň diri galandygyna ajy ýylgyrdy. Dostunyň hakykatdanam aýdyşy ýaly ýönekeý däldigi ýitilik bilen pikirlerini bölüp geçdi. Muňa seretmezden, ol özüni tiz ele aldy. Dostunyň gaýtawul berip bilmeýändigi we häzir onuň ykbal çözüji adamdygy derrew serine doldy. Şeýle arkaýynlygyň aňyrsyndaky jinnek ýaly gorky sebäpli, aňyna elhenç pikirler ornap, ol şolary durmuşa geçirmegiň tarapdarydy. Edil şu pursat jinnek ýaly aladadyr gorky üçinem ar alynýan pursatdy. Edil şu pursat nähili gara oý-hyýallaryň bar bolsa, durmuşa geçirilýän pursatdy. Bu pursatda iň kiçijek, iň ujypsyz göwnüňe ýakmadyk zady hem bagyşlaman bolýardy. Durmuşdyr, adamçylyk, zerurlyk ýaly kellagyrdyjy kategoriýalara salgylanman bolýardy, sebäbi häzir özüň şolaryň baryna derek çykyş edýärdiň. Öz eliňdäki zat bilen oýnamak bolsa, edil pişigiň syçan bilen ýa-da awçynyň pida bilen oýnaýşy ýalydy. Adamlar ony “oýun” diýip atlandyrsalar-da, awçylar onuň nähili “azardygyny” gowy bilýändirler. Oýny islän ýeriňde bes edip bolýardy, ýöne azary welin diňe alajyny tapaýmasaň, goýup bolanokdy. Ol hem azar duýgusy boýunça hereket edýärdi. Bedeniniň belli-belli ýerlerinde agyry döräp, gitdigiçe kellesine agram salýardy. - Wepa-aa-a! – diýip, ol gygyrdy. Onuň sesi daglara düşüp, tegelek boýunça aýlanýan ýalydy. Dostunyň jan edýändigine garamazdan, dynçlykda durmak wagty bilen başartmady. Ol bolsa indiki etjek hereketlerini aýdyňlaşdyrar ýaly, dostundan habar bolmagyny isleýärdi, şol sebäpdenem ümsümlik bilen garaşdy. Onuň öňünde ullakan çuňluk bolup, ol giden boşluga kellesini sokýan ýalydy. Dosty ýüpüň gyrasyndan tutup dikelen bolsa-da, ol örän aşakda ýaly bolup görünýärdi. Ol dostunyň dag üstüne çykmagyna ýol bermejekdigini bilýärdi, ýöne beýtmezden ozal kösemek, awundyrmak ýaly hezilliklerdenem özüni mahrum edesi gelenokdy. Hakykatdanam, adamyň hökmürowan wagty nähili bolup bilýändigi özi üçinem gyzyklydy. Onuň duýgulary oýun bilen azaryň arasynda azaşjak bolup howlugýardy. Oýun ýadyna düşende, ol näme üçindir saklanyp, dostunyň ýokary dyrmaşjak bolup edýän netijesiz synanyşyklaryny synlaýardy. Kerebe çolaşan möýler şeýle hereket edýärler, olar janhowluna şeýlebir urunýarlar welin, öňküsindenem beter çoçgara çolaşýarlar. - Wepa-a-a-a – diýip, ol ikinji gezek gygyrdy. Daş-töwerekdäki daglar öz sözüni gaýtalaýar diýmeseň ümsümlikdi. Ol şonda dostunyň jogap bermejegine düşündi. Üçden soň puç diýýän bolsalar-da, beýtmegiň peýdasy ýokdy. “Nämä bil baglaýarka bu?” – diýensoň, samsyk bir jümläni aýdyp goýberesi geldi. “Ýene-de görüşýänçäk, janyň saglygy, ýoluň ak bolsun” ýalyrak sözler diline gelip, daşyna çykman galýardy. Näçe içýakgyç sözler bilen içini sowadasy gelýänem bolsa, iş ýüzünde: - Şunçarak tölesem ýetermi? – diýip