15:38 Kyssajyklar | |
KYSSAJYKLAR Orta mekdebiň soňky synplarynda okaýan wagtymyz göreldeli okuwçylara hormat haty berip,yzyndanam onuň puluny almak ýoň bolupdy. Nämemiş hormat hatynyň kagyzy,çapy,laminady üçin gerekli puly okuwçylaryň özüne töletmeli weli,şol ýasama sylagy bermelimiş. “Körem hasasyny bir gezek aldyrar”diýlişi ýaly,bir gezek menem özüm üçin hormat hatyny satyn aldym. Emma soňky gezek beýle gülkinç ýagdaýa galmazlygy berk ýüregime düwdim. Mugallym:”Ujypsyzja pulam mesele edýäňmi? Beýle bolsaň halanmarsyň”diýende,men “Eger mynasyp bolsam-a sylag bersinler. Ýogsamam öz-özüme hormaty satyn aljak däl”diýip jogap beripdim.Şol gezek sylagsyz galanam bolsam, indikilerde barybir hormat hatyny berdiler,näme üçindir. * * * Ýazyp-pozan bolsaň, birnäçe adamy özüňe halypa tutunýaň. Olardan köp zat öwrenýäň. Emma şol bir döredijilik dünýäsiniň adamlary bolsaňam dünýägaraýyş her kimde dürliçe bolýar. Meniňem halypa hökmünde hormat goýýan bir zenanym bilen dünýägaraýşymyň çapraz gelýänligine birnäçe gezek göz ýetirdim. Bir gezek ol maňa sms ýollap,goşgularymy,terjimehalymy hemem suradymy ibermelidigimi,bir ýerde goşgularyma syn ýazjak bolýandygyny ýazypdyr. Men diýseň begendim. Birnäçe günden soň sylka göýberip,goşgularym baradaky makalany okap görmegimi ýaňzydypdyr. Okap bar begenjim bir ýerlere sumat boldy. Ol makala goşgularyma syn däl-de meniň mahabatymdy. Şol wagt ondan ýene bir sms geldi: - Belgime pylança manat oklaýgyn,beýle zatlar mugt däl-dä. Pul ujypsyzdy,emma gaty gaharym geldi. Şonda-da halypa puly geçirdim hemem “Sagboluň,makalany okadym,ýakymly...! jogabyny özüme zor salyp ýolladym. Ýagşyja-da sapak aldym. Aradan birnäçe wagt geçensoň,şol halypadan ýene sms geldi: daşary ýurtlaryň birinde-hä ýaş şahyrlaryň goşguly kitaby çap ediljekmişin(bir gezek okap, gaharyma sms-i öçürenim üçin ýadymda-da galmandyr),şoňa öňki ýaly gerekli resminamalarymy ibermelimişim ýanynyň üç litr ary baly bilen. Sms-i okap kelläm boşap galan ýaly ençe wagt doňup otyrdym. Sebäbi şol wagt ýalňyşýan bolsamam,mamla bolsamam bir aýgytly pikire gelipdim: - Diýmek dünýäde hakyky abraý,hakyky hormat,hakyky sylag ýok bolýa-da. Hemme zat tanyş-bilişe,para-peşgeşe,mahabata bagly eken-dä. Şol günden soň ýazan zatlarymy redaksiýalara hem iberesim gelmedi. Hars urulyp özüňi tanatjak bolýan ýaly duýuldy. Üýtgeşik gowy ýazýan bolsaň,adamlar mahabatsyzam,tanyş-bilişsizem,para-peşgeşsizem tanarlar,sylarlar. * * * Bir ýeňilkelleräk “akylly”tanşym bardy,şonuň ýanynda bilgeşleýin ahlaga degişli gürrüňleri köp gozgaýardym,dini we durmuşy hekaýatlar bilen aýdýanlarymy delillendirýärdim...Emma günlerde bir gün ähli aýdanlarym üçin onuň jogaby şu boldy: - Sen meni ýolumdan azaşdyrýaň. © Meňli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 11 | |
| |