Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:39
Ýoluň ak bolsun, söýgim... - hekaýa

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

ÝOLUŇ AK BOLSUN SÖÝGIM...

O mahallar men orta ýaşap barýan, syratly, erjel ýigit diýilýänlerdendim. Işde-de tejribeli işgärleriň biri hasaplanýardym. Okuwda öwrenenlerini iş ýüzünde görüp öwrenmekleri üçin biziň ýanymyza talyplary ýollardylar. Olara halypaçylyk etmegi, köplenç, maňa ynanardylar. Ýaşuly nesilden bolanlara-ha artykmaç ýük ýüklenmejek bolunýardy. Ýaşraklaryňam entek özleriniň iş tejribeleri azrak gelýärdi. Men welin, tüýs laýykdym.
Bir gezek başlyk meni ýanyna çagyrdy-da, tejribe geçmäge täze gelen talyplar bilen tanyşdyrdy. Olar bilen öňki düzgün boýunça iş alyp barmagy, ýagny halypaçylyk etmegi ýene maňa tabşyrdy. Meniň indi görmeli zadym däl. Olara: «Ýörüň, meň ýanyma» diýdim-de, öz iş otagyma alyp gitdim. Halypaçylygyň başyny hemişeki edişim ýaly, olar bilen has içginräk tanyşlykdan başladym. Elime berlen sanaw boýunça talyplaryň biri ýokdy. Beýleki talyplar onuň bu gün işi çykandygyny, gelip bilmejekdigini jaň edip aýdandygyny habar berdiler.
Ol gyz beýleki tejribe geçip ýören talyplaryň hataryna 3-4 günden soň gelip goşuldy. Men oňa her bir zada jogapkärçiliksiz garamaly däldigini, aýratynam, saýlap alan hünäri bilen bagly zatlarda ykjam ýapyşmalydygyny gelen güni sargadym. Ol maňa näme üçin şunça gün gatnamandygyny düşündirjegem bolman, ýüzüni sallap durşuna, dymmak bilen jogap berdi.
Akgyz meniň çak edişimden has yhlasly bolup çykdy. Ol şeýle bir bilesigelijidi welin, meýilnama boýunça öwredýänlerim oňa asla ýeterlik däldi. Ony çeper eserleriň gahrymanlary, eserlerdäki pelsepewi pikirler, durmuş bilen bagly meseleler has beter gyzyklandyrýardy. Meniň özümem çeper eser okamagy gowy göremsoň, Akgyz bilen olar barada köp pikir alyşýardyk. Entek okap ýetişmedik eserlerimizi birek-birege tapmaga kömekleşýärdik. Köplenç pikirdeş bolsagam, bir zadyň üstünde jedelleşýän wagtlarymyzam az bolmaýardy. Şeýle pursatlarda biziň jedelimizi ýaşulylaryň maslahaty çözýärdi.
Akgyzyň orta atýan gyzykly sowallaryny jogapsyz galdyrmazlyk üçin men tijenmelidigime düşünip başladym. Şeýdibem, men masgara bolmajak bolup örän köp okaýardym, täze-täze zatlary öwrenýärdim. Meniň üçin işimiň gyzygy has artan ýaly boldy. Indi men iş wagtym gutardygy edara bilen hoşlaşmak bilen bolmaýardym-da, oňa-muňa güýmenip esli oturýardym. Özümi gyzyklandyrýan täze-täze zatlaryň üstünden barýardym. Hut şular barada-da ertesi Akgyza gürrüň bermäge gyssanýardym.
Akgyzyň ejesi ir aýrylansoň, iki jigisine onuň özi göz-gulak bolýardy. Jigileriniň biriden-biri mekdepden ýaraman galaýsa, onda kakalaram işde bolansoň, jigisiniň ýanynda Akgyz bolmaly bolýardy. Entek özi çagalykdan saýlanyp ýetişmedik gyz jigilerine eje ornunda galypdy.
Akgyz maşgalasyndaky kösençlikleri barada ýeke agyzam gürlemeýärdi. Men bu ýaşajyk gyzyň mertligine, gaýratlylygyna haýran galýardym. Akgyzyň hiç bir düşündirişsiz okuwa ýa tejribä gelmeýändiginiň sebäbini maňa talyp ýoldaşlary gürrüň beripdiler.
Tejribe döwri azalyp gelýärdi. Bir gün talyplar Akgyzyň tejribäniň soňky birnäçe gününde gelip bilmejekdigini aýtdylar. «Zyýany ýok, onsuzam onuň bilýäni deň-duşlarynyňkydan has köp ahyry» diýip oýladym.
Emma şol günden başlabam men öz-özüme düşünmän başladym. Iş ýeterlikdi, ýöne şonda-da haçan görseň bir zat ýetmän duran ýalydy, biçak içim gysýardy. Akgyz bilen gürleşesim gelýärdi. Bolmanda, onuň sesini eşidesim gelýärdi, ol jaň edäýmezmikä diýip garaşýardym. Ony göresimiň gelýändigi meniň elimi işden sowadýardy.
Talyplar tejribelerini gutaryp gitdiler, emma Akgyzyň keşbi welin, meniň göz öňümden gitmeýärdi. Men islesem-islemesem, ahyry Akgyza halys ýürekden baglanandygymy öz ýanymdan boýun aldym.
Nätmeli? O nähili nätmeli?! Ol-a ýaş gyz. Meň bolsa gelnim, iki sany çagam bar. Bu deňsizlik hiç mahal düzedip boljak deňsizlik däl. Ah-h, Akgyz, Akgyz!
Men dünýäde iň bagtly hem iň betbagt adamlaryň biri boldum! Ýok, ýok, men Akgyzy günäkärlämok. Heý, görküniň hem kalbynyň gözelligi üçinem ynsan günäkär bolup bilermi?!
Akgyz maňa tüýs ýürekden söýmegiň nämedigini öwredip, bagtly etdi. Söýgüliňden jyda düşmegiň nämedigine göz ýetiribem, men betbagt boldum. Ony Akgyz etmedi, ony bizi giç sataşdyran ykbalymyz etdi.
Akgyz meniň bagtly bolmagyny isleýän adamlarymyň ilkinjisidi. Şonuň üçinem onuň abraý-mertebesine jinnek ýaly zyýan ýetirjek hereketi etmek beýlede dursun, hatda oýuma-da getirip biljek däldim. Kalbymda gopýan gaý-harasatlardan düýbünden habarsyz Akgyzyň meni baky unutmagy üçin hatda onuň bigünä jaňlaryny-da almadym.
Men Akgyzy çyn ýürekden söýüpdim. Hut şonuň üçinem ony bagtly bolmagyň ýollaryna päkligi bilen atarmalydym. Men özüme agyr düşse-de, şeýle-de etdim.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 238 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna, Çemen Annaberdiýewa | Рейтинг: 2.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 26
avatar
0
1 derwushhana • 21:09, 22.02.2024
Adaty. Birmeňzeş üsti ýaşyl üçekli jaýlar ýaly hiç hili täsir galdyranok. 1/10
avatar
0
2 aygull • 21:58, 22.02.2024
Öñ okan ýaly bolup durun. Tema, beýan ediş meñzeşligindendir ahmal.
@derwushhana goşulýan
1/10
avatar
0
3 paragraph • 04:54, 23.02.2024
4/10
avatar
0
4 Pero • 09:11, 23.02.2024
Şu tema barada diñe bir hekaya ýazmagy-ha däl,öz içiñden aýtmagam utanç hasap edýän. Pikirim.

2/10
avatar
0
5 sussupessimist • 09:42, 23.02.2024
Wah, hekaýany islendik temadanam ýazyp bolar-la, ýöne ony nädip hem näme üçin ýazýanyňa bagly.
Bu tekst ýüzugra kellä gelşine hem keýpine, ýazmagyň hatyrasyna ýazylan ýaly bolup dur.
Esasy ýalňyşlar: 1) beýan edijiniň öýlenen iki çagaly adamdygyny soňunda bilip galýas, başynda sallah ýigdiň gürrüňi gidýän ýaly. Maşgalaly adamdygyny duýduryp biljek ýekeje-de detal ýok. Ýörite edilen bolsa-da ýerine düşmändir. 2) gürrüňi gidýän edara - redaksiýa ýaly, bu-da ýöne soň belli bolýar. "Ony çeper eserleriň gahrymanlary, eserlerdäki pelsepewi pikirler, durmuş bilen bagly meseleler has beter gyzyklandyrýardy..." diýen sözlemden. Beýle bolsa, o ýerde edara diýmän, redaksiýa diýip ulanmaly, başlyk diýmän - baş redaktor... garaz, redaksiýalaryň öz spesifikalary bolýar.
3) gelýän praktikantlary ol derejede elinden tutup okadylýan ýagdaý ýok. 4) Akgyzyň şahsy durmuşy barada birgiden zat aýdylýar, yzýanam "maşgalasyndaky kösençlikleri barada ýeke agyzam gürlemeýärdi" diýip dur, muny talyp ýoldaşlarynyň gürrüň beren eken. Bu halypaň praktikantlar bilen gybat urup oturmakdan başga işi bolmandyr öýdýän? 5)...6), 7), 8-lerem bar.
muny men näme üçin ýazýan? şuň üçin: 0/10
avatar
0
6 Mekan2 • 10:22, 23.02.2024
zordan soňuna ýetdim. üstünlik.

