Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:33
Ötünç
ÖTÜNÇ

Ejem,
sesine çen garran ejem!
Hüwdüsi-de,
gülküsi-de,
ýylgyrşy-da garran ejem!
Geçir, günälermi geçir,
Men — döremängeçen geçi.

Men, bar-a, şü
Eşek müneniň aýagy ýaly,
Dek durmaýan dilim bilen
Köp degýärin göwnüňe seň.

Men ýalynyň el-aýagyn güýläge,
Manjanykga salyp, atyp goýber-dä,
Daş atan ýaly,
Duşmanyň üstüne,
Serhetden aňry.

Ejesini öýkeledýän,
Men ýalynyň jezasy — şo !

Ejem!
Ak saçlaryn ýygşyrjagam bolmaýan mähri bar ejem!
Mähriban ejem!
Seni ak saçlaryň üçin
gowy görýärin.
Seni dişsizligiň üçin
Söýýän!

Hudaý saklasyn, hanha,
Saçlaryn boýaýan ejelerem bar.
Dişleri abatja ejelerem bar.

Ejem,
Düýäniň gözünden görünýän ýaly,
Kiçelip barma günsaýyn.
Gujaklaýyn, gujaklaýyn!
Hany, oşşaýyn, hany, oşşaýyn!

Ejem,
Wah, meň gözsüz-gulaksyz,
Diş-dyrnaksyz, dilsiz-agyzsyz ejem,
Gönümelligim üçin ötünç soramok.
Kakama meňzänim üçin
bagyşla!

2009ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 106 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 09:52, 14.03.2023
hap-haladymaý şuny-na...
sebäbi özüm aýdyp duran ýaly boldum... eneme.
enem pahyr gaty öýkelekdi, hemem meni gowy görensoň, öýkelände-de menden betje öýkelärdi...
menem şonda binamyslygmy edip süýkenek pişik ýaly daşyna-içine geçip ýallaklap ýaraşardym... olam ýaraşardy. :-)
***
goşgy edil reňk çalynmadyk garry ýaly realistik, açyk, naturallygy bilen ajaýyp, garrylygy, dişsizligi, gözsiz-gulaksyzlygy bilen ajaýyp....
***
bir gezek bir ýerde bir meşhur reňklenen garry gördüm...
şonda bolşuňy kabul etmezlik, bolşuňdan başgaça görünjek bolmagyň nähili aýylgançdygyna göz ýetirdim.
emma, nurana ejeler, mamalar, eneler... bular başgalaý.
***
Men ýalynyň el-aýagyn güýläge,
Manjanykga salyp, atyp goýber-dä,
Daş atan ýaly,
Duşmanyň üstüne,
Serhetden aňry.

şujagaz ýerinde azajyk öte geçýär, Laçyn hanymyň gahrymany... atyp göýbereli atyp göýbermesine, ýöne duşman причем? ýöne daglaryň arasyna, daglara tarap atsak bolmazmy? biziň hiç bir serhetden aňyrda duşmanymyz ýog-a :-)
***
Gujaklaýyn, gujaklaýyn!
Hany, oşşaýyn, hany, oşşaýyn!

çaga ýaly edip oýnap-aldap göwnüni aljak bolan boluşşygny dagy diýsene...
minnetdar awtor hanym, göwnümdäkini çykaranyň üçin...
avatar
0
2 Aygul • 11:16, 14.03.2023
Menem ogşaýan awtory, goşgusy üçin
avatar
0
3 Antiwirus • 12:20, 16.03.2023
Diliniň dek durmyna çyn eken
avatar

Старая форма входа
Total users: 203