sorady. Aşakdaky bolsa ýokaryk çykjak bolup dyrjaşýardy. Onuň kem-kemden güýçlenýändigi demir gazygyň yrgyldysyndan bildirýärdi. “Şu bolşuna-da erjeşen bolýar-ow” – diýip, ol hanjaryny ýaldyradyp görkezdi. Jennetiň bir bölegi ýaly ak künjekde hanjaryň sary şöhlesi öwşün atyp gitdi. Ol şeýtmek bilen dostunyň diňe ýekeje ýolunyň – o dünýä barýan ýolunyň bardygyny bildirýärdi. Hatda güýlünip goýlan mal bilenem bular ýaly işleri etmeýärdiler, sebäbi janly jandary ajaly bilen gorkuzmakdan uly günä ýok hasaplanýardy. Pyçagyň ýalpyldysynda ölümini görüp, urunýan mallary hem agyrysyz halallaýardylar. Ol bularyň hemmesini bilýärdi, ýöne hut şu görnüşde ar almak duýgusy ähli bilýänlerinden üstün çykýardy. “Barybir boljagymy boldum, tfu – diýip, ol özi hakda pikirlenende seňrigini ýygyrdy. Adamzat döräp, bolmadyk zat barmyka şu dünýäde. Nähili işleri görendir bu ýalançy. Men iň erbedi däldigime haçan bolsa-da, kepil geçip bilerin. Men dagy nämejik bu haramzadalaryň ýanynda” – diýen pikirler ony ruhlandyrdy. Goý entek ýakyn gelsin” – diýip ajy ýylgyrdy. Gözüniň öňi ümezläp, indi aşakdaky dosty dumanyň içinde ýaly görünýärdi. Onuň aslyşyp duran ýüpi, gyl ýaly inçe ýodany ýatladyp, bu ýol olaryň biri üçin gorpa barýardy, beýlekisi üçin bolsa ýapyşalgydy. Üç ýüz altmyş gradus beýlesine öwrüläýende-de, ýene şo hili bolup çykýardy. Ol elindäki hanjary berk gysymlap garaşdy. Eger dönükler hanjaryny gizlin sokýan bolsalar, ol aç-açan görkezýändigine buýsanýardy. Diýmek, onda erkeklikden entekler nyşan bar ekeni. Dosty indi ýüz saýgarar ýaly aralyga gelipdi. Özem şunça erjellik, dogumlylyk bilen ýokary dyrmaşandygyna seretmezden, ol birden aglap goýberdi. Dostunyň bu hereketi onuň üçin garaşylmadyk hadysa boldy. Şunça ýüzüne seretmegini islese-de, bilgeşlän edýän ýaly, kellesini aşak salýardy. Ol “ýer ýarylsa, menem girsem” diýýän ýaly, ýüzüni ýüpden galdyranokdy. Şo bolşuna ol, şu pursatda akylyňa sygmajak zat, göze görünmän geçip gitjek bolýan adamlara-da çalym edýärdi. Ikisiniň arasynda keserip duran hanjar bir dünýäni iki bölege bölýän deýin haýbatlydy, gorkulydy. Ol howada guş ýaly ýüzüp, ýüpüň bir ujundan girişinde, dosty: “Beýtme, ýalbarýan” – diýip seslendi. Jan howluna dosty alkymyna diýen ýaly ýakynlapdy. Oňa nädip şu aralygy geçmäge rugsat bereni özi üçinem geňdi, ýöne häzir başardygyndan pikirlenmezlige çalyşýardy. Dosty islendik pursatda gorpuň gyrasyna gidibiljekdigini bilýäni sebäpli, onuň bilen ylalaşykda hereket etmäge çalyşýardy. Ýaňyja-da ýüzüne seretmekden gaça duran bolsa, häzir ondan gözüni aýranokdy. ”Mäti, dost ...meni bagyşla. Meniň bilen deň bolma” – diýip gaýtalaýardy. Egnindäki ak köýnegi ýyrtylyp, sal-sal bolup duransoň, şu ýagdaýda näme hakda