2/10
avatar
0
7 Rowaç • 10:45, 23.02.2024
Dogrusy, soňuna ýetip bilmedim. Başynda kesdim.
Haý, bolýa, ýazyp-ýazyp soňundan kän zat pozdum. Hernäme bolsa-da, zähmet bar. Şondan üçrip, 1/10.
avatar
0
8 Rowaç • 10:48, 23.02.2024
@aýgül dogan, beýle zatlar kän ýazylýanlygy üçin öň okan ýaly duýulmagy mümkin. Mesele wah bir okasadym diýdirjek eserler ýazmak. Galamyňyz ýiti, ylhamyňyz belent bolsun, hormatly ýazyp-pozýanlar ýa-da ýazyp-çyzýanlar! Gaýrat edibermeli...
avatar
0
9 Мango • 10:57, 23.02.2024
0/10
avatar
0
10 Hyýalbent • 11:57, 23.02.2024
3/10
Awtora üstünlik
avatar
0
11 garagar • 22:55, 23.02.2024
2.5/10
avatar
0
12 Kyyas • 23:13, 23.02.2024
Awtor näme sebäpden ýazdyka? Özünde bolup geçen ahwaltmy? Ýa hyýalynda aýlaýan pikirimi? Men üçin gyzykly görünmedi! (Ýa şeýle häsitli adamlaryñ bardygyny aýtjak boldumyka?

Haýsy ýagdaý bolsa-da men düýbünden halamadym? Iki çagaly moral bozuk adam höküminde kabul etdim. Ol öz maşgalasyny unudan diýip pikir edýän.

Eger tersine öz gelni ýaş oglana aşyk bolan edip görkezseñ! Namysyny depelenen kabul ediler. Bulam şeýle ýaly...
avatar
1
13 Lacrymosa • 20:33, 25.02.2024
Her sözlemde 1 Akgyz bar, käbir sözlem-de ikem bar öýdýän. örän ýakymsyz eken
iň pesim 8 baldy weli... limfalaryma täsir etdi
halabilmedim bagyşlaň NOL bal
avatar
0
14 Seýrаn • 20:31, 26.02.2024
Bor-da. Hekaýa ýazjaklara maslahatym: Gowy ýazyň!
2/10
avatar
0
15 Mekan2 • 09:58, 27.02.2024
eseriň gowulygy gowşaklygy onuň moralynda dämikä diýýän.
Juma Hudaýgulyň "Ömrizaýasynda" iň gowy jümläni, meňzetmäni iň bozuk ýerinde ulanypdyr. okanyma 2-3 ýyl bolandyr häzirem ýadymdan çykanok.
Maksda-da "jähennemiň gapysy" krateri bolmaly :-)
Tirkiş Jumageldiň "Ömrizaýasy" gowy eser. külli türkmeniň halamajak zady bolsa-da.
Lewiň Anna genjesi näme... başga-da kän. özem meň aýdýanlamdakylar ýokarkyň çenem däl. olary okasaň bujagaz dagy, tr-leň diýşi ýaly "masum" görner. meň üçin şolar gowy eserler.
Haruki ýalylar bilgeşleýin edýän ýaly weli...

diýjek bolýanym, bizem o zatlara gollap baramyzok welip, ýöne, ýöne, ýöne... gürrüň eser barada bolansoň...

bolýa, bilýän, düşündirip bilmedim :-(
avatar
0
16 Pero • 10:32, 27.02.2024
@myhman,ara alyp maslahatlaşmaga gowy tema gozgapsyñ.

Bir yerde-hä eşitdim. Meşhur amerikan reźisýory şeỳ diýyämişin:"Kinoñ iñ köp görülmegini,ses almagyny isleseñiz,3 zat gerek:
1. Jynsy islegleri oyarýan sahnalara,
2. Rok aýdymlara
3. Serhoş ediji serişdeleri ulanylýan sahnalara KÖP ORUN BERMELI.

Indi... şeýle zatlar kitaplarda hem bar. Iñ gaharymy getirýän zadam GOWY GÖRÜLÝÄN eserlerde bar.

