10:37 Guşjagazym | |
GUŞJAGAZYM Guşjagazym, Beýdip, çynyň bilen saýramasana, Kapasaňa urmasana özüňi. Ganatlaň gyrylar, sesiň gyrylar, Nämä gerek, netijesiz jan çekmek?! Ýetimjesiň, ýekejesiň, Sanjy etjek ýok seni... Bes edäý-dä?! Sen kapasaň Ummanlaryň, dumanlaryň, tupanlaryň içinde, Tolkunlaryň, gaý-gomlaryň içinde, Ataşlaryň, alawlaryň içinde Duranyna ynanaý, ynanaý-da, guşjagaz! Sen özüňi kerleň ýurdunda diýip, ynandyr-aý, guşjagaz! Gynandyrmaý, guşjagaz! Bu gowurda, Bu zyr-zöwran adamlaryň içinden, Sesiň eşitjek ýok! Diňlejek ýok, aýak çekjek ýok! Nähili gowy! Şolam bir gowy! Şolam bir ýalkawy, Arşy-aglanyň! Ýogsa, Seň sesiňe sägineniň, mähelleden saýlananyň, Kellesine näme pikir geljegi belli däl.... ...Şonuň üçin: Görme-de, görünme-de, Saýrama-da, gaýma-da, Köşeş hem aýnama-da ÝAŞA! Üstüňe ýaglyk ataýyn, Bagyşla!!! © Laçyn PÜRJÄÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |