Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:27
Kim biler?
KIM BILER?!

Akja kagyzlardan çykaryp gahrym,
Bilseýdim, kalbymda goýmazdym ahmyr.
Ýazan her setirmiň maksady, wah, bir...
Diňe seni yrmakdygyn kim biler?!

Göreçlemde ýürek görünmez äşgär,
Sebäp saňa söýgim hetdinden aşýar.
Dumanly dünýäme düşünseň, käşgä...
Goşgularmyň dymmakdygyn kim biler?!

Men lowlap ýanýaryn, sebäp – gülýärsiň,
Men gowlap ýazýaryn, sebäp – gülýärsiň,
Ýagşydan-ýamandan seniň gülýäniň,
Meniň üçin gymmatdygyn kim biler?!

Göwnümem sübsegär, meň saçym ýaly,
Hyzmata häzirem, sadyk jyn ýaly,
Şagyzy halyma edil myn ýaly...
Meň ugruňda gyrnakdygym kim biler?!

Yşga düşen jany, Janym, görk ezýär.
Görküňe bendi men, bendi her kes, ýar!
Mahabatlap, diňe seni görkezýän,
Ýunusdaky dyrnakdygym kim biler?!

Men bilmeýen, üm bilmeýän sawçymyň?!
Ýa ser berip, per bermeýän awçymyň?!
Ah!!!
Goşgy ýazýan perin almak Laçynyň,
Ganatlaryn gyrmakdygyn kim biler?!

09.12.2006ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.8/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 10:08, 14.03.2023
"meniň halym sen bilmeseň kim biler?" diýipjik 5 ýyzzyly basýon.
avatar
0
2 Kyyas • 12:01, 14.03.2023
Suratam ýerine düşüpdir. Goşgy ýazýan perin,. Gowy. Belissimo
avatar
0
3 Aygul • 18:07, 14.03.2023
Hic kim bilmez,Lacyn...
avatar
0
4 Pero • 16:00, 15.03.2023
Halk aýdym yada düşdi
avatar

Старая форма входа
Total users: 203