Men her näçe duýgy,duýgy diyip gygyrsamam,duýgularyñ watany ÝÜREGI doly manyda gowy zatdyr hasaplamok. Sebäbi dürli bahanajyklar bilen,özûni aklamalar bilen,"lezzet wadalary"bilen ýuwaş-ýuwaşdan adamy ýoldan çykarýan şol ÝÜREK-DÄ.

Özüñe zabun darasañ,beýlekilerden polożitel garşylyk alarsyñ ýalyrak pelsepäni hem şunuñ ýaly ýerde ulanmalydyr öýdýän. Ýazyjy-ha okyjysyny artdyrjak bolup,beýle zatlary içgin ýazmaly däl,okyjam gabat geläýende-de ýüreginiñ gara islegjiklerine garşy gidip,beýle zatlary okamajak bolmaly.

Bilýän,bu pikirim bilen köpçülik ylalaşmaz."Biz-ä ömrümize okap ýörüs,şeýle eserleri,ýoldan çykybam-a gidibermedik,Allaha şükür" diýjekler tapylar. Dogrudyr. Erki güýçli adamlaram bardyr 100%. Emma kõpçülik beýle däl,esasanam ýetginjekler şeýle eserleri okasalar,kinolary görseler örän ýaramaz, ters täsir edip biler.

Bu bir ýöne meniñ pikirim,saýtdaşlaram aýdyp otyrsyn.(Elbetde biziñ bir zat diýenimiz bilen beýle kinolañ düşürilmesem,görülmesem,şeýle eserleriñ ýazylmagy-okalmagam galmaz weli,biziñki hälki bir "Ýatyp galandan,atyp gal" diýleni ýalyrak-da)
avatar
2
17 aygull • 11:11, 27.02.2024
Men Juma Hudaýgulyny özüme ýeterlik derejede tanaýan. Juma aga "Ömerüzaýany"ýazanam bolsa, ol aramyzda ýaşap ýören, takwalygyñ ysyndan añkap duran rubagylary ýazýan ýazyjylaryñky ýaly gözlerini bökdürip, sözlerini kakdyryp oturanok. Maksat hem şeýle. Meniñ pikirimçe, olaryň bu usuly, birden men ýok wagtym gyzgyn çäýnegiň golaýyna baryp, ýanaýmasyn diýip,bilesigeliji çagasynyň barmagyny gyzgyn çaýa batyrýan dözümli ejä çalymdaş. Ýanyp ýanmaz, gaýdyp gyzgyn çäýnegem ellemez.
Bizem, ýagny okyjylaram eseri okaýan wagtymyz olaryň düşündirjek bolýan ýakymsyz ýagdaýlaryny göz öňümize getirip, olaryň durmyşda amala aşmagyna ýol bermeris.
Ahlaksyzlaryň üsti bilen ahlagy düşündirmek, gysgaca aýdanyňda
Elbetde, bu meň öz çykaran emelsizje netijäm.
avatar
1
18 Mekan2 • 11:24, 27.02.2024
ýazyp düşündirme kyn, gürläp düşündirmekden. o režisýor juda zat tapmasaňyz şeýdäýiň diýýändirläý. ikisem taryhy eser, meňzeş žanrdan mysal getireýin: tereziň bir gapdalyna "spartak gan we çäge" seriýalyň hemme seriasyny goýsaň, beýleki tarapyna-da "gladiýatoryň" ýeke özüni goýsaň, serialy asmandan gözlemeli bolardy.

nebis bilen bagly: öz adyma gürläýin. gowusy gürlemäýin.
ahlak päkliginiň simwollarynyň biri Ýusup a.s: "Men nebsimi aklamok, çünki nebis, Rabbim goramasa, mydama erbetligi ündär..." ýalyrak sözler diýýä ("Ýusuf süresi 53-nji aýat). ýagny, Züleýha bilen bagly meselede Alla kömek etdi, nebsimi terbiýeledi.