aýdýany bir özüne mälim bolan içgili adamlardan tapawudy ýokdy. Onuň eli gazanyň garasy ýokuşan ýaly, ýüzleri bolsa çyrşakdy. Surata alyp bolsa, şu görnüşde öýsüz-öwzarsyz sergezdanlary ýatladar durardy. Ýöne şunuň özem aryňy almak üçin az zat däldi. Mäti näme etjegini bilmän ikirjiňlenýärkä, dosty dagyň gyrasyna çykybilýän bolsa-da, bir ädimlikde garaşdy. Dostunyň diýen edijiligi garaşyşy ýaly täsir etdi. Mäti hanjaryny bir gyrada goýanam bolsa, entek onuň gerek bolaýmak ähtimallygyny aradan aýranokdy. Elini uzadanyndan, oňa Wepanyň ýüp süýkelip ganan aýalary ýapyşdy. Mäti agyr daşy göterýän ýaly ýüzüni çytdy. Ýaňyja-da jaýlamak islän geçmişini, geçmişi bilen bagly dostuny, dosty bilen bagly dönükligi, dönüklik bilen bagly aryny gorpa tarap iterjekdi. Olary ýeriň ýüzüne çykarýandygy ysgynyny aldy. “ Men näme edýän?” diýen sorag bolsa hiç akylyndan gidenokdy. Ol dostunyň aglap ýalbarmagyna, galyberse-de, boýunegijilik bilen ykbalyny tabşyrmagyna garaşanokdy. Belkem, garaşan bolsa-da, iş ýüzünde munuň beýle täsir etjekdigini duýan däldir. Asla-da, barysy bulam – bujar boldy ahyryn. Ol indi näme duýup, näme duýmaýynanynam oňly saýgaranokdy. Diňe basymrak şu wakanyň tamamlanaryny isleýärdi. Şo wagtda ol özüniň barha dagyň gyrasyndan aşak düşeňkirleýänini aňdy. Onuň göwresinden geçiberensoň, ol deňagramlylygy saklap bilmejekdigini aňyp, yza baka götinjekledi. Iki dost bir tereziniň iki tarapy ýaly deňleşjek bolýardylar. Şeýtseler, olaryň ikisi hem dagyň üstünde galyp bilýärdi, ýöne häzirlikçe, tereziniň diňe bir tarapy agdyk gelip, beýleki bir tarapy güýjünde baryny edip dyzaýardy. Birden Mätiniň göwnüne dostunyň hemme zatda elinde baryny edip, utýandygy baradaky pikir doldy. Dostunyň bütin dünýäni unudyp, boýun egijilikden nam-nyşan galmadyk hereketleri bu pikiriň döremegine getirdi. Ol edil köýnegine ýapyşan hapadan dynmak isleýän adamyň gaharlylygy bilen dostuny siltäp goýberdi. Şonda onuňam bar pikiriniň diňe halas bolmakdygyny aňdy. Bu şeýlebir pursatdy welin, munda hiç hili duýguçyllyk ýokdy. Diňe ähli ynsana mahsus duýgulardan mahrum we öler ýaly ýaşamak isleýän iki sany adam bardy. Olar wagt taýdan başga bir çäge düşüpdiler. Bu çäkde hiç kime hiç bir söz täsir edenokdy, bu çäkde ähli sözler eýýäm gutarandy. Bu çäkde diňe “Men ýaşamaly, sen bolsa ölmeli” – diýen hasap bardy. Mätiniň ýüregini sowuk bir zat dilip giden ýaly boldy. Ähli zatdan beter diňe ýaşamak isleýän dosty ýene bir gezek dönüklik etdi. Adamy ýaşamak islegi üçin ýazgaryp bolmaýar, ýöne diňe özi ýaşamak isleýän adamy näme etmeli? Mäti barha ysgyndan gaçýan elleriniň aýasyny açanda, dosty edil güýz ýapragy ýaly sypyrylyp, dagyň düýbüne gitdi. Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |