Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:55
Körüň ýoly

KÖRÜŇ ÝOLY

Ony Tejende gördüm. Dürli reňkli mata bölekleri biri-birine düwlüp, hajathana çenli çekilipdir. Bir bada munuň nämä gerekdigine düşünmän, düşünjegem bolman öý eýesinden: “Bu näme-aý?” diýip morta soradym. Ol müýnli ýaly “Kakamyň gözi görenok” diýdi. Körlügiň ýa-da kör kakaly bolmagyň näme aýbynyň bardygyny bilemok, ýöne näme üçindir, ýoknasyz bilesigelijilik eden ýaly menem soranyma utanyp gitdim. Tomsuň güni bolansoň, daşarda — erigiň kölegesinde oturdyk. Oturyp uzagam oturmadyk — bir käse çaý içdik-de turduk. Emma çaýly käsäni elime alsamam, ýerde goýsamam, kör görgüliň ýoluna zol gözüm düşdi durdy. Hernä muny ýanymdakylar aňmadylar. Dogrusy, aňanam bolsalar bilemok, kän gürrüňe goşulyb-a bilmedim. Erikden alma, almadan üljä, üljeden aňyrda zat bolmansoň ýörite ýere kakylan şalmana kä ýerde aşagrakdan, kä ýerde ýokarrakdan, kä halpygrak, kä dartdyrybrak baglanan mata bölekleri beýikli-pesli, öwrümli ýola meňzeýärdi. Ýoldaşymyzyň kakasy biz gidýänçäk daşaryk çykmady. Ýöne şonda-da onuň bir eli bilen „ýolundan“ ýapyşyp dähedem-dessemläp barşyny görüp duran ýaly göz öňüme getirýärdim…

Körhan kaka diýip bir garyndaşymyz bardy. Pahyryň iki gözem kördi. Bir köçe gaýramyzda ýaşardy. Emma her gün gelerdi. Kakam oňa “Haý, körsüreýän bolaýmasaň” diýip degerdi. Ol: “Şujagazlaň sesi meni öýde oturdanok” diýip başymyzdan sypalardy. O wagtlar biz bolaýsak bäş ýaşlarymyzdadyk. Nädip, haçan gözden galanyny bilemok, ýöne Körhan kakamyzy gowy görerdik. Gelýänini gördügimiz öňünden çykyp idip alyp gaýdardyk. Munuň üçin ol bize Magtymgulyň “Gökje kepderisini” hiňlenip aýdyp bererdi. Her gün aýdaýmalydyr. Gününe goýmazdyk. Ýogsa biz ol goşgyny ýat tutup gidipdik. Ol kör gözlerini asmana dikip:

“Bu gün bäş gündür ajam,
Awum bergin ýa Aly!”

diýende, gökden bize görünmeýän aç laçyny göräýýärmikä öýderdim. Pahyr çala titreýän ellerini goşarymdan tirsegime çenli ýörederdi-de “Tirsejigiň aýlanyp gidýär, täret kylaňda suwuň töwerege dökülmez, aýlanypjyk akar” diýerdi. Onuň bu sözleri her täret kylamda ýadyma düşüp gidýär. Ol kör gözler bäş ýaşly çaganyň Alla ýadyna düşmän ulalyp, orta ýaşa ýetende-de namaza durjagyny nädip gördükä? O döwürler ors döwrüdi. Azan sesi çykmazdy, sanaýmaly garry oraza tutup, namaz okaýardy. Kakam pahyr “Ors dar balak geýse sizem geýiň, gysgasyny geýse sizem geýiň, hakyňyzy gidermäň” diýerdi. Hatda ors mekdebine saljagam bolupdy. Emma biz oba çagalary orsça hiç zat bilmeýärdik. Mekdebiň direktory, bir ors aýal “Okap bilmezler, kyn bolar” diýip almandy. Agalarym biziň ors mekdebine alynmanymyza gaty gynanypdylar. Kakam dagy Körhan kakamyň görýänlerini şol wagt göz öňüne-de getirmeýän eken. Elbet, gözliň öz gözi, körüň öz gözi bar boldugy-da. Ol gözleriň hersiniň hem öz görýän zatlary, görüp bilmeýän uzaklyklary bar. Bu gün teleantennalara çenli dürli habar beriş serişdeleri biziň gözümizi görgür, gözýetimimizi giňeltmäge çalyşýarlar. Hakykatdan-da munuň şeýle bolýandygyna biz ynanýarys. Ynandygymyzça-da körleriň görýänlerini duýmak ukybymyzyň peselýändigni aňmaýarys. Gözlerimiziň ýitiligi bilen piçjiň atýarys. Emma Ýer ýüzünde ynsanyň goýberýän ýalňyşlary, büdrelemeleri, dökýän gany, agdarylyşyklary, opurylyşyklary artmasa kemelmeýär.

Tejenden Aşgabada tarap süýnüp barýan maşynymyz kä beýige dyrmaşýardy, kä aşak inýärdi. Uzak ýol birden böwür berip, birdenem oklaw ýaly gönelýärdi. Meniň göz öňüme körüň ýoly geldi. Erikden alma, almadan ülje agajyna, üljeden soň gaty ýere kakylan bir bölek şalmana baglanan kesindiler, gyýkyndylar, düwün bary düwlüp, çekilen ýol…

Aslynda her bir ynsanyň edil şol bize görünmedik kör ýaşulynyňka çalymdaş ýoly bar ýaly. Ýöne biziň „ýolumyz“ göze dürtülip durmaýar. Öz ömrümiň ýoly göz öňüme gelip gitdi. Ol özümden öň ýaşap geçenleriň hem özümiň ýaşan ýyllarymyň tejribesinden dörän, edil köne esgi gyýkyndylary ýaly, gyýkyndylaryndan, kä inçejik, kä gysga, kä çüýrük ynamlarymyň başly-barat biri-birine düwlen tanaplaryndan ybaratdy. Esassyz, ham-hyýal umytlarym bolsa gaty ýere kakylan şalmana meňzeýär. Düwünler näme? Ýalňyşlarymdan, ökünçlerimden, ahmyrlarymdan galan ýara yzlarymy?!

Allanyň gudratyna haýran galaýmaly. Ol biriniň ýüz keşbini alaga-da beleki bir bendesiniň ýüzüne goýmaýar. Ol her her bendesine özüne mahsus, gaýtalanmajak sypat beripdir. Edil şonuň ýaly hem her kime bir hili ýol beripdir. Olar hem gaýtalanmajak, dürli-dürli ýollar. Ýogsa, olaryň ählisem Ýaradanyň Özüne barýar.

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.aman....-------
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 103 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Medicall • 00:25, 19.05.2023
hawa, käbir gözi görýänden gözi batyl bende gowy görýär.. esasy köňül gözi kör bolmasyn..
türkmenbaşynyň golaýynda Gyzylsuw adasy bar, ada bolansoň paromly gidip bplýar diňe. Şonda Gylçberdi Ahun ýaşap geçipdi, pir hem diýerdiler.. hakykatdanam ýagşyzada ýaly adamdy, aýatda diri wagty bir gezek zyýaratyna barypdyk. Gözi tutuşlygyna ýapylandy. Emma keramaty bardy..
avatar
0
2 Medicall • 00:45, 19.05.2023
Gözlülereden ýüz dereje belent görmegi başaran pir eken ol, aýtmaklaryna görä, Gylyçberdi Ahun ýaş wagty bir günä iş edip duranlary görüpdir we şon ýaly zatlary görmezligi üçi gözüniň kör bolmagyny diläpdir. On alty ýaşyndaka dagda odun ýygyp ýörkä gözüniň gapyljakdygy barada gaýypdan habar gelipdir, şol wagt iki gözi hem doly ýumulypdyr, emma ähli zady gözi açyk ýaly görüp bilipdir, eşegine odunyny hem gözi ýumuk halynda görüp ýükläp, oba gelipdir. Oba gelensoň gözi açylypdyr, Ol: "Barybir gözüm ýumuljak bolsa men muňa öwrenişmeli bolaryn" diýip gözi açyk wagty özi ýumup ýörejek bolsa hiç zat görüp bilmändir, emma 22 ýaşynda hakykatdanam ýumulypdyr. Gözi ýumulansoňam ol edil görýän adamlar ýaly ähli zadyny özi edipdir, ussaçylygam edipdir soňra..
avatar
0
3 Мango • 01:10, 19.05.2023
hawa, gyzylsuw adasyndaky o ýaşuly barada eşdipdim.
geň.
avatar
0
4 Pero • 10:35, 03.06.2023
Menem eṣidipdim,emma hekaýasyny bilmeýädim. Ýetirenler,okadanlar,ýazanlar sagbolsun!

Kemli(bu söz ün okyjydan ötünç soraýan) adamlaryñ duýgusy has ösen bolýar
Duýgy ösdügiçe kämillige ýol açýar. Gowy oýlanma eken. Awtoryñ ömri uzak bolsun!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203