onýaly zatlary görsem-görmesem, okasam-okamasam mende-de nebis bar. Alla gorasyn (öňküler üçin bagyşlasyn). ýokarky aýatyň soňy "Şübhesiz Alla örän bagyşlaýjydyr, merhemetlidir" diýip gutarýa.
nebis - ýarak it ýaly bir zat, oň eýesi Alla. erkimiz ujypsyz. ýarak itden goranmak üçin öz erkiňe daýansaň saly gowşak, Eýesine haýyş etmeli.
avatar
1
19 sussupessimist • 17:03, 27.02.2024
fiziologik lezzet oýarmak üçin ýazylan eserler - pornografiýa. Ýöne şonuň oýanmak derejesi her bir adamda, hojalykda, jemgyýetde, mentalitetde düýpli tapawutlanýar. Pero dogan, sen, aýdaly, şu wagt aýnaň öňünde özüňe seredip - ahlaksyzlyk gözleseň - tapmarsyň. "Näme barmyş?" diýersiň. Menem tapmaryn. Emma pylança ýüz km gündogara ýa günorta tarap süýşseň, ýüzüň ýa saçyň üçinem bozuk hasaplanarsyň.
beýleki tarapdanam, nudist plýažly ýurtlaram bar.
Ahlak ýöne geýmiňde däl, göwnüňde bolmaly. Ony eşik ýaly geýip bolanok.
"Nikah gyýsaň, köp aýallyk şerigata ters gelenok" diýýän, ony özüniň dosty hasaplap, ölüp giden adamyň ýaşajyk gyzlaryna göz gyzdyryp, gün bermeýän, siziň 100% halal hasaplajak adamyňyzy tanaýan...
Sungatda, kinoda, edebiýatda görkezilen ähmiýetsiz islendik sahnany ýa detaly - ahlaksyz bolsun ýa ahlakly - artykmaç, gerekmejek, bimany hasaplaýan. Emma şol eseriň "synasynyň" aýrylmaz bölegi bolup duran sahnada utanan kişi bolmagam ýasamalyk dälmi? Awtor durmuşda bar ýönekeýje zatlary suratlandyrmakdan çekinýän bolsa - aýtmaga bogny ysmadyk başga pikirlerem az däldir, ýaşyrýandyr, diýmek, ondan doly dogruçyllyga garaşyp bolarmy? Meniň pikirimçe - ýok.
Kä adamlaň wagşylygy - dört diwaryň içinde, ýekme-ýek galaňda açylýar. Ine, şol ýerde - iliň gözünden uzakda - adamyň ruham ýalaňaçlanýar.
Ýöne beý diýdigim, size şeýle sahnalary sýužet üçin hökmany bolan kinolary görüň ýa şeýle kitaplary okaň diýdigim däl (aý, dogrusy, okaýaňyzam, "Göroglyda", Keminede, Seýdide, Müň bir gijede-de az däl, radioda-da eşitýäňiz: "Galanyň düýbünde ekerler nary, Gijeler ýatmazlar, söwerler ýary, Gyz-oglan näzikdir - dutaryň tary... Atymy bagladym bir gara daşa, Gyljymy syrdym-da, girdim söweşe, elinde ýaglygy ýelpeselendi...")
Her kim öz görjegini, okajagyny özi saýlamaly, agy-garany saýgarmagy ýaşap, özbaşdak pikirlenip öwrenmeli. Her kimiň ahlak serhedi - başga biriniň özi üçin goýan ahlak çägini bozmaly däl (ikitaraplaýyn). Sen amerikan kinolaryny elýetmez edip, serhetleri ýapyp, internedi öçürip ýaşap bilersiň, emma çagany adam-garasyz adada taşlap gaýdaýmasaň, Watikanyň edil ýüreginde ýa Käbäň daşyndan aýlanyp gelen adamlaryň arasynda-da ony adam pesliginden halas edip bilmersiň.
Bäh, bagyşlaň, ýamman uly tekst boldy. Hernä, pikirimi dogry ýetirip bilendirin diýip, tama edýän.
avatar
0
20 Gerceknazar96 • 21:38, 27.02.2024
Iki sözüň biri Akgyz boldy durdy. Şuňara bahada beresim gelenok 1/10. Awtor gaty görse gaty ýerde oturyp ahlakly hekaýalar döretsin.
avatar
0
21 Мukam • 22:09, 02.03.2024
Birhili bu hekaýany halasyn gelmese-de bir tüýsli käbir erkeklerin häsiýetini aýtjak bolupdyr. Özi hekaýa ýazýan biri, tanymal däl tejribesi pes awtor ýaly...
avatar
0
22 LegLek • 08:09, 03.03.2024
2/10
avatar
0
23 Kyyas • 22:47, 12.03.2024
Şu hekaýany gaýtadan okadym. Täzeden pikirimi aýdasym gelýär. Awtora üstünlik men ýazjak boldum maña başartmady. Esasy başyna baryp bir zatlar ýañzytmakçy bolupdyr. Men şonam edip bilmedim. ( şunça çeper etmek islesemem bolmady.)
avatar
0
24 janjennet • 18:46, 17.03.2024
1/10

(1 goýanlarmyň hemmesinde baha bermedi diýmesinler dp goýýan menä şu bahany)
avatar
0
25 Küle • 19:56, 17.03.2024
0/10
avatar
0
26 Gülkamat • 17:05, 21.03.2024
1